2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Hyzmatdaslyk-barha-pugtalanyar

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany alamatlandyran möhüm syýasy waka bolup geçdi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanyldy. Watanymyzyň halkara abraýyny has ýokarlandyran şeýle çözgüdiň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda, ýagny 2020-nji ýylda kabul edilmegi milli buýsanjymyzy goşalandyrdy.

Mälim bolşuna görä, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanylýar. Ýurdumyzyň öň hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji, 71-nji sessiýalara gatnaşmagy milli Liderimiziň oňyn Bitaraplyk, parahatçylygy söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasy ugrunyň halkara abraýa eýedigini ýene-de bir gezek subut etdi. Ýurdumyzyň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynda birnäçe möhüm Kararnamalaryň kabul edilmegi, soňky ýyllarda Türkmenistanyň ençeme gezek bu guramanyň abraýly düzümleriniň hem-de ykdysady edaralarynyň düzümine saýlanylmagy hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplygyň ýörelgelerini ulanmak boýunça kadalaryň toplumyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyç bilen çykyş etmegi, parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine Bitaraplygyň dostlarynyň Toparyny döretmegi teklip etmegi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyna, täze ösüşlere eýe bolýandygyna güwä geçýär.

Dünýä derejesinde uly tutumly işleri alyp barýan, halkara arenasynda Türkmenistanyň abraýyny barha ýokarlandyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri barha rowaçlansyn!


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7910