Habarlar
Azyk bolçulygy — abadan ýaşaýşyň kepili

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynda gazanylýan ösüşler, düýpli özgertmeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkymyzyň azyk harytlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak meselesini iň bir ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi.  

                                                                   

 Şu ýylyň 4-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde türkmen telekeçilerine uly ornuň degişlidigini belläp, azyk önümlerini öndürýän hususy taraplara, ylaýta-da, towuk ýumurtgasyny we etini öndürýän önüm öndürijilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek hakynda Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň bu möhüm resminamasy azyk önümçiligini alyp barýan telekeçileri täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrdy. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Obasenagat toplumy we balykçylyk müdirliginiň başlygy Şamyrat HERREMOW bilen söhbetdeşligimiz hem şular dogrusynda boldy.  

                                                                   

 — Şamyrat aga, azyk bolçulygy diýlende, ilkinji nobatda, ene topragyň berekedi göz öňüňe gelýär. Türkmen telekeçileri hem sahawatly toprakda oba hojalyk ekinleriniň ählisini diýen ýaly ösdürip ýetişdirýärler. Işewürlerimiziň topraga yhlasynyň syry nämededir? 

 — Türkmen has irki döwürlerden bäri ekin ekmek, mal bakmak bilen meşgullanyp, bu ugurdan müňlerçe ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan zähmetsöýer halkdyr. Dana pederlerimiz tebigatyň ýazylmadyk kanunlaryny ekerançylyk, maldarçylyk işleri bilen ussatlarça utgaşdyryp, ekin ekmegiň, mal bakmagyň inçe syrlaryny, netijeli çemeleşmelerini asyrlarboýy öwrenipdirler. Ony arkama-arka kämilleşdirip, häzirki bagtyýar nesillerimize miras galdyrmagy başarypdyrlar. Aslynda, ekin ekmek, mal idetmek, hala oba, hala-da şäher ýaşaýjysy bolsun, her bir türkmeniň kalbyna mäkäm ornandyr.  

                                                                   

Şu günki oba hojalykçy telekeçilerimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlardan, döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, öz işlerini ata-babalarymyzyň ekerançylykda we maldarçylykda asyrlaryň dowamynda kemala getiren baý tejribesini häzirki zaman ylmynyň, öňdebaryjy tejribäniň gazananlary bilen utgaşykly alyp barýarlar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dünýä belli «John Deere» kompaniýasynyň jemi bahasy 176 million amerikan dollaryndan gowrak bolan 3050-ä golaý oba hojalyk tehnikalary we enjamlary telekeçi daýhanlara halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl, mallardan köp önüm almaga şert döredýär. Ine, işewürlerimiziň ene topraga bolan yhlasynyň syry şu ajaýyp şertlerden hem mümkinçiliklerden ybarat diýsek, hakykatdan daş düşmeris. 

                                                                   

 — Telekeçiler, esasan, haýsy ekinleri has ürç edip ekýärler? 

                                                                   

— Ýurdumyzyň tebigy şertleri ekin ekmek üçinem, mal bakmak üçinem örän amatlydyr. Biziň güneşe baý, mes topragymyzda bitmeýän ekin, megerem, ýokdur. «Türkmen topragyna kesewiňi dürtseňem gögerýär» diýlip, ýöne ýere aýdylýan däldir. Ekerançy telekeçilerimiziň gök-bakja, azyklyk däneli, ot-iýmlik ekinleri, miweli baglary ekmek bilen bir hatarda, öň howa-toprak şertlerimizde ekilmeýän ekinleriň täze görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde gazanýan netijeleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

 Öňler günebakar, mekgejöwen ýaly ekinler, esasan, suwly ýaplaryň boýlaryna ekilerdi. Indi bu ekinler aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän meýdanlary tutýar. Soňky 3-4 ýyl bäri telekeçiler ýag alynýan rapsy (kanola) synag esasynda ösdürip ýetişdirip, gowy netije aldylar. Şu ýyl «Sahabatly» hojalyk jemgyýeti, «Guş toplumy», «Sekiz bag», «Rowaçly sähra», «Berzeňňi melhemi» hususy kärhanalary, telekeçiler Hojamyrat Hojanyýazow, Anna Orazmämmedow bilelikde, umumy meýdany 820 gektara kanola ekip, her gektaryndan ortaça 30 sentner hasyl aldylar. Bu ekiniň tohumy gaýtadan işlenende, 35 — 40 göterim ýag, 65 — 60 göterim künjara çykýar. Kanola ýagy soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurtlarynda iýmitlik ýag hökmünde giňden ulanylýar. Onuň ýagy we künjarasy belli bir derejede iýme garylyp, towuklara hem berilýär. Şeýlelikde, guşçulyk üçin ýurdumyza import edilýän soýa hem-de günebakar ýagynyň we künjarasynyň belli bir möçberlerini geljekde kanola ýagy we künjarasy bilen çalşyp bolar.  

                                                                   

 — Şamyrat aga, halkymyzda «Işleseň — il tanar» diýlen aýtgy bar. Tüweleme, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän türkmen telekeçileri asylly işleri bilen adygyp, halkymyzyň arasynda giňden tanalýarlar. 

                                                                   

— Dogry aýdýarsyňyz. Döwlet Baştutanymyzyň oba hojalykçy hususyýetçiler barada edýän taýsyz tagallalary, önüm öndürmek üçin döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde ýylyň-ýylyna ýerden bol hasyl alýan, halal gazanç edip, uly abraýa, sylag-hormata mynasyp bolýan tanymal telekeçilerimiz sanardan juda köpdür. Ekerançylyk boýunça halypalyga ýetişen Orazgeldi Anzarow, Täjibaý Ataýew, Begmuhammet Çaryýew, Nurýagdy Ýagmyrow, Aýdogdy Hudaýberdiýew, Jumamyrat Döwranow, Rüstem Beşimow ýaly telekeçilerimiz, hakykatdan hem il içinde giňden tanalýar. Orazgeldi Anzarow, Täjibaý Ataýew her gektar mekgejöwenden 60 — 70 sentner, bugdaýdyr gowaçadan ortaça 40 — 45 sentner hasyl almagy başarýarlar. Olar ekin ekmekde toplan baý tejribesini, ekerançylygyň inçe syrlaryny, ýerden bol hasyl almagyň täsirli usullaryny ýaş telekeçilere öwredip, pederlerimiziň halypa-şägirtlik ýoluny hem ýöredýärler.  

 Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisine gelende, Orazgeldi Anzarow bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, gazanýan netijeleri bilen içgin gyzyklandy. Gahryman Arkadagymyzyň hem 30-njy maýda Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolanda, daýhan telekeçi Täjibaý Ataýew bilen söhbetdeş bolup, alyp barýan asylly işlerine ýokary baha bermegini uly buýsanç bilen belläp geçesimiz gelýär.  

                                                                   

 — Türkmen telekeçileriniň öndürýän oba hojalyk we azyk önümleriniň haýsy görnüşleri eksporta has köp möçberde iberilýär? 

                                                                   

— Ýurdumyzda telekeçileriň öndürýän önümlerini daşary ýurtlara ibermek meselesine aýratyn üns berilýär. Bu babatda «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Maksatnamada bellenen çärelere laýyklykda, eksporta niýetlenen önümleri öndürýän taraplara ýer bölekleri, karz serişdeleri bölünip berildi, önümleri eksporta ibermegiň tertibi ýönekeýleşdirildi.  

                                                                   

Döwletimiz tarapyndan eksportçylara döredilýän amatly şertler Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarynda uly meşhurlyga eýe bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Eksporta iberilýän köp sanly önümleriň hatarynda azyk önümleri aýratyn orna eýedir. Türkmeniň bereketli topragynda, güneşli howasynda, ynsan saglygyna zyýanly hiç hili himiki serişdeleri ulanmazdan ösdürilip ýetişdirilýän, tagamy datly, ekologik taýdan arassa, gymmatly iýmit maddalaryna, witaminlere örän baý gök-bakja, miwe önümlerimize daşary ýurtly sarp edijiler tarapyndan isleg barha artýar.  

 Sözümiz gury bolmaz ýaly, käbir sanlary belläp geçeliň. Mysal üçin, 2020-nji ýylyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, azyk önümlerini eksporta ibermekden gelýän gyzyl puluň möçberi 2021-nji ýylda 80,2 göterim artdy. Azyk önümlerini ýerlemekden gazanylan gyzyl puluň möçberiniň 79,0 göterimi gök-bakja önümlerine degişlidir. Eksporta iberilýän gök-bakja önümleriniň agramly bölegi pomidor bolup durýar. Bulardan başga-da «Hasar», «Burkut», «Täze Aý», «Doganlar ýyldyzy», «Duýgy» haryt nyşanly süýji-köke önümleri, «Nur» haryt nyşanly gaplanan gök önümler, «Eçil» haryt nyşanly miwe şireleri, «Ýeserje» haryt nyşanly miwelerden taýýarlanýan çaga iýmiti, «Täze Aý» haryt nyşanly doňdurma önümleri dünýäniň birnäçe döwletlerine yzygiderli eksport edilýär. «Hasar» we «Täze Aý» haryt nyşanly süýji-köke önümleri Owganystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Yrak, Täjigistan, Hytaý, Ukraina ýaly döwletleriň ençemesine iberilýär.  

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» eksporta iberilýän oba hojalyk we azyk önümleriniň möçberlerini artdyrmak, görnüşlerini köpeltmek, geografiýasyny giňeltmek barada wezipe kesgitlenendir. 

                                                                   

 — Mälim bolşy ýaly, oba hojalyk önümçiligi milli baýlyklarymyz bolan ýer-suw serişdeleri bilen berk baglanyşykly. Olary netijeli we aýawly ulanmak boýunça birleşmede alnyp barylýan işler barada-da gürrüň beräýseňiz? 

                                                                   

— Ýer-suw serişdeleri bahasyz baýlykdyr, olary gözüň göreji deý gorap saklamak, aýawly ulanmak mukaddes borçdur. Biziň tebigy şertlerimizde, esasan, suwarymly ekerançylyk alnyp barylýar, şonuň üçin hem her damjasy altyn dänesine deňelýän suw serişdelerimizden tygşytly peýdalanmak, ýerlerimizi aýawly ulanmak möhümdir.  

  Hususyýetçiler oba hojalyk önümçiligine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyz bolan ýeri, suwy aýawly we netijeli ulanmak, ekinleriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini döretmek ugrunda yhlasly işleýärler. Miweli baglar we üzüm agaçlary ekilen meýdanlara damjalaýyn suwaryş ulgamyny ornaşdyrýarlar. Bu usul suwy tygşytly ulanmaga, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almaga, topragyň gurplulyk derejesini ýokarlandyrmaga we ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berýär. Geljekde gowaça, günebakar, ýeralma, pomidor, hyýar, bulgar burçy, badamjan ýaly ekinleri damjalaýyn usulda suwarmak arkaly ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işleri geçirilýär. Mysal üçin, «Edermen ýigit» hojalyk jemgyýeti suw tygşytlaýjy tehnologiýany ornaşdyryp, 10 gektara ekilen «dido», «marabel» görnüşli ýeralmanyň her gektaryndan ortaça 40 tonna, 8 gektara ekilen «presto», «speedo» görnüşli käşiriň her gektaryndan 40 tonna golaý, 26 gektara ekilen «bereket», «şampion» görnüşli düýp soganyň her gektaryndan 60 tonna töweregi hasyla garaşýar.  

                                                                   

 — Hormatly Prezidentimiz azyk bolçulygyny döretmegi, halkymyzyň köp görnüşli we ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmak meselesini mydama üns merkezinde saklaýar. Şol sanda guşçulygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu pudagyň ot-iým binýadyny döretmek maksady bilen goşmaça ýer bölekleriniň bölünip berilmegi telekeçilere uly kömek bolandyr?! 

