USD 3.5GBP 4.5766CNY 0.504UZS 0.3422RUB 4.765TRY 0.4791JPY 3.2781EUR 4.1398

Üns beriň! Bäsleşikli söwda! (24.07.2020)

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki desgalary hususylaşdyrmak hakynda kanunçylygyna laýyklykda, döwlet eýeçiligindäki desgalary satmak boýunça bäsleşikli söwdalaryň geçirilýändigini habar berýär.


Bäsleşikli söwdalar 2020-nji ýylyň 24-nji iýulynda sagat 10-00-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň jaýynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 156-njy jaýy.

Bäsleşikli söwdada satuwa çykarylýan Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Lebap we Mary welaýat häkimliginiň desgalarynyň sanawy.

Desgalaryň ady, ýerleşýän ýeri Desganyň görnüşi,
(işiniň ugry, gurlan ýyly)
Binalaryň meýdany,
(inedördül metr)
Başlangyç bahasy
(manat)
Hususylaşdyrmagyň şertleri
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň desgalary
Aşgabat şäheri
1 56-njy 4 gatly 30 öýli ýaşaýyş jaýynyň 1-nji gatyndaky 2-nji dükany, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gurtly ýaşaýyş toplumy Söwda işleri,
2017 ý.
297.50 1 179 766.00 Hususy eýeçilige satmak
2 63-nji 4 gatly 30 öýli ýaşaýyş jaýynyň 1-nji gatyndaky 5-nji dükany, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Gurtly ýaşaýyş toplumy Söwda işleri,
2017 ý.
239.50 949 761.00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň desgalary
Balkan welaýaty
3 Balkan welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Esenguly etrap Alyjylar jemgyýetiniň Söwda merkezi, Esenguly etrabynyň Esenguly şäheri Söwda işleri,
2008 ý.
737.80 1 037 362.90 Hususy eýeçilige satmak
4 Balkan welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Serdar etrap Alyjylar jemgyýetine degişli Ammar binasy, Serdar şäheriniň G.Meretjäýew köçesiniň 9-njy jaýy Ammar,
1979 ý.
578.80 89 024.40 Hususy eýeçilige satmak
5 Balkan welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Bereket etrap Alyjylar jemgyýetiniň “Gülüstan” restorany, Bereket şäheriniň H.Babaýew köçesi Jemgyýetçilik iýmiti,
1976-2008 ýý.
1 000.10 302 536.80 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
6 «Lebap» döwlet lomaý-bölek söwda firmasynyň Söwda merkezi, Gazojak şäheriniň «Sazakino» demir ýol bekedi Söwda işleri,
1978 ý.
569.00 35 130.00 Hususy eýeçilige satmak
7 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Köýtendag etrap alyjylar jemgyýetiniň Bazarly söwda merkezi, Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesi Söwda işleri,
2013 ý.
632.90 1 787 889.60 Hususy eýeçilige satmak
8 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Kerki şäher alyjylar jemgyýetiniň 13-nji dükany, Kerki etrabynyň Kerki şäheriniň N.Rahmanow köçesiniň ugrunda ýerleşýär Söwda işleri,
1965 ý.
154.00 53 330.90 Hususy eýeçilige satmak
9 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Dostluk alyjylar jemgyýetiniň öňki “Amyderýa” söwda kärhanasynyň binalary Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesi Söwda işleri,
1985-2005 ýý.
3 512.80 1 843 790.90 Hususy eýeçilige satmak
10 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Hojambaz alyjylar jemgyýetiniň Edara binasy, Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň E.Kulyýewa köçesiniň 1-nji jaýy Edara binasy,
1968 ý.
266.40 40 200.30 Hususy eýeçilige satmak
11 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Hojambaz alyjylar jemgyýetiniň ýyladyşhanasy, Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň J.Mämedow köçesiniň ugrunda ýerleşýär Önümçilik,
1996 ý.
177.00 16 253.30 Hususy eýeçilige satmak
12 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň çaýhana jaýy, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň S.Nyýazow adyndaky köçesiniň ugrunda ýerleşýär Söwda we hyzmat işleri,
1961 ý.
