Habarlar
Telekeçilige — giň ýol!

Derwaýys meseläniň  çözgüdi 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň ýurt ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlary bilen telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen tagallalary milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüş-özgerişinde aýgytly ädim boldy. Hususyýetçiligiň täze öndüriji güýç hökmünde öňe çykmagy azyk bolçulygyny döretmekde uly ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem täze iş orunlary döredildi. Telekeçilerimiziň halkyň köp sarp edýän ýokary hilli önümleriniň we harytlarynyň önümçiligini ýokary derejede ýola goýmaklarynyň azyk bolçulygyny döretmekde bähbitli çözgüt bolandygyny ýatlamalydyrys.  

                                                                   

Ýurt Baştutanymyzyň tabşyrygyndan ugur alyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ornuny tutýan harytlary we önümleri öndürmäge, bäsleşige ukyply önümleri we harytlary daşary bazara eksport etmegi artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli işlerde telekeçilerimiziň tagallalaryny ýatlamak ýakymlydyr. Bu möhüm meselede welaýatymyzyň telekeçileriniň ençemesi bäsleşige ukyply harytlarydyr önümleri bilen daşary bazarda abraýly orunlara eýe bolýar. Partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri işjeň agzalarymyzyň goldaw-ýardamyna daýanyp, derwaýys meseläniň oňyn çözgüdi bilen bagly wezipeleri telekeçilere düşündirmekde, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmekde degerli işleri güýçlendirýärler.  

                                                                   

 Myratgeldi ANNAÖWEZOW. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň baglygynyň orunbasary.

08.04.2022
Haryt bolçulygy — halkyň abadançylygy

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyz üçin ýaşamaga we zähmet çekmäge amatly şertleriň döredilmegi, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda ägirt uly işler amala aşyryldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hem-de sebitlerde durnukly ösüşiň saklanylmagy, içerki bazarlarymyzyň bolçulygy we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy ugrunda dürli wezipeler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň 25-nji martdaky geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hem bu işleriň üstünlikli dowam edýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki bazarlarynda hil taýdan ýokary we bahasy boýunça amatly harytlaryň ilatymyza hödürlenilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çäreleriň doly depginde amala aşyrylýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda alyjylarymyza medeniýetli hyzmat etmek, hyzmatlaryň halkara häsiýetlere laýyk bolmagyny gazanmak öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu günki gün bazarlarymyzda söwda tekjeleri gök, miwe we bakja önümlerinden bol bolup, ýurdumyzda öndürilýän tüwi, mäş, noýba, şeýle-de dürli görnüşli çörek we çörek önümleri olaryň üstüni ýetirýär. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen bazarlaryň ýörite dükanlary et önümleriniň ençeme görnüşleri bilen üpjün edilýär. Oba hojalygyna degişli önümlerden başlap, azyk, süýji-köke, dokma pudagyna degişli önümleriň bolçulygy bilen tapawutlanýan ak bazarlarymyz alyjylaryna giňden hyzmat edýär.  

                                                                   

Döwletimizde häzir «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durmuşa geçirilmeginiň esasynda diňe bazarlarymyzda däl, eýsem, internet ulgamy arkaly ýola goýlan onlaýn söwda merkezlerinde hem dürli görnüşli harytlarymyz raýatlara dessin ýagdaýda ýetirilýär. Ýokary hilli we elýeterli bahadan bazarlarda hem-de onlaýn görnüşde hödürlenilýän bu harytlar halkymyzyň isleg-arzuwlaryndan gözbaş alýar. Döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan telekeçilerimiz bolsa dünýä ülňülerine laýyk gelýän we ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde ägirt uly netijeli işleri alyp barýarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy öňdebaryjy tejribeleriň esasynda senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşmak ugrunda alyp barýan syýasaty söwda gatnaşyklarynyň döwrebap kämilleşdirilmegine ýardam edýär. Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümleri ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçirilýän oňyn özgertmeler ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.  

                                                                   

Türkmenistan döwletimizi dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmak, şeýle-de raýatlarymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak meselesini üstünlikli çözýän hormatly Prezidentimize bagtyýar halkymyzyň alkyş-dilegleri çäksizdir.     

                                                                                                           

Altyn BÄŞIMOWA,

                       

Türkmenistanyň Gahrymany   Atamyrat Nyýazow adyndaky zehinli ýaşlar mekdebiniň mugallymy.

08.04.2022
Işewüriň işi ileri

Hususy ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmak ýurdumyzda öňe sürülýän esasy ugurlaryň hatarynda durýar. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň göwnejaý kanagatlandyrylmagy, köp babatda ykdysadyýetiň hususy böleginiň netijeli işine baglydyr. Diýarymyzyň telekeçileri bu gün dürli pudaklarda netijeli işleri alyp barmak bilen, çylşyrymly we giň möçberli taslamalary durmuşa geçirýärler. Bu buýsançly hakykat Balkan welaýatynyň hususy kärhanalarynda alnyp barylýan işlerde-de aýdyň görünýär.  