                                                                   

— Elbetde. Azyk üpjünçiliginde guşçulyk pudagyna uly orun degişlidir, sebäbi towuk ýumurtgasy we eti gündelik, köp ulanylýan azyk önümleriniň hataryna girýär. Lukmanlar tarapyndan işlenip düzülen iýmitlenmek kadasyna laýyklykda, her adama günde 25 gram ýumurtga, 30 gram guş etini iýmek maslahat berilýär.  

                                                                   

Guşçulyk girdejili pudakdyr, sebäbi oba hojalyk guşlary tiz ýetişýär, gysga wagtda önüm berýär. Et üçin niýetlenen broýler jüýjeleri bary-ýogy 40 — 45 gün idedilip, hersinden 1,5 kilogram töweregi et alynýar, ýumurtga ugurly towuklar bolsa 150 günlükden ýumurtga berip başlaýar. Häzirki wagtda birleşmäniň 70-e golaý agzasy towuk etini, 50-ä golaýy ýumurtga öndürýär. Towuk etini öndürmek boýunça ýyllyk kuwwatlyklary «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygynda 11 müň tonna, «Nurly meýdan» daýhan hojalygynda 3,2 müň tonna, «Guş toplumy» hususy kärhanasynda 3,0 müň tonna, «Altyn hilal» hojalyk jemgyýetinde 2,8 müň tonna, «Ýeriň gymmaty» hojalyk jemgyýetinde 2,8 müň tonna deňdir. Ýumurtga boýunça alanyňda-da, ýokary görkezijileri berýän iri önümçilik kärhanalarynyň sanynyň barha artýandygy buýsandyrýar.  

                                                                   

 — Şamyrat aga, telekeçiler tarapyndan geljekde kanola ýagynyň öndürilişini ýola goýmak barada agzap geçdiňiz. Häzirki wagtda günebakar, künji, zeýtun, pagta ýaglaryny öndürýän telekeçileriň işleri barada hem gürrüň beräýseňiz! 

                                                                   

— «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti Aşgabat şäherinde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda ýylda 7 200 tonna «Günaý» haryt nyşanly günebakar ýagyny öndürýär. Şu ýyl bu hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginde 1 müň gektara golaý ýerde günebakar we soýa ekildi. «Owadan ülke» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýylda 6 260 tonna pagta we beýleki ösümlik ýaglaryny arassalap, gaplaýan önümçiligi ýola goýdy.  

                                                                   

«Berkarar zaman» hojalyk jemgyýetine Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden ösümlik ýagyny öndürýän kärhanany gurmak, günebakar we beýleki ýaglar alynýan ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin 15 müň gektar ýer bölünip berildi. Häzirki wagtda bu uly möçberli taslama boýunça işler depginli alnyp barylýar. «Agzybir ojak» hojalyk jemgyýeti Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýylda 21000 tonna ösümlik ýagyny arassalaýan kärhananyň gurluşyk-gurnama işlerini alyp barýar. Kiçi önümçilik kärhanalarynda telekeçiler Amanguly Täçgulyýew ýylda 720 tonna, Göwher Jumaýewa 1260 tonna «Nurber» haryt nyşanly künji ýagyny öndürýärler. 

                                                                   

 — Seçgiçilik, tohumçylyk ugrundan telekeçilikde edilen iş barmy? 

                                                                   

— Juda ýerlikli berlen sowal. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, ösümligem, malam, guşam janly bedendir. Janly bedene bolsa howadan dem almak, iýmitlenmek, köpelmek alamatlaryny nesle geçirmek ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ine, şonuň üçinem, isle, ekin bolsun, isle-de mal, tapawudy ýok, köp önüm aljak bolsaň, seçgiçilik, tohumçylyk we ideg işlerini talabalaýyk alyp barmaly. Sebäbi ösümlikleriň ýa-da mallaryň gelip çykyşy hernäçe gowy bolaýsyn, amatly ýaşaýyş şertlerini döretmezden, ýokary netije almak mümkin däl. Mahlasy, ekinlerden we mallardan ýokary hilli köp önüm almak diňe seçgiçilik, tohumçylyk işleri idetmegiň amatly şertlerini döretmek bilen utgaşykly alnyp barlanda mümkin bolýandyr. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri bu hakykata göz ýetirip, ekerançylykda we maldarçylykda tohumçylyk işlerini geçirýärler. Mysal üçin, «Edermen ýigit» hojalyk jemgyýetini esaslandyran Jumamyrat Döwranow ýeralmanyň, käşiriň, düýp soganyň, telekeçiler Orazgeldi Anzarow, Muhammet Ýemşikow kanolanyň biziň ýurdumyzyň howa-toprak şertlerine uýgunlaşdyrylan, gurakçylyga çydamly, suwy az talap edýän, ýokary hasyl berýän görnüşlerini, maldarçylykda «Ajaýyp ussat halal önümleri», «Sahabatly» hojalyk jemgyýetleri, «Ak hünji» hususy kärhanasy gara mallaryň ýerli şertlerimizde köp önüm berýän, hojalyk-biologiýa taýdan gymmatly alamatlaryny ýokary derejede nesillere geçirýän tohumlaryny döretmek boýunça synag-tejribe işlerini alyp barýarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 4-nji iýunynda «Türkmenistanda guşçulyk pudagyny ösdürmek boýunça çäreler hakynda» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, guşçulyk pudagynda iş alyp barýan önüm öndürijileri iým bilen üpjün etmek üçin 2022-nji ýylda ýurdumyzda 20 müň gektar meýdanda iýmlik mekgejöwen, 2 müň gektarda soýa we 40 müň gektarda iýmlik bugdaý ekmek bellenildi. Şu günler mekgejöwen ekişi gyzgalaňly dowam edýär, iýmlik bugdaý ekişine hem taýýarlyk görülýär. 