83.30 8 010.80 Hususy eýeçilige satmak
13 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Hojambaz etrap alyjylar jemgyýetiniň Limon ýyladyşhanasy, Hojambaz etrabynyň Kerkiçi-Farap şa ýolunyň ugrunda ýerleşýär Önümçilik,
1994 ý.
659.60 71 660.40 Hususy eýeçilige satmak
14 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Hojambaz alyjylar jemgyýetiniň Taýýarlaýyş söwda kärhanasynyň dükany, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň S.Nyýazow adyndaky köçesiniň ugrunda ýerleşýär Söwda işleri,
1996 ý.
50.90 4 903.50 Hususy eýeçilige satmak
15 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garaşsyzlyk alyjylar jemgyýetiniň Ammar jaýy, Dänew etrabynyň Boýnyuzyn bekedinde ýerleşýär Ammar,
1992-2011 ýý.
453.80 200 034.80 Hususy eýeçilige satmak
16 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Pelwert alyjylar jemgyýetiniň öňki kooperatiw söwda edarasynyň jaýy, Halaç etrabynyň Pelwert geňeşliginiň Pelwert obasy Edara binasy,
1991 ý.
97.90 9 440.80 Hususy eýeçilige satmak
17 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Hojambaz alyjylar jemgyýetiniň Çörek we unaş sehi, Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäheriniň S.A.Nyýazow köçesi Önümçilik,
1978 ý.
317.30 59 846.40 Hususy eýeçilige satmak
18 Lebap welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Saýat etrabynyň Sakar alyjylar jemgyýetiniň Gök-miwe gaplaýan sehi, Saýat etrabynyň Sakar şäherçesiniň Hakykat köçesiniň 40-njy jaýy Önümçilik,
1980 ý.
1 204.50 681 436.80 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
19 Daşoguz welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Boldumsaz etrap lomaý söwda bazasynyň Gök-çäge önümçilik sehi (Gubadag etrap alyjylar jemgyýetiniň Gök-çäge önümçilik sehi), Gubadag etrabynyň Gökçäge geňeşliginiň Gökçäge obasy Önümçilik,
1981 ý.
735.37 389 651.00 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
20 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Oguzhan etrap alyjylar jemgyýetiniň Limonad sehi, Oguzhan etrabynyň Oguzhan şäherçesi Önümçilik,
1983 ý.
1 186.80 222 356.40 Hususy eýeçilige satmak
21 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garagum etrap alyjylar jemgyýetiniň naharhana jaýy, Garagum etrabynyň Şatlyk geňeşligi Hyzmat işleri,
1985 ý.
120.60 31 523.10 Hususy eýeçilige satmak
22 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garagum etrap alyjylar jemgyýetiniň dükany, Garagum etrabynyň Akmeýdan geňeşligi Söwda işleri,
1973 ý.
48.80 9 886.80 Hususy eýeçilige satmak
23 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Murgap etrap alyjylar jemgyýetiniň dükany, Murgap etrabynyň Şordepe daýhan birleşiginiň Ýagtylyk obasy Söwda işleri,
1966 ý.
166.90 25 341.40 Hususy eýeçilige satmak
24 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garagum etrap alyjylar jemgyýetiniň naharhanasy, Garagum etrabynyň Tarp ýer geňeşliginiň Ýagty ýol köçesi Jemgyýetçilik iýmiti,
1990 ý.
70.30 19 004.30 Hususy eýeçilige satmak
25 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Garaşsyzlyk alyjylar jemgyýetiniň dükany, Ýolöten etrabynyň Gammarbaba geňeşliginiň 10-njy brigadasy Söwda işleri,
1978 ý.
27.70 5 621.00 Hususy eýeçilige satmak
26 Oguzhan etrap alyjylar jemgyýetiniň konditer sehi, Oguzhan etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň Garaşsyzlyk köçesiniň 3-nji jaýy Önümçilik,
1981 ý.
264.50 46 435.50 Hususy eýeçilige satmak
27 Mary welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Oguzhan etrap alyjylar jemgyýetiniň “Altyn sähra” bazary, oňa degişli dükanlar, binalar we desgalar, Oguzhan etrabynyň Parahat şäherçesi Söwda işleri,
2009 ý.
1 335.70 3 224 892.00 Hususy eýeçilige satmak
28 “Merw” Döwlet lomaý bölek söwda firmasynyň dükany, Mary şäheriniň Hazar köçesiniň ugrunda ýerleşýär Söwda işleri,
1968 ý.