                                                                   

Geçen ýyl Balkan welaýaty boýunça öndürilen 16,3 milliard manatlykdan gowrak senagat önümleriniň deň ýaryna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyna düşdi. Sebit boýunça taýýarlanyp, sarp edijilere ýetirilen gök we bakja önümleriniň, miwäniň, et we süýt önümleriniň, ýumurtganyň hem agramly bölegi hususyýetçiler we telekeçiler tarapyndan öndürildi. Welaýatda bar bolan gara mallaryň, dowarlaryň, düýeleriň, gylýallaryň, guşlaryň bilelikde alnandaky umumy sanynyň 96 göterime barabary hususy eýeçilikde jemlenýär.  

                                                                   

Bu ugurdaky işler «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Eýýäm şu ýylyň iki aýynda welaýat boýunça ýola goýlan bölekleýin söwda dolanyşygynyň möçberi 892 million manatdan hem geçip, 111,2 göterim ösüş gazanyldy. Bu görkezijiniň 809 million manatlygynyň hususy önüm öndürijileriň paýyna düşýändigi guwandyryjydyr.  

                                                                   

Günbatar sebitiň ykdysadyýetiň hususy böleginde gazanýan şeýle üstünliklerinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, Balkanabat şäherindäki «Batly gadam» kärhanasynyň mynasyp paýy bar. Tutuş ýurdumyzda iri hususy kärhanalaryň hatarynda bolan bu toplum öz öndürýän dürli ölçegdäki ýüplüklerini içerki we daşarky bazarlara ugratmak bilen birlikde, olary birkemsiz boýamak we dürli görnüşli joraplary taýýarlamak işlerini hem alyp barýar. Munuň özi pagtany özümizde gaýtadan işläp, harytlyk görnüşine ýetirmek babatda döwlet tarapyndan edilýän talabyň toplumda üstünlikli ýola goýulýandygyndan habar berýär. Kärhanada oturdylan täze innowasion tehnologiýalar Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy kämil enjamlarydyr. Ýüplük önümçiligi bölüminde zähmet çekýän hünärmenleriň irginsiz tagallalary netijesinde, her gije-gündizde 13,5 tonna golaý ýüplük taýýarlanýar. Ýokary hil ülňülerine laýyk öndürilýän dürli ölçegdäki ýüplükler daşarky bazarlarda-da uly islegden peýdalanýar.  

 — 2018-nji ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» taryhy Karar telekeçileriň öňünde giň mümkinçilikleri açdy. Şol resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginden 11 müň gektardan gowrak mes toprakly ýer bölegini 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga aldyk. Garagum derýasynyň boýundaky ekin dolanyşygyna girizen şol ýerimiziň müňlerçe gektaryna her ýyl gowaça ekip, pagtanyň bol hasylyny almagy başarýarys. Munuň özi bize girdejili işlemäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Biz geçen ýyllarda kärhanamyzda täze önümçilikleriň birbada ikisini — boýag we jorap önümhanalaryny işe girizdik. Daşary ýurtlaryň kämil tilsimatlary bilen birkemsiz üpjün edilen bu önümhanalarymyzda geçen ýyl ýüplükleriň müňlerçe tonnasy dürli reňkler bilen boýaldy. Jorap jübütleriniň millionlarçasy öndürilip, baglaşylan şertnamalar esasynda Russiýa Federasiýasyna, Azerbaýjan we Gazagystan döwletlerine, şeýle hem öz söwda nokatlarymyza ugradyldy. Ýurdumyzda guralýan sergilere öz önümlerimiz bilen gatnaşmagymyz daşary ýurtly işewürleriňdir täjirleriň harytlarymyza gyzyklanmasyny has-da artdyrýar — diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Arazberdi Amanmämmedow gürrüň berýär.  

                                                                   

Üstümizdäki ýylyň geçen 2 aýynda kärhanada 797 tonnadan gowrak ýüplük, şeýle hem jorap jübütleriniň 1,354 müňe golaýy taýýarlanyp, bellenilen meýilnama artygy bilen hötde gelindi. Taýýar ýüplügiň 759 tonna barabary, jorap jübütleriniň 40 müňe golaýy daşarky bazarlara çykaryldy.  

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.


02.04.2022
Ekologiýa täjirçiligi — täze ugur

Ekologiýany arassa saklamak, daşky gurşawyň tebigat gözellikleri, dürli ösümlikler dünýäsi bilen gurşalmagy, baglaryň, gülleriň binagärlik çözgütleri bilen sazlaşykly utgaşmagyny gazanmak şu günüň baş maksatlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bag nahallaryny ekmek dabarasy asylly däbe dowamat berip, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi. Köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek, gurulýan, durky täzelenýän demir we gara ýollary, beýleki durmuş ähmiýetli desgalary çäge syramagyndan goramak boýunça süýşýän çägeleri berkitmek hem-de tokaýlaşdyrmak işleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşyl zolaklary köpeldip, gözel tebigaty baýlaşdyrýar.  

