Habarlar
«Altyn gülüň» pomidorlary

«Altyn gül» hususy kärhanasy Dänew etrabynyň Isbaz geňeşliginde ýerleşýär. Bu hususy kärhana Jorakuly Hemraýew ýolbaşçylyk edýär. «Altyn gül» hususy kärhanasynyň döwrebap ýyladyşhanasynda häzirki wagtda pomidoryň «Marwelans» sorty ösdürilip ýetişdirilýär. Mundan başga-da, pomidoryň bu sortunyň ýanynda «Çerri» görnüşi hem bar. 

                                                                   

 Bu ýerde otuz sany işgär zähmet çekýär. Olar, esasan, ýyladyşhanada pudama, ýaprak alma, dolama işlerini geçirýärler. 

                                                                   

Ýyladyşhananyň tutýan meýdany 2,3 gektara barabar bolup, onda pomidor şitilleri ýetişdirilýär. Pomidor şitilleri kokos gyryndysynda ýetişdirilip, ýörite asgyçlara berkidilýär. Ýyladyşhana şitillere ideg etmek üçin ýörite galdyrýan-düşürýän arabajyklar bilen üpjün edilipdir. Hasyllylygy ýokarlandyrmak maksady bilen, tozanlandyryş işleri ýörite Türkiýe döwletinden getirilen «Bombus» arylary arkaly amala aşyrylýar. Pomidor hasylyna zyýan beriji mör-möjeklere garşy insektisid, akarisid we ösümligiň kesellerine garşy bolsa, fungisidler ulanylýar. 

                                                                   

Bu ýyladyşhanada meýilnama boýunça pomidor hasylynyň 450 tonnasyny ýetişdirmek göz öňünde tutulyp, häzirki wagta çenli pomidoryň 200-den gowrak tonna hasyly ýygnalyp alyndy. Ýygnalan pomidor hasylynyň 200 tonnasy Russiýa Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna eksport edildi. 

                                                                                                           

Merjen ABDULLAÝEWA,

                       

TAP-nyň Lebap welaýat Dänew etrap komitetiniň hünärmeni.

27.04.2022
Milli harytlaryň «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekili taýýarlanylýar

Ýurdumyzyň harytlaryny daşarky bazarlarda ilerletmek üçin «Türkmenistanda öndürilen» atly milli nyşan taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly 22-nji aprelde geçirilen mejlisinde habar berildi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň harytlarynyň daşary ýurt bazarlaryna ýerlenilişini artdyrmak maksady bilen, täze milli söwda nyşanly harytlary döretmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.  Şoňa görä-de, «Türkmenistanda öndürilen» nyşanynyň şekilini saýlap almak maksady bilen, Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň, dizaýnerleriň, talyplaryň we raýatlaryň arasynda bäsleşik yglan etmek meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda öndürilen» milli nyşany taýýarlamak baradaky teklibi makullap, bu babatda täze usullary we çemeleşmeleri gözlemegiň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de türkmen dizaýnerleriniň bu ulgamda öňdebaryjy tejribäni öwrenmekden ugur almalydygyny, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmalydygyny nygtady.  

                                                                                                           

«Türkmenistan»

23.04.2022
Telekeçilik giň gerimde ösdürilýär

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi netijesinde bazarlarymyz halkyň sarp edýän köp görnüşli önümleri bilen üpjün edilýär. Telekeçiligi höweslendirmek we hemmetaraplaýyn goldamak, kiçi we orta hususyýetçiligi ösdürmäge ýardam etmek döwlet derejesindäki möhüm wezipe hökmünde kesgitlendi. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ykdysadyýetiň bu ulgamyny ösdürmegiň ünsden düşürilmeýändiginiň alamatydyr.   

                                                                   

Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we maddy serişdeleri bermek, olara hukuk, ykdysady we gaýry maglumatlaryň, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň döwlet mak-satnamalaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilýän maýa goýumlary höweslendirmek, täze iş orunlaryny döretmek we ilatyň girdejilerini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerinden harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyny bäsleşik esasynda amala aşyrmak, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalaryny amala aşyrmak, daşary ykdysady işi, sebitara hyzmatdaşlygyny, şeýle hem olaryň eksport mümkinçiligini ösdürmäge ýardam etmek esaslary boýunça amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde telekeçilere salgyt ýeňillikleri berilýär. 

                                                                                                           

Söýün HÖWEZOW,

                       

Türkmenbaşy etrap salgyt bölüminiň barlaglar bölümçesiniň baş salgyt inspektory.

21.04.2022
Döredijilikli işleriň guwandyryjy netijesi

Türkmen işewürleriniň önümleriniň ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe günläp dowam eden sergisi öz işini tamamlady. Telekeçileriň gazananlarynyň däp bolan gözden geçirilişi ýokary derejede, üstünlikli jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň 13-nji aprelde sergide bolup, ol ýerde görkezilýän önümler, hödürlenen taslamalar bilen tanyşmagy, täze harytlar bilen gyzyklanmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň şol günlerde gol çeken taryhy Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäherinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýokary okuw mekdebiniň binasynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen, degişli möçberdäki serişdeleriň karz berilmegi, ýagny hormatly Prezidentimiziň hususy işewürligi ýokary bilimli kämil hünärmenler bilen üpjün etmek baradaky aladasy türkmen telekeçilerini has-da begendirdi. 

Eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki bu serginiň öňkülerden tapawutly aýratynlygy nämedekä?! Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegi mynasybetli, 14 ýyl bäri geçirilýän serginiň bu gezek bir hepdeläp dowam etdirilmegini onuň tapawutly aýratynlygy hökmünde görkezmek bolar. Munuň özi türkmen telekeçilerine öz önümlerini öňkülerden has giňden mahabatlandyrmaga, hödürlenen tekliplerdir taslamalar boýunça biri-birleri bilen dowamly pikir alyşmaklaryna mümkinçilik döretdi. Diňe bu hem däl. Harytlaryň ýerlenmegi üçin-de sergi günleri diýseň amatly boldy. Söwdalarda müşderilere ýokary hilli, ekologik taýdan arassa, eksport ugurly önümler bilen birlikde, iň täze önümler hödürlendi. Bu gezekki sergi milli önümleriň täze görnüşleriniň 100-den gowragyny öz içine aldy.

  Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda türkmen telekeçileriniň mynasyp orny bar. Munuň şeýledigini IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalar, şol sanda  «Ýokary tilsimatlar» merkezi, «Adyl açar», «Milli ulgam», «Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi», telekeçi Zafar Jumaýew we beýlekiler tarapyndan hödürlenen senagat we elektron önümleri, töleg terminallary, «akylly» öýleriň taslamalary, köp ulgamly programmalarda, elektron söwdada gazanylan üstünlikler bütin aýdyňlygy bilen şöhlelendirdi.  

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda geçirilen bu serginiň dowamynda ýerli hususy kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň birnäçesi baglaşyldy. Diýmek, türkmen telekeçileriniň dünýä bazaryndaky örüsi ýene-de giňemek, türkmen önümleriniň dünýä meşhurlygy öňküden-de artmak bilen bolar.  

                                                                   

Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň yglan eden «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň jemi jemlenip, onda  hususyýetçileriň 58-si dürli ugurlar boýunça ýeňiji boldy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwrebap derejede guralan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

20.04.2022
Hil — kämilligiň gözbaşy

düýn türkmen telekeçileriniň gazananlaryna bagyşlanan sergi öz işini tamamlady 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýatyndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri importuň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenilen önümleri öndürmek işinde uly tejribe topladylar. Geçen hepde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli guralan sergi hem bu hakykaty nobatdaky gezek tassyklady. Ýokary hilli önümleri öndürmekde öňdebaryjy tejribä eýe bolan hususy düzümleriň biri-de TSTB-niň agzasy bolan «Täç hil» hususy kärhanasydyr.  

                                                                   

Saç ýuwujy, gap-gaç ýuwujy, gigiýeniki tämizleýji, suwuklandyrylan sabyn ýaly arassaçylyk serişdeleriniň üstüni ýetirýän «Anbar», «Fresh-tämiz», «Glim-parlak» haryt nyşanly önümler telekeçileriň sergisinde uly gyzyklanma döretdi. Gözden geçirişiň çäklerinde türkmen telekeçileriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň iň gowy telekeçisi» atly bäsleşiginiň «Ýylyň täze önüm öndüriji işewüri» ugry boýunça ýeňiji bolmagy hem hususy kärhananyň işine berlen mynasyp bahadyr. Bizem «Täç hil» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumynda bolup, täze önümleriň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşdyk.  

