«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastmassa önümleriniň önümçiligi boýunça kärhanasynyň döredilip, işe girizilenine onçakly köp wagt geçenok. Şeýle-de bolsa, bu gün işi barha ilerleýän kärhanada öndürilýän, daşary bazarda bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli plastmassa önümleriniň görnüşi 200-den hem geçip, olar ilat arasynda uly meşhurlyga eýedir.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şanly ýylyň şu ajaýyp günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda gürrüňi edilýän kärhanada bolup, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy makul bildik. Kärhananyň önümçilik sehiniň başlygy Didar Nuryýew bizi güler ýüz bilen garşylap, önümçilik işleriniň ýola goýluşy barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde döredilen kärhanada we 2,5 gektara barabar meýdanda ýerleşýän kärhananyň önümçilik desgalarynda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalary, enjamlary ornaşdyrylandyr. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa plastmassa önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik işinde buýrujylaryň islegi hem göz öňüne tutulýar.
Kärhana özüniň hojalyk harytlarynyň önümçiligi bilen meşhurdyr. Ol ýerde öndürilýän oturgyçlardyr stollaryň, dürli göwrümli sebetleriň, suwa we zir-zibillere niýetlenen bedreleriň, mejimelerdir legenleriň, çörek tagtalarynyň we gaplarynyň, güldanlaryň, süzgüçleriň, sabyn gaplarynyň, çekerleriň, asgyçlaryň, daraklaryň, çaga oýnawaçlarynyň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň diňe bir berkligine däl, daşky bezegine hem ähmiýet berilýär. Şol önümleriň reňk öwüşginlerine-de uly üns gönükdirilýär.
— Kärhananyň hünärmenleri hemişe täzeçilligiň gözleginde. Geljekde önümçiligiň gerimini giňeltmek, ilatyň ösen islegini kanagatlandyrýan täze önümleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de ildeşlerimizi ýokary hilli önümlerimiz bilen hemişe begendirip durmak biziň esasy maksadymyzdyr. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda çagalara niýetlenen tigirleriň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Bu bolsa, gadam basylan şanly ýylda geljegimiz bolan körpe nesle ajaýyp sowgadymyz bolar — diýip, kärhananyň bölüm başlygy Leýla Geldimyradowa özara gürrüňdeşlikde aýtdy hem-de hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň wekillerine berýän goldawlaryna çäksiz alkyşly sözlerini beýan etdi.
Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden görnüşler. Surata düşüren awtor.
GÖWÜNLERI GALKYNDYRAN PURSATLAR
Hormatly Prezidentimiziň golaýda welaýatymyza iş saparynyň çäklerinde Görogly etrabynyň Türkmen ýoly geňeşliginiň çäginde hereket edýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyş bolmagy Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmäge berilýän uly ünsüň, azyk bolçulygynyň döredilmegi ugrundaky giň gerimli aladalaryň anyk nyşanyna öwrülip, bu ýerde zähmet çekýän adamlaryň kalbyny joşa getirdi. Bu olaryň ýürek buýsançlarynda, häzirki günlerde öz işlerine has-da yhlasly ýapyşýandyklarynda aýdyň ýüze çykýar.
— «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji aýynda milli Liderimiziň guşçulyk toplumymyza Şa gadamynyň düşmegi hemmämiziň başymyzy göge ýetirdi — diýip, toplumyň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew öz guwanjyny beýan etdi: — Şeýle uly hormat-sarpasy, biz — telekeçilere berýän kömek-goldawlary üçin Arkadag Prezidentimize hoşallygymyzyň çägi ýok. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Belli bolşy ýaly, ýylda 300 tonna guş etini öndürmäge mümkinçiligi bolan bu toplumda öňde goýlan wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde bu ýerde her ýyl 6 tapgyryň dowamynda 210 müň sany jüýje saklanylyp, 40 — 45 günüň dowamynda ete geçirmäge ýaramly towuklar kemala getirilýär.
Umumy meýdany 3 gektardan ybarat bolan toplumda ýaş jüýjeleri, towuklary idetmäge niýetlenilen 3 sany ýatak bolup, olara häzirki zaman gyzdyryjy, sowadyjy, howa çalyşýan enjamlar, elektrik energiýasy, suw bilen üpjün edýän serişdeler ornaşdyrylypdyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde towuklary soýmak, öndürilen et önümlerini toplumyň ady ýazylan ýörite gaplara gaplamak boýunça aýratyn bölüm hereket edýär.
Toplumyň işçi-hünärmenleri guşlar üçin ýeterlik iým taýýarlamak barada-da uly alada edýärler. Munuň üçin bölünip berlen 50 gektar meýdana däneli ekinleriň birnäçe görnüşleri ekilip, olaryň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Bu bolsa olara zerur goşundylaryň goşulmagy bilen, guşlar üçin ýokumly iýmleriň öndürilmegine şert döredýär.
