2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş maksady — halkymyzyň abadançylygy

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk senesini bellemäge taýýarlyk görýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu şanly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän parahatçylyk we ösüş syýasatynyň dabaralanmasynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Geçen hepdäniň Watanymyzyň sazlaşykly ösýändigini, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanýandygyny alamatlandyran wakalary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýetilen sepgitler bilen kanagatlanmaly däl. Häzirki döwrüň esasy wezipeleri şundan ybaratdyr diýip, milli Liderimiz Mejlisiň Başlygynyň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly 14-nji sentýabrda geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Iş maslahatynyň gün tertibine sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görmek we şähergurluşyk maksatnamasyny berjaý etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda innowasion tehnologiýalary, sanly ulgamy netijeli ulanmak, tohumçylyk-seçgi işlerini geçirmek, ekerançylyk we maldarçylyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak, oba senagatynda telekeçileriň ornuny pugtalandyrmak meselelerini öňde durýan wezipeleriň esasy ugurlary hökmünde kesgitledi.

15-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda milli Liderimiz Russiýanyň iri sebitiniň ýolbaşçysyny Tatarystanyň Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty arkaly häzirki döwürde sebit derejesinde ikitaraplaýyn aragatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynda möhüm orun eýeleýändigi bellenildi we işewür düzümleriň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary kesgitlenildi. Şol bir wagtyň özünde medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Premýer-ministri Askar Mamin bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda birnäçe döwletara ykdysady taslamalaryň ýerine ýetirilişine, söwda-ykdysady we ulag-logistika, energetika, ekologiýa ýaly möhüm ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryna garaldy.

Taraplar täze, bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda gazhimiýa ulgamynda, türkmen gazyny Gazagystanyň içerki bazarlaryna ugratmakda, obasenagat toplumynda, täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine özara gyzyklanma bildirdiler. Ynsanperwer ulgamda, ylym hem-de bilim, medeniýet we sport ugurlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek hakynda-da gürrüň boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça şol gün Aşgabatda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin we beýlekiler gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe meseleler girizildi. Aýratyn-da, nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna üns berildi.

Ministrler Kabinetiniň wideomaslahat tertibinde 18-nji sentýabrda geçirilen nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek, nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny we önümçilik kuwwatlyklaryny hem-de gurluşyk senagatyny pugtalandyrmak, bugdaý ekişi we pagta ýygymy ýaly möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meseleler boldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyzlygyň 29 ýyllygyna we Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan medeni çäreleriň maksatnamasy hödürlenildi.

Mejlisde bellenilişi ýaly, makroykdysady görkezijilere geçirilen seljermelere laýyklykda, 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 5,8 göterim ýokarlanar. Bu görkezijide senagatyň paýynyň 27,1 göterime, oba hojalygynyň paýynyň 11,4 göterime, gurluşygynyň 8,6 göterime, ulag-kommunikasiýa pudagynyň paýynyň 11 göterime, söwdanyň paýynyň 19,3 göterime, hyzmatlar ulgamynyň paýynyň bolsa 22,6 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Çaklamalara laýyklykda, dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýlar bilen baglylykda, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ykdysadyýete goýulýan maýa goýumlarynyň möçberiniň şu ýylda jemi içerki önümiň 19,4 göterime deň bolmagyna garaşylýar.

Şeýle hem dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamynda emele gelen ýagdaýy nazara alyp, Prezident maksatnamasynda 2021-nji ýyl üçin bellenen birnäçe görkezijilere anyk mümkinçiliklere we geçirilen hasaplamalara laýyklykda düzedişler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynda aýlyk haklary, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp hem-de diňleýji haklaryny mundan beýläk-de köpeltmegi we beýleki birnäçe durmuş tölegleriniň möçberini ýokarlandyrmagy, şeýle hem şäherlerde we etraplarda maýyplar hem-de mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmäge serişdeleri göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belledi.

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işler baradaky hasabatlaryň çäklerinde «Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň Kadalaryny» hem-de «Türkmenistanda kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagynyň Kadalaryny» kämilleşdirmek, olary döwrüň talaplaryna kybap getirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada aýdyldy. Bu resminamalarda iberilýän gazy hasaba almagyň, hasaplaşyklary nagt we nagt däl görnüşde geçirmegiň düzgünleri, taraplaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi kesgitlenildi. Tebigy gazy sarp edijileriň howpsuzlyk kadalaryny berk berjaý etmekleri we howpsuzlyk kadalaryna laýyk gelmeýän gaz geçiriji ulgamlary özbaşdak çekmekleri, tehniki talaplara laýyk gelmeýän gaz gurallaryny ulanmaklarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutuldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň Döwlet haryt-çig mal biržasyny açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Biržanyň esasy işiniň ýurdumyzda öndürilýän önümleri eksporta ibermekden ybaratdygyny nazara alyp, paýdarlar hökmünde eksporta niýetlenen önümleri öndürýän kärhanalaryň paýly gatnaşmagy hem-de paýnamalaryň belli bir bölegini «Aşgabat gazna biržasynyň» üsti bilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýerlemek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, gyzyklanma bildirýän edaralaryň we kärhanalaryň sanawynyň taýýarlanylyşy barada habar berildi.

