USD 3.5GBP 4.3785CNY 0.4988UZS 0.3438RUB 4.9206TRY 0.51JPY 3.2534EUR 3.9445

Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (17.06.2020)

1. LOT № 12.
Lebap welaýatynyň harby bölümindäki 80 orunlyk bassyrmanyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

2. LOT № 63.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Kerki köçesiniň Magtymguly köçesinden Bahar bazaryna çenli aralygynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

3. LOT № 98.
Ýokanç keselleri merkezleri müdirýetiniň ýyladyş desgalarynda oturdylan suw gyzdyryjy gazanlarynyň («Alarko» ACK2–3000 kWt – 1 sany, «Alarko» ACK2–1500 kWt – 1 sany) düýpli bejeriş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

4. LOT № 128.
Aşgabat şäheriniň A.Garlyýew köçesiniň durkuny täzelemek, Berkarar köçesiniň dowamyny, Bagtyýarlyk etrabynda täze, döwrebap ýaşaýyş toplumyny gurmak (2-nji tapgyr, daşky we içerki inžener ulgamlary, desgalar, içki köçeler, geçelgeler we seýilgähler bilen bilelikde) üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

5. LOT № 138.
Türkmen oba hojalyk institutynyň tor üpjünçiligini kämilleşdirmek boýunça degişli enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

6. LOT № 141.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Bagçylyk müdirligi üçin suw we gaz ölçeýji enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

7. LOT № 143.
Balkan welaýatynyň Jemagat hojalygy birleşigi üçin elektron resminama dolanşyk ulgamyny (programma üpjünçiligini) satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

8. LOT № 147.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde sanly bilim ulgamyny döretmek üçin enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

9. LOT № 151.
Aşgabat şäheriniň Kemine köçesiniň durkuny täzelemek (2-nji bölegi) üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

10. LOT № 159.
Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

11. LOT № 162.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet galalarynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

12. LOT № 234.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin goş emläklerini we hojalyk serişdelerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

13. LOT № 271.
Döwletiň býujetini taýýarlamak, dolandyrmak we makroykdysady çaklamalary ýerine ýetirmek hem-de Gaznanyň töleg ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly (Aşgabat şäher, welaýatlardaky müdirlikleri we olaryň tabynlygyndaky bölümleri goşmak bilen) gerek bolan derejede serwer, kompýuter tehnikalaryny, goşmaça zerur enjamlaryny hem-de programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.

14. LOT № 276.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň garamagyndaky Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigine degişli bolan 2500-sine ideg etmek üçin suwaryş ulgamyny gurnamak we ideg hyzmatlaryny ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti.

15. LOT № 298.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyň edaralarynda elektron resminama dolanyşygyny ýola goýmak üçin programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

16. LOT № 323.
Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

17. LOT № 331.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň zerurlygy üçin gap-gaç ýuwujy serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

18. LOT № 1044.

Lebap welaýat häkimliginiň zeurlygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

19. LOT № 1109.

Kompýuter enjamlaryny, proýektorlary, printerlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

20. LOT № 1115.
Lebap welaýat kazyýetiniň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 17-nji iýunynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 48A otag. tel. 39-46-39; 39-46-38, 39-46-35.

Погода
Яндекс.Погода
Курс валют
  • 3.5
  • 3.9445
  • 4.3785
  • 3.2534
Flag Counter
Minfinnews | by MinFin