2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Sanlylaşdyrmak — ösüşiň möhüm şerti

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Sanlylaşdyrmak işi ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna günsaýyn ornaşyp, olaryň arasyndaky çäkleri aýyrýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» düzgünleriniň yzygiderli ýerine ýetirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňligine, dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetiň özi ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Şunda, esasan, zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi we bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler göz öňünde tutulýar. Sanly ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde sarp edijileriň islegleri has çalt we ýokary hil derejesinde kanagatlandyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli hereket etmegi üçin, esasan, üpjünçilik ulgamy (internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk), elektron işewürligi (hojalyk işini kompýuter torlary arkaly dolandyrmak) we elektron söwda (harytlaryň, hyzmatlaryň internet arkaly ýerlenilmegi) ýaly üç ugruň berjaý edilmegi zerur bolup durýar.

Şeýlelikde, öňden belli bolan adaty hyzmatlary häzirki zaman döwrebap görnüşine geçirmek — maglumatlar, intellektual tehnologiýalar (IT) we sanlylaşdyrylan ulgamlary ösdürmek durmuş-ykdysady taýdan möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunda adalgalara uly orun degişlidir. Ýöne sanlylaşdyrmak (digitalization) — bu, ozaly bilen, täze hyzmatlaryň (önümleriň) sanlylaşdyrylan görnüşde döredilmegidir. Diýmek, sanlylaşdyrmagyň esasy tapawudy täze funksional we sarp edijilik häsiýetnamalary bolan innowasion hyzmatlaryň (önümleriň) döredilmegindedir. Sanlylaşdyrmak düýpli ösüş we bäsleşik babatda täze artykmaçlyklary gazanmaga mümkinçilik berýär. Ol dürli görnüşli hyzmatlary hödürlemegiň çäklerinde raýatlar bilen bilelikde hereket etmek meselesinde döwlete adatdakydan has-da çalt, amatly we açyk ýardam berýär.

Häzirki döwürde esasy prosesleriň sanlylaşdyrylmagyny awtomatlaşdyrmagyň we informatika ulgamyna geçmegiň ugry hökmünde kabul edýärler. Şunuň bilen baglylykda, sanlylaşdyrmagy olardan tapawutlandyrmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Awtomatlaşdyrmak ylmy-tehniki ösüşiň ugurlarynyň biri bolup durýar, adamy energiýalary, materiallary, önümleri ýa-da maglumatlary kabul etmek, täze görnüşe geçirmek, gowşurmak we ulanmak proseslerine gatnaşmakdan boşatmak, işlere gatnaşmagynyň derejesini ýa-da ýerine ýetirýän amallarynyň zähmet talap edijiligini düýpli peseltmek maksady bilen, öz-özüni kadalaşdyrýan tehniki serişdeleriň we matematiki usullaryň ulanylmagyny aňladýar.

Adamyň durmuşynyň we işiniň ähli çygyrlary diýen ýaly awtomatlaşdyrylýar. Awtomatlaşdyrmak zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga, hyzmatlaryň (önümleriň) hilini gowulandyrmaga, dolandyryş proseslerini işjeňleşdirmäge, adamy saglyk üçin zyýanly işlerden gyra sowmaga mümkinçilik berýär. Şunda durmuş üpjünçiligi gulluklarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmegiň we işe girizmegiň meseleleri derwaýys ähmiýete eýe bolýar.

Sanlylaşdyrmak, öz gezeginde, awtomatlaşdyrylan serişdeleriň ulanylmagynyň islendik dolandyryjy täsir etmesine çaklanylýan we kepillendirilýän netijäni almak maksady bilen, ähli maglumat (hatda maddy) serişdeleriniň sanlara geçirilmegine (sanly nusgalaryň döredilmegi) we torly platformalaryň özara baglanyşygynyň döredilmegine gönükdirilen prosesdir.

Sanlylaşdyrmak — bu ykdysady ulgama gatnaşyjylaryň ählisiniň — adamlardan başlap iri kompaniýalaryň hem-de döwletleriň onlaýn we innowasion sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmagydyr. Mysal üçin, durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmagyň düýp esasy bu döwrebap sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Şeýle çemeleşme diňe bir häzirki zaman enjamlaryň ýa-da kompýuter programmalarynyň oturdylmagyny däl-de, eýsem, dolandyryşa we daşarky kommunikasiýalara bolan usullara hem düýpli üýtgetmeleri göz öňünde tutýar.

Netijede, her bir işgäriň zähmet öndürijiligi we müşderileriň kanagatlananlyk derejesi ýokarlanýar, durmuş üpjünçiligi gullugy bolsa öňdebaryjy we häzirki zaman gurama hökmünde at-abraýa eýe bolýar. Munuň özi iş ýüzünde durmuş goraglylygynyň sanlylaşdyrylmagyny aňladýar.

Durmuş goraglylygynyň sanlylaşdyrylmagyny ösüşiň ýoly we bizi gurşap alan dünýäniň okgunly üýtgäp duran şertlerine laýyk gelmegiň ýeke-täk mümkinçiligi hökmünde kabul edip bolar. Ol her bir adamyň durmuşyny we tutuş jemgyýeti özgerdýär.

