USD 3.5GBP 4.3785CNY 0.4988UZS 0.3438RUB 4.9206TRY 0.51JPY 3.2534EUR 3.9445

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi boldy. Oňa iki ýurduň esasy pudaklarynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Toparyň başlyklary — Türkmenistanyň daşary işler ministri we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, däp bolan dostlukly türkmen-russiýa döwletara gatnaşyklarynyň berkidilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa aýratyn hoşallyk bildirildi.
Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady, maliýe-bank we nebitgaz toplumlarynda, elektroenergetika, himiýa senagatynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda we başga-da birnäçe pudaklarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, telekeçilik ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlar hökmünde görkezildi.
Türkmen-rus sebit hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda täze hil we mazmun bilen üstüniň ýetirilýändigi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan we ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna, senagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de köpugurly esasda ösdürilmegine, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary nazara almak arkaly, Russiýanyň kompaniýalarynyň bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly dürli ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Hususan-da, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow bu babatda birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara toparyň işiniň jemleri jemlenildi. Ýokary derejede ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde ýerine ýetirmekde deň hukuklylyk, özara bähbitlilik we uzak möhletleýinlik esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň bar bolan mümkinçiliklerini amala aşyrmakda bu topara möhüm orun degişlidir.
Mejlise gatnaşyjylar ynsanperwer we ylmy tehnologiýa ulgamlaryndaky, aýratyn-da, bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlaryndaky özara gatnaşyklaryň berkidilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.
Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň, şol sanda ýokanç keselleriň öňüni almak babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, ählumumy koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda görlen çäreleriň derwaýysdygy we netijelidigi bellenildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär.
***
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek boýunça Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) şu gün onlaýn tertibinde geçirilen ýörite 32-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine ÝAT-nyň 2019-njy ýylda alyp baran işleriniň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler hem-de СOVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ýagdaý bilen baglylykda, bu düzümiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler girizildi. Jenaýatçylykly ýollar bilen alnan girdejileri kanunylaşdyrmak we terrorçylygy maliýeleşdirmek howpunyň azaldylmagy üçin çäreleri görmek babatda FATF-niň we ÝAT-nyň agzalarynyň tejribesi bilen baglanyşykly mesele hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝAT-nyň 31-nji umumy mejlisiniň 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilendigini ýatlatmalydyrys. Ýewraziýa toparyna agza ýurtlarda we tutuş sebitde jenaýatçylykly ýol bilen gazanylan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreşmegiň hem-de köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýramagynyň öňüni almak ulgamynyň netijeli hereket etmegini üpjün etmegiň gurallaryny kämilleşdirmek boýunça çözgütler şol duşuşygyň netijeleri boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan tutuş adamzadyň öňünde durýan wajyp meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.
Ýurdumyz halkara hukugyň ýörelgelerinden ugur alyp hem-de BMG-niň guramaçylykly jenaýatçylyga, radikalizme we ekstremizme garşy göreşmek ýaly ählumumy hem-de sebit howplaryna garşy göreşmek ulgamyndaky Konwensiýalarynyň, Ylalaşyklarynyň we Maksatnamalarynyň birnäçesine goşulyp, şu mesele boýunça FATF, Ýewraziýa topary, EGMONT topary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.
Şu mejlisde çykyş eden FATF-niň prezidenti Sýanmin Lýu hem-de ÝAT-na gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri agza döwletleriň özara baha bermeginiň tapgyrlarynyň çäklerinde bu ulgamda amala aşyrylýan işleriň dowam etdirilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berdiler.
***
Türkmenistanyň Bütindünýä bankynyň «Işewürligi alyp barmak» («Doing business») taslamasyna goşulmagy şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen onlaýn gepleşikleriň esasy meselesi boldy. Oňa Daşary işler ministrliginiň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Häzirki wagtda bu taslama dünýäniň 180-den gowrak ýurduny öz içine alýar. Onuň maksady ýurtlaryň arasynda işiň bu görnüşini kadalaşdyrmagyň şertlerini deňeşdirmek üçin hemmetaraplaýyn maglumatlary ýygnamak we seljermek arkaly tutuş dünýä boýunça telekeçilik işini kadalaşdyrýan hukuk binýadyny gowulandyrmak üçin ygtybarly esasy döretmekden ybaratdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit hem-de ählumumy ykdysady gatnaşyklaryň sazlaşdyrylmagyna gönükdirilen oýlanyşykly daşary syýasy strategiýasy ýurdumyzy işewürlik bähbitleriniň, maýa goýumlarynyň we täzeçillikleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de oňyn tejribäniň özüne çekiji merkezine öwürýär.
Şunda kiçi we orta telekeçilik üçin oňaýly işewürlik ýagdaýyny döretmek maksady bilen, iri halkara hem-de sebit maliýe guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar.
Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen telekeçileri bar bolan mümkinçilikleri hem-de döwlet tarapyndan döredilen şertleri netijeli ulanyp, iş ýüzünde özleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny subut edýärler, hususy işewürligiň hojalygy ýöretmegiň has netijeli usullarynyň biridigini tassyklaýarlar.
Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda, şol sanda saglygy goraýyş, statistika, ulag, bank we maliýe toplumlarynda bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belläp, teklip edilýän taslamanyň ähmiýetini nygtadylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda halk hojalyk toplumyny düýpli özgertmek, hususan-da, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alşyldy.

Погода
Яндекс.Погода
Курс валют
  • 3.5
  • 3.9445
  • 4.3785
  • 3.2534
Flag Counter
Minfinnews | by MinFin