Hazar deňzi sebitinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan esasy meseleleriň biri boldy. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli Deňiz strategiýasy ýaly toplumlaýyn resminamanyň taslamalaryny işläp taýýarlamak dowam edýär. Onuň gutarnykly görnüşini taýýarlamak üçin ýörite pudagara iş toparyny döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylda Aktau şäherinde geçirilen V Hazar sammitinde öňe süren tekliplerinden ugur alnyp, Hazar deňzinde ylmy-barlaglary hem-de gözleg-halas ediş işlerini geçirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara Ylalaşyklaryň taslamalary boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem Hazar deňzinde biologik serişdeleriň bikanun awlanylmagyna (brakonýerçilik) garşy göreşmek we Hazarda ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Teswirnamalaryň taslamalary taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, degişli döwlet edaralary bilen bilelikde täze Hazar ekologiýa maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol Hazarýaka döwletlerine öwrenmek we geljekde bilelikde seretmek üçin iberildi.

Ýokarda agzalanlary nazara alyp, bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk gurallarynyň işini işjeňleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň sentýabr-oktýabr aýlarynda Hazarýaka döwletler bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary we maslahatlaşmalary geçirmek teklip edilýär. VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek maksady bilen, Hazar deňzi institutynda Utgaşdyryjy merkeziň (sekretariatyň) döredilmegi we şunuň bilen baglylykda, degişli Pudagara toparyň mejlisini geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem hyzmatdaşlygyň ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine, bu sebitiň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň döwrebap ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, kenarýaka ýurtlaryň arasynda däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm wezipeleriň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna ähmiýet berilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowa çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan boşatmak hem-de ýurdumyzyň raýatlaryny harby gulluga nobatdaky gezek çagyrmak hakyndaky Permany we Buýrugy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz “Balkan welaýatynda bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurmak hakyndaky” Karara gol çekdi.

Şeýle hem milli Liderimiz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-önümçilik merkezleriniň ulgamyny giňeltmek boýunça hödürlenen taslama gaýtadan seretmegi tabşyrdy. Şunda ylmy işiň has zerur ugurlaryny seljerip, barlaglaryň netijelerini iş ýüzünde amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen 18-nji sentýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşliginde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar söwda-ykdysady pudakdaky özara gatnaşyklaryň okgunly ösüşe eýedigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, energetika pudagynda, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Döwletara we sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi uly bolan ugurlarynyň hatarynda ulag-aragatnaşyk düzümlerini, elektrik ulgamlarynyň gurluşygyny ösdürmek boýunça tagallalaryň netijeli birleşdirilmegi hem görkezildi.

Şonuň ýaly-da, taraplar häzirki wagtda Türkmenistanyň we Pakistanyň ikitaraplaýyn söwdanyň görkezijilerini artdyrmak, medeniýet we sungat, ylym-bilim hem-de lukmançylyk ulgamlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatynda mümkinçilige eýedigini nygtadylar.

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Mejlisleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyň ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alşyldy.

Taraplar iki ýurduň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky däp bolan gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 87-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy, resminamalaryň birnäçesine garaldy.

Milli habar beriş serişdeleriniň we BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)ýurdumyzdaky wekilhanasynyň işgärleriniň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde geçirilen metbugat maslahatynda COVID-19 pandemiýasy wagtynda maglumatlary ýaýratmagyň netijeli usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň çäklerinde «Töwekgelçilik hakynda maglumat bermegiň möhüm ugurlary: mekdepleriň açylmagy we ene-atalar üçin habar berilmegi» hem-de «Sebitleýin tejribe we öňdebaryjy tejribäniň ugurlary» mowzuklarynyň tanyşdyryş çäreleri guraldy.

Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy ara alyp maslahatlaşmalara goşuldy.

Duşuşykda çykyş edenler geçen döwrüň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwletiň Bitaraplyk derejesiniň ýokary netijeliligini subut edendigini, netijeli gepleşikleriň we halkara hyzmatdaşlygyň açyk meýdançasyna öwrülmek bilen, sebitde we tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygy hem-de durnuklylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny nygtadylar.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlikleriniň wekilleri BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) wekilleri bilen guralan onlaýn duşuşyga gatnaşdylar.

Onuň gün tertibine «Merkezi Aziýada hem-de Türkiýede gurakçylykly we şorlaşan oba hojalyk önümçilik ýerleriniň tebigy serişdelerini toplumlaýyn dolandyrmak» (CALCILM 2) atly giň möçberli taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri girizildi.

Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) bilermenleri bilen dem alyş ýollarynyň agyr görnüşi bilen kesellän näsaglary kliniki taýdan barlamagyň usullaryna bagyşlanan wideomaslahat geçirildi.

BSGG-niň bilermenleri ilatyň saglygyny goramagyň ähli ugurlary boýunça geçirilýän giň möçberli, toplumlaýyn işlere ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara bileleşigi jemgyýetçilik saglygy goraýyş babatyndaky täze wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge hem-de ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň ulanmaga çagyrýan täze başlangyçlarynyň ähmiýetini we wajypdygyny nygtadylar.

Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gerimi (SGHÄG) meselesi COVID-19 pandemiýasyna hem-de onuň getirýän netijelerine garşy çäre görmek meseleleri Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň onlaýn maslahatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, bu ýokanç keseliň dünýäde ýaýrap başlan ilkinji günlerinden Türkmenistan gaýragoýulmasyz zerur çäreleri amala aşyrmaga girişdi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda toplumlaýyn gorag çäreleri durmuşa geçirildi, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek boýunça bitewi milli strategiýasy işlenip düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze wehime garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge, şol sanda ylmy diplomatiýa we BSGG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň makullamasyna hem-de goldawyna eýe boldy.

Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň hem-de Ukrainanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn görnüşde gepleşikler geçirildi. Şonuň barşynda döwletara gatnaşyklaryň ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatyndaky geljekki ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen hepdede Halkara pul gaznasynyň hanym Natalia Tamirisanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda maslahatlaryň nobatdaky tapgyry geçirildi.

Wideoduşuşygyň barşynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň soňky meýilleri hem-de çaklamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, 2020-nji ýylyň birinji ýarymy boýunça maglumatlar, şonuň ýaly-da şu ýylyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň takyklanan görkezijileri we 2021-nji ýyl üçin býujetiň taslamasy seljerildi.

Türkmen tarapynyň nygtaýşy ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujeti işlenip taýýarlanylanda, birnäçe ugurlar we daşky täsirler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesine laýyklykda, durmuş maksatnamalaryna, durnukly ösüşe, ilatyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna uly üns berilýär.

Suw hojalygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň serhetüsti suw serişdelerini bilelikde dolandyrmagyň, netijeli ulanmagyň hem-de hasaba almagyň ugurlary Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň we Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalygy ministrliginiň ýolbaşçylaryny göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygynyň esasy ara alnyp maslahatlaşylan meselesi boldy. Oňa iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň barşynda bar bolan döwletara ylalaşyklara laýyklykda, Amyderýanyň boýunda oba hojalyk ekinlerini, şol sanda 2021-nji ýyl üçin ekilen güýzlük dänäniň suwaryş suwy bilen üpjün edilişini bökdençsiz üpjün etmegiň çäreleri ylalaşyldy.

Şu hepdede Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ýygymyna girişdiler. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlary 155 müň gektarda ýerleşip, şondan 275 müň tonna «ak altyn» ýygnap almak meýilleşdirilýär. Ýygym möwsüminde ýokary öndürijilikli «John Deere» kombaýnlarynyň 300-si işlediler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen şolaryň üsti täze maşynlar, şonuň ýaly-da Özbegistanda öndürilen ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikasy bilen ýetirildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolmagynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergisi hem-de ylmy-amaly maslahat geçirildi. Döwlet we hususy kärhanalaryň 70-den gowragynyň sergi diwarlyklarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlardaky ösüşleri görkezildi. Bu ýerde innowasion tehnologiýalar, IT ulgamynyň hünärmenleriniň elektron işläp düzmeleri görkezildi, şolar türkmenistanlylaryň gündelik durmuşynda üstünlikli orun tapýar.

Maslahatyň çäklerinde “Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirilip, onda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Baýramçylygyň öň ýanynda Aşgabatda Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlarynyň bäşisi açyldy. Şolarda pudagyň kärhanalary tarapyndan ekologiýa taýdan arassa türkmen pagtasyndan öndürilen önümleriň giň görnüşi: çagalar we ulular üçin eşikler, şol sanda sport geýimleri, ýorgan-düşek örtgüleri we süpürgiçler, jinsi önümleri, aýakgaplar, ýantorbalar we ýumşak oýunjaklar hödürlenilýär.

Ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda türkmenabatly maşgalalaryň 330-dan gowragy ajaýyp sowgat aldylar. Olara dabaraly ýagdaýda Lebap welaýatynyň merkezi şäheriniň günorta böleginde bina edilen dört gatly jaýlaryň 14-sinden ybarat ýaşaýyş toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň açarlary gowşuryldy.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň uzak möhletleýin özgertmeler maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge, türkmen halkynyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/7925