                                                                   

Önüm öndürijilerimizi ýerli jüýjeler bilen üpjün etmek ýola goýuldy. Bu meseläniň oňyn çözülmeginiň birnäçe bähbitli taraplary bar. Birinjiden, gyzyl puluň ýurduň daşyna gitmeginiň öňi alynýar, ikinjiden, ýerli jüýjeler önüm öndürijilere arzan düşýär, üçünjiden, jüýjeleriň tebigy ýitgisi azalýar, sebäbi daşyndan getirilende, olaryň 20 göterime golaýy ýolda we täze şertlere uýgunlaşýan döwri ölýär. 

                                                                   

Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza türkmen telekeçilerine berýän bimöçber goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys.   

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan Keýik UMAROWA.

                       

«Türkmenistan».

13.07.2022
Bol hasyl almakda netijeli usullar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler uzak möhletleýin bölünip berlen ýer böleklerine ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa gök-bakja ekinlerini we miweleri ýetişdirýärler. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti oba hojalygynda iri hususy düzümleriň biridir. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag etegindäki bereketli toprakda ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnamaga girişdi. 2019-njy ýylyň ýazynda paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölegi uzak möhletleýin esasda bölünip berildi. Bu ýerde badam, pisse, alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, gök önümlerden käşir, sogan, ýeralma hem ýetişdirilýär. Jemgyýetiň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her birine 300 gektar meýdan bölünip berlen.  

                                                                   

Döredilen üpjünçilik düzümleri — suw geçiriji ulgam, suw göteriji beketler, howdanlar, elektrik geçiriji ulgam we beket aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Suw döwrebap tehnologiýalaryň kömegi arkaly derýanyň derejesinden 184 metr belentlige çykarylýar we merkezi howdanlara eltilýär. Suw geçiriji ulgamyň umumy uzynlygy 27,5 kilometre golaý. Suwaryş işi damjalaýyn usul arkaly berjaý edilýär. Munuň özi suwuň tygşytly harçlanmagyny üpjün edýär. Ekin meýdanlaryny suwarmak işi awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Oňa sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar.  

                                                                   

Ekin meýdanynyň 130 gektara golaýynyň üsti ekini Günüň ýiti ultramelewşe şöhlesinden goramaga niýetlenen ýörite örtgüler bilen örtülendir. Ispaniýada taýýarlanýan ýokary hilli örtgüler ýetişen miweleriň ter bolmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Şu günler garaly, şetdaly ýaly miweleriň hasyly ýygnalýar. Alma, armyt, hurma, badam baglaryndan ýokary hasyla garaşylýar. Baglara ideg edilende we hasyl ýygnalanda, hususyýetçi daýhanlara ýeňillikli şertlerde satyn alnyp berlen döwrebap oba hojalyk tehnikalary we kombaýnlar peýdalanylýar. 

                                                                   

Ekin meýdanlarynyň köp bölegine badam agaçlary ekildi. Bu ýerleriň howa şertleri badamdan bol hasyl almaga amatlydyr. Badam 3-nji ýyldan hasyla durýar we 6-7-nji ýylynda onuň hasyllylygy ýokary derejä çykýar. Netijede, 1 gektardan 2 tonna arassa maňyz alynýar. Her düýpden ortaça 6 kilograma çenli hasyl almak mümkin. Ýeri gelende belläp geçsek, badamyň daşky gabygy hem ekologiýa taýdan arassa ýangyç bolup hyzmat edýär. Hasylyň kombaýnlaryň kömegi bilen ýygnalmagy el zähmetini azaldýar. Badamyň maňzy terligine azyk hökmünde ulanylýar, konditer önümlerini hem-de dürli tagamlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Şeýle-de badam ýagy, badam uny, badam süýdi we goýaltma taýýarlanýar. Lukmanlar bu önümleriň ynsan saglygy üçin örän peýdalydygyny belleýärler. 

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň çägindäki sogan, käşir, ýeralma ekilen meýdanlar hem gök öwsüp, eýýämden hasylyň bereketli boljakdygyny buşlaýar. Hojalyk jemgyýetlerine gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanalary gurmak üçin 80 gektar ýer bölünip berildi. Şu ýyl her biri 5 gektar meýdany eýeleýän ýyladyşhananyň birnäçesiniň gurluşygyna badalga berildi. Hojalyk jemgyýetleriniň ählisinde degişli inžener-tehniki düzümler döredildi, ýollar çekildi. Ýakyn geljekde ýygnalan hasyly saklamak üçin sowadyjy ammary we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek üçin önümhanalary gurmak, sil suwlaryny toplap, ekerançylykda peýdalanmaga niýetlenen ulgamy döretmek göz öňünde tutulýar.  

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW,

                       

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň telewideniýe žurnalistikasy taýýarlygy ugrunyň talyby.

01.07.2022
Döwrebap dokma toplumynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty pudagy ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Ýeňil senagatyň ösüşinde eziz Diýarymyzda hereket edýän häzirki zaman dokma toplumlarynda alnyp barylýan guwandyryjy işler aýratyn agzalmaga mynasypdyr. Şeýle kärhanalaryň biri-de Babadaýhan dokma toplumydyr. 

                                                                   

Babadaýhan dokma toplumy dokma senagatynyň iň ýaş önümçilikleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň noýabr aýynda toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berlen innowasion tehnologiýaly häzirki zaman dokma toplumynyň işi bu gün barha ilerleýär. Ýüplük, boýag, tikinçilik hem-de mata bölümlerini öz içine alýan toplumda ýaşlaryň ýüzlerçesi netijeli zähmet çekýär. Olar önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan dünýäniň iri kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlaryny ezberlik bilen dolandyrmakda we işleri sazlaşykly alyp barmakda yhlaslylyk görkezýärler. Munuň özi toplumda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artmagyna we olaryň ýokary ekologiýa talaplaryna, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk bolmagyna şert döredýär. 

Etrabyň pagtaçy daýhanlarynyň yhlas-azaby bilen kemala getirilýän ýokary hilli «ak altyn» önümçilik işinde gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Ýokary görnüşli pagta gaýtadan işlenilip, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýüplükler taýýarlanylýar we ondan matalaryň dürli görnüşleri öndürilýär. Toplumda öndürilýän matalaryň gysga wagtda uly islege eýe bolmagy önümiň hili bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Ýeri gelende, gürrüňi edilýän häzirki zaman dokma toplumynda ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçiligiň bardygyny bellemegimiz gerek.

