2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Möhüm wezipeler kesgitlendi

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň türkmen jemgyýetiniň gurluşynyň gadymy edaralarynyň biridigini belläp, onuň berkarar döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuna ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şu gezekki Halk Maslahatynyň Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat gelýändigini aýdyp, umumymilli forumy ýokary derejede guramak we geçirmek üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş ugruny durmuşa geçirmegiň, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmagyň, öňdäki möhüm şanly senelere taýýarlygyň, şeýle hem şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyga, ilki bilen, Aşgabat şäheriniň, soňra Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimlerini çagyryp, olaryň ýerlerde işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi hem-de ähmiýet berilmeli işlere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak boýunça işler guralanda, durmuş-medeni, inženerçilik-tehniki hem-de ekologiýa ugurlarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy, gurluşyk işleriniň gerimini nazara alyp, desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryny üpjün etmäge aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz güýzlük bugdaý ekişiniň hem-de pagta ýygymynyň gerekli derejesini üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň, bu oba hojalyk möwsümlerinde alnyp barylýan işleriň depginini öz wagtynda artdyrmagyň zerurdygy barada aýtdy, ekerançylaryň tohum serişdeleri bilen doly üpjün edilmegini, ekiş gurallarynyň we beýleki oba hojalyk tehnikasynyň netijeli ulanylmagyny berk gözegçilikde saklamagy, şeýle talaplaryň pagta ýygymyna-da degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaçanyň ýapragyny düşürmek işleriniň bellenilen möhletde amala aşyrylmalydygyna ünsi çekip, pagta arassalaýjy kärhanalaryň we harmanhanalaryň, kombaýnlaryň hem-de beýleki tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da welaýatlarda güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny almak üçin ähli şertleri döretmek tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekip, bina edilýän ähli desgalaryň, ilkinji nobatda, hemişelik Bitaraplygyň 25 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli desgalaryň öz wagtynda ulanylmaga berilmegini üpjün etmek barada häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz gurluşygyna girişilen Ak öý binasy barada aýdyp, bu toplumda dürli çäreleriň, şol sanda medeni, dynç alyş çäreleriniň we konsertleriň hem geçirilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu nukdaýnazardan, onuň gurluşygyny yzygiderli gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Şunda Mary welaýatynda gurlan Ak öý binasynyň taslamasynyň nusga hökmünde alynmagy maksadalaýyk bolar.

Soňra göni wideoaragatnaşykda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada habar bilen çykyş etdi. Onda öňde boljak forumy guramaçylykly geçirmek, onuň maksatnamasyny we degişli resminamalary taýýarlamak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatyny jemläp, garalan meseleleriň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz möhüm wezipeleriň birnäçesini, şol sanda oba hojalygyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamy netijeli peýdalanmak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek, oba hojalyk we maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, oba hojalygynda telekeçileriň ornuny işjeňleşdirmek ýaly wezipeleri kesgitledi.

«Mugallymlar gazeti».

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7326