                                                                   

Tebigy gözellikler ykdysady nukdaýnazardan hem barha uly gyzyklanma eýe bolýar. Soňky wagtlarda «ekologiýa bazary» ýa-da daşky ýaşaýyş gurşawyny gowulandyrýan tebigy baýlyk gorlaryny tygşytly ulanmakda täze mümkinçilikleri döredýän ekologiýa hyzmatlar uly islege eýe bolýar. Ekologiýanyň gazananlaryny ilatyň abadan durmuşynyň hyzmatynda goýmak bilen bir hatarda, bu ugurda ykdysady girdejileri almak ugry hem depginli ösýär. Ýaşaýyş gurşawyna gözegçiligi amala aşyrýan, kärhanalardan çykarylýan hapalanan howany arassalaýan, jaýlaryň howasyny sowadýan we kadalaşdyrýan «ekologik tehnika» diýlip atlandyrylýan abzallary, enjamlary, esbaplary, gurallary öndürmek we desgalary gurmak barha giň gerime, islegli ugra öwrülýär. Şähergurluşygynda we jemagat hojalygynyň hyzmatlarynda galyndy tebigy we material serişdeleriň ulanylmagy hem giňden ýaýbaňlanýar. Bu ugurda senagatyň we oba hojalygynyň galyndylary-da giňden ulanylyp başlandy.  

                                                                   

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçilik üçin giň ýollaryň açylmagy gülçülik we bagçylyk bilen meşgullanýan telekeçilerimiziň sanynyň hem barha köpelmegine sebäp boldy. Tebigaty goramak işleri meýilleşdirilende, tebigy baýlyklary aýawly we rejeli peýdalanmak babatynda döwlet ähmiýetli çäreler geçirilende, ekologiýanyň esaslary we tebigaty goramakdan gollanmalar hem-de okuw kitaplary ýazylanda, ekologiýa meseleleri boýunça terbiýeçilik we wagyz-nesihat işleri geçirilende ekologiýa täjirçiligine hem uly üns gönükdirilmelidir. Jemagat hojalygynyň ýaşyl bazaryna ünsi güýçlendirmek, ony öwrenmek, durmuşa geçirmek, tebigaty goramak jemgyýetiň we döwlet edaralarynyň esasy aladalarynyň biri bolmagynda galmalydyr. Şonuň üçin bu ugra ýaşlaryň ünsüni çekmek, ekologiýa boýunça innowasiýalary döretmäge höweslendirmek, ekologiýa telekeçiligini ösdürmek esasy wezipeleriň biridir. 

                                                                                                           

Akgül BAÝLYÝEWA,

                       

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

30.03.2022
Işleri ileri halyçylar

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber elli halyçylary geçen ýyl jemi 1932 inedördül metr haly dokap, 3 million 685 müň 237 manatlyk önüm öndürdiler we döwlet tabşyryklaryny üstünlikli amal etdiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda kärhananyň Baýramaly haly önümhanasynyň açylyp ulanmaga berilmegi halyçylarda uly zähmet galkynyşyny döretdi. Bu olara «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başky iki aýyny zähmet üstünliklerine beslemäge şert döretdi. 

                                                                   

Kärhananyň 150 orunlyk Baýramaly haly önümhanasy «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama kärhanasy tarapyndan bina edildi. Önümhanada döredijilikli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin oňyn şertleriň döredilmegi, onuň döwrebap zähmet gurallary bilen üpjün edilmegi halyçylaryň iş öndürijiliginiň ýokarlanmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigine Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň işgärler bölüminiň hünärmeni Maýagözel Amanmyradowanyň gürrüňinden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. 

                                                                   

 — 2022-nji ýylyň her aýy rysgal-bereketden, sahawatly işlerden, şatlykly wakalardan dolup gelýär. Täze haly önümhanamyzda halyçy gelin-gyzlara döredijilikli işlemek üçin ähli şertler bar. Bu ýerde oturdylan dokma enjamlary halyçylara nepis türkmen halylarynyň gadymy nusgalaryny gaýtadan dikeltmäge, täze nusgalary döretmäge, buýurmalar esasynda dürli nusgadaky halylary dokamaga mümkinçilik berýär — diýip, hünärmen buýsanç bilen aýdýar. 

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.

30.03.2022
Wagyz-nesihat çäresi

Täsirli  geçen  duşuşyk 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmekde alnyp barylýan işleri hem-de döredilýän giň mümkinçilikleri wagyz etmek maksady bilen golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. 