                                                                   

Hususy kärhananyň önümçilik toplumy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýär. 1,33 gektar meýdany eýeleýän önümçilik kärhanasy «A» we «B» bloklardan ybarat bolup, olaryň birinjisi arassaçylyk serişdelerini, ikinjisi bolsa polietilen torbalaryny öndürmäge ýöriteleşendir. Olar Germaniýanyň we Türkiýäniň döwrebap tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr. 

 Arassaçylyk serişdelerini öndürýän sehiň gapysyndan giren badyňa dezinfeksiýa serişdeleriniň ýakymly we tanyş ysy burnuňa dolýar. Bu ýerde şahsy arassaçylyk serişdeleri, dürli ölçegdäki çygly süpürgiçler, gap-gaç ýuwujy serişdeler, suwuk sabynlar, «Aura» haryt nyşanly atyrlar, «Fresh-tämiz» haryt nyşanly ýakymly ys berijiler we beýleki antiseptik serişdeler öndürilýär. «Täç hil» hususy kärhanasynyň baş hünärmeni Serdar Öwezow çygly süpürgiçleriň öndürilişi bilen tanyşlygymyzda şeýle gürrüň berdi: «Çygly süpürgiçler öndürilende ýörite taýýarlanylan mata awtomatlaşdyrylan enjamlarda üznüksiz hereket edip, kesgitli ölçeglere bölünýär we dürli ys beriji hem-de antibakterial serişdeler bilen çyglandyrylýar. Soňra bolsa gaplara gaplanýar. Önümçilik üçin ulanylýan suw Köpetdagyň etegindäki Ýanbaş tebigy çeşmesinden getirilýär. Suwuklyk birnäçe gezek gaýtadan işlenilýär we arassalanýar. Her bir çig mal ýörite hil barlaghanasynda barlagdan geçirilenden soň önümçilige goýberilýär. 

                                                                   

Dezinfeksiýa serişdeleri hem ýörite düzüm esasynda taýýarlanylyp, barlaghanada barlanandan soň, degişli enjamlaryň kömegi arkaly dürli ölçegdäki polipropilen gaplara guýulýar. Soňra olaryň gapagy ýapylyp, daşyna bezeg kagyzy ýelmenýär. Beýleki önümleriň önümçiligi hem şu tertipde alnyp barylýar. Taýýar önümler ammarlarda saklanylyp, ýurdumyzyň dürli ýerlerindäki söwda nokatlaryna ýollanylýar». 

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň iýmit önümlerini we dürli görnüşli beýleki zatlary saklamaga hem-de daşamaga niýetlenen polietilen torbalaryny öndürýän sehinde hem işler doly awtomatlaşdyrylan ýagdaýda, howpsuzlyk kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 

                                                                   

— «Täç hil» ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynyň, söwda nokatlarynyň, hyzmatlar ulgamynda işleýän telekeçileriň buýurmalary esasynda dürli ölçegdäki we görnüşdäki polietilen torbalaryny öndürýär. Hususy kärhanamyzyň diňe şu ugurdaky müşderileriniň sany 500-den geçýär. Önümçilik üçin çig mal Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen gurlup, ulanylmaga berlen Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyndan satyn alynýar. Çig mal önümçilik tapgyrlaryny geçip, polietilene öwrülýär. Polietilen sargyt edilen ölçeglere görä kesilip, reňklenilip, ýüzüne bezegler ýerleşdirilýär we torbalar taýýar bolýar — diýip, hususy kärhananyň baş hünärmeni Eziz Gurdow gürrüň berýär. 

                                                                   

Hususy kärhananyň önümçilik toplumynyň gurluşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýolbaşçynyň hem-de hünärmenleriň işleýän otaglaryny we önümçilik sehini biri-birinden diňe aýna diwarlar aýyrýar. Dünýäniň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynda ulanylýan şeýle gurluş işleriň has netijeli ýola goýulmagyna ýardam edýär. 

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy hem-de ýolbaşçysy Täçmyrat Gurdow bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol bize kärhananyň esaslandyrylyşy we ösüş ýoly barada şeýle gürrüň berdi: 

                                                                   

— «Täç hil» hususy kärhanasy 2006-njy ýylda esaslandyryldy. Ilkibaşda biz, esasan, polietilen torbalarynyň we çygly süpürgiçleriň önümçiligi bilen meşgullanýardyk. Işgärlerimiz bolsa barmak büküp sanaýmalydy. Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany wezipesine girişmegi bilen, ýurdumyzda hususy telekeçiler üçin uly şert-mümkinçilikler döredildi. Bizem daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna kärhanamyzyň gerimini giňeltdik. 2016-njy ýylda telekeçiler üçin ýörite döredilen senagat zolagynda döwrebap kärhanamyzy işe girizdik. Häzir bu ýerde 60-dan gowrak işgär zähmet çekip, şolaryň 20-ä golaýy ýokary derejeli hünärmenlerdir. Indi öndürýän önümlerimiziň hem görnüşleri 100-e ýakynlap barýar.  Bu görkeziji yzygiderli ýokarlanýar. 

  Biziň esasy maksadymyz — halkymyz üçin ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli önümleri öndürmek. Önümlerimiziň halkara hil we howpsuzlyk standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan ISO we kärhanamyzda işleriň talabalaýyk ýola goýlandygyny tassyklaýan OHSAS halkara şahadatnamalaryna mynasyp bolandygymyz bolsa işimize berlen ýokary bahanyň nyşanydyr. 

                                                                   

Biz — telekeçilere ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we halkymyz üçin ýokary hilli önümleri öndürmäge giň şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt we umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun! 

                                                                   

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başynda «Täç hil» hususy kärhanasy täze görnüşli önüm öndürip başlady. «Anbar» haryt nyşany bilen üç görnüşde taýýarlanylýan köpürjikli sabyn, hünärmenleriň bellemegine görä, el ýuwulanda peýdalanylýan suwuň möçberini 35 göterime çenli tygşytlamaga ýardam edýär. Bu bolsa kärhanada ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.  

                                                                   

«Täç hil» hususy kärhanasynyň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, Eýran, Owganystan, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy ýaly goňşy ýurtlara-da eksport edilýär. 

                                                                   

Senagat pudagynda iş alyp barýan hususy telekeçileriň üstünlikleri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň üstünlikli dowam etdirýän çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Döredilýän giň şert-mümkinçiliklerden göwünleri ganatlanýan telekeçiler mundan beýläk hem importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenilen önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek arkaly milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärler. 

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».


19.04.2022
Tä­ze­lik, tä­sin­lik gö­reý diý­se­ňiz...

Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň şu günler dowam edýän sergisiniň öz täzelikleri, täsinlikleri bilen uly gyzyklanma döredýändigi ol ýere gündelik barýan mähelleden mälim. Ildeşlerimiz serginiň ýakymly täsirleri baradaky pikirlerini biri-birleri bilen paýlaşýarlar. Bu gezekki serginiň öňkülerden has üýtgeşik bolandygyny aýdýarlar. Olary diňläp, işewürlerimiziň yhlasly zähmetine ýene-de bir gezek «Berekella!» diýýärsiň. 

                                                                   

Sergi zalyndaky pawilýonlaryň birinde ýerleşdirilen gök-bakja ekinleriniň şitilleri, «pawlowniýa» diýlip atlandyrylýan täsin agaç nahallary ünsüňi çekýär. Baharyň ajaýyp keşbini janlandyrýan bu görnüşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň hünärmenleri döredipdir. Pomidor, hyýar, bulgar burçy... Döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän ýaşajyk nahallar — ertirki günüň bol hasyly, ak bazarlarymyzyň, mukaddes saçaklarymyzyň berekedi. Owadan, iri ýaprakly pawlowniýa agajy — gymmatly çig mal, ekologik arassaçylyk hem-de gözellik. Telekeçi Arslan Nurgeldiýew daýhan hojalygyny döredip, bu asylly işleri ýola goýanda, olaryň halkymyza getirjek peýdasyny göz öňünde tutupdy. 

                                                                   

Iňlis dili we edebiýaty boýunça ýokary bilimli hünärmeniň oba hojalyk ugruny saýlap almagyna sebäp bolan zat nämekä?! Geliň, tejribeli telekeçiniň durmuş ýoluny yzarlap, bu sowalymyza jogap tapmaga synanyşalyň! Ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlan ýaş hünärmen daşary ýurt kompaniýasynda terjimeçi bolup işe başlaýar. Ýöne ol terjimeçilik bilen meşgullanýan bolsa-da, kompaniýanyň alyp barýan işleri, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygy bilen içgin gyzyklanýar. Dünýä tejribesinden öwrenenlerini synap görmek maksady bilen, hususy eýeçilikde ýyladyşhana toplumyny gurmaga girişýär. Döwletimiz tarapyndan peýdalanmak üçin uzak möhlete ýer bölekleriniň bölünip berilmegi, ýeňillikli karz serişdeleri ýaş telekeçiniň asylly başlangyjynyň barha ugrugyp gitmegine getirýär. 

