2020-nji ýyl «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Bäsleşikli söwdalar 2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda sagat 10-00-da

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.


Bäsleşikli söwdalar 2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.


Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” önümçilik birleşiginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Lebap we Mary welaýat häkimliginiň desgalarynyň sanawy.

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.

Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler. Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar. Bäsleşikli söwda gatnaşyjylary hasaba almaklyk bäsleşik geçirilýän güni sagat 09ºº-da başlanýar. Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki obýektler onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.


Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde
(+993 12) 39-46-09
/72/73/75
Änew şäherinde
(+993 137) 33-0-21
Balkanabat şäherinde
(+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde
(+993 322) 9-10-19
9-15-10
Türkmenabat şäherinde
(+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde
(+993 522) 6-06-87