                                                                   

TKA-nyň welaýat birleşmesiniň kiçi mejlisler zalynda  wagyz-nesihat çäresinde “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy Leýla Öwezmuhammedowa, “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmeni Mähri Welmyradowa, TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň başlygy Resul Baýramow, “Mary deri aýakgap” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmeni Şanazar Allamyradow, Wekilbazar etrap alyjylar jemgyýetiniň hünärmenleri Gurbannazar Mommadow, Merdan Durdyýew çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde döwlet goldawynyň gerimini giňeltmek, milli ykdysadyýetiň hususyýetçilik böleginiň netijeliligini artdyrmak babatynda durup geçdiler. 

                                                                   

 Maýa TAÝMAZOWA. 

                                                                   

 Söwda we telekeçilik ulgamynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň  

                                                                   

 başlyklarynyň Mary şäher geňeşiniň başlygy.

26.03.2022
Telekeçileriň mynasyp goşandy

Ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda giň gerimli toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň döwlete degişli bolmadyk ulgamyny goldamak we ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda özlerine bildirilen belent ynama jogap edip, welaýatymyzyň telekeçileri hem mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmek üçin amatly şertler, mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa telekeçilerimizi has-da döredijilikli, öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Olaryň öndürýän önümleriniň içerki bazarlarda bolşy ýaly, daşary ýurt bazarlarynda hem uly islege eýe bolmagy guwandyryjydyr. Özem şol arzyly önümler, döwrebap harytlar ýokary hil derejesi we ekologiýa taýdan howpsuzlygy bilen tapawutlanýar.  

                                                                   

Uly dabaralara, şanly wakalara beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenip geçiljek mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 31 ýyllyk baýramyna hem agzybir, merdana telekeçilerimiz mynasyp zähmet sowgatlary bilen barýarlar.  

                                                                                                           

Toýmämmet HAJYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy.

24.03.2022
Bazarlar harytlar bilen baýlaşýar

 «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bagtyýar halkymyz täze döwre gadam basdy. Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. 30 ýyllyk döwür üçin taryhy çözgüdiň kabul edilmegi milli ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen birlikde, hususy ulgamyň ösdürilmeginde-de täze sahypalary açar. Eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan meselelerini we oňyn çözgütlerini öz içine alan maksatnamada «ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýlip atlandyrylan milli telekeçilik pudagy hem möhüm ugurlaryň hatarynda öňe çykýar. Ol telekeçiligi, iri kompaniýalaryň döredilmegini hemmetaraplaýyn goldamak, bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitläp, ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini döretmek, gaýtadan işleýän döwrebap senagat desgalaryny gurmak, şäher we oba ýaşlaryny iş bilen doly üpjün etmek we başga-da köp sanly wezipelerden ybarat. Ýörite habarçymyz bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň «Birleşme eksport» jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň direktory Myratberdi SEÝIDOW bilen söhbetdeş boldy.  

                                                                   

 — Myratberdi, ýurdumyzyň hususy pudagynda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň abadan hem bolelin durmuşynda giň beýanyny tapýar. Söhbedimizi türkmen telekeçileriniň alyp barýan giň gerimli işlerinden başlasak?! 

                                                                   

— Elbetde, diňe geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzyň halk hojalygynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygyň otuzynjy ýylynyň jemlemesi hökmünde taryhymyza ýazyldy. Döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikleriň döredilmegi, köp möçberde yzygiderli maýa goýumlaryň goýulmagy netijesinde hususy pudak dürli ugurlarda işleri kämilleşdirip, ýokary netijeleri gazanmagy başardy. Muňa geçen ýylyň jemlerinden-de göz ýetirmek bolýar. 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 115,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini 117, 8 göterime barabar boldy. Türkmen telekeçileri önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň ençemesini, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini, paýtagtymyzdaky «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkeziniň binalar toplumyny, şonuň ýaly-da, döwrebap ýyladyşhanalary we senagat ugurly desgalary gurup ulanmaga berdiler.  

 — Soňky döwürde ak bazarlarymyz öz önümlerimiz bilen baýlaşýar. Diýmek, işewürler bäsdeşlige ukyply önümleriň önümçiligini giňeltmek ugrunda barha yhlasly işleýärler... 