                                                                   

Işjanly telekeçi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen meýdanda döwrebap ýyladyşhana toplumyny gurup, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ýola goýýar. Kelemiň, hyýaryň, bulgar burçunyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, her ýylda 100 — 120 tonna hasyl alyp, halkymyzyň ýylyň ähli paslynda gök-bakja önümleri bilen üpjün edilmegine goşant goşup gelýär. 

                                                                   

«Ezber daýhanyň» owadan bezelen pawilýonynyň öňünde durup, Arslan Nurgeldiýew bilen gürrüňdeş bolýan wagtymyz, sergä aýlanyp ýören talyp gyzlar golaýymyzda aýak çekip, pawlowniýa agajy bilen gyzyklandylar. Halypa telekeçi baý iş tejribesini ýaşlar bilen paýlaşyp, şeýle gürrüň berdi: 

                                                                   

— Pawlowniýa dünýäde agaçlaryň şasy hökmünde tanalýar. Onuň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ähmiýeti uludyr. Ol berk hem-de ýumşak bolup, mebel önümçiliginde, sport esbaplaryny, saz gurallaryny ýasamakda, gurluşykda we kosmetologiýada, derman senagatynda, biotehnologiýada giňden ulanylýar. Biz bu agajy aprel aýynyň başynda ekýäris. Iň çalt ösýän bu agaç bir ýylda 5 metr töweregi boý alýar. Boýy 25 metre çenli ýetip, 100 ýyla golaý ýaşaýar. Ýene-de bir aýratynlygy, söwüt, derek ýaly, çapan ýeriňden täze şahasy ösüp çykýar. Bu bolsa ony täzeden ekmek zerurlygyny aradan aýyrýar. 

                                                                   

Pawlowniýa kömürturşy gazyny özüne çekip, köp mukdarda kislorod bölüp çykarmak bilen, howanyň ekologik ýagdaýyna hem öz täsirini ýetirýär. Lukmançylykda ony bagyr, böwrek, öthalta, öýken sökelliklerini bejermekde giňden peýdalanýarlar. Ýokumy ýorunjanyňka barabar bolansoň, pawlowniýa mallar üçin iým taýýarlamakda hem ulanylýar. Bu agajyň gögümtil-mawy we ak reňkli gülleri diňe bir owadan görnüşi däl, hoştap ysy bilen hem bendi edýär. Ol öz gözelligi bilen seýilbaglaryna, seýilgählere, köçe-ýollaryň gyralaryna aýratyn görk berýär. 

                                                                   

 Dürli toprak-howa şertlerine çalt uýgunlaşýandygy sebäpli, biz ony bereketli topragymyzda ösdürip ýetişdirmegi makul bildik. Häzirki wagtda daýhan hojalygymyzda onuň ýüz müňlerçe düýbi ösýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daş-töweregimizi tokaýlaşdyrmak işlerine goşandymyzdyr. 

                                                                   

Hawa, «Ezber daýhan» daýhan hojalygynyň öz işine ussat hünärmenleri asylly işleri bilen bazarlarda, mukaddes saçaklarda bereket bolçulygyny döretmäge, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge işjeň gatnaşmak bilen birlikde, ösüp gelýän ýaş nesilde ene topraga, halal zähmete söýgini artdyrmakda hem görelde bolýarlar. Türkmen telekeçileriniň sergisinde Arslan Nurgeldiýew ýaly baý tejribesi bolan işewürler tarapyndan ýaýradylýan tejribeler, orta atylýan teklipler, hödürlenen taslamalar ýaş telekeçiler üçin dürli ugurlarda iş alyp barmagyň ýollaryny öwrenmekde, özbaşdak iş ýöredip, ukyp-başarnyklaryny synap görmekde özboluşly mekdepdir. 

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Meretdurdy ROZYÝEW.

18.04.2022
Telekeçilik: täze başlangyçlar, şanly sepgitler

12-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady we ol aýyň 18-ine çenli dowam eder. Serginiň ikinji gününde hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşmagy hem-de telekeçilerimiziň öndüren önümleri bilen tanyşmagy örän ähmiýetli boldy. Sergä ýurdumyzyň hususyýetçileriniň 200-den gowragy öz diwarlyklary we öndüren önümleri bilen gatnaşdy. Sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezdi. «Nesil» gazetiniň döredijilik topary sergä gatnaşyp, işi rowaç telekeçiler bilen söhbetdeş boldy.

 «NUSGA» — NUSGALYK ÝAZUWYŇ KEPILI 

                                                                   

Başarnygam zerur welin, owadan ýazuw üçin syýadyr galamyň hem täsiri gaty uly. Ýurdumyzda öndürilýän «Nusga» haryt nyşanly syýa galamlar owadan ýazgy ýazmak mümkinçiligini hödürleýär. Haryt nyşanynyň adyna tüýs mynasyp syýa galamlar 5 görnüşde satuwa çykarylýar: üçburçluk, togalak, altyburçluk, spiral, ýylmanak göwdeli. 3 dürli ysy bar: ýertudana, bägül, jasmin. 4 hili reňkde: gök, ýaşyl, gara, gyzyl. Syýa galamyň uzynlygy 14,5 mm, galyňlygy 7,3 mm, ýazuw ujunyň diametri 0,7 mm. Diýmek, bu önüm ýokary hilli ýazuwy kepillendirýär. 

                                                                   

«Nusga» haryt nyşanly önümi öndürýän «Gündogar şöhlesi» hojalyk jemgyýetiniň direktory Kakaly Geldiýew bilen serginiň dowamynda söhbetdeş bolanymyzda ol: 

                                                                   

— Önümçilik kärhanamyz Ak bugdaý etrabynda ýerleşýär. Önümlerimiziň esasy bölegi içerki bazarlara ugradylýar. Ýakynda bolsa türkmen syýa galamlaryny Russiýa Federasiýasyna eksport etdik. Mundan başga-da, onlaýn söwdany ýola goýmak, önümçiligi we eksporty ýene-de giňeltmek başlangyçlarymyz bar — diýdi. 

                                                                   

Maglumat berlişi ýaly, syýa galamyň metal uçjagazy we syýasy daşary ýurtdan getirilýär. Daşlygy we içki syýa gaby polipropilenden ýasalýar. Önümçilik kuwwaty ýylda 45 million syýa galama deňdir. Her syýa galama 3000 metr ýazuw kepilligi berilýär. 

                                                                   

 EKOLOGIÝAMYZ «ÝEDIDOGAN» BILEN HAS ARASSA 

                                                                   

 Bu at köpimize tanyş bolsa gerek. 2017-nji ýylda esaslandyrylan bu önümçiligiň baş maksady — ekologiýamyzy goramak. 

 Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän, telekeçi Döwran Abdyrasulowyň ýolbaşçylygyndaky «Ýedidogan» haryt nyşanly kraft kagyz gaplama önümçiliginde daşky gurşawymyza we saglygymyza zyýansyz döwrebap kraft haltalar, dürli görnüşli we ölçegli kraft torbalar, 7 görnüşli iýmit önümlerini we dürli sowgatlyklary gaplamak üçin islege görä kesilip berilýän kagyzlar öndürilýär. Olar berkligi, çyglylyga çydamlylygy, ýarym süýnüjiligi bilen aýratyn tapawutlanýar.  

                                                                   

Kraft — güýçlendirilen, ýokary hilli kagyz önümçilikde çig mal hökmünde hyzmat edýär. Ýelim ýeralmanyň krahmalyndan ýasalýar. Ählitaraplaýyn amatly bolan çig maldan işlenýän önümleriň adam saglygyna zyýansyzdygy barada kärhana halkara ISO güwänamasynyň hem gowşurylandygyny aýtmak gerek. 

                                                                   

Işi rowaç telekeçi Döwran Abdyrasulow «Altyn asyr» söwda merkezinde lomaý söwda nokadynyň bardygyny, önümçilikde ulanylýan awtomatik enjamlaryň Germaniýadan getirilendigini, olaryň sagatda 13 müň kagyz torba çykarmaga ukyplydygyny, 1 aýyň dowamynda 2 milliondan gowrak önüm öndürilýändigini buýsanç bilen gürrüň berdi. 

                                                                   

«Ýedidogan» haryt nyşanly kraft kagyzlaryny gaplaýan kärhana öz önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi meýilleşdirýär. Kärhananyň yedidogan.com internet saýty hem-de munuň üsti bilen onlaýn söwda hyzmaty hereket edýär. 

                                                                   

 BALDAN SÜÝJI, ŞEKERDEN DATLY 

                                                                   

«Balşekeriň» ady agzalsa, körpejelerimiz: «Äber-de, äber!» diýşip böküberýändirler. Hakykatdan-da, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän, telekeçi Kakamyrat Baýjanowyň ýolbaşçylygyndaky «Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýetiniň «Balşeker» haryt nyşanly konditer önümleri baldan-da datly. 

