«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda geçirilýär

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak

boýunça bäsleşik geçirmek hakynda

BILDIRIŞ


1. LOT № 20

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek we GKTP-160/10 kWa desgasynda GKTP-250/10 kWa çalyşmak, Türkmenistan geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň GKTP-160/0,4 kWa desgasyny GKTP-250/10 kWa çalyşmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi


2. LOT № 21

Lebap welaýatynyň «Magdanly» serhet birikmesiniň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi


3. LOT № 28

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň N.Gutlyýew, Bereket, Talhanbazar, Hojaili, Amyderýa geňeşlikleriniň Gum obalaryndaky kuwwatlylygy 6/10/0,4 kW bolan howa ulgamyny gurmak, Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesinde, Boýrabap geňeşliginiň Galkynyş we Adak obalarynyň, Gularyk geňeşliginiň Üçbaş obasynyň, Kiştiwan geňeşliginiň Darganly we Garagum obalarynyň kuwwatlylygy 0,4/6/10 kW bolan howa ulgamynyň durkuny täzelemek. Welaýatyň obalarynyň, etrap merkezleriniň we şäherçeleriniň elektrik üpjünçiligi, Çärjew etrabynda täze döredilen ýer gaznalarynyň elektrik geçirijileriniň üpjünçiligi we Farap etrabynyň täze döredilen ýer gaznasynyň elektrik üpjünçiligi (III tapgyr) üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi


4. LOT № 38

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadigärligini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi


5. LOT № 40

Ýokary okuw mekdepleriniň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary we ugurdaş hünärler üçin kiberhowpsuzlyk boýunça tejribelik otaglary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi


6. LOT № 42

Garagum derýasynyň 1096-njy kilometrinde göwrümi 18 mln.m3 bolan suw howdanyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi



7. LOT № 43

«Ahalsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň garamagyndaky önümçilik dolanşyklaryň hasabyndaky suw göteriji enjamlarynyň elektrik hereketlendirijilerini, rotorlaryny we starterlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti


8. LOT № 62

Türkmenistanyň gümrük nokatlarynda sanly ulgamy girizmek we gurnamak üçin ýörite programma üpjünçiligini satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy


9. LOT № 63

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýerleşýän Farap awtoýollary serhetýaka gümrük postunyň ýanyndaky awtoduralgada gurulýan binalar we desgalar üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy


10. LOT № 65

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine degişli Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 19 we 19/1 belgili ýaşaýyş jaýlaryndaky sowadyjy ulgamy üçin çillerleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


11. LOT № 67

Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň Jemgyýetçilik howpsuzlygy müdirliginiň ýerli wekilleri üçin ykjam öýjükli el telefonlaryny (smartfon) satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministirligi


12. LOT № 68

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi


13. LOT № 69

Mary welaýatynyň Serhetabat etrap merkezinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi


14. LOT № 76

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň eltiji suw ulgamlarynyň gurluşyk işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi


15. LOT № 77

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki kuwwatlygy bir gije-gündizde
150 000 m3 bolan agyz suw zawodynyň 25,5 km esasy suw geçiriji ulgamyna çatylan 58-nji guýynyň gurluşyk işleri hem-de Daşoguz şäherinde gurlan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bölüminiň («Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçasyndan, işewürlik we söwda dynç alyş merkezinden hem-de 500 orunlyk toý zalyndan ybarat bolan binalar toplumynyň) daşky suw we lagym ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi


16. LOT № 85

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desgasy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi


17. LOT № 86

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň «Berzeňňi» ylmy şypahana bölüminiň binalarynyň ýyladyjy ulgamlary üçin 2 sany suw gyzdyryjy gazanlary hem-de suw soryjylary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi


18. LOT № 87

Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahanasynyň binalarynyň ýyladyjy ulgamlary üçin 3 sany suw gyzdyryjy gazanlary hem-de suw soryjylary üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi


19. LOT № 90

Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynda elektron resminamalar dolanşygy ulgamy üçin niýetlenen serwer, tor geçirijileri we gorag enjamlaryny satyn almak hem-de gurnamak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasy


20. LOT № 96

Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň täze ýadigärligini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi


Bäsleşik 2021-nji ýylyň 26-njy fewralynda geçirilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:


Aşgabat şäheriniň, Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39; 39-46-38, 39-46-32.