2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Halkara walýuta gaznasy we Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy

Şu gün ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dünýäniň we sebitiň öňdebaryjy banklary bilen maýa goýum babatdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler türkmen döwletiniň köp taraply ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini, mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün edýär.

Milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly we täzeçil syýasaty netijesinde, Watanymyz gysga döwrüň içinde dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşdy.

Merkezi Aziýa sebitinde amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistan sebit we ählumumy möçberde umumy ösüşiň talaplaryna laýyk gelýän has täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýar.

Abraýly maliýe düzümleriň ýurdumyza iri maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanmalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyna hem-de Türkmenistana ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş we ägirt uly kuwwaty bolan ýurt hökmünde uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşykda birnäçe ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Hususan-da, ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda, geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.

Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Býerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen, maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diýarymyzyň energetika, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ähli düzümlere döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalygy bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny hem-de görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hususy telekeçilige möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kiçi we orta telekeçilik daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşinde möhüm orun eýeleýär.

Şu nukdaýnazardan, hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna «Doing Business» (Işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.

COVID-19-yň ählumumy ykdysadyýete täsiri hem-de durnukly ösüşe goldaw bermek maksady bilen Bütindünýä pul gaznasynyň jogap çäreleri wekilçilikli toparyň öňdebaryjy ýurtlarynyň merkezi banklarynyň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bilen Halkara walýuta we maliýe komitetiniň şu gün geçirilen onlaýn mejlisiniň özenini düzdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki ýagdaýda gyssagly hereket etmek üçin goldaw bermek ählumumy ykdysady çökgünlik şertlerinde oňyn netije berer we ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam eder.

Şeýle hem Bütindünýä bankynyň wekilçilikli toparynyň hem-de Bütindünýä pul gaznasynyň ýurtlaryň 9-synyň arasynda şu gün göni aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ertir Ösüş boýunça komitet, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň departamentleriniň ýolbaşçysy hem-de Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen wideomaslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine orta möhlet üçin netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri giriziler.



http://www.turkmenistan.gov.tm/_tmt/?id=14990