USD 3.5GBP 4.5766CNY 0.504UZS 0.3422RUB 4.765TRY 0.4791JPY 3.2781EUR 4.1398

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Russiýadan we beýlekilerden gelen täjirler ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem «Türkmenhimiýa» Döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna düz boýalan we tüýjümek önümler, jinsi matalar, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa, BAE, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million 334 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirliklerinden, Pakistandan, Owganystandan, Ermenistandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi bahasy 17 million 850 müň manatdan gowrak bolan el halylaryny, buýan köküniň şiresini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 8 million 380 müň manatdan gowrak ýokary dykyzlykdaky polipropileni we polietileni («Türkmengaz» DK) we pagta süýümini satyn aldylar.

Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Курс валют
  • USD / TMT 3.5
  • EUR / TMT 4.1398
  • GBP / TMT 4.5766
  • JPY / TMT 3.2781
Minfinnews | by MinFin