Tehnologiýalar ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň serişdeleridir. Esasy üns geljek üçin maksadyň kesgitlenmegine, soňra şoňa görä strategiýanyň döredilmegine berilmelidir. Ylmy nukdaýnazardan, sanlylaşdyrmak işi innowasion tehnologiýalaryň durmuş üpjünçiliginiň işiniň mümkin bolan ähli jähetlerine ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde, diňe bir sanlylaşdyrylan durmuş hyzmatlarynyň hödürlenmegini däl-de, eýsem, durmuş üpjünçiligi gulluklarynyň iş tertiplerine resminama dolanyşygynyň elektron ulgamynyň ornaşdyrylmagyny hem talap edýär.

Ençeme asyrlaryň dowamynda ulanylyp gelýän usul, ýagny maglumatlary, dürli görnüşli hasabatlary we beýleki görkezijileri kagyz görnüşinde çap edilmek bilen deňeşdirilende, wagt taýdan-da, serişde taýdan-da tygşytlylygy üpjün etmek bilen birlikde, olaryň çatylyp goýlan görnüşinde ýer tutmaýandygy babatda hem, islendik pursatda elýeterliliginde, täzelikler bilen onlaýn ýagdaýda tanyşmaga mümkinçilik berýändiginde hem tapawutly aýratynlygy bardyr. Durmuş üpjünçiligi gulluklarynyň kagyzly hasabatlarynyň sanlylaşdyrylan görnüşe geçirilmegi onuň maliýe çykdajylaryny azaldýar.

Sanlylaşdyrylan durmuş goraglylygyna geçilmegine has wajyp ähmiýet berilmeginiň ýene-de bir sebäbine üns çekmeli. Bu dünýäde ýaýran ýiti ýokanç kesel bilen baglydyr. Çünki islendik kagyz arkaly hem mikroblar geçip bilýär. Bu ýagdaýlaryň adamlaryň has köp ýygnanan ýerinde ýüze çykmak howpunyň bardygy sebäpli, uzak aralykdan elektron aragatnaşyk ulgamyna geçilmeginiň wajyp ähmiýeti bardyr.

Mundan başga-da, elektron resminamalaryň maglumatlar bilen işlemek üçin has amatlydygyny bellemeli — şunda gözleýän görkezijileriňi tapmak aňsat, degişli ugurlaryňa ýa-da elektron we internet serişdelerine geçmek bolýar.

Sanlylaşdyrylan durmuş ulgamlary babatda bitewi maglumat giňişliginiň bolmagyny üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, raýatlaryň häzirki zaman aragatnaşyk tehnologiýalarynyň durmuş üpjünçiligi babatda döredýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmekleri üçin internet we aragatnaşyk ulgamlaryna ilatly ýerleri birikdirmegiň zerurlygy ýüze çykýar.

Täze tehnologiýalaryň aňrybaş derejede netijeli ulanylmagy we olaryň durmuş goraglylygynyň ähli çygyrlaryna çalt ornaşdyrylmagy üçin köne usuldan el çekmek we iş prosesini dolulygyna täze görnüşe geçirmek zerurdyr. Durmuş üpjünçiliginiň sanlylaşdyrylmagy maglumatlary işläp taýýarlamagyň çeýeliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär.

Durmuş goraglylygynyň sanlylaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalaryň kuwwatynyň aňrybaş derejede ýaýylmagyny üpjün edýär. Durmuş üpjünçiliginiň sanlylaşdyrylmagy üçin diňe bir täze tehnologiýalaryň bolmagy ýeterlik bolmaýar. Durmuş goraglylygyny sanlylaşdyrmak prosesiniň talabalaýyk we doly derejede bolmagy üçin wezipeleriň we maglumatlaryň dürs kesgitlenmegi zerurdyr. Şeýlelikde, durmuş üpjünçiliginiň sanlylaşdyrylmagyna diňe anyk kesgitlenen wezipeleriň, maglumatlaryň barlygynda, hususan-da, tehnologiýalaryň jemlenen ölçeginde seretmek mümkin bolýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanlylaşdyrmagy ilerletmek boýunça möhüm işler ýerine ýetirilýär. Intellektual ulgamlaryň bökdençsiz işlemegini, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, internet hyzmatlar ulgamyny kadalaşdyrmagyň we giňeltmegiň kanunçylyk taýdan goldanylmagy üpjün edilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hukuk taýdan goldamak boýunça-da degişli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. 2020-nji ýylda täze hukuk namalary bilen ýurdumyzyň kanun çykaryjylygynyň üsti ýetirildi. Sanlylaşdyrylan ulgamlary ornaşdyrmakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmak işiniň kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilýändigini şertlendirýär. Bu Kanun elektron resminamalaryň, olaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär. Kanunyň 51-nji maddasynda döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we raýatlaryň arasynda ýüze çykýan gatnaşyklar sanly hyzmatlaryň esasy ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir. Kanun jemgyýetiň we raýatlaryň anyk maglumatlary kabul etmegi boýunça zerurlyklaryny göz öňünde tutup, sanly hyzmatlar ulgamynda maglumat giňişliginiň hem-de durmuş çygry üçin täze tehnologik esasyň döredilmegine ýardam berýär. Resminamalaryň hem-de hyzmatlaryň hukuk düzgünini, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän bu Kanun şu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge hem-de maglumat alyşmalaryň ýeke-täk giňişligini döretmäge gönükdirilendir.

Goý, adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän, mähriban halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.

BEÝLEKI HABARLAR

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7345