USD 3.5GBP 4.5766CNY 0.504UZS 0.3422RUB 4.765TRY 0.4791JPY 3.2781EUR 4.1398

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly «C5+1» görnüşinde duşuşygy geçirildi. Mejlise Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary hem-de Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe aýratyn üns berýän meselesi bolan Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak hem-de dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň bilelikdäki gurallaryny işläp taýýarlamak gün tertibiniň esasy meseleleri boldy.
Duşuşykda türkmen tarapynyň goňşy ýurduň syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köptaraplaýyn görnüşindäki hyzmatdaşlygy goldaýandygy hem-de ýurdumyzyň syýasy-diplomatik mümkinçiliklerini bu ugurda herekete getirmäge taýýardygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem sebit ähmiýetli özara maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmagyň mümkinçilikleri, düzümleýin ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika taslamalaryny durmuşa geçirmegiň şertleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Saglygy goraýyş, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy.

***

Şu gün türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 86-njy mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň gün tertibine Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada pikir alyşmalar hem-de COVID — 19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan oňaýsyz täsirleri peseltmek boýunça köpçülikleýin çäreleriň mümkinçilikleri baradaky meseleler girizildi.
Bu babatda Türkmenistan baý tejribä eýedir, sebäbi COVID — 19 ýokanç keseliniň ýaýramak howpy ýüze çykan wagtyndan bäri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda raýatlary bu howply keselden goramak we onuň öňüni almak boýunça netijeli çäreler geçirildi.
Wideomaslahatyň dowamynda ykdysadyýeti adaty ýagdaýda ösýän hem-de makroykdysady ýagdaýyň durnuklylygy saklanylýan Türkmenistandaky ýagdaýa garaldy. Ýurdumyzda ýeterlik derejede ýokary we durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär, bu görkeziji 6,2 göterime deňdir. Şunda ýurdumyzda daşarky howplara dessin çäre görmek hem-de ykdysady ýagdaýyň üýtgemelerine uýgunlaşmak boýunça çäreler geçirilýär.
Häzirki wagtda býujet we pul-karz ulgamlarynda degişli çäreler geçirilýär, olar daşarky täsirleriň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ösüşine ýetirýän oňaýsyz netijelerini peseltmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça pudaklaryň we býujetiň şu ýylyň ahyryna çenli ösüşine baha we çaklama berildi.
Maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmeleri, esasan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegi üçin goşmaça serişdeler bölünip berilýär. Bu bölegiň kärhanalary (ulag, syýahatçylyk, hyzmatlar ulgamy) hojalyk işleriniň togtadylandygy zerarly kynçylyklary çekýärler.
Ýurdumyzyň azyk bolçulygynyň esasan obasenagat toplumynyň ýurdumyzda öndürilýän önümleriniň hasabyna üpjün edýändigi möhüm şertdir. Şunda uglewodorod serişdelerine degişli bolmadyk — dokma, gök-bakja, mineral dökünleri, gurluşyk serişdeleri ulgamynda eksporta iberilýän harytlaryň möçberleri artdy.
Türkmenistan koronawirus keseli zerarly dünýäde emele gelen ýagdaýa dogry baha bermek bilen, şeýle şertlerde döwletleriň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň durnuklylygyny, ulag gatnawlarynyň ukyplylygyny üpjün etmegiň zerurdygyna göz ýetirýär, bu meselä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn üns berýär.
Milli Liderimiz ylmy diplomatiýanyň ornunyň ýokarlandyrylmagy ugrunda çykyş edýär, bu babatda biziň ýurdumyz mejlisiň dowamynda ýurtlaryň arasynda, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň ugry boýunça bilermenleri alyşmagyň, COVID — 19 pandemiýasyna garşy göreşmekde toplanylan tejribäni alyşmak boýunça Ýörite maksatnamany işläp taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Şeýle hem Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň binasyndan Aşgabatda alnyp görkezilen GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisinde Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň çäginde Moskwada GDA döwletleriniň sergi-söwda merkezlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat diňlenildi. GDA-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän mejlisde bu mesele aýratyn çözüldi.
GDA gatnaşyjy döwletleriň intellektual eýeçiligi bazarynyň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi barada maglumat diňlenildi. Geňeşiň agzalary 2020 — 2025-nji ýyllarda Halkara gatnawlarynda ýük daşamalarynyň durmuşa geçirilmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza döwletleriň çäklerinde ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmegiň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň meýilnamasyny makulladylar.
Onkologiýa kesellerine garşy göreşmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy, weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda we beýleki resminamalar kabul edildi.
***

Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň XXXI ýörite mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.
Duşuşygyň barşynda taraplar GDA-nyň degişli edaralarynyň koronawirus keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde alyp barýan işlerini ara alyp maslahatlaşdylar, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hünärmenleriň, şol sanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň, hereketleriň utgaşdyrylmagynyň hem-de maglumatlary alyşmagyň ähmiýeti we zerurlygy baradaky başlangyçlarynyň möhümdigini bellediler.
GDA döwletleriň ilatynyň arassaçylyk-abadançylyk ulgamyndaky resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak, sanitariýa-epidemiologik häsiýetli ýagdaýlaryň öňüni almaga degişli resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak işleriniň barşy seljerildi.
***

Şu gün Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleriniň Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.
Taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler, häzirki we geljegi uly taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gepleşikleriň barşynda senagat, ulag, energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşyldy. Maýa goýumlaryny artdyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini pugtalandyrmak meselelerine garaldy.
***

Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns berýän meselesi bolan Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda maliýeleşdirmek we maýa goýumlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetiniň arasynda durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
***

Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda onlaýn görnüşinde Norwegiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ole Ýohan Bernoý we Norwegiýanyň Daşary işler ministrliginiň Owganystan boýunça ýörite wekili Per Albert Ilsaas bilen duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni–ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny bellediler.
Taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini tassyklap, halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, syýasy geňeşmeleri öz wagtynda geçirmegiň hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary saklamagyň ähmiýeti bellenildi. Iki ýurduň koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäklerindäki garaýyşlary beýan edildi.
Bitarap Türkmenistanyň bu işe goşýan goşandyna aýratyn üns berildi. Ýurdumyz ençeme ýyllaryň dowamynda tutuş Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýar.
Şunuň bilen baglylykda, norwegiýaly diplomatlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasaty hem-de goňşy Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça daşary syýasat başlangyçlary barada habar berildi.
Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem bilim, saglygy goraýyş, ylym we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Howa maglumaty
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Walýuta kursy
  • USD / TMT 3.5
  • EUR / TMT 4.1398
  • GBP / TMT 4.5766
  • JPY / TMT 3.2781
Minfinnews | by MinFin