2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar

  • Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti Kabulda ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasyna gatnaşdy. Dabara Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Türkmenistanyň we Owganystanyň degişli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, taslamalaryň durmuşa geçirilmegine dahylly halkara kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow sanly wideoaragatnaşyk arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň Baştutanyna salamyny ýetirdi. «Türkmengaz» döwlet konserniniň, TAPI Pipeline Limited we «Afgan Gaz Enterprise» edarasynyň aralarynda Owganystan Yslam Respublikasynda tebigy gaz bazaryny emele getirmek we ösdürmek babatda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň arasynda Aragatnaşyk we maglumatlaşdyryş ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «Afgan Wireless» aragatnaşyk kompaniýasynyň arasynda Ymamnazar – Akina hem-de Serhetabat – Turgundy halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak we üstaşyr akymlary geçirmek hakyndaky Şertnama, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçiriji taslamasy, Owganystanda elektrik energiýasyny satyn almak boýunça ylalaşygyň esasy şertleri» baradaky Ylalaşyga gol çekildi.
  • DIM-de wideomaslahat görnüşinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (UNESKO) hanym Odri Azulaý bilen duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, UNESKO-nyň birnäçe düzümlerine Türkmenistany dalaşgärlige hödürlemek maksadyny beýan etdiler.
  • Iki dostlukly ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan «Türkmenistan – Belarus: ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary» atly onlaýn-duşuşygynda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary, eksport harytlary we hyzmatlary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu çärä ýurdumyzyň iri ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Belarus Respublikasyndan 80-e golaý kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
  • Türkmenistanyň daşary işler ministriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetirijiniň arasynda wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hökümetara hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi nygtaldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
  • Türkmenistanyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň başlygy Muhammad Sadyk Sanjrani bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Onda parlamentleriň derejesindäki hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar halkara derejesinde, şol sanda Parlamentara birleşiginiň çäklerinde özara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
  • Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň ýolbaşçylary bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirilip, onda esasan milli ösüş meýilnamalar nazara alnyp, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar goňşy halkyň köpasyrlyk dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanan türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini bellediler.
  • «Türkmenistan – Özbegistan» işewür geňeşiniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen 1-nji mejlisinde köpugurly döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň telekeçiler düzümleriniň arasynda baglaşylan şertnamalara gol çekilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy.
  • Türkmenistan – Owganystan – ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Onda howpsuzlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary beýan edildi. Beýleki meseleleriň hatarynda zenanlaryň deňhukuklylygyna we olaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam edýän durmuş häsiýetli derwaýys meselelere garaldy. Ulag-üstaşyr we ýangyç-energetika geçelgelerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
  • Wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna (BSG) agza bolmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygy boýunça «Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň» ähli bentleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de ony kabul etmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
  •  OYR-nyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakynda Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky döwletara we hökümetara ylalaşyklarynyň uly toplumyny has-da giňeltmäge gönükdirilendir.
  • Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukisa Kituýi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň koömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit býurosynyň direktory Miriýana Spolýariç Egger bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili gatnaşdy. Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin bitewi penjire» taslamasyny durmuşa geçirmäge goldaw bermek boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmek barada ösara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.
  • Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel Siraž Saleh bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
  • Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileri boýunça okuw maslahatlarynyň tapgyrlary dowam edýär. Şolaryň netijelerini BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) utgaşdyrýar. Şeýle maslahatlary FAO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky sebitiçi wekilhanasy Türkmenistanyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ugurdaş kärhanalary üçin guraýar. Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly guralan maslahatlara Mejlisiň, dürli ministrlikleriň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
  •  «Turkmendemirýollary» agentliginiň edara binasynda «Gazagystan demir ýoly» milli kompaniýasynyň» Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň barşynda döwletara hem-de sebit ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgelerini işjeňleşdirmegiň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda hökümetara ylalaşyklary durmuşa geçirmek, üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem dowam etdirmek barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
  • Ýurdumyzyň DIM-inde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasarynyň wideomaslahat görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna, hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek üçünji mejlisine taýýarlyk görmek, şol sanda duşuşygyň gün tertibi babatda pikirleri alyşmak maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy.
  • Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti onlaýn görnüşde Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Tennis federasiýasynyň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, şeýle hem daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda taraplar Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara tennis ýaryşynyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň guralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Halkara tennis federasiýasynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň we Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/10060