2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz halkara söwda ulgamyndaky we harytlary ýerlemek babatdaky iň gowy tejribeleri, daşarky bazarlardaky islegi öwrenmegiň möhümdigini nygtaýar. Döwletimiziň daşary ykdysady işini ösdürmek babatda alyp barýan täzeçillik syýasaty barha rowaçlanýar. Şunuň bilen bagly wezipeler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenendir. Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini alan ýurdumyz söwda dolanyşygynda uly üstünlikleri gazanýar. Şu ýylyň sekiz aýynda onuň umumy möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 117,3 göterime barabar boldy, önüm öndürmegiň meýilnamasy 123,1 göterim ýerine ýetirildi.

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Bütindünýä söwda guramasynyň Ženewada (Şweýsariýa Konfederasiýasy) ýerleşýän ştab-kwartirasynda geçirilen BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň bu abraýly gurama synçynyň derejesini almaga bolan sargydyna garalmagy we ýurdumyza Bütindünýä söwda guramasyna synçynyň derejesini bermek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi söwdany we telekeçiligi ösdürmekde örän möhümdir.

BSG ähli agzalarynyň arasynda söwdanyň düzgünlerini kadalaşdyrýan ýeke-täk ählumumy halkara guramadyr. Dünýäniň köp sanly döwletleriniň gatnaşmagynda gol çekilen we tassyklanan ylalaşyklar onuň esasyny düzýär. BSG-niň düzgünnamasy söwda-ykdysady gatnaşyklarda milli kanunçylygy işläp taýýarlamak we ony iş ýüzünde ulanmak üçin möhüm çelgi bolup durýar.

Bütindünýä söwda guramasy (World Trade Organization) 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredilip, halkara söwdanyň hukuk esaslaryny kämilleşdirýän, agza döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrýan abraýly halkara guramadyr. Merkezi Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde ýerleşýän gurama agzalarynyň halkara söwda ylalaşyklaryny ýerine ýetirişine gözegçilik edýär.

Bu guramanyň çäginde ösüp barýan ýurtlara birnäçe ýeňillikler göz öňünde tutulandyr. Ilkinji nobatda, deňhukuklylyk ýörelgesine esaslanýan gurama agza döwletler halkara söwda gatnaşyklarda ähli gatnaşyjylara deň derejede amatlyklary döretmäge borçlanýar. Şeýle-de olar ikitaraplaýynlyk, aýdyňlyk, adalatly bäsdeşlik esasynda hereket edýär.

Guramanyň baş maksady agza döwletleriň arasynda durnukly we erkin söwda akymlaryny ýola goýmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde dünýäniň 164 ýurdy BSG-niň agzasydyr. Döwletleriň birnäçesi synçy derejesine eýedir. Türkmenistan synçy derejesine eýe bolan 25-nji döwletdir. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kämilleşmeginde, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki ykdysady derejesiniň ýokarlanmagynda möhüm ädimdir.

Ýazgeldi ANNAMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7336