  Toplumyň işçi-hünärmenleri bar bolan mümkinçiliklerden ýerlikli we netijeli peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagyna saldamly goşandyny goşmaga çalyşýarlar. Olar ýokary hilli matalardan başga-da, brend nyşanly taýýar tikin önümleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligini alyp barmaga uly ähmiýet berýärler.  

                                                                   

Toplumda ilkinji jemgyýetçilik guramalarynyň döredilmegi we olaryň işiniň ýola goýulmagy ol ýerde zähmet çekýän işçi-hünärmenleriň arasynda dürli wagyz-nesihat işlerini, höweslendiriş çärelerini, döredijilik bäsleşikleridir sport ýaryşlaryny hem geçirmäge ýardam berýär. Bu bolsa, zähmetkeşleriň iş bilen dynç alşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna, boş wagtynyň netijeli geçmegine täsirini ýetirýär.  

                                                                                                           

Ýörite habarçymyz.

                       

SURATLARDA: dokma toplumynyň işinden görnüşler.

17.06.2022
Hususyýetçiler obasenagat toplumynda

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly ykdysady özgertmeleriň netijesinde telekeçilik milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy ugruna öwrülýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şert-mümkinçiliklerden ruhlanýan hususyýetçiler ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösüşine-de mynasyp goşant goşup, azyk bolçulygyny üpjün etmekde oňyn netijeleri gazanýarlar. Oba hojalykçy telekeçiler bölünip berlen ýer böleklerinde ekerançylygyň döwrebap usullaryny, innowasion tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny ornaşdyryp, ekologiýa taýdan arassa, süýji tagamly gök-bakja ekinlerini we miweleri ösdürip ýetişdirýärler. 

                                                                   

 «Gündogar akymy» täzeçillikleriň gözleginde 

 Halk hojalygynyň obasenagat toplumynda öňdebaryjy orunlary eýeleýän hususyýetçileriň biri bolan «Gündogar akymy» hojalyk jemgyýeti ugurdaş daýhanlar we kärendeçiler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, ösümlik ýagy, mal iými, maýonez ýaly önümleri öndürýär. Hojalyk jemgyýetine oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin 2020-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäginden 6 müň gektar ýer bölegi bölünip berildi. Hususyýetçi daýhanlar bu ýerde ekin dolanyşygy esasynda günebakar, soýa, raps, künji hem-de bugdaý ekýärler. Şu günler hojalyk jemgyýetiniň daýhanlary bugdaý oragyna girişdiler.  

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň gaýtadan işleýän önümçilik kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýär. 2019-njy ýylda kärhanada ösümlik ýagynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şu ýyl bolsa bu ýerde täze önümleriň — ýaglylygy 40, 62,5, 72,5, 82,5 göterim bolan maýonezleriň önümçiligine girişildi. Şol maýonez önümleri «Günaý» haryt nyşany bilen 200, 400 we 800 gramlyk gaplara gaplanylyp, alyjylara hödürlenilýär. Olar hili we tagamy boýunça daşary ýurt önümleri bilen mynasyp bäsleşmäge ukyplydyr. 

                                                                   

«Günaý» haryt nyşanly maýonezleri öndürýän kärhananyň önümçilik kuwwaty sagatda 2 tonna maýonez öndürmäge niýetlenendir. Bu kärhana Türkiýäniň we Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilendir. Şeýle hem kärhana ýylda 18 müň tonna günebakar çigidini gaýtadan işläp, 7 müň 200 tonna arassalanan ösümlik ýagyny öndürmäge ukyplydyr. Bu ýerde öndürilýän ösümlik ýagy «Günaý» haryt nyşany bilen 1 we 5 litrlik gaplara gaplanylyp, bazarlara çykarylýar we alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. 

                                                                   

«Gündogar akymy» hojalyk jemgyýetiniň ösdürip ýetişdiren ekinleriniň hasylynyň gaýtadan işlenilenden galýan bölegi mallar üçin iým taýýarlamakda peýdalanylýar. 

                                                                   

 Dag etegindäki miweli mekan 

 Diýarymyzda oba hojalygy bilen meşgullanýan iri hususy düzümleriň biri hem miwe we beýleki gök önümleri ösdürip ýetişdirýän «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetidir. «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» paýdarlar jemgyýetleri onuň paýdarlary bolup durýar.  

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň dag etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän ekin meýdanlarynda ösdürilýän nahallaryňdyr baglaryň ählisi damjalaýyn ulgam arkaly suwarylyp, ideg işleriniň aglaba bölegi awtomatlaşdyrylan döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Garagum derýasyndan çekilen umumy uzynlygy 27,5 kilometre barabar bolan suw geçiriji ulgam hem-de kuwwatly göteriji enjamlar arkaly getirilýän suw deňiz derejesinden 180 metr belentlikdäki howza çykarylýar we şol ýerden ekin meýdanlaryna paýlanylýar. Ekin meýdanlarynyň şeýle belentlikde ýerleşmegi bolsa miweleriň bol hasyl bermegine we süýji tagamly bolmagyna kömek edýär. 

                                                                   

2019-njy ýylyň ýazynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginden bölünip berlen 1200 gektar meýdany özleşdirmäge girişen hususyýetçi daýhanlar şu ýyl bereketli toprakdan ilkinji hasyly ýygnamaga girişdiler. Bu ýerde ýetişdirilen garaly we şetdaly hasylynyň ilkinji tapgyry eýýäm bazarlara çykaryldy. Bulardan başga-da, ekin meýdanlarynda alma, armyt, hurma, hoz we badam ýaly miweli agaçlar ösdürilip ýetişdirilýär.  

