2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

15-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Hormatly Prezidentimiz netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtady. Abraýly sebit we ählumumy derejedäki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän netijeli teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini we ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de durnukly ösüşiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin hindi tarapyna minnetdardygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýan-dygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak bara-daky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki wagta çenli bu ugurda uly işler amala aşyryldy, möhüm resminamalara gol çekildi, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer, iri möçberdäki daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam eder.

Bularyň ählisi umumy abadançylyga hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işiň aýdyň netijeleri berjekdigine ynam bildirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.

Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biziň ýurtlarymyzyň eýýäm şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, «Türkmenderman Ajanta Farma Limited» bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasyny anyk mysal hökmünde görkezdi we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň gadymy däpleriniň we baý taryhy mirasynyň bardygyny nygtap, ynsanperwer ulgamda, şol sanda Medeniýet günleri, sergiler, festiwallar, döredijilik alyşmalar ýaly dürli medeni çäreleri geçirmek arkaly, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.

Şeýle hem ylym-bilim gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda adam maýasyny kämilleşdirmäge, şol sanda döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri guramak wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Şunuň bilen birlikde, parlamentara derejede yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň ýola goýulmagynyň möhümdigi bellenildi.

Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.

Milli Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklaryny ösdürmekde, uzak möhletli geljegi nazara almak bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda ýokary derejedäki saparlara hem-de gepleşiklere möhüm ornuň degişlidigini bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hindistany hakyky dost we ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtap, dostlukly döwletiň Baştutanyny özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

«Balkan».

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/10213