                                                                   

Ýurdumyzyň telekeçileriniň sergisinde bu kärhana täze we döwrebap önümleriniň birnäçe görnüşini hödürledi. Tekjelerdäki dürli görnüşli, süýji tagamly zefirler, marmeladlar, nogul süýjüleri, kiseller, kökeler, mekgejöwen taýajyklary, siroplar, çörek bölejikleri... deňinden hiç kimi biparh geçirmeýär. Bu önümler ençeme wagtdan bäri ak bazarlarymyzy bezäp gelýär.  

                                                                   

— 100-den gowrak görnüşli önümlerimiz bar. Müşderilerimiziň saglygyny göz öňünde tutup, önümçilikde tebigy önümlere has köp üns berýäris — diýip, kärhananyň menejeri Kakageldi Atabaýew aýtdy. 

                                                                   

Kärhananyň altynmarket.com internet saýtynyň hem-de «Altyn Market» mobil goşundysynyň hereket edýändigini, onlaýn söwdanyň hem ýola goýlandygyny aýratyn nygtamak gerek. Kärhananyň işgärleriniň aglabasy hem ýaşlardan ybarat. 

                                                                   

Könelerimiz tagamy has süýji zada «Bal ýaly süýji eken» ýa-da «Şekerdenem datly» diýipdirler. Diýmek, «Balşeker» — baldan süýji, şekerden datly. 

                                                                                                           

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

                       

«Nesil».

16.04.2022
Hususy pudakda gazanylan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň binýadynyň barha berkeýändigini kepillendirýär

13-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezilýän dürli önümler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hormatly Prezidentimize hasabat berdiler. Birleşme häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. 

  Sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Seljeriş we tehnologiýalar merkeziniň» diwarlyklarynda beýan edilýän hem-de bu düzümleriň sazlaşykly ösüşi barada gürrüň berýän maglumatlar bilen içgin tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz telekeçileriň ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşinde möhüm orun eýeleýändigini belledi, hususyýetçiligiň mundan beýläk-de höweslendirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýokary hilli önümleri öndürip, ýurdumyzda we daşary döwletlerde meşhurlyk gazanan «Hasar», «Misgär», «Duýgy», «Altyn ýunus» kärhanalarynyň, «Bars», «Kindi», «Oguzhan», «Ak gar», «Datmeni» söwda nyşanly süýji-köke öndürýän telekeçileriň görkezýän önümleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Täze aý» hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş boldy. Bu ugurda ýeterlik tejribe toplan işewür hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän kärhanalarynda ýokary hilli et-süýt hem-de süýji-köke önümleriniň öndürilýändigini gürrüň berdi. Hojalyk jemgyýetiniň 18 müňden gowrak söwda nokady bolup, onuň düzümlerinde 4 müňe golaý işgär zähmet çekýär. 

                                                                   

Sergi bilen tanyşlygynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz hususy önümçiligiň dürli ugurlary, hususan-da, süýt, şöhlat, doňdurma önümleri, sintetik ýuwujylar, zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika, amaly-haşam, haly önümleri, senagat, elektron tehnikalary we beýlekiler bilen gyzyklandy, degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hususyýetçiligi mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yzygiderli alada edýändigi, telekeçilere döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ähli telekeçileriniň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Yhlasly zähmeti bilen milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususy işewürligiň wekillerine üstünlikleri arzuw edip, hormatly Prezidentimiz bu ýerden ugrady. 

                                                                                                           

"Nesil".

16.04.2022
Işewürligiň röwşen gadamlary

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Türkmen telekeçileri rowaçlyklaryň röwşen ýoly bilen ynamly öňe barýarlar” diýip belledi. Bu hakykaty paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda birnäçe gün bäri dowam edýän sergi aňryýany bilen subut edýär. Sergi zalynyň giň pawilýonlaryny bezän önümleriň aglabasynyň täze harytlardygy hususy eýeçilikde döredijilikli işlenilýändiginiň alamatydyr.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyjy bilen, 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Şol taryhy günden başlap, türkmen telekeçileri bir supranyň başyna jemlenip, agzybirlikde iş alyp barýarlar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda (rejelenen görnüşi)» Kanunlaryň kabul edilmegi gowy netijeleri berdi. Birleşmäniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde 260 gektardan gowrak meýdanda döredilen Senagat zolagynda häzirki wagtda döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda, innowasion tehnologiýalar esasynda iş alnyp barylýar.  

                                                                   

Oba hojalyk, gurluşyk, senagat, gaýtadan işleýän pudak, ylym-bilim, syýahatçylyk, hyzmatlar ulgamy, garaz, bu gün milli ykdysadyýetimiziň haýsy pudagyny alsaň-da, telekeçileriň yhlasly zähmetini görmek bolýar. Şu ýerde yza nazar aýlap, Ministrler Kabinetiniň 2020-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde aýdylan maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 8 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 45 sany iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berlendigi baradaky maglumaty getireliň!  

                                                                   

Indi 2021-nji ýylyň jemlerine üns bereliň! Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesiniň bellenilen ýylynda umumy bahasy 13 milliard manat bolan 73 sany iri desga ulanmaga berildi. Sanlaryň arasynda, gör, nähili tapawut bar. Biz olara ýöne ýerden ýüzlenmedik. Çünki bu iri desgalaryň aglabasynyň gurluşygy hususy kärhanalar tarapyndan amal edildi. Munuň özi türkmen telekeçileriniň iri şäherleri gurmaga ukyplydygynyň hem subutnamasydyr. 

                                                                   

Hususy pudakda azyk, senagat we gurluşyk önümlerini öndürmekde gazanylan netijeler has-da guwandyrýar. Häzirki wagtda bazarlarymyzyň ýerli harytlar bilen baýlaşmagy-da muňa aýdyň mysaldyr. Bu babatda geçen ýylyň dowamynda önümçilik kärhanalarynyň onlarçasy ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Kaka, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Mary welaýatynyň Mary we Sakarçäge etraplarynda gurlan döwrebap ýyladyşhanalar toplumlary bar. Birbada alty sany ýyladyşhananyň açylmagy bilen, täze iş orunlarynyň 400-e golaýy döredildi. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde guşçulyk toplumy, demirbeton önümlerini öndürýän kiçi kärhana, Magtymguly etrabynda mal etini we şöhlat önümlerini öndürýän kärhana, Serdar etrabynda balykçylyk hojalygy, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda alkogolsyz içgileri, şeýle-de ýuwujy serişdeleri öndürýän kärhanalar, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda guşçulyk fermasy... Olaryň işe girizilmeginiň netijesinde ildeşlerimiziň müňlerçesi iş orunlary bilen üpjün edildi. 

                                                                   

Täze taryhy eýýamda azyk bolçulygyny üpjün etmek döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Munuň üçin biz dünýä standartlaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk önümlerini öndürýän häzirki zaman önümçiliklerini dörederis. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan oba hojalyk önümlerini özümizde giňden öndürip, olaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrarys» diýip belledi.  

                                                                   

Edil şu günlerde telekeçiler tarapyndan alnyp barylýan düýpli gurluşyklaryň hatarynda paýtagtymyzda «Gurtly» ýaşaýyş jaý toplumyny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalary we desgalary, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 48 sany 2 gatly, döwrebap kottejler toplumyny görkezmek bolar. Sanawy ähli welaýatlarda gurulýan köp sanly medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaýlary bilen dowam etdirmek mümkin. Bu türkmen işewürleriniň şähergurluşyk-binagärlik taslamalarynyň üstünlikli amal edilmeginde-de ýokary işjeňlik görkezýändiklerini alamatlandyrýar. 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» ykdysadyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan hususy pudagyň has-da ösdürilmegi babatda hem möhüm wezipeler kesgitlenendir. Şolaryň üstünlikli amal edilmegine mynasyp goşant goşmak, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply harytlary öndürmek üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler bar.  

                                                                                                           

Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

14.04.2022
Telekeçilere berilýän döwlet goldawynyň miweleri

 Düýn Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de maslahat öz işine başlady. Şu gün hem dowam edýän foruma hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşyp, dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar. 

                                                                   

 Biz ýurduň altyn gaznasyna deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. 

                                                                   

 Aman BAÝRAMOW,
«Milli ulgam» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory:
 

                                                                   

— Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň sergisine ilkinji gezek gatnaşýan hojalyk jemgyýetimiz 2021-nji ýylda döredildi. Forumyň ilkinji güni biziň üçin örän netijeli bolup, alyp barýan işlerimize uly gyzyklanma bildirdiler, hyzmatdaşlyk teklipleri hem köp boldy. 

