USD 3.5GBP 4.3785CNY 0.4988UZS 0.3438RUB 4.9206TRY 0.51JPY 3.2534EUR 3.9445

Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (05.06.2020)

1. LOT № 14.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň serhet birikmeleri we harby bölümleriniň gurluşyk-gurnama işleri üçin dürli görnüşdäki harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

2. LOT № 37.
Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasyna dakmak üçin altynsow titaniumdan çaýylan at ýazgysyny we saglygy goraýşyň nyşanyny hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ýylylyk çalyşdyryjysyny, şeýle-de şäheriň 16-njy saglyk öýüniň edara binasyna dakmak üçin saglygy goraýşyň nyşanyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

3. LOT № 43.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek we GKTP-160/10 kWa desgasyny GKTP-250/10 kWa çalyşmak, Türkmenistan geňeşligindäki kuwwatlylygy 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň GKTP-160/0,4 kWa desgasyny GKTP-250/10 kWa çalyşmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

4. LOT № 70.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş müdirliginiň atlary üçin daşy gaply nallary we çüýleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

5. LOT № 71.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary we serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

6. LOT № 99.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň «Uralka» kiçi etrapçasynda ýerleşýän TP-19 we TP-66 transformator beketlerinden çykýan kuwwatlylygy 0,4 kW bolan howa ulgamynyň durkuny täzelemek, Farap etrabynyň täze döredilen ýer gaznasynyň elektrik üpjünçiligi (III tapgyr). Çärjew etrabynyň Hojagala şäherçesinde, Boýrabap geňeşliginiň Galkynyş we Adak obalarynda, Gularyk geňeşliginiň Üçbaş obasynda, Kiştiwan geňeşliginiň Darganly we Garagyş obalaryndaky kuwwatlylygy 0,4/6/10 kW bolan howa ulgamlarynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

7. LOT № 121.
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň demirgazyk-gündogar kiçi etrapçasynyň 1, 2, 3, 5, 5 «a», 11, 12, 14, 16, 18-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýaşaýjylaryň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen kuwwatlylygy 10-0,4 kW bolan elektrik geçirijini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

8. LOT № 122.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Baş sakadan Gürji-Goşaoba obalaryna çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

9. LOT № 123.
Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň M.Esenow köçesinden PÝGG bekedine çenli awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

10. LOT № 125.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda bar bolan uçarlar, dikuçarlar, gämiler we beýleki tehnikalar üçin motor we çalgy ýaglaryny hem-de tehniki serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

11. LOT № 127.
Aşgabat şäherinde Parahat-7/3 ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

12. LOT № 168.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň merkezi edara binasynda daşky yşyklandyryş ulgamyny gurnamak işlerini ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

13. LOT № 183.
Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň R.Ataýew adyndaky geňeşligindäki saglyk öýüniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

14. LOT № 184.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki Döwlet baýdagynyň meýdançasynyň kömekçi binalarynyň we inžener ulgamlarynyň gurluşygy hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

15. LOT № 202.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň zerurlyklary üçin elektrik habar beriji toplumlarynyň hem-de yşyklandyryş serişdeleriniň enjamlaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

16. LOT № 214.
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň Kelteler obasyndaky 600 orunlyk mekdep üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

17. LOT № 217.
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Derweze geňeşliginiň Böri obasyndaky kuwwatlylygy HU-10 kW bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

18. LOT № 219.
Aşgabat – Türkmenbaşy magistral gara ýolunyň Bäherden etrabynyň Bäherden şaheriniň çäginden geçýän 4560 metr böleginiň ugrunda täze yşyklandyryjylary goýmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

19. LOT № 220.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin awtomobil tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

20. LOT № 221.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin awtomobil tehnikalarynyň tekerlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

21. LOT № 223.
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginiň Magtymguly obasynyň ýollarynyň, «Mary-Şatlyk-Gurbandurdy post» awtomobil ýolunyň 0-20 kilometr böleginiň, Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň täze mellek ýerleriniň içki köçeleriniň, oba ýollarynyň, Sakarçäge etrabynyň Mary-Sakarçäge awtomobil ýolunyň 14-17 km böleginiň, etrabyň merkezinden Keseýap geňeşligine çenli barýan ýolunyň 0-9 km böleginiň durkuny täzelemek hem-de Akýap geňeşliginiň Çetli obasynyň ýollaryny täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

22. LOT № 226.
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirligi, Aşgabat şäheriniň ýollarynyň daşky yşyklandyryş ulgamyna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

23. LOT № 227.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Aeroport şäherçesindäki 4 gatly, 24 öýli 10 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

24. LOT № 238.
Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen G.Gulyýew köçesiniň kesişýän ýerinden başlap, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň günbatar tarapyna çenli böleginiň durkuny täzelemek (II tapgyr, 31,9-49 kilometr, PK 345+50 we PK 376+17 köprüleriniň gurluşyk-gurnama işleri bilen) üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

25. LOT № 243.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy üçin multimediýa konferens aragatnaşygynyň stol ulgamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Baş prokuraturasy.

26. LOT № 253.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Nowruz şäherçesidäki 6, 7, 8, 8a, 14, 15, 17-nji, şäheriň Magtymguly köçesiniň 9, 11, 13, 15, 18, 18/1, 20, 20/1-nji, Türkmenistan köçesiniň 18a, 20, 20/1, 20/3, 22, 22/1, 24-nji, Gurbansoltan eje köçesiniň 25-nji, A.Nyýazow köçesiniň 80/1-nji, Oguzhan köçesiniň 97-nji, Altyn Asyr köçesiniň 14b we 17b, Gündogar-303 şäherçesiniň 2, 4, 8, 7, 7/1, 15, 15a, 15b, 8/2-nji, Gündogar-304 şäherçesiniň 7 we 9-njy, S.Türkmenbaşy şaýolunyň 48/2 we 48/3-nji ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik ulgamyny düýpli abatlamak üçin dürli görnüşdäki gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

27. LOT № 256.
Balkan welaýatynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

28. LOT № 259.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly obasynda gurulýan 1 gatly 115 sany ipoteka ýaşaýyş jaýynyň elektrik geçiriji ulgamy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

29. LOT № 267.
Elektron hasaplaýyş tehniki serişdelerini (EHTS) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

30. LOT № 277.
Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlary üçin agyz suw we lagym geçirijilerini, şeýle hem lagym kowujy beketlerini gurmak bilen, umumy şäher ulgamlaryna birikdirmek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

31. LOT № 279.
Radioaktiw galyndylary ýerleşdiriji ýörite nokadyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

32. LOT № 285.
Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Garagum şäherçesiniň Bitaraplyk köçesiniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

33. LOT № 287.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň Boýunbaş obasyndaky saglyk merkeziniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

34. LOT № 288.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçesindäki geňeşligiň edara binasynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

35. LOT № 289.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Täzeýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçesindäki ýangyn howpsuzlyk bölüminiň edara binasynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

36. LOT № 290.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Nowruz-2 şäherçesindäki ýaşaýyş jaýlar toplumyndaky 4 gatly, 24 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

37. LOT № 292.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Farapawtoýollary» serhetýaka gümrük postunyň ýanyndaky awtoduralgada gurulýan sanitar–durmuş binalardyr we desgalar üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

38. LOT № 294.
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirligi, Aşgabat şäheriniň yşyklandyryş ulgamlaryna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

39. LOT № 302.
Türkmenistanyň Goranmak ministrligiň zerurlygy üçin optiki süýümli kabelini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

40. LOT № 304.
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi üçin awtoulag serişdesiniň bellige alnandygy hakyndaky güwanamanyň we sürüjilik şahadatnamasynyň blankalaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

41. LOT № 305.
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky esasy suw eltijileriň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

42. LOT № 307.
Aşgabat şäherinde Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumyny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

43. LOT № 1113.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýerlerinden Görogly köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň çäginde ýerleşýän 98,70 gektar ýer böleginde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

44. LOT № 1114.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýerlerinde uzak aralyga bedewli ýöriş bäsleşiginiň geçirilýän aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 5-nji iýunynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 48A otag. tel. 39-46-39; 39-46-38, 39-46-32.

Погода
Яндекс.Погода
Курс валют
  • 3.5
  • 3.9445
  • 4.3785
  • 3.2534
Flag Counter
Minfinnews | by MinFin