                                                                   

Şeýle hem hojalyk jemgyýetleri ýakyn geljekde jemi 80 gektar meýdany eýeläp, gök we beýleki önümleri, şol sanda banan we sitrus önümlerini ýetişdirmäge niýetlenilen, ýöriteleşdirilen tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanalaryň birnäçesini gurmagy meýilleşdirýärler. Olaryň ilkinjileri şu ýylyň ahyryna çenli ulanyşa giriziler. 

                                                                   

 Köpugurly hususy daýhan hojalygy 

  «Daýhan sarpasy» daýhan hojalygy hem indi ençeme ýyldan bäri gök-bakja ekinlerini, miweleri ösdürip ýetişdirmekde, et-süýt önümlerini we towuk ýumurtgasyny öndürmekde oňyn tejribe toplan hususyýetçi hökmünde tanalýar. Daýhan hojalygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde ýerleşýän ýyladyşhanalarynda ekologiýa taýdan arassa we ýokumly gök-bakja önümleri bolan pomidoryň, hyýaryň bol hasyly ýetişdirilýär. Şeýle hem şol ýerdäki ekin meýdanlarda alma, erik, garaly, şetdaly ýaly miweli baglara ideg edilip, ýokary hasyl alynýar.  

                                                                   

Daýhan hojalygynyň Kaka etrabyndaky ýer böleklerinden üzümiň bereketli hasylyny almak meýilleşdirilýär. Şeýle hem şol ýerdäki ýyladyşhanalarda banan we pyrtykal ýaly tropiki miweleri ösdürip ýetişdirmegiň tejribesi öwrenilýär. 

                                                                   

Guşçulyk hojalygy hem «Daýhan sarpasynyň» alyp barýan işleriniň möhüm ugrudyr. Daýhan hojalygynyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägindäki guşçulyk toplumynda taýýarlanylýan guş eti we towuk ýumurtgasy ýokary hili bilen tapawutlanýar. Bulardan başga-da, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çägindäki maldarçylyk toplumynda iri şahly mallar idedilip, bazarlarymyzda uly islegden peýdalanýan et-süýt önümleri öndürilýär. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňillikler, berilýän goldawlar ýurdumyzda oba hojalygy bilen meşgullanýan hususyýetçileriň sanynyň artmagyny we olaryň alyp barýan işleriniň geriminiň giňelmegini şertlendirýär. Innowasion tehnologiýalary we ylmy çemeleşmeleri hemra edinen telekeçiler ýerden, suwdan rejeli peýdalanyp, ekinlerden bol hasyl almagy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmagy, importyň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen önümleriň önümçiligini artdyrmagy, täze iş orunlaryny döretmegi maksat edinýärler.  

                                                                                                           

Ahmet GELDIÝEW,

                       

«Watan».

14.06.2022
Telekeçilere döwlet goldawy

Ýur­du­myz­da hu­su­sy işe­wür­li­giň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki or­ny bar­ha art­ýar. Te­le­ke­çi­li­ge döw­let ta­ra­pyn­dan yzy­gi­der­li gol­daw be­ril­me­gi bu pu­da­gyň bar­ha ös­me­gi­ne, dün­ýä ba­za­ryn­da ta­nal­ma­gy­na giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň şu ýy­lyň 4-nji iýu­nyn­da ýur­du­my­zyň azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, te­le­ke­çi­le­re gol­daw hök­mün­de 150 mil­lion ame­ri­kan dol­la­ry­ny bö­lüp ber­mek ba­ra­da­ky Ka­ra­ra gol çek­me­gi türk­men te­le­ke­çi­le­rin­de uly buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­ret­di. 

                                                                   

Düýn Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň mej­lis­ler za­lyn­da «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň azyk sy­ýa­sa­ty: hal­ky­my­zyň nu­ra­na gel­je­gi­niň ha­ty­ra­sy­na» at­ly ho­şal­lyk mas­la­ha­ty ge­çi­ri­lip, ýur­du­my­zyň işe­wür­le­ri döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za çuň­ňur ho­şal­lyk­la­ry­ny be­ýan et­di­ler.  

                                                                   

— Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň guş­çu­ly­gyň oba ho­ja­ly­gy­nyň ok­gun­ly ös­ýän pu­dak­la­ry­nyň bi­ri­di­gi­ni nyg­tap: «Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da guş eti we ýu­murt­ga, esa­san, Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan ön­dü­ril­ýär» di­ýip bel­le­me­gi bi­zi has-da buý­san­dyr­dy — di­ýip, «Al­tyn jüý­je» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň di­rek­to­ry Röw­şen Aman­sä­he­dow nygtady: — Dü­şe­wünt­li pu­dak­la­ryň bi­ri bo­lan guş­çu­ly­gyň önüm­çi­li­gi­ni tap­gyr­la­ýyn art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, iým­lik bug­da­ýy, mek­ge­jö­we­ni we so­ýa­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­megiň hem-de bu ekin­le­ri ýe­tiş­dir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän ta­rap­la­ra goş­ma­ça ýer bö­lek­le­ri­ni bö­lüp ber­me­giň tek­lip edil­me­gi ýer­li önüm­çi­li­giň art­dy­ryl­ma­gyn­da, içer­ki ba­za­ryň öz önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edil­me­gin­de örän äh­mi­ýet­li­dir. 

                                                                   

Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe et­ra­by­nyň S.A.Ny­ýa­zow adyndaky daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de ýyl­da 5 mil­lion jüý­je çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­li­gi bo­lan in­ku­ba­tor top­lu­my­myz ýer­leş­ýär. Etrabyň «Türk­me­nis­tan» daý­han bir­le­şi­gi­niň çä­gin­de bol­sa sa­gat­da 10 ton­na ba­ra­bar de­ňag­ram­laş­dy­ry­lan iý­miň 7 gör­nü­şi ön­dü­ril­ýär. Şeý­le-de ýyl­da 1 mil­lion jüý­je sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän guş­çu­lyk fer­ma­myz­da her ýyl 1500 ton­na et ön­dü­ri­lip, hal­ky­my­za hö­dür­len­ýär. 