                                                                   

«Milli ulgam» hojalyk jemgyýetiniň edara binasy Aşgabat şäheriniň Parahat etrapçasynda ýerleşýär. Kärhanamyzda 40 töweregi işgär zähmet çekýär. Iş ugrumyz «akylly» öýleri dolandyrmak, «akylly» şäherler üçin programma üpjünçilik ulgamlaryny we enjamlary taýýarlamak, olara hyzmat etmek bilen bagly. Bu babatda Germaniýanyň, Günorta Koreýanyň, Singapuryň, Türkiýäniň, Russiýanyň iri kompaniýalary bilen işleşýäris. 

                                                                   

Enjamlarymyzyň, esasan, ýurdumyzda ýygnalmagy howpsuzlyk tarapyndan ygtybarlydyr. Şu ýerde ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek, gözegçiligi alyp barmak boýunça önümlerimize, şol sanda «Akylly peýkam» modully gözegçilik enjamymyza gyzyklanma uly boldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda «akylly» dolandyryş babatda «Yandex» bilen hem hyzmatdaşlyk edýäris. Geljekde «akylly» öýler üçin türkmen dilinde dolandyryjy ulgamy döretmegi meýilleşdirýäris. 

                                                                   

 Azat GURBANOW,
«Kanagatly nesil» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
 

                                                                   

— Oba hojalygy we azyk senagaty serginiň işiniň esasy ugurlarynyň biridir. Onda hususy kärhanamyz pawlowniýa nahallaryny, stewiýany ösdürip ýetişdirmek, kakadylan we gaplanan göýül, hurma önümlerini taýýarlamak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdy. Örän girdejili agaç bolan pawlowniýanyň «Tomentosa», «Shang tong», «9501», «9502», «Pao Tong Z 07» ýaly ýerli şertlere laýyk gelýän görnüşlerini, şol sanda gibridlerini ösdürip ýetişdirýäris. 

 Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndaky göýül ösümligini medenileşdirmek baradaky başlangyçdan ugur alyp, onuň tohumyny ýygnap, ekip ýetişdirýäris. Göýlüň açylmadyk gunçalaryna hem-de miwelerine Ýewropada uly isleg bildirilýär. Şeýle islegli önümlerden stewiýanyň «Corella», «Lewent 93» görnüşlerini Türkiýe, Ýaponiýa döwletlerinden getirip, nahallaryny ýetişdirdik. Netijeler gowy bolsa, geljekde onuň meýdanyny has-da giňeltmek göz öňünde tutulýar. Bu ösümlikden şekeri çalyşýan we ondan birnäçe esse güýçli bolan stewiozid alynýar. 

                                                                   

Kärhanamyzda müňlerçe düýp tut nahaly hem ýetişdirilýär. Täze görnüşli tutlarymyz uly hem-de ýumşak ýaprakly bolup, ýylda iki gezek ýüpek gurçuklaryny idetmäge mümkinçilik berýär. Onuň gektaryna 10 müň 400 düýbüni ekip ýetişdirmek mümkin. Tuduň täze görnüşiniň ykdysady ähmiýetli ömri 15 ýyla barabardyr. 

                                                                   

 Wepa ERKEŞLIÝEW,
«Adyl açar» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:
 

                                                                   

— Biziň 2017-nji ýylda döredilen kärhanamyz Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýär. «Adyl açaryň» esasy işi innowasiýalary ornaşdyrmak bolup, 30-dan gowrak hünärmenimiz bu ugurda döredijilikli işleýär. 

                                                                   

2020-nji ýyldan bäri «e-bilim» atly okuw platformasyny ösdürýäris. Bu platforma ýurdumyzda bilimiň many-mazmunyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlere mynasyp goşandymyz bolup, onda orta mekdepler, orta hünär okuw mekdepleri üçin niýetlenen, şeýle-de ussaçylyk, hünärmentçilik boýunça okuwlar ýerleşdirilen. Türkmen, rus, iňlis dillerindäki wideoýazgy görnüşli okuwlary tejribeli mugallymlar, ussadyr hünärmenler bilen bilelikde taýýarlaýarys. 

                                                                   

Hünärmenlerimiz onuň kompýuterde, el telefonlarynda ulanmaga niýetlenen görnüşlerini taýýarladylar. Geljekde ony ýurdumyzyň bilim ulgamynda işjeň ulanmak, bilelikde işleşmek boýunça hödürnamany hem taýýarladyk. 

                                                                   

Häzirki wagtda onlaýn wideoaragatnaşyk programmasyny-da işläp düzýäris. Onuň şu platforma birikdirilmegi bilen, uzak aralykdan çärelere, okuwlara gatnaşyp bolar. 

                                                                   

 Hojaguly MUHAMMETNUROW,
«Derýaplastik» hojalyk jemgyýetiniň inženeri:
                                                                    

— Serginiň bölümleriniň aglabasynda täze önümleri, başlangyçlary görmek bolýar. Munuň özi hususyýetçileriň ýyl-ýyldan kämilleşýändigini, hemişe gözlegdedigini aňladýar. Biz hem şu ýylyň başynda alýuminden öý ýyladyjy batareýleri öndürip başladyk. Onuň dürli görnüşlerini sergä getirdik. «Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti 2008-nji ýylda önümçilige girişende, diňe plastik önümleri öndürip başlapdy. Bu günki günde önümlerimiziň görnüş sany 1200-e golaýlaýar. Önümçilikde 500-den gowrak işgär zähmet çekýär.  

«Derýakeramika» sanfaýans we keramika önümlerimiz, 30 — 300 litr aralygyndaky «Ýylyderýa» suw ýyladyjylarymyz hem islegli önümlerdir. Bulardan başga-da, «Derýaplastikde» agyz suw, lagym turbalary, olaryň birikdiriji, sepleýji bölekleri, asma petikleri, penjire we gapy profilleri, elektrik gutular, elektrik geçiriji kabeller öndürilýär. Olar onlarça döwlete eksport edilýär. 

                                                                   

 Sergi gyzykly we guramaçylykly dowam edýär. Oňa gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edýäris. 

                                                                   

 Şatlyk BABAÝEW,
«Algap» hususy kärhanasynyň önümçilik müdiri:
 

                                                                   

— Sergide «Algap» hususy kärhanasynyň plastik önümlerini hem-de «Senagattehnologiýalary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň düzüminde öndürilýän kompozit armaturalaryny görkezýäris. Häzirki wagtda kompozit armaturalarynyň nusgalyk tapgyry öndürilip, oňa degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy. 

                                                                   

Kwars çägesinden aýna süýümini öndürmek we ondan polat armaturanyň ýylda 15 müň tonnasynyň ýerini tutýan, dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek, şeýle-de bazalt daşyndan süýüm alyp, armatura öndürmek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Önümçilik kärhanamyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Senagat zolagynda ýerleşýär. Onuň enjamlary Russiýa Federasiýasyndan getirildi. 

                                                                   

Sergide diametri 4 — 35 millimetrlik dürli görnüşli kompozit armaturalarymyza gyzyklanma uly boldy. Sebäbi bu önüm poslamaýandygy, demirden 11 esse ýeňildigi, elektrik toguny geçirmeýändigi, şeýle-de aragatnaşyk tolkunlaryny gowy geçirýändigi bilen tapawutlanýar. Ol desgalaryň, binalaryň, ýoldur köprüleriň gurluşygynda ulanmaga amatlydyr. 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Rahmanberdi GÖKLEŇOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşürenler Ilaman ÇÜRIÝEW, Hasan MAGADOW.

13.04.2022
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hususy pudagynyň kuwwaty artýar

Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi hem-de maslahaty geçirilýär 

                                                                   

 Aşgabat, 12-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. 

                                                                   

Türkmenistanda telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, häzirki zaman bazar gurallarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna hususy ulgamyň ornunyň berkidilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwlet Baştutanymyz wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: “Döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda işlejek kiçi, orta we iri tehnologik kärhanalaryň gurluşygy ýokary depginler bilen alnyp barlar. Bu bolsa ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge oňyn täsir eder” diýip belledi. Bu maksatlara ýetmegiň ýoly Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen taryhy mejlisinde kabul edilen “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” beýan edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine hem-de maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda-da bu barada aýdylýar. Döwlet Baştutanymyz hususy pudak hyzmatdaşlygynyň, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere giňden çekilmeginiň ähmiýetini nygtaýar. “Biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimizde hususy pudagyň tutýan paýyny artdyrmaga möhüm ähmiýet bereris. Ähli ugurlarda ýaşlaryň işewürlik başlangyçlaryny goldamaga, önümçilik düzümlerini ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmegi dowam etdireris” diýlip, Gutlagda nygtalýar. 

                                                                   

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. 

