USD 3.5GBP 4.3785CNY 0.4988UZS 0.3438RUB 4.9206TRY 0.51JPY 3.2534EUR 3.9445

MINISTRLIK BARADA GYSGAÇA MAGLUMAT

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň binýadynda döredildi.
Ministrligiň möhüm ileri tutulýan ugrunyň biri Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmakda işjeň hyzmatdaşlyk bolup durýar. Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilen pursatyndan bäri Türkmenistana durmuş syýasatynda düýpli möhüm netijeleri gazanmak, bazar özgertmelerini çuňlaşdyrmak, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirini ýeňilleşdirmek boýunça çäreleri geçirmek başartdy.
Ministrligiň esasy wezipeleri maliýe we ykdysady amallary ýerine ýetirmekden ybarat bolup durýar. Şeýle hem, ykdysadyýeti seljermekden we çaklamalary taýýarlamakdan, ýurduň Döwlet býujetini işläp düzmekden we ony ýerine ýetirmekden başga, Ministrligiň ýerine ýetirýän wezipelerine ykdysady, býujet, nyrh, durmuş, sebit, maýa goýum, salgyt syýasatyny işläp düzmek, döwlet emlägini hususylaşdyrmak we institusional özgertmeleri ýerine ýetirmek hem-de döwlet maliýesi we maliýe bazarlaryny ösdürmek, ätiýäçlandyryş we auditorçylyk işleri alyp barmak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek, döwlet maliýe gözegçiligini amala aşyrmak, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň usulyýetini üpjün etmek, intellektual eýeçiligini goramak babatda syýasaty durmuşa geçirmek girýär.
Netijeli döwlet maliýe syýasatyny amala aşyrmak, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, býujet serişdeleriniň maksadalaýyk we tygşytly ulanylmagyna degişli gözegçiligi amala aşyrmak, döwletiň içerki we daşky nesýeleriniň hyzmat edilişini öz wagtynda üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň düzüminde Gazna müdirligi döredildi.
Ministrlik 6 müdirlikden we 14 bölümden ybarat bolup, onuň düzümine bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri, Ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullygy, Ministrligiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi, Salgyt müdiriýeti, Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy girýär.

Погода
Яндекс.Погода
Курс валют
  • 3.5
  • 3.9445
  • 4.3785
  • 3.2534
Flag Counter
Full_page | by MinFin