                                                                   

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da goý­be­ri­len uly möç­ber­dä­ki pul se­riş­de­si ila­ty­my­zy öz eko­lo­gik taý­dan aras­sa önüm­le­ri­miz bi­len üp­jün edip, ola­ryň da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni ep-es­li azalt­ma­gy­myz­da uly gol­daw­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň biz — te­le­ke­çi­le­re bil­di­ren ýo­ka­ry yna­my­ny öde­mek ug­run­da gel­jek­de-de yh­las-ba­şar­ny­gy­my­zy gaý­gyr­ma­rys. 

                                                                   

Mas­la­ha­tyň do­wa­myn­da edi­len çy­kyş­lar­da azyk howp­suz­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­magyň, azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­megiň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän yk­dy­sa­dy sy­ýa­sa­tyn­da mö­hüm ugur ha­sap­lan­ýan­dy­gy ba­ra­da buý­sanç bi­len bel­le­nil­di.  

                                                                   

Bil­şi­miz ýa­ly, ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy top­lum­la­ýyn ös­dü­ril­ýär, oba ho­ja­lyk ugur­ly tä­ze ul­gam­la­ry dö­ret­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Or­ta we ki­çi te­le­ke­çi­li­giň gol­da­nyl­ma­gy bu ba­bat­da uly üs­tün­lik­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­na ge­tir­ýär. Hu­su­sy eýe­çi­lik­de daý­han ho­ja­lyk­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi te­le­ke­çi­le­riň oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip, bol ha­syl al­ma­gy­na, mal­dar­çy­lyk, guş­çu­lyk top­lum­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy hal­ky­my­zyň et önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi­ne, içer­ki ba­zar­da azyk önüm­le­ri­niň bol­çu­ly­gy­ny dö­re­dip, eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy­na ge­tir­ýär.  

                                                                   

Ho­şal­lyk mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­lar Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň azyk ga­raş­syz­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge, dün­ýä ba­za­ryn­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­rip, içer­ki ba­za­rlarda azyk bol­çu­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga dö­re­dil­ýän giň müm­kin­çi­lik­ler, gol­daw-he­ma­ýat­lar üçin Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za al­kyş aýt­dy­lar. 

                                                                                                           

Ke­ýik UMA­RO­WA.

                       

«Türk­me­nis­tan».

10.06.2022
Ykdysadyýetde hususyýetçiligiň orny

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 4-nji iýunynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde 2022-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere baha berildi, geljek döwür üçin öňde duran möhüm wezipeler kesgitlenildi. Häzirki wagtda dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, gazanylýan netijeler ýurdumyzyň içeri we daşary ykdysady syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda gazanylýan üstünliklerde hususy işewürleriň hem mynasyp goşandy bar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlary, döredýän amatly şertleri we maliýe goldawlary telekeçileriň netijeli işlemegine hem-de täze hususy önümçilikleriň döremegine amatly mümkinçilik berýär. Hususy işewürlerimiz ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda hem netijeli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda guş etiniň, ýumurtganyň, esasan, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan öndürilýändigi hem muňa anyk bir mysaldyr. Döwlet Baştutanymyza ýokarda agzalan mejlisde ilaty azyk harytlary bilen bökdençsiz we kadaly üpjün etmek üçin degişli düzümlere maliýe serişdelerini bölüp bermek teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, telekeçilere goldaw hökmünde 150 million amerikan dollaryny bölüp bermek barada karara gelendigini, zerur azyk harytlaryny satyn almak üçin Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem 150 million amerikan dollary möçberinde pul serişdeleriniň bölünip berilýändigini aýtdy, bu babatda degişli Karara gol çekdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň ösüşlerine we ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýan hususyýetçileriň zähmetine ýokary baha berilýändiginiň hem-de olaryň döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylýandygynyň ýene bir subutnamasy boldy.  

                                                                   

Türkmen telekeçileriniň milli ykdysadyýetde tutýan orny barha ýokarlanýar. Döredilenine 14 ýyl bolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi eýýäm 27 müňden gowrak agzany özünde jemleýär. Döwlet tarapyndan döredilýän amatly mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan işewürleriň şol döwürde öndüren senagat önümleriniň umumy möçberi 78,8 esse, oba hojalyk we azyk önümleriniň umumy möçberi bolsa 85,2 esse ýokarlandy. Bu görkeziji ykdysadyýetde jemi öndürilen önümleriň aglaba böleginiň hususy pudagyň zähmetkeşleriniň paýyna düşýändigini aňladýar.  

 Garaşsyz Watanymyzyň deňsiz-taýsyz ösüşlere beslenmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyrylmagy babatda türkmen telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän işler bimöçberdir. Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy, Jebel şäherçesinde Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz şäherlerinde «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ulanmaga berilmegi, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanyşa berilmegi, şol ýoluň Tejen — Mary böleginiň gurluşygyna badalga berilmegi, Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän dokma toplumlarynyň we başga-da onlarça täze binalardyr medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy türkmen telekeçileriniň amal eden giň gerimli işleriniň netijesidir. 

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda elektron senagaty ösdürilýär. Bu ugurda «Agzybirlik tilsimatlary» hususy kärhanasy, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ykjam el telefonlary, kompýuterler, sowadyjylaryň, telewizorlaryň dürli görnüşleri we elektronika enjamlary öndürilip, ilata hödürlenilýär. Olaryň dünýä bazarynda hem öz ornuny tapmagy ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmeginde alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär. Bularyň hemmesi degişli ugurda importyň möçberini azaltmaga hem-de ilaty isleg bildirilýän harytlar bilen elýeterli bahadan üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Şunda ekologik taýdan arassa, ýokary netijeli önümçilikleriň döredilmegine, ähli pudaklarda sanly ulgamlaryň we täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilýän möçberini, ýeňil we azyk senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda hyzmatlar hem-de söwda ulgamynyň ösdürilmegine uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. 

