«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
“Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, erkin söwda we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygy berkitmekde halkara guramalaryň orny” atly mejlisi

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde "Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti" atly halkara maslahatynyň çäginde "Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, erkin söwda we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygy berkitmekde halkara guramalaryň orny" atly mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysady, söwda toplumynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar hem-de dünýäde we sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýän abraýly sebit we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň wideo habarlary diňlenildi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara işlerinde bitaraplygyň ykdysady tarapyna aýratyn ähmiýet berilýändigi, bu işleriň sebitiň we dünýäniň ýurtlary, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde aýdyň görünýändigi bellenildi. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan anyk we takyk ýörelgelere daýanmak bilen uzak möhletli daşary ykdysady strategiýasyny ynam bilen döredýär.

Öz çykyşynda Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýa, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we giňeltmek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Şeýle-de, bu guramanyň Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän "Açyk gapylar" syýasatyny doly goldaýandygyny hem nygtap geçdi.

Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes, Türkmenistanyň halkara ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny uly buýsanç bilen belledi.

Gatnaşyjylar maýa goýumlaryny köpeltmek, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşini höweslendirmek ýaly isleglerine aýratyn ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň onlarça ýurdy bilen iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly gatnaşyklary işjeň ösdürýändigi we giňeldýändigi bellenildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow hem çykyş etdi. Ol özüniň eden täsirli çykyşynda 12-nji dekabryň ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda taryhy we şanly senedigini, 25-ýyl mundan öň Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Hemişelik Bitaraplyk” hukuk ýagdaýynyň ykrar edilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Hemişelik Bitaraplygyň ýurdyň Durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy bolup, dünýäniň ýurtlary bilen söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge zerur şertleri üpjün edendigini ministr öz çykyşynda aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Garaşsyz we baky bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Hak Howandary bolan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatlaryndan ugur alyp, durmuşa geçirilýän belent maksatly işleriň barha rowaçlyklara beslenmesi barada öz çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz 50-den gowrak halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalary we maliýe düzümleri bilen biziň ýurdumyz işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň çykyşyndan mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy derejesiniň berilmegi, Mähriban Watanymyzyň dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarda öz ornuny berkidýändigi nygtalýar.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, maslahata gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl bilen gutlap, Berkarar döwletimize bagtyýar zamany peşgeş beren, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini barha rowaçlyklara beslenmegi üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Alym Arkadagymyza jan saglyk, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi