USD 3.5GBP 4.5766CNY 0.504UZS 0.3422RUB 4.765TRY 0.4791JPY 3.2781EUR 4.1398

Bäsleşik geçirmek hakynda bildiriş (07.05.2020)

1. LOT № 14.
Türkmenistanyň Döwlet serhet gull00ugynyň serhet birikmeleri we harby bölümleriniň gurluşyk-gurnama işleri üçin dürli görnüşdäki harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

2. LOT № 37.
Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň edara binasyna dakmak üçin altynsow titaniumdan çaýylan at ýazgysyny we saglygy goraýşyň nyşanyny hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýynyň ýylylyk çalyşdyryjysyny, şeýle-de şäheriň 16-njy saglyk öýüniň edara binasyna dakmak üçin saglygy goraýşyň nyşanyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

3. LOT № 43.
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň durkuny täzelemek we GKTP-160/10 kWa desgasynda GKTP-250/10 kWa çalyşmak, Türkmenistan geňeşligindäki güýjenmesi 0,4 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň GKTP-160/0,4 kWa desgasyny GKTP-250/10 kWa çalyşmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

4. LOT № 70.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş müdirliginiň atlary üçin daşy gaply nallary we çüýleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

5. LOT № 71.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, enjamlary we serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

6. LOT № 121.
Balkan welaýatynyň Serdar şäheriniň demirgazyk-gündogar kiçi etrapçasynyň 1, 2, 3, 5, 5"a", 11, 12, 14, 16, 18-nji ýaşaýyş jaý toplumlarynda ýaşaýjylaryň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen kuwwatlylygy 10-0,4 kW bolan elektrik geçirijilerini gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

7. LOT № 122.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Baş sakadan Gürji-Goşaoba obalaryna çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

8. LOT № 123.
Balkan welaýatynyň Gumdag şäheriniň M.Esenow köçesinden PÝGG bekedine çenli awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

9. LOT № 127.
Aşgabat şäherinde Parahat 7/3 ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

10. LOT № 168.
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň merkezi edara binasynda daşky yşyklandyryş ulgamyny gurnamak işlerini ýerine ýetirmek.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

11. LOT № 182.
Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

12. LOT № 208.
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň Gubadag geňeşliginiň Weliýap obasynyň we Jeýhun geňeşliginiň Pagtaçy obasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik üpjünçiliginiň gurluşyk-gurnama işleri, Abadanlyk geňeşliginiň Agzybirlik obasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik geçiriji howa ulgamynyň durkuny täzelemek hem-de Akdepe etrabynyň «Aköýli» geňeşliginiň Galaýer obasynyň elektrik geçiriji howa ulgamynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

13. LOT № 209.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginiň «Öwliýaboýy» obasynyň suw üpjünçiliginiň (suw eltiji - II tapgyr) gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

14. LOT № 214.
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Diýar geňeşliginiň Kelteler obasyndaky 600 orunlyk mekdep üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

15. LOT № 219.
Aşgabat-Türkmenbaşy magistral gara ýolunyň Bäherden etrabynyň Bäherden şaheriniň çäginden geçýän 4560 metr böleginiň ugrunda täze yşyklandyryjylary goýmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

16. LOT № 220.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin awtomobil tehnikalarynyň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

17. LOT № 221.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň zerurlygy üçin awtomobil tehnikalarynyň tekerlerini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

18. LOT № 223.
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mülkamaşa geňeşliginiň Magtymguly obasynyň ýollarynyň durkuny täzelemek, «Mary-Şatlyk-Gurbandurdy post» awtomobil ýolunyň 0-20 km böleginiň durkuny täzelemek, Mary etrabynyň «Zarpçy» daýhan birleşiginiň täze mellek ýerleriniň içki köçeleriniň, oba ýollarynyň durkuny täzelemek, Sakarçäge etrabynyň Mary-Sakarçäge awtomobil ýolunyň 14-17 km böleginiň, etrabyň merkezinden Keseýap geňeşligine çenli barýan ýolunyň 0-9 km böleginiň durkuny täzelemek hem-de Akýap geňeşliginiň Çetli obasynyň ýollaryny täzeden gurmak üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

19. LOT № 226.
«Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň şäheri yşyklandyryş müdirli üçin, Aşgabat şäheriniň ýollarynyň daşky yşyklandyryş ulgamyna hyzmat etmek üçin ulanylýan elektrik enjamlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Energetika ministrligi.

20. LOT № 227.
Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Aeroport şäherçesinde 4 gatly, 24 öýli 10 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

21. LOT № 228.
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 40 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak
Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.

22. LOT № 230.
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

23. LOT № 238.
Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen G.Gulyýew köçesiniň kesişýän ýerinden başlap, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň günbatar tarapyna çenli böleginiň durkuny täzelemek (II tapgyr, 31,9-49 km, PK 345+50 we PK 376+17 köprüleriniň gurluşyk-gurnama işleri bilen) üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

24. LOT № 239.
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň gündogar tarapyndan halkaly aýlaw ýoluna birikýän, uzynlygy 7800 metr bolan awtomobil ýolunyň (esasy ýol böleginiň) gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi.

25. LOT № 243.
Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna multimediýa konferens aragatnaşygynyň stol ulgamyny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Baş prokuraturasy.

26. LOT № 862.
Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.

27. LOT № 941.
Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýoly bilen S.Türkmenbaşy şaýolunyň çatrygynda 1 sany LED ekranyny, S.Türkmenbaşy şaýoly bilen Oguzhan köçesiniň çatrygynda 1 sany LED ekranyny, A.Nyýazow şaýoly bilen Garaşsyzlyk şaýolunyň çatrygynda 1 sany LED ekranyny goýmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

28. LOT № 1113.
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň ýerlerinden Görogly köçesi bilen Köpetdag şaýolunyň çäginde ýerleşýän 98,70 gektar ýer böleginde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

29. LOT № 1114.
Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda ýerleşýän «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň ýerlerinde uzak aralyga bedewli ýöriş bäsleşiginiň geçirilýän aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Bilim ministrligi.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda geçirilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin gerek resminamalar, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmaňyzyň esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat ş., Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, 48A otag. tel. 39-46-39; 39-46-38, 39-46-35.

Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Яндекс.Погода
Курс валют
  • USD / TMT 3.5
  • EUR / TMT 4.1398
  • GBP / TMT 4.5766
  • JPY / TMT 3.2781
Minfinnews | by MinFin