                                                                   

— Dogry bellediňiz. Türkmen telekeçileri tarapyndan senagat, oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň möçberi barha artýar. Täze önümçilikler döredilip, önümleriň görnüşi yzygiderli köpeldilýär. Ýylyň jemleri boýunça geçirilen giňişleýin mejlisde berlen hasabatda bellenilişi ýaly, döwlete dahylsyz ulgamda unaş önümleriniň öndürilişinde 12,9 göterim, şöhlatda 9,1 göterim, süýji-kökede 8 göterim, süýtde 6,7 göterim, plastmassa we aýna süýümli turbalarda 33,2 göterim, gök önümlerde 5,2 göterim, miwe we ir-iýmişlerde 7,5 göterim, ýumurtgada 1,2 göterim ösüş gazanyldy. Geçen ýyl hususyýetçiler tarapyndan 9 müň gektardan gowrak meýdanda gök-bakja ekinleri ekilip, ondan bol hasyl alyndy. Miweli baglardyr üzüm nahallary ekilen 13 müň gektardan gowrak meýdandan alnan hasyl hem terligine, şeýle-de iri önümçilik kärhanalarynda gaýtadan işlenilip, ilata hödürlenildi. 

                                                                   

 — Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «...Türkmenistan azyk önümlerini beýleki döwletlerden getirýän däl-de, tersine, bu önümleri beýleki döwletlere iberýän ýurda öwrüler» diýip belledi. Gürrüň eksport ugurly önümleriň möçberiniň ýene-de artdyrylmagy barada barýar. Munuň özi önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligiň artmagyna getirermi? 

 — Bäsdeşlik bar ýerinde ösüş bar, ýokary hil, netijelilik bar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň ekologik taýdan arassa önümleriniň dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilmegi-de bäsdeşligiň netijesinde gazanylýan üstünlikdir. Geçen ýyl «Geljege miras», «Ak Diýar», «Batly gadam», «Lälezar zaman», «Abraýly dostlar» hususy kärhanalary, «Türkmen senet» hojalyk jemgyýeti senagat önümleriniň dürli görnüşini, «Datly şerbet», «Duýgy» hususy kärhanalary, «Balkandag», «Hasar» hojalyk jemgyýetleri süýji we konditer önümlerini, «Nurana söwda hyzmaty», «Maksatly söwda» hususy kärhanalary dürli däneli ekinleriň hasylyny daşarky bazarlara eksport etdiler. Eksporta gidýän oba hojalyk önümleriniň arasynda ekologik taýdan arassa, süýji tagamly pomidor hem esasy orun tutýar. Telekeçi Maksat Ibragimow «Maksada okgunly» haryt nyşany bilen öndürýän hind guşunyň etiniň 22,5 tonnasyny Azerbaýjan Respublikasyna eksport etdi. 

                                                                   

 — Esasy hyzmatdaşlar hökmünde haýsy ýurtlary agzap bolar?  

                                                                   

— Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz, Belarus, Azerbaýjan, Ermenistan, Täjigistan Respublikalary, Russiýa Federasiýasy, Pakistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan biziň esasy hyzmatdaşlarymyzdyr. Daşary döwletleriň işewürleri bilen onlaýn görnüşde işewürlik maslahatlary, sergiler geçirilýär. Özara pikir alyşmalar guralýar, teklipler öwrenilýär. Galyberse-de, hususy pudagyň wekilleri daşary ýurtlara guralýan döwlet saparlarynyň düzüminde bolup, ykdysady forumlara, halkara sergilere gatnaşmaga mümkinçilik alýarlar. Şeýle mümkinçiligiň geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda milli Liderimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary wagtynda hem dörändigini aýtmaly. Goňşy ýurda saparyň çäklerinde Daşkent şäherinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forumda söwda şertnamalarynyň we maýa goýum ylalaşyklarynyň uly toplumyna gol çekildi. Şolaryň hatarynda bäsdeşlige ukyply, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalary döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek barada hem ylalaşyklar gazanyldy. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde hususy ulgamdan «Aýdyň gijeler», «Ak bulut» hojalyk jemgyýetleriniň döwrebap önümleriniň bolandygyny bellemek ýakymly.  


 — Myratberdi, 4-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlendi. Bu döwürde hususy pudagyň gazanan ilkinji üstünlikleri guwandyrýar. 

                                                                   

— Mejlisde aýdylyşy ýaly, şu ýylyň iki aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 162,8 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüşiniň 113,7 göterime barabar bolmagy hususy pudagyň täze döwürdäki ilkinji ädimleriniň ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Milli Liderimiz bazarlaryň hem-de dükanlaryň halkyň giňden sarp edýän harytlary bilen bolelin üpjün edilmeginiň, nyrhlaryň derejesine gözegçilik etmegiň zerurdygyny nygtap, bu işlerde telekeçilere aýratyn ornuň degişlidigini belledi. Bu aýdylanlardan ugur alyp, daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan täze önümleri öndürmek, öz önümlerimiziň daşarky bazarlara iberilýän möçberini artdyrmak babatda yhlasly işläris. Döwletimiziň ýokary ynamy türkmen işewürlerini täzeçe işläp, eksport ugurly önümleri öndürmäge, dünýä bazarlarynda mynasyp orun almaga ruhlandyrýar. Türkmen telekeçileri geljegi nazarlaýan 30 ýyllyk maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmaga öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.  

