«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Sanly ulgam: maglumatlar bazary

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ýurdumyzyň köpugurly ösüşiniň häzirki möhüm ugry hökmünde häsiýetlendirilýär. Halk hojalygynyň pudaklarynyň köp şahaly özgerdilmegi sanly tehnologiýalara esaslanýar. Sanly ykdysadyýete geçmekde ýurdumyzda maglumatlar bazary kemala getirilýär. Şu meseläni ygtybarly çözmek üçin onuň hukuk esaslary yzygiderli pugtalandyrylýar. Hususan-da, olardan gelip çykýan wezipeleri toplumlaýyn amala aşyrmagyň çözgüdi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» berkidilip, ony üç tapgyrda ýerine ýetirmek bellenildi.

Bu konsepsiýa sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maliýe işjeňligini artdyrýar, döwlet dolandyryş ulgamlaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Şeýle hem täze önümçilik kärhanalaryny gurmagy we olarda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegi, onuň netijesinde, täze iş orunlarynyň döredilmegini maksat edinýär. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga örän amatly şertleri döredýär.

Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi. Toparyň düzümi we onuň düzgünnamasy tassyklandy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bolsa ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara hökmünde kesgitlendi. Şoňa görä, häzirki wagtda «Sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir» diýýän milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete toplumlaýyn we yzygiderli geçmek wezipesi üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen degişli resminama kabul edildi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ministrliklerine, dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara hem-de telekeçilik işi bilen meşgullanýanlara elektron resminama dolanyşygy ulgamyny bellenen tertipde döretmek borçly edildi. Şeýle hem olary işe girizmek, gözegçilige almak we döwrebaplaşdyryp durmak «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň üstüne ýüklenildi. Şeýlelikde, elektron hyzmatlar we öndürilýän önümler baradaky maglumatlar web-saýtlarda ýerleşdiriler, maglumatlar bazary degişli önümler bilen üpjün ediler.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Gerek ANNANUROWA,

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/16577