                                                                   

 Döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabaranyň baýramçylyk öwüşginini has-da artdyrdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň aýdyň beýany bolup durýar. Gözden geçirilişiň esasy maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde gazanylyan üstünlikleri, bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri, ulgamyň innowasion esaslaryny açyp görkezmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklary ýörelgeleri esasynda guraýan ýurdumyzda häzirki wagtda halk hojalygynyň bu ulgamyny netijeli we okgunly ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň hukuk esaslarynyň, salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallarynyň geçirilmeginiň, ýer böleklerini bermegiň tertibiniň ýeňilleşdirilmeginde, ýeňillikli karzlary bermekde hem-de telekeçiler üçin karz, gümrük we söwda amallaryny resmileşdirmek işiniň aňsatlaşdyrylmagynda öz beýanyny tapýar. Bu çäreler kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar döwür üçin Döwlet maksatnamasy bilen baglylykda amala aşyrylýar. Şol maksatnama Türkmenistanda telekeçilik işini işjeňleşdirmek arkaly ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň ýokary depginlerini üpjün etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Görülýän çäreler anyk netijelerini berýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň 3 aýynda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 108,1 göterime barabar boldy. Häzirki wagtda ykdysadyýetiň hususy ulgamynda ýurdumyzyň zähmet çekýän ilatynyň ýarysyndan gowragy işleýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň 8-nji aprelde geçirilen mejlisiniň barşynda hem kiçi we orta telekeçiligi goldamak, telekeçileri ykdysadyýetde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek, hususy ulgamyň paýyny artdyrmak we ýurdumyzyň ykdysadyýetinde onuň eýeleýän işjeň ornuny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda emele gelen däbe laýyklykda, hususy işewürligiň gazananlarynyň gözden geçirilişi köp babatda dürli ugurlardaky täzelikler hem-de telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we eksport ugurly önümleriň önümçiliginde ulanylýan innowasion işläp taýýarlamalar bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümleýin edaralary, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky, paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda giň gerimli döwlet taslamalaryny durmuşa geçirýän iri kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri öz diwarlyklaryny gurnadylar. 

                                                                   

Däp bolşy ýaly, sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň obasenagat toplumynda, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagatda işleýän agzalarynyň işi giňden görkezilýär. Telekeçiler diňe bir döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, öz öňlerinde goýlan wezipeleri çözmäge — Türkmenistany daşary ýurtlardan azyk önümlerini getirmegi azaldýan, şol önümleri beýleki ýurtlara iberýän ýurda öwürmäge çalyşýarlar. 

                                                                   

Hususy önüm öndürijiler oba hojalyk pudagyny özgertmäge saldamly goşant goşmak bilen, hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny ulanýarlar, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ýerlerde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegiň hem-de ýylyň dowamynda gök önümleri ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny döretmegiň hasabyna ekinleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Munuň özi içerki bazarlary önümlerden doldurmaga hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler gök we bakja önümleriniň, miweleriň, şol sanda ýurdumyzda ozal öndürilmeýän önümleriň önümçiligini artdyrýarlar. “Ter”, “Ýigit”, “Ter önüm” hojalyk jemgyýetleriniň, “Has”, “Erkin gurluşyk”, “Miweli ülke”, “Altyn gala gurluşyk”, “Altyn tug”, pawlowniýa agajyny ösdürip ýetişdirýän “Kanagatly nesil” kärhanalarynyň we beýlekileriň sergide görkezilýän ekologik taýdan arassa we ýokary hilli önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Telekeçileriň käbiri gözden geçirilişe gatnaşyjylary ýyladyşhanalary enjamlaşdyrmakda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa ulgamynda amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrýarlar. 

                                                                   

Häzirki wagtda telekeçiler et-süýt önümleriniň, çagalar iýmitiniň, miwe we gök önümleriň konsentrantlarynyň, miwe suwlarynyň, maýoneziň, doňdurmanyň, gaplanan önümleriň, balyk önümleriniň, süýji-kökeleriň köp görnüşlerini çykarýarlar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň halkara ISO hem-de HAССP güwänamalaryna eýe bolmagy olaryň azyk önümleriniň ýokary hillidigine hem-de ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlangyjy boýunça “Hil standart” hojalyk jemgyýeti tarapyndan döredilen Türkmenistandaky azyk önümleriniň howpsuzlygynyň seljermesi boýunça ilkinji barlaghana merkezi azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Bu düzümiň azyk önümleriniň seljermesi ulgamyndaky ygtyýarlylygy halkara akkreditasiýa tarapyndan ISO/IEС17025:2017 standarty boýunça tassyklanyldy. 

                                                                   

Sergide önümleri hödürleýänleriň hatarynda iri oba hojalyk kärhanalary, guşçulyk, maldarçylyk hem-de balykçylyk boýunça önümçilik-gaýtadan işleýän toplumlar, gök we bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän kärhanalar bar. Şolardan balyk ösdürip ýetişdirýän we gaýtadan işleýän “Hazar balyk” toplumyny, “Ak toprak” kärhanasyny, “Hoş zaman” guşçulyk fermasyny, “Elin balyk”, “Bereketli”, “Toý zaman” “Altyn hilal” hojalyk jemgyýetlerini, “Nurly meýdan” daýhan hojalygyny görkezmek bolar. 

                                                                   

Sergide “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy”, “Altyn ýunus” kärhanalary, “Bars”, “Kindi”, “Oguzhan” “Ak gar”, “Datmeni” söwda belgili önümleri çykarýan telekeçiler we beýlekiler süýji-köke önümlerini görkezýärler. Olaryň önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, onuň çäginden daşarda-da meşhurlyga eýedir. Olar Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisine süýjüleriň, kökeleriň, lukumlaryň we beýleki nygmatlaryň täze görnüşlerini taýýarladylar. Şu ýerde “Talhan” we “Tomus” nyşanly çörek we çörek önümleri hem görkezilýär. 

                                                                   

Sergide “Zamana”, “Ak çeşme”, “Elin”, “Salkyn”, “Täze aý önümleri”, “Ýüpek ýoly gurluşyk” söwda belgili süýt önümleri, “Şawat” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Sahabatly”, “Gönezlik” hojalyk jemgyýetleriniň we beýleki önüm öndürijileriň önümleri görkezilýär. “Erteki”, “Täze aý” söwda belgili doňdurmalaryň görnüşleri ýylsaýyn giňeldilýär. Bu önümler hem eksport ugurly harytlara öwrüldi. 

                                                                   

“Arçalyk”, “Ak ýol”, “Akdaş miwe içgileri”, “Berk akar” kärhanalary, “Ýakymly kümüş suwy”, “Miweli oba”, “Binýat”, “Döwür gurluşyk”, “Çäksiz lezzet”, “Mahmal Zip” hojalyk jemgyýetleri we beýlekiler gök önümlerden, miwelerden öndürilen şireleri hem-de içgileri, arassa agyz suwuny görkezýärler. 

                                                                   

Önümleriniň köp bölegini daşary ýurtlara iberýän ýokary tehnologiýaly döwrebap kärhana bolan “Parahat” hususy kärhanasynyň bölüminde çagalar iýmiti — ýerli arassa çig maldan öndürilen dürli görnüşli gök we miwe önümleriniň püresi hödürlenilýär. Kärhananyň diwarlygynda ýurdumyzda meşhur bolan eksport ugurly önümler — “Joş”, “Eçil” miwe suwlary, “ÖZI”, “ZOR”, “OK”, “TAP” söwda nyşanly içgileriň dürli görnüşleri, sowuk çaý, pomidor üwmeji hem-de ýerli çig maldan içgileri taýýarlamak üçin niýetlenen konsentrantlar, uzak wagtlap saklap bolýan süýt we süýt önümleri, “Däp” nyşanly ýogurtlar görkezilýär. Önüm öndürijiniň täze önümleriniň hatarynda “Ýeserje” şokolad pastasy bar. Ýakyn wagtda bolsa ýurdumyzyň söwda dükanlarynda 72 göterimli gara şokolad hem-de körpeler üçin süýt-däne we süýt-miwe şülesi peýda bolar. 

                                                                   

Sergide sanly ykdysadyýetiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen hem tanyşdyrylýar. IT ulgamda ýöriteleşdirilen hojalyk jemgyýetleridir kärhanalar — “Ýokary tilsimatlar” merkezi, “Adyl açar”, “Milli ulgam”, “Awtomatizasiýa tehnologiýalarynyň merkezi” we beýlekiler öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Bu kärhanalar döwrebap senagat we elektron önümlerini, töleg terminallaryny, okuw maksatnamalaryny, «akylly» öýleriň taslamalaryny hödürleýärler. Sergä ýurdumyzyň esasy onlaýn internet serişdeleriniň biri bolan “Turkmenportal” ilkinji gezek gatnaşýar. Ol maglumat önümlerini, IT hyzmatlar, marketing hem-de PR tehnologiýalar ulgamynda gazanan üstünliklerini görkezýär. 