                                                                   

 — Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.          

«Türkmenistan».

20.03.2022
Telekeçiligiň batly gadamlary

Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüşini gazanmak, dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşmagyny üpjün etmek, üznüksiz önümçiligi durnukly ýagdaýda saklamak we kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler sanardan kän. Halkara tejribelerden ugur alnyp, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň kabul edilmegi tutumly işleriň rowaçlanmagyna uly itergi berýär.

Milli ykdysadyýetiň kämilleşmeginde, esasan hem, hususyýetçilere aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda hereket edýän maksatnamalaryň, hukuk resminamalarynyň agramly bölegi döwletiň ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda zähmet çekýän telekeçileri goldamak, ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, olaryň işe höwesini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Dürli pudaklarda öz hususy işini ýöredip, tutanýerli zähmet çekýän işewürler döwletiň her bir ykdysady ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Telekeçileriň oýlap tapyşlarynyň netijesi bolan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle-de ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, dürli görnüşdäki taslamalary bazar ykdysadyýetiniň hyzmatlar ulgamynda we üznüksiz önümçiligiň gidişinde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna zerur innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, başga döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny öz önümlerimiz bilen çalyşmak, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek üçin türkmen telekeçileriniň alyp barýan öndürijilikli işleri, täzeçil oý-pikirleri hökmanydyr. Olar ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, hil taýdan kämil, bäsdeşlige ukyply önümçiligi we güýçli ykdysadyýeti döretmäge aýratyn goşant goşýarlar.

Telekeçilerimiz tarapyndan bu günki gün senagat, söwda, dokma, tikinçilik, halyçylyk, mebel, gurluşyk harytlary, oba hojalyk, ekerançylyk, maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, şeýle-de elektrik energiýasy we suw üpjünçiligi ýaly ulgamlarda uly işler amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň ýakynda geçirilen mejlisinde kiçi we orta kärhanalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin olara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň dowam etdiriljekdigini nygtady, işewürligi alyp barmak üçin amatly şertleri döretmek arkaly hususy telekeçiligiň ösüşini çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Goý, Watanymyzyň ykdysady ösüşine saldamly goşandyny goşýan ussat telekeçilerimiziň alyp barýan işleri Arkadagly zamanamyzda has-da berkäp, täze belentliklere ýetsin!

Gurbansoltan KAIROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

02.03.2022
Köpugurly önümçilik

Ýurdumyzda hususyýetçilige ýol açylyp, telekeçiler özbaşdak iş ýöredip başlanlarynda, esasan, haýsy-da bolsa bir ugur boýunça işläp başlapdylar. Dogry, şol ýyllarda döredilen hususy kärhanalaryň arasynda şu günki güne çenli önümçiligiň diňe bir görnüşi bilen adyganlary-da kän. Ýöne olaryň aglabasy döwletimiz tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilmegi, uzak möhlete peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi bilen, örülerini has giňeltdiler.

Mundan on sekiz ýyl öň öz işini süýjülikleriň iki görnüşini — tort we köke önümlerini öndürmekden başlan «Täze Aý» önümçilik birleşigi hem şol döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, telekeçiligiň köpugurly ýoluny saýlap aldy we häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy pudagynda iň iri önümçilik kärhanasy hökmünde bellidir.

Mary şäherinde ýerleşýän önümçilik birleşigi öz düzümine hususy kärhanalaryň birnäçesini birleşdirýär. Olarda halkymyzyň gündelik durmuşynda zerur bolan azyk önümleri öndürilýär. Täze önümçilikler döredilip, ýylyň-ýylyna zähmet üstünlikleri gazanylýar. Konditer önümleriniň dürli görnüşleri, süýt we süýt önümleri, datly doňdurmalar, süýjülik tortlary, et we şöhlat önümleri öndürilýär.

Bu önümçilik birleşiginde ýokarda agzap geçen azyk önümlerimiziň her günde 100 tonnadan gowragy öndürilýär. Olaryň görnüşleri bolsa müňden-de geçýär. Telekeçiler önümleriň gaplama işlerini-de alyp barýarlar. 2020-nji ýylda işe girizilen gaplama sehinde owadan gaplara gaplanylýan azyk harytlary söwda nokatlarynyň 18 müňden gowragyna goýberilýär. Munuň özi «Täze Aýyň» önümleriniň paýtagtymyza hem-de ýurdumyzyň ähli ýerine giňden ýaýrandygyny alamatlandyrýar. Özem, ara ýakyn bolsun, daş bolsun, harytlar ilata täzeligi bilen ýetirilýär. Bu bolsa müşderileriň has-da artmagyna getirýär.

