Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak
boýunça bäsleşik geçirmek hakynda
BILDIRIŞ
1. LOT № 14
Milli atly sport merkezinde, Mary hem-de Daşoguz Döwlet athanalarynda saklanylýan tohum atlaryna 2021-nji ýyl üçin ýorunja bedesini hem-de arpany satyn almak.
Satyn alyjy: “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
2. LOT № 15
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine «Göreldeli gullugy üçin» diýen döşe dakylýan pudaklaýyn nyşany satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministirligi.
3. LOT № 16
Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe gaşnaşjak ýörite maksatly toparyň işgärleri üçin ýörite egin-eşikleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministirligi.
4. LOT № 22
Türkmenistanyň Dölet serhet gullugynda bar bolan tehnikalara motor we çalgy ýaglaryny, ýörite tehniki suwuklyklary hem-de tehniki enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
5. LOT № 24
Türkmenistanyň Goranmak ministirliginiň zerurlygy üçin suwuk görnüşli gap-gaç ýuwujy serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministirligi.
6. LOT № 25
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň binalarynda ýerleşýän 21 sany ýolagçy lifitlerine tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Bilim ministirligi.
7. LOT № 29
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky geňeşliginiň Garamazy obasynda suw üpjünçilik ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
8. LOT № 30
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Kerwen-110/35/10 kW» peseldiji bekedinden çykýan 10 kW bolan 3 sany elektrik geçiriji howa ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
9. LOT № 32
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň binasynda gurnalan «KONE» kysymly liftlerine tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.
10. LOT № 33
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň tohum Ahalteke we gulluk atlary üçin ot iýmleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministirligi.
11. LOT № 34
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin optiki-süýümli kabelini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministirligi.
12. LOT № 37
Türkmenistanyň Içeri işler ministirliginiň ýörite edaralaryna ýagtylandyryjylary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministirligi.
Bäsleşik 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Tel: 39-46-32, 39-46-38.