67.10 18 653.00 Hususy eýeçilige satmak
29 Mary welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň Baýramaly etrap alyjylar jemgyýetiniň Konditer, şöhlat, unaş, humarsyz içgiler we 1-nji çörek sehleri, Baýramaly şäheriniň 12-nji jaý toplumynyň Yhlasly köçesiniň ugrunda ýerleşýän 5-nji belgili bitewi desgasy Önümçilik,
1987 ý.
3 582.30 1 178 256.00 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň desgalary
Ahal welaýaty
30 Tejen ösümlik ýag kärhanasyna degişli ammarlar toplumy (bina we ammar), Tejen şäheriniň Magtymguly köçesiniň 102-nji jaýy Ammar,
1984-1989 ýý.
2 774.60 2 195 475.00 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
31 Daşoguz welaýat “Miwe” oba hojalyk senagat birleşiginiň 1800 tonnalyk ammar jaýy, Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýär Ammar,
1976 ý.
3 351.16 472 652.00 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýaty
32 «Arzuw» maldarçylyk hojalygynyň maldarçylyk fermasy, Hojambaz etrabynyň “Gyzylgum” daýhan birleşigi Mal ýatagy,
1970 ý.
988.00 51 878.40 Hususy eýeçilige satmak
33 «Zynhary» maldarçylyk hojalygynyň maldarçylyk fermasy, Halaç etrabynyň “J.Mähremow” adyndaky daýhan birleşigi Mal ýatagy,
1972 ý.
1 997.00 266 048.10 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
34 Serhetabat et önümleri bölümi, Serhetabat etrabynyň Serhetabat şäheriniň Gündogar toplumynyň 3-nji jaýy Et önümlerini öndürmek we gaýtadan işlemek,
2015 ý.
372.70 1 025 610.40 Hususy eýeçilige satmak
35 «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň maldarçylyk fermasy, Garagum etrabynyň “Sähra” daýhan birleşigi Mal ýatagy,
1976 ý.
19 098.70 2 486 922.30 Hususy eýeçilige satmak
36 Mary welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Sakarçäge etrap “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň hasabynda duran öňki birikdirilen Mary etrabynyň "Maldar" maldarçylyk hojalygynyň edara jaýy, ammar jaýy hem-de olara degişli binalary, Mary etrabynyň Mary-Aşgabat gara ýolunyň 3-nji kilometrinde ýerleşýär Edara bina, ammar,
1985 ý.
2 991.60 1 174 751.00 Hususy eýeçilige satmak
“Türkmengaz” döwlet konserniniň desgasy
Mary welaýaty
37 “Marygazçykaryş” müdirliginiň söwda merkezi, Oguzhan etrabynyň Şatlyk şäheriniň Gazçylar köçesiniň 51-nji jaýy Söwda işleri,
1992 ý.
5 262.60 2 915 556.80 Hususy eýeçilige satmak
“Türkmenhaly” önümçilik birleşigi
Ahal welaýaty
38 Bäherden çeper halyçylyk kärhanasy, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Gurbansoltan eje köçesiniň 63-nji jaýy Haly we haly önümlerini öndürmek,
1967 ý.
4 365.92 1 361 188.80 Hususy eýeçilige satmak
Daşoguz welaýaty
39 Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Gurbansoltan eje adyndaky haly önümhanasy, Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Halyçylar köçesiniň 11-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
1972 ý.
670.45 398 011.94 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýaty
40 Mary çeper halyçylyk kärhanasyna degişli Bagtyýarlyk haly önümhanasy, Baýramaly etrabynyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň Şagadam köçesiniň 3-nji jaýy Haly önümlerini öndürmek,
2015 ý.
266.30 428 516.20 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň desgalary
Ahal welaýaty
41 Bäherden tikin fabrigi, Bäherden etrabynyň Bäherden şäheriniň Mollanepes köçesiniň 2-nji jaýy Halkyň sarp edýän harytlaryny öndürmek,
1978 ý.
3 410.97 4 067 894.70 Hususy eýeçilige satmak
Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy
Lebap welaýaty
42 Türkmenabat Nebit kärhanasynyň Ferma jaýy, Farap etrabynyň Dostluk daýhan birleşiginde ýerleşýär Önümçilik,
1993 ý.