— Önümlerimiz Hytaý, Russiýa, Gyrgyzystan, Täjigistan ýaly ýurtlara yzygiderli eksport edilýär. Eziz Diýarymyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere, gözden geçirilişlere gatnaşanymyzda, daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen duşuşyp, pikir hem tejribe alyşmaga mümkinçilik döreýär. Şonda olar ekologik taýdan arassa önümlerimize uly gyzyklanma bildirýärler. «Täze Aý» haryt nyşanly önümlerimiziň halkara hil ülňülerine laýyk gelýändigi üçin ISO güwänamasyna mynasyp bolmagy bu hakykaty doly tassyklaýar.

Maldarçylyk toplumy, bagçylyk, balykçylyk hojalyklary önümçilik birleşigimiziň düzümine täze girizildi. Indi bereketli toprakda miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, et we süýt ugurly iri şahly mallary idetmek, «Howuzhan» we «Saryýazy» suw howdanlarynda balyk hojalygyny ýöretmek bilen gündelik sarp edilýän azyk önümleriniň aglaba bölegini öndürýäris.

Milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, behişdi bedewlerimizdir ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren edermen we gaýduwsyz alabaý tohum itlerini hem saklaýarys. Olara gözegçiligi bu ugurdan ýörite bilimli hünärmenlere ynandyk.

Hormatly Prezidentimiziň täze tehnologiýalarda ýokary öndürijilikli işlemegimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, işçileriň 4 müňden gowragynyň yhlasly zähmeti bilen amal edýän işlerimiz ak bazarlarymyzyň bolçulygyna goşandymyzdyr — diýip, önümçilik birleşiginiň ýolbaşçysy, tejribeli telekeçi Guwançmyrat Orazow gürrüň berýär.

4 müň adamyň iş orny bilen üpjün edilmegi. Ynha, «Täze Aýyň» ýene-de bir üstünlikli tarapy! Kärhanada işçileriň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli zerur şertler bar. Olar arassaçylyk kadalaryna we zähmet howpsuzlygynyň talaplaryna doly laýyk gelýär. Önümçiligiň giňeldilmegi, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly harytlaryň möçberleriniň artdyrylmagy bilen, geljekde bu kärhanada ýene-de täze iş orunlary dörär. «Täze Aý» önümçilik birleşigi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda süýji we gury süýt önümlerini öndürmegi meýilleşdirýär.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».

18.02.2022
Köpetdagyň eteginde gurluşyk işleri barha gyzyşýar

Gojaman Köpetdagyň eteginde täze şäher döreýär. Özi-de bu şäher — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurulýar. Hormatly Prezidentimiz täze merkeziň gurluşygy bilen yzygiderli tanşyp, onda alnyp barylýan işleri hemişelik üns merkezinde saklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde-de döwlet Baştutanymyz bu tutumly taslamanyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen gyzyklandy. Türkmen telekeçileri bilen duşuşyp, hususyýetçileriň gurýan döwrebap myhmanhanasyny «Marköw», söwda merkezini bolsa «Gökdere» diýip atlandyrmagy teklip etdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat inžener» hususy kärhanasy täze şäherde bina edilýän myhmanhananyň gurluşygyna kömekçi potratçy hökmünde gatnaşýar. Bu kärhananyň indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzdaky düýpli gurluşyklara işjeň gatnaşyp gelýändigini bellemeli. Bitirilen işleriň sanawynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, orta mekdeplerdir çagalar baglary, saglyk öýleri, serhet galalary, söwda merkezleri, hyzmat ediş öýleri, ýerasty geçelgeler bar. Diňe paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde amal edilen gurluşyklary alanyňda-da, olaryň sany 15-e ýetýär. Ussat gurluşykçylar geçen ýylyň dowamynda Ahal welaýatynda täze, döwrebap mekdepleriň ikisini — Babadaýhan etrabynyň Ýarygökje geňeşliginde 960 orunlyk, Tejen etrabynyň Babadaýhan geňeşliginde hem 640 orunlyk orta mekdepleriň binalaryny ýokary hilli gurup, ýaş nesliň çuňňur bilim we terbiýe almagy üçin edilýän tagallalara mynasyp goşant goşdular. Kärhananyň hünärmenleri tarapyndan şu günler gurulýan we durky täzelenýän binalaryň sany-da 10-a golaýlaýar. Bular barada hususy kärhananyň ýolbaşçysy Begenç Meredow şeýle gürrüň berýär:

— Nusgalyk şäheriň taslamasy dünýä tejribesiniň täze gazananlary we innowasion tehnologiýalar esasynda taýýarlanyldy. Şoňa laýyklykda, biz bu ýerde 9 gatly 54 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 2-siniň, 2 gatly 2 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 12-siniň, 7 gatly, 42 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 24-siniň gurluşygyny alyp barýarys. Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ýokary hil derejesi üpjün edilip, olaryň ýanaşyk ýerlerinde çagalar üçin oýun meýdançalary, sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar hem bar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde geçiren iş maslahatynda binalaryň we desgalaryň bellenen möhletde, ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek, bu işlerde sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän baglarydyr ösümlikleri ekmek meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Şol tabşyryklardan ugur alyp, milli Liderimiziň ynamyny ödemek üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys. Diýarymyzda amala aşyrylýan beýik işlere goşant goşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Hawa, «Ussat inžener» hususy kärhanasynda işler ýörite meýilnama esasynda alnyp barlyp, olaryň döwrüň talabyna laýyklykda täzeçe guralmagyna aýratyn üns berilýär. Hususyýetçiler hormatly Prezidentimiziň gurluşyk pudagynyň maglumat binýadyny döredip, iň täze kompýuter maksatnamalaryny ulanmak arkaly amaly ylymlary ösdürmek, işgärleri taýýarlamak işini kämilleşdirmek babatda aýdanlaryndan ugur alyp, gurluşyk-gurnama işlerine täze tehnologiýalarydyr degişli enjamlary ornaşdyrmaga çalyşýarlar. Kärhanada bu ugurdan programmalaryň 5-si işe girizildi we häzirki wagtda netijeli ulanylýar. Işleriň täze tehnologiýalar esasynda dolandyrylmagy, şeýle-de ýerli çig mallar bilen üpjünçilik gurluşyklaryň öz wagtynda we ýokary hilli amal edilmegine şert döredýär.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».

15.02.2022
Saçaklaryň berekedine goşant

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýaşaýan telekeçi ýigit Batyr Rozyýew ýyladyşhana gurmak üçin özüne berlen 5 gektar ýeri özleşdirmek we ony gurplandyrmak babatda dessine alada edip başlady. Sebäbi çägesöw topragyň düzümini baýlaşdyrmasaň, geljekde ondan bol hasyl almajagyň belli. Şonuň üçinem telekeçi ýigit ýeri ders bilen gurplandyryp, desga üçin zerur bolan enjamlaryň ugruna çykdy. Olary Türkiýe Respublikasyndan satyn alyp, gysga möhletde gurmagy-da başardy. Şeýdibem, eýýäm geçen ýylyň sentýabr aýynda ýyladyşhananyň içinde pomidor şitillerini ýetişdirmäge mümkinçilik döredi.

Gollandiýanyň «Rük Rizk» we «Zuwan» pomidor sortlarynyň artykmaç taraplarynyň köpdügi sebäpli, olar şitil ýetişdirmek üçin saýlanyp alynýar hem-de ýörite gapjagazlarda ekilýär. Önümçiligiň agronomy Maksat Mämmetgulow türkmen hünärmenlerinden pomidoryň bu sortlarynyň agrotehnikasyny kemsiz öwrenip, olara ýokary hilli ideg etmegi başardy. Galyberse-de, her gün internet arkaly öwrenilýän maglumatlar gowy şitilleriň ýetişmegini üpjün etdi. Şunlukda, jemi 92 müň şitil kemala getirildi. Wagty gelende, olar dört gektar meýdana ekildi. Ine, şundan soň ýene-de dartgynly we jogapkärli döwür başlandy.

Şitiller üç aýyň içinde kemsiz boý alyp, hasyla durýarlar. Diýmek, her düýp şitiliň talap edýän ýokumlaryny ýetirip, organiki we mineral dökünler bilen üpjün etmeli hem-de olaryň kadaly ösüşini gazanmaly. Pomidoryň ähli güýjüni hasylyna bermegi üçin onuň ýapraklaryny-da seýrekletmeli. Pomidorlar gülläp başlan badyna, olary tozanlandyrmak üçin Türkiýeden ýörite balarylar satyn alyndy.

— Ýyladyşhanamyzyň işi hysyrdyly hem gyzykly. Hünärmenler ýerine ýetirilmeli işiň wagtyny gowy bilýärler. Öz işlerine ak ýürekden çemeleşip, ekinlere idegi sähelçe-de gowşadanoklar. Şonuň üçin-de, her düýp pomidor 10 kilograma çenli hasyl berýär. Biz şu ýyl 800 tonna golaý hasyla garaşýarys. Eýýäm munuň ilkinji tonnalaryny ilata hödürledik. Hasylymyz günsaýyn artýar. Degişli hünärmenler onuň hiline-de gowy baha berdiler. Biziň indiki maksadymyz, hormatly Prezidentimiziň talap edişi ýaly, önümlerimizi daşarky bazarlara çykarmak bolup durýar. Elbetde, munuň hem özüne ýetik hysyrdysy bar. Muňa garamazdan, ene topragymyzda bitýän önümiň uly islege eýe boljakdygyna ynanýarys — diýip, telekeçi ýigit Batyr Rozyýew gürrüň berýär.

Hudaýberen ABRAÝEW.

«Türkmenistan».

09.02.2022