                                                                   

Sergide gaz we elektrik plitalary, tagam taýýarlamaga niýetlenen dürli elektrik peçler, daşary ýurt önümleri bilen mynasyp bäsdeşlik edýän hem-de alyjylaryň islegine eýe bolan smart-telewizorlar ýaly ýurdumyzyň durmuş tehnikasyna degişli önüm öndürijileriniň harytlary görkezilýär. “Abat şekil” kärhanasy bolsa filament lampalarynyň mümkinçiliklerini görkezýär. 

 Sergä gatnaşyjylar häzirki zaman senagat we elektron önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýetiniň bölüminiň önümleri bilen gyzyklandylar. Bu hojalyk jemgyýetiniň önümleriniň görnüşleri yzygiderli artýar. Onda iki sim kartly ykjam telefonlar, smartfonlar, dürli görnüşli monobloklar, smart-telewizorlar, häzirki zaman sowadyjylary, internet ulgamynyň paýlaýjylary (routerler), agyz suwuny sowadýan we gyzdyrýan enjamlar öndürilýär. 

                                                                   

Göwrümi 32 hem-de 42 dýum bolan “Tolkun” suwuk kristal ekranly telewizorlar, degişli interfeýsi we ulgamlaýyn enjamlary bolan 55 dýumlyk “Zemin” telewizorlary dünýäniň öňdebaryjy nusgalary bilen mynasyp bäsdeşlik edip bilýärler. Şu gün görkezilen täze harytlaryň hatarynda ýurdumyzda işlenip taýýarlanylan Gün energiýasynda işleýän ýol yşyklar hem-de ýol belgileri bar. Önüm öndürijiler olary göni internet ulgamynda resmi saýt arkaly ýerleýärler. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň hususy telekeçileriniň söwda we hyzmatlar ulgamynda ykjam elektron gollanmalary bolan internet söwdanyň mümkinçilikleri barha artýar. Şeýle hem harytlary ýerlemek üçin elektron meýdançalaryň mümkinçilikleri barha giňden peýdalanylýar. Şolaryň hatarynda ulaglaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň we olara degişli serişdeleriň söwdasyny guraýan “Ýakyndar” onlaýn söwda meýdançasy, “Ynamdar” onlaýn market we beýlekiler bar. 

                                                                   

Sergä gatnaşyjylar podstansiýalaryň, elektrik hereketlendirijileriň, generatorlaryň, transformatorlaryň gurnama, ýeňil we düýpli abatlamak işleri boýunça öz mümkinçiliklerini görkezýän hem-de elektrik enjamlaryny görkezýän, olaryň ähli görnüşlerini synagdan geçirýän “Türkmen ýyldyzy” kärhanasynyň işi bilen ýakyndan tanyşdylar. 

 Gurluşyk ulgamynda işleýän telekeçileriň bölümleri köp adamly boldy. Häzirki döwürde Döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde, iri taslamalar, şol sanda Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça sargytlary ýerine ýetirmek hususyýetçilere ynanyldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary paýtagtymyzda ýaşaýyş jaý we kottej toplumlaryny, seýilgäh zolaklaryny, edara ediş we işewürlik merkezlerini, düzümleýin desgalary gurýarlar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, «Aşgabat-sitiniň» gurluşygy ýaly iri taslamalary ýerine ýetirýärler. Geçen ýyl Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary “Aşgabat” söwda merkezi toplumyny, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda iri suw howdanyny ulanmaga tabşyrdylar. Daşoguz welaýatynda haly fabrigi, “Türkmeniň ak öýi” binasy, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň täze düzümleýin desgalary, Kerki şäherinde Halkara howa menzili hem-de elektrik we gaz gysyjy beketler, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş ulgamyna degişli edaralar guruldy. 

                                                                   

Sergide ýurdumyzyň telekeçileriniň ýokary hil derejesine eýe bolan gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň ösdürilmegine goşýan goşandy baradaky maglumatlar uly orun eýeleýär. “Çaly” hususy kärhanasy täzeçil tehnologiýalar esasynda ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň örän köp görnüşlerini taýýarlaýar. Häzirki zamanyň täzeçil enjamlary bu kärhana dürli desgalaryň gurluşygynda we gaz magistral turbalaryň önümçiliginde giňden ulanylýan örtük serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berdi. 

                                                                   

Diýarymyzda penaplast we ondan dürli görnüşli önümleri öndürýän “Ak hünji” nyşanly önümler sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu gün kärhana şeýle önümleriň 200-den gowrak görnüşini öndürýär. Ol dürli göwrümdäki ýörite gaplary öndürmek arkaly söwda bazarlarynyň isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda üstünlikli işleýär. Sergide mebel önümçiliginde zerur serişdeleriň dürli görnüşleri, şol sanda konselýar önümler, gap ýuwujy serişdeler giňden görkezilýär. 

                                                                   

“Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň önümleri we alyp barýan işleri ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Onuň kärhanalarynda ýokary hilli, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýan önümleriň 1 müň 500-den gowragy öndürilýär. Munuň özi ýüzlerçe görnüşli turbalardan, kabellerden, asma petiklerden, penjireler we gapylar üçin niýetlenen serişdelerden, şeýle hem jemagat hojalygynda, gurluşykda giňden ulanylýan polietilen hem-de polipropilen serişdelerinden ybaratdyr. Bu ýerde kafelleriň dürli görnüşleri, faýansdan santehnika önümleri öndürilýär. Ýokary hilliligi, görnüşleriniň, bezegleriniň özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýan önümler “Derýakeramika” söwda nyşany bilen ýerlenilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisinde dürli göwrümli suw gyzdyryjylaryň köp görnüşleri görkezilýär. Ýyladyş ulgamy üçin niýetlenen alýumin radiatorlar sergide ilkinji gezek goýuldy. 

                                                                   

Asma petikleri, demir profilleri, keramiki plitalary, bazalt süýümini, turbalary, kerpiçleri, demir-beton gurnamalaryny, suw saklaýjylary, ýuwlan çagly, keramzit, elektrik kabellerini, şlangalary, ýol ýakalaryna goýulýan daşlary, gury gurluşyk garyndylaryny, ýag we howa süzgüçlerini, akkumulýatorlary öndürýän kärhanalar senagat pudagynyň ýeten derejesini görkezdiler. Şolaryň hatarynda “Ak bulut”, “Ak gaýa”, “Saka” hojalyk jemgyýetleri, “Gujurly inžener”, “Hindiwar”, “Berk önüm”, “Algap” kärhanalary, sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Sapaly jaý” hususy kärhanasy we beýlekiler bar. 

                                                                   

Sergide ulag we logistik hyzmatlary ýerine ýetirýän hususy kärhanalaryň hem-de kompaniýalaryň üstünlikleri görkezilýär. Şolaryň hatarynda “Bir dünýä”, “Ulag ekspeditorçylyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýetleri, “Bir kuwwat” hususy kärhanasy we beýlekiler bar. Ýük daşamak bilen meşgullanýan telekeçileriň hödürleýän hyzmatlarynyň görnüşleri köpelýär. Olar harytlary daşamak, intermodal gatnawlary ýola goýmak, harytlary gaplamak, saklamak hem-de beýleki hyzmatlary ýerine ýetirýärler. Bu ugurda durmuşa geçirilýän halkara taslamalaryň çäklerinde ulag-logistika kompaniýalarynyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. 

 Bu ýerde durmuş himiýasy önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenilýär. Sintetik ýuwujy, zyýansyzlandyryjy serişdeler, kosmetika we parfumeriýa ulgamynda önüm öndürýän “Täç hil” kompaniýasy ýurdumyzyň bazarynda täze önümleri bilen meşhurlyk gazanýar. Bu ýerde ýuwujy serişdeleriň hatarynda suwuk sabyn, aýna arassalaýjy, howany tämizleýji, aşhana plitalaryny arassalaýan serişdeleriň, çygly süpürgiçleriň we polietilen torbalaryň täze görnüşleri görkezilýär. Bu ugurda “Ýeke damja” kärhanasy önümlerini ilkinji gezek görkezýär. 

                                                                   

“Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti şarikli ruçkalaryň nusgalaryny görkezýär. Bu ýerde her aýda ruçkalaryň 4 million sanysy çykarylýar. Munuň özi önüm öndürijä bu haryt bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmäge däl, eýsem, ony daşary ýurtlara hem ibermäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Umuman, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny açyp görkezýän sergide telekeçileriň dürli ugurlar boýunça öndürip başlan täze önümleriniň 100-den gowragyny görmek bolýar.  