695.9 99 378.00 Hususy eýeçilige satmak
Lebap welaýat häkimliginiň desgalary
43 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 2-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Farap etrabyndaky bölümi bilen), Türkmenabat şäheriniň Aragatnaşyk bölüminiň 14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1984 ý.
6 700.00 1 272 916.40 Hususy eýeçilige satmak
44 Mehanizasiýa işleriniň ýöriteleşdirilen kärhanasy (ýanaşyk duran ammarlarynyň binalary bilen), Türkmenabat şäheriniň «Himzawod» P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1958-1988 ýý.
15 000.00 5 198 851.70 Hususy eýeçilige satmak
45 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 3-nji ýöriteleşdirilen gurluşyk gurnama müdirligi, Türkmenabat şäheriniň Himzawod P/O-14 salgysy Gurluşyk gurnama işleri,
1976 ý.
9 700.00 7 313 058.90 Hususy eýeçilige satmak
46 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 13-nji gurluşyk gurnama müdirligi (Görogly beg Türkmen köçesinde ýerleşýän edara jaýy we Çärjew etrabyndaky bazasy bilen bilelikde), Türkmenabat şäheriniň Ärsarybaba köçesi 52-jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1966-1981 ýý.
2 478.00 4 343 722.60 Hususy eýeçilige satmak
47 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 8-nji gurluşyk gurnama müdirligi, Halaç etrabynyň Halaç şäherçesiniň S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň 90-njy jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1985 ý.
2 474.40 1 234 893.80 Hususy eýeçilige satmak
48 «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 19-njy gurluşyk-gurnama müdirligi, Döwletli etrabynyň Amyderýa şäherçesiniň S.A.Nyýazow köçesiniň 22-nji jaýy Gurluşyk gurnama işleri,
1971 ý.
3 037.70 2 231 097.40 Hususy eýeçilige satmak
Mary welaýat häkimliginiň desgalary
49 "Marygurluşyk" önümçilik birleşiginiň "Marygurluşykhyzmat" müdirliginiň binasy, Oguzhan etrabynyň Parahat şäherçesiniň Gowşuthan köçesiniň 1-nji geçelgesi Gurluşyk gurnama işleri,
2013-2015 ýý.
187.00 81 898.60 Hususy eýeçilige satmak

Bäsleşikli söwdalara gatnaşmaga Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde öz wagtynda ýüz tutma beren, öňünden ýörite tölegleri tölän hem-de bäsleşikli söwdalara gatnaşmak üçin hasaba alnan Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlary, şeýle-hem Türkmenistanyň döwlet eýeçiligine degişli däl edara görnüşli taraplary we daşary ýurtlaryň edara görnüşli taraplary çagyrylýar.
Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler. Ýüz tutmalary kabul etmek we hasaba almak şu habaryň çap edilen güninden başlap, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde amala aşyrylýar we bäsleşikli söwdalaryň başlanmagyna 24 sagat galanda tamamlanýar. Bäsleşikli söwda gatnaşyjylary hasaba almaklyk bäsleşik geçirilýän güni sagat 09ºº-da başlanýar. Bäsleşikli söwdalara gatnaşmagyň tertibi barada we desgalar baradaky goşmaça maglumatlar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Emläk gatnaşyklary we telekeçiligi goldamak bölümi we degişli ugurdaş bölümlerinde berilýär. Bäsleşikli söwdalara gatnaşyjylaryň hemmesine hususylaşdyrylýan desgalar baradaky maglumatlar bilen öňünden tanyşmaga mümkinçilik berilýär.
Döwlet eýeçiligindäki obýektler onuň borçnamalary bilen bilelikde hususylaşdyrylýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
Aşgabat şäherinde (+993 12) 39-46-09
/72/73/75
Änew şäherinde (+993 137) 33-0-21
Balkanabat şäherinde (+993 222) 7-89-34
Daşoguz şäherinde (+993 322) 9-10-19
9-15-10
Türkmenabat şäherinde (+993 422) 6-11-52
Mary şäherinde (+993 522) 6-06-87
Howa maglumaty
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Walýuta kursy
  • USD / TMT 3.5
  • EUR / TMT 4.1398
  • GBP / TMT 4.5766
  • JPY / TMT 3.2781
Minfinnews | by MinFin