  Häzirki döwürde döwletimizde kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» we «Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, döwlet kärhanalary bilen kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek, olara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» gol çekilen Karar hem munuň aýdyň güwäsidir. Döwletimizde kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

Indi ençeme ýyl bäri türkmen telekeçileri tarapyndan döwrebap kärhanalarda öndürilen, bäsdeşlige ukyply, «483» kodly, «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly milli önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Elbetde, ýetilen sepgitlere garamazdan, öňde uly wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli geçirilen maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmagyň, ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde telekeçiligi goldamagyň wajypdygyny aýdyp: «Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar» diýip belledi, şeýle hem öňde wajyp wezipeleri goýdy. Olaryň hatarynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň üstümizdäki ýylda garaşylýan netijeleri boýunça gysga wagtyň içinde düýpli seljerme geçirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna maýa goýumlary köp çekmek ýaly ençeme möhüm çäreler bar. Maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, halk hojalygynyň pudaklarynda telekeçileriň ornunyň artdyrylmagy, olaryň döwlet tarapyndan goldanylmagy hususy işewürlerimizi täze gözleglere ruhlandyryp, rowaç menzillere atarýar.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan».

07.06.2022
Bereketli saçaklaryň bezegi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy Sapardurdy Nazlyýewiň Türkmenbaşy şäherindäki döwrebap tehnologiýaly ýyladyşhanasynda täze iş orunlarynyň 30-a golaýy döredilip, ol gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Ýyladyşhana toplumynda geçen ýyl pomidor hasylynyň 400 tonna golaýy ýygnalyp, içerki hem-de daşarky bazarlara ugradyldy. Geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerde Türkiýeden getirilen bulgar burçunyň tohumyndan ösdürilip ýetişdirilen şitiller ekildi. Biri-birinden reňkleri, tagamy, möçberi babatda tapawutlanýan bakja önümi mineral dökünler bilen iýmitlendirilip, bereketli hasyl kemala geldi.  

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, ýyladyşhanada ekinler suwarylanda döreýän artykmaç suwlar ýörite akarjyklaryň kömegi bilen bir ýere toplanyp, telekeçiniň ýyladyşhananyň golaýyndaky 5 gektara ýaýylyp gidýän bag nahallaryny suwarmakda ulanylýar. Bagly meýdanda badam agajynyň 6 müň düýbi endigan boý alyp, olardan geljek ýyl ilkinji hasyla garaşylýar. 

 Ýyladyşhanada ýetişdirilen bulgar burçunyň hasylyny ýygnamak işleri geçen ýylyň dekabr aýyndan bäri dowam edýär. Ýygnalýan hasylyň möçberi her aýda 15 — 20 tonna ýetýär. Ýygym möwsüminiň ahyryna çenli toplumda 200 tonnadan gowrak bulgar burçuny ýygnap, sarp edijilere ýetirmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Telekeçi Baýramdurdy Goçakowyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän ýyladyşhanasynyň 0,5 gektarynda pomidor, 0,45 gektarynda bolsa bulgar burçy ösdürilip ýetişdirildi. Önümçilik kuwwaty ýylda 50 tonna pomidor hem-de şonça möçberde hem bulgar burçuny öndürmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhanada häzire çenli 16 tonnadan gowrak pomidor, 5 tonna golaý bulgar burçy ýygnalyp, terligi bilen alyjylara ýetirildi.  

  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň giň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanýan balkanly hususyýetçiler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýän gök önümler bereketli saçaklarymyzyň bezegine öwrülýär. Arkadagly Serdarymyzyň ykdysadyýetde hususy pudagyň ornuny giňeltmekde edýän aladalaryndan ruhlanyp zähmet çekýän telekeçiler geljekde önümleriň görnüşlerini hem-de möçberini artdyrmagy maksat edinýärler.  

                                                                                                           

Toýmämmet HAJYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy.


07.06.2022
Işeňňir - işde belli

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri te­le­ke­çi­lik işi­niň giň ge­rim­li ös­dü­ril­ýän za­ma­na­sy bo­lup, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly ösüş­le­ri­ni üp­jün ed­ýär. Te­le­ke­çi­lik işi­niň aby­ny-ta­by­ny ele alan te­le­ke­çi­ler öz saý­lan ugur­la­ryn­dan kuw­wat­ly Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­ýar­lar we gel­je­giň asyl­ly mak­sat­la­ry­ny na­zar­lap iş­le­ýär­ler. Bi­zem go­laý­da «Dost­gur­lu­şyk» söw­da-önüm­çi­lik ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň baş­ly­gy, tej­ri­be­li te­le­ke­çi Nur­mu­ham­met Me­re­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Işeň­ňir­li­gi söz ur­şun­da­nam äş­gär bo­lup du­ran te­le­ke­çi bi­len gu­ran söh­bet­deş­li­gi­miz ýaş işe­wür­ler we te­le­ke­çi­ler üçi­nem äh­mi­ýet­li bo­lar di­ýip umyt ed­ýä­ris. 

                                                                   

 — Nurmuhammet, telekeçilik işine başlamak, onda-da gurluşykçy telekeçi bolmak aňsat bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa siz erjellik bilen bu işiň başyny tutmagyň hötdesinden gelipsiňiz. Söhbetimiziň başyny bu asylly işi ýola goýşuňyz, telekeçi bolmaga itergi beren ýagdaýlar baradaky gürrüňlerden başlaýalyň. 

                                                                   

— Hawa, dogrusy, ilkibada aňsat bolmady. Pikiriňi bir ýere jemläp, alaga-da, ullakan işiň başyny tutaýmak aňsat däl. Kän oýlandym, ölçerdim, sala saldym. Ahyram 2013-nji ýylda «Dostgurluşyk» söwda-önümçilik hojalyk jemgyýetiniň düýbüni tutduk. Kiçiräk desgalarda başlan gurluşyk işlerimiziň ýaýrawy gitdigiçe has artyp başlady. Işler ugrugyp başlansoň, hojalygyň işiniň gerimini has artdyrmak üçin «Nur» söwda-önümçilik gurluşyk jemgyýetini hem esaslandyrdyk Bu jemgyýet suw arassalaýjy käbir desgalary gurmak işini alyp barýar. Häzirki wagtda biziň 