                                                                   

Serginiň baş maksady telekeçileriň mümkinçiliklerini artdyrmakdan, maýa goýumlary geljegi uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirmekden ybaratdyr. Suwuklandyrylan gaz, tebigy gazdan karbamid we ammiak, elektrod önümçiligi boýunça iş alyp barýan kärhanalar ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýeten derejesini görkezýär. 

                                                                   

Sergä gatnaşýanlaryň birnäçesi halkyň sarp edýän harytlarynyň çykarylyşyny artdyrmakda hususy ulgamyň mümkinçiliklerini görkezýärler. Şolaryň hatarynda dokma önümlerini hem-de aýakgaplary, döwrebap lybaslary we beýleki zerur önümleri öndürýänler — “Röwşen”, “Batly gadam” kärhanalary, “Muhammet Balkan”, «Ak suw” hojalyk jemgyýetleri hem-de olaryň döwrebap önümleri, mekdep ýantorbalaryny, sport aýakgaplaryny we beýlekileri öndürýän aýry-aýry telekeçiler bar. 

                                                                   

Paýtagtymyzda egin-eşikleri himiki usul bilen arassalaýan “Maýam” kärhanasy uly meşhurlykdan peýdalanýar. Onuň hünärmenleri durmuş hyzmatlary babatda alyp barýan işlerini mahabatlandyrýarlar. Bu ýerde sargytlary resmileşdirmek we sowgatlyk güwänama almak ýola goýlupdyr. 

                                                                   

 “Abraýly önüm”, “Köşkli oba”, “Çigildem”, “Belent akaba” ýaly mebel önümçiligini ýola goýan kärhanalar özleriniň mümkinçiliklerini we ýeten derejesini görkezýärler. 

                                                                   

 “Abadan haly” haly kärhanasynyň işi ýurdumyzyň senagat ulgamynda öňdäkileriň hataryndadyr. Onda dürli görnüşli halylar we özboluşly reňk sazlaşygy bolan palaslar öndürilýär. Polipropilen ýüplüginden taýýarlanylýan häzirki zaman haly önümleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly islegden peýdalanýar. Ýeri gelende aýtsak, haly önümçiliginde sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar. 

                                                                   

Senetçilik we amaly-haşam sungatynyň önümçiligi bilen meşgullanýan işewürleriň işleri halkymyzyň milli medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm orun eýeleýär. Sergide ajaýyp halylaryň özboluşly aýratynlyklary, zergärleriň işleri we keşdeçileriň önümleri bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň nusgalary şekillendirilen milli nusgadaky sowgatlyk önümler has özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. 

                                                                   

Sergide Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilim ugurly işleri hem görkezilýär. Onlarça bilim taslamalaryny durmuşa geçirýän telekeçilik mekdebi, birnäçe okuwlary guraýan, şol sanda daşary ýurt dillerini we kompýuter sowatlylygyny öwredýän hususy bilim merkezleri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzyň telekeçileri hyzmat we söwda ulgamynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar hem-de halkymyza durmuş, mahabat we neşirýat ugurlaryna degişli hyzmatlary hödürleýärler. 

                                                                   

Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde maslahat geçirildi. Onda täzeçil tehnologiýalary, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça kesgitlenen çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Forumda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iri döwlet sargytlaryny ýerine ýetirmek, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi we beýleki wajyp meseleler barada pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işiniň guramaçylyk meseleleri boýunça çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Bu serginiň häsiýetli aýratynlygy onuň dowamynda ýerli kärhanalaryň we daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda söwda boýunça ikitaraplaýyn şertnamalaryň baglaşylmagydyr. Şunda ýurdumyzyň hususy önüm öndürijileriniň daşary ýurt kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 şertnamany baglaşandygyny bellemek gerek. Şolardan 16-sy bahasy 3 million 247 müň 441 ABŞ-nyň dollaryna barabar bolan eksport şertnamasydyr. 47-si bolsa bahasy ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import şertnamasydyr. 

                                                                   

Şunuň bilen birlikde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada barabar bolan özara içerki söwda boýunça şertnamalaryň 51-sini baglaşandygyny bellemek möhümdir. Olar, esasan, dürli azyk önümleriniň we önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. Munuň özi serginiň köptaraplaýyn häsiýete eýedigini görkezýär. 

                                                                   

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň berýän uly goldawynyň, hususy işewürligi ösdürmek üçin döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertleriň türkmen telekeçilerine geljege uly ynam bilen garamaga, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmagyň, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň bähbidine has-da tutanýerli zähmet çekmäge mümkinçilik berýändigini biragyzdan bellediler. 

                                                                   

Maslahatyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” bäsleşiginiň jemleri-de jemlendi. 

                                                                   

 Sergi ertir öz işini dowam eder. 



13.04.2022
Hususyýetçilik — ýurduň altyn gaznasy

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilenine 14 ýyl doldy. Şu gün bu sene mynasybetli ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda türkmen telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahaty öz işine başlaýar. Däp bolan forum ýurduň altyn gaznasyna öwrülen hususy pudagyň bedew batly ösüşlere beslenýändigini, türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň görkezer.  

                                                                   

Bu aýdylanlary Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň üç aýynda oba hojalyk we azyk önümleriniň ösüş depgininiň 164,5 göterime hem-de senagat önümleriniň öndürilişiniň 108,1 göterime barabar bolandygy hem doly tassyklaýar. Munuň özi türkmen telekeçileriniň şu ýylyň birinji çärýegini uly üstünliklere besläp, şanly senä mynasyp zähmet sowgatly gelendigini alamatlandyrýar. 

 Hormatly Prezidentimiz 8-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Bu çäreler, ilki bilen, telekeçileriň we raýatlaryň işewürligini höweslendirmek arkaly iş ýerlerini saklap galmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilmelidir. Telekeçiler partiýasynyň agzalary ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, milli ykdysadyýetiň hemmetaraplaýyn pajarlap ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.  

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän oýlanyşykly ykdysady strategiýasynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, bazar gatnaşyklary şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasaty alyp barmak, netijede, içerki bazary ýurdumyzda öndürilen önümler bilen doly üpjün etmek ýaly möhüm başlangyçlar öňe sürülýär. Şunuň bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlar kämilleşdirilýär, netijeli býujet, salgyt, bank syýasaty alnyp barylýar. 

 Hususyýetçileriň 200-den gowragynyň gatnaşmagynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergide döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri mynasyp orun eýeleýär. Şeýle hem hususy gurluşyk kärhanalarynyň gurýan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler aýdyň şöhlelendirilýär.  

                                                                   

«Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere görä, telekeçilige sanly ulgam toplumlaýyn ornaşdyrylýar. Innowasion başlangyçlary, öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmagyň, elektron işewürligi, harytlary sanly ulgam arkaly eltip bermek boýunça hyzmatlary giňeltmegiň hasabyna işewürlik hem-de jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň hili ýokarlandyrylýar. Şu günki sergä köpugurly internet we kompýuter hyzmatlaryny hödürleýän işewürler hem gatnaşýar. 

 Öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmagyň Döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýokarda agzalan mejlisde durmuşda has gerekli önümleriň, aýratyn-da, azyk önümleriniň ýeterlik gorlaryny döretmek bilen bagly meselelere-de aýratyn üns berdi. Azyk bolçulygyna goşant goşýan telekeçiler şu günki forumda çörek, süýji-köke, süýt-gatyk, alkogolsyz içgilerdir miwe şireleri, et, şöhlat we balyk önümleri, ýyladyşhana, guşçulyk, maldarçylyk hojalyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýarlar. Olaryň hiline aýratyn gözegçilik edilýär. Şunuň bilen bagly hil barlaglary boýunça enjamlar, halkara güwänamalar hem sergide görkezilýär. 

  Serginiň bölümlerinde dürli senagat önümleri bar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde senagat zolaklarynyň döredilmegi, olaryň göwnejaý işini guramakda goldaw-hemaýatlaryň yzygiderli berilmegi dünýä ülňülerine laýyk gelýän harytlaryň önümçiliginiň has-da ösmegine getirýär. Hususy pudakda öndürilýän polietilen we polipropilen, keramika, mebel önümleri, gurluşyk serişdeleri ýokary hilliligi, bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Senetçilik hem işewürligiň ösen ugurlarynyň biridir. Iri gözden geçirilişde zergärler, halyçylyk we tikinçilik bilen meşgullanýanlar täze önümlerini görkezýärler.  

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň, aýratyn-da, çet-gyraky sebitlerde ýaşaýan ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek, ýaşlar telekeçiligini goldamak barada aýdanlary başymyzy göge ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan durmuşymyza buýsanmalydyrys. 

                                                                                                           

Saparmyrat OWGANOW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

12.04.2022