Ýeri gelende, toplumda guşlara gözegçilik etmekde, olaryň berýän önümlerini ýygnamakda, taýýarlamakda ýaşlaryň ençemesiniň zähmet çekýändigini bellemek gerek. Bu ýerde bolanymyzda olaryň biri — ýaş towuk çopany Geldi Bäşimow özara gürrüňdeşlikde şeýle diýdi:
— Bu toplumyň açylmagy bilen, men we men ýaly obadaş oglan-gyzlarymyzyň birnäçesi işli boldy. Biz guş idetmegiň ýol-ýodalaryny barha içgin öwrenip, bu işde ýeterlik tejribe toplaýarys. Biziň bu ýerde işläp, oňat girdeji gazanmagymyz maşgalamyzyň rysgal-berekedini artdyrýar. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
— Hormatly Prezidentimiz toplumda bolan mahaly ata-babalarymyzyň towugy ýedi hazynanyň biri hasaplandygy, onuň etiniň, ýumurtgasynyň ynsan saglygy üçin uly peýdasynyň bardygy hakynda aýtdy, bu ugurda alyp barýan işlerimizi has-da giňeltmek barada maslahat berdi, telekeçilere mundan beýläk hem derwaýys kömekleriň ediljekdigini belledi — diýip, guşçulyk toplumynyň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew sözüni dowam etdirdi: — Bu gürrüňler, degerli maslahatlar, goldawlar bizi has-da gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar, üstümize uly borçlaryň ýüklenilýändigini tassyklaýar. Şoňa görä-de, biz öz iş depginimizi geljekde has-da güýçlendirip, halkymyza guş önümlerini ýetirmek ugrunda zähmetimizi gaýgyrmarys.
Biz — telekeçileri goldap, işlemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Bazar TILLAÝEW.
Hormatly Prezidentimiz geçen hepdede Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Işewür topar» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna baryp, ol ýerde hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew hem-de onuň hünärmeni bilen duşuşyp, söhbetdeş boldy. Şol duşuşygyň özünde galan täsirleri dogrusynda gürrüňdeş bolmak üçin biz hem bu hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Öremyrat Sopyýew bilen duşuşdyk.
— Öremyrat, hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmak, didarlaşmak, gör, nähili uly bagt!
— Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň «Işewür topar» hojalyk jemgyýetimize gelmegi, biziň bilen duşuşmagy durmuşymyzda ýatdan çykmajak ýakymly, tolgundyryjy pursatlary peşgeş etdi.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň ilkinji aýynda döwlet Baştutanymyz bilen didarlaşmak bagtynyň miýesser edendigi üçin örän begenýärin. Hormatly Prezidentimiz iş ýagdaýlarymyz bilen içgin gyzyklanyp, guşçulyk toplumymyzyň önümi, işleriň alnyp barlyşy, bedeneler, ýumurtga öndürýän towuklarymyz we hindi towuklary barada söhbetdeş boldy. Döwlet Baştutanymyz şol duşuşygyň barşynda maňa we hünärmenlerimize döwrebap telewizory-da sowgat berdi.
— Şa serpaýyňyz gutly bolsun, höwri köp bolsun!
— Sag boluň, taňryýalkasyn! Ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň mübärek gadamynyň welaýatymyza düşmegine hem-de Şa serpaýyna mynasyp bolmagymyza maşgalamyzyň adyndan Arkadag Prezidentimize köp-köp sagbolsun aýdýaryn!
Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparynyň edil öň ýanynda ak garyň ýagmagynyň-da ata-babalarymyz aýtmyşlaýyn, gowulykdan, döwletlilikden, şatlykdan nyşandygyny belläsim gelýär.
— Öremyrat, «Işewür topar» hojalyk jemgyýeti haçan işe girizildi?!
— Ata-babalarymyz «Ata kesbi — ogla halal» diýipdirler. Oba hojalyk işleri bilen meşgullanmak, mal saklamak, ekin ekmek, guşçulygy örňetmek — bularyň hemmesi atamdan kakama, kakamdanam bize geçen kesp-kärdir. Şeýlelikde, hojalyk jemgyýetimiz 2016-njy ýylda döredildi. Bu işleriň ýola goýulmagy dogrusynda esasy hemaýatkärlerim, ýakyndan ýardamçylarym agalarym Serdar, Toýly we inim Esen Sopyýewler. Hojalyk jemgyýetimizde başga-da 23 sany işgär bolup, olar gije-gündizleýin çalşykda işleýärler. Sebäbi guşçulykda ýaňy ýumurtgadan çykan jüýjelere ideg etmek köp zähmeti talap edýär. Olary her 2 sagatdan az-azdan iýmitlendirmeli bolýar. Şol sebäpli hem işimize jogapkärli çemeleşýäris.
— Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen üpjün etmek baş maksadymyzdyr.
— Guşçulyk hojalygymyzda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär. Toplumymyzda et ugurly jüýjeden 10 müňüsi, ýumurtga öndürýän towuklarymyzdan 5 müňüsi, hindi towugyndan bolsa 2 müňüsi örňedilýär. Biz hem hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, golaýda ýetişdiren bedenelerimizden 1000-siniň etini halka hödürledik.
Guşçulykda esasy ugurlaryň biri-de hindi towuklaryny ösdürip ýetişdirmekden ybarat bolup durýar. Hindi towuklarynyň birnäçe görnüşli tohumlary bar. Hindi towugy iriligi we agramy boýunça beýleki guşlardan tapawutlanýar. Bular belli bir ýaşa çenli tiz semreýärler.
Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň dowamynda ata-babalarymyzyň hem guşçulyk bilen meşgullanandygyny we towugyň ýedi hazynanyň biri hasaplanýandygyny, onuň etiniň we ýumurtgasynyň ýokumly iýmit hökmünde görülýändigini belläp geçdi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary netijesinde hojalyk jemgyýetimiziň guşlaryna ot-iýmlik ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýeriň 20 gektaryna mekgejöwen, 15 gektaryna jöwen, 10 gektaryna ýorunja, 5 gektaryna arpa ekip ýetişdirýäris. Nesip bolsa, öňümizde uly maksatlarymyz bar. Guşçulyk toplumynyň gerimini has-da giňeltjek bolýarys. Munuň üçin bolsa ähli şertler bar. Şeýle şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
— Biz hem siziň maşgalaňyza agzybirlik diläp, alyp barýan işleriňizde üstünlik gazanmagyňyzy, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda maksatlaryňyzyň myrat tapmagyny arzuw edýäris. Hojalyk jemgyýetiňiziň işinde ata-babalaryňyzdan gelýän kesp-käriňizi ýöretmekde elmydama ösüşler ýaran bolsun!
Söhbetdeş bolan Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy.
Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge ukyply bolman, eýsem, onuň eksportynyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Ýurdumyzyň elektroenergetika senagatynda berjaý edilýän işler häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede ösdürilýär hem-de elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatlyklary artdyrylýar.
Bu pudakda netijeli işleýän, hormatly Prezidentimiziň «Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen kärhanalaryň biri-de «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Ol Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu hususy kärhananyň köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýän we hyzmat merkeziniň işçi-hünärmenleri täze, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny mynasyp sowgatlar bilen garşyladylar. Kärhanada önümçilik we elektrik enjamlaryny abatlaýyş-sazlaýyş bölümleri, ammar we işgärler üçin niýetlenen jaý bar. Onuň önümçilik bölüminde daşary döwletleriň «DURMA» we «JUANEL» kysymly öňdebaryjy enjamlary ornaşdyryldy.
Bu ýerde 40 adam zähmet çekýär. Kärhana elektrik enjamlarynyň önümçiliginde we elektrik gurnama işlerinde öňdebaryjy hususy kärhanalaryň hataryndadyr. Bu ýerde demirden elektrik enjamlary üçin şitlerdir gutular öndürilýär, dürli pudaklardan gelýän sargytlar boýunça işler amala aşyrylýar. Abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde bolsa elektrik hereketlendirijileriniň we transformatorlaryň sarym hem-de abatlaýyş işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem «Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň hyzmatlarynyň hatarynda meýdan inženerçiligi, elektrik enjamlaryny ýokary woltda synagdan geçirmek, ölçemek, olara tehniki hyzmat etmek, rele goraglaryny we awtomatikany gurnamak hem sazlamak, gorag ýereçatmalaryny, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak ýaly ugurlary görkezmek bolar. Mundan başga-da, elektrik geçiriji ulgamlar üçin demir düzümleri öndürmek, yşyklandyryş üçin sütünleri, kuwwaty 35 kW çenli bolan dizel generatorlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek işleri alnyp barylýar. Abatlanan enjamlar döwlet standartlaryna laýyklykda, ýörite barlagdan geçirilýär. Kärhana ýörite ygtyýarnamalar esasynda howa we ýerasty elektrik geçirijilerini çekmek boýunça işleri, gurluşyk işlerini hem ýerine ýetirýär.
Balkanly işewürler hormatly Prezidentimiziň bazar gatnaşyklaryny ösdürip, hususy pudagyň ornuny has-da berkitmek, täze önümçilikleri döretmek, ylmyň täze gazananlaryna, öňdebaryjy tejribä daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatda döwlet derejesinde edýän giň gerimli aladalaryna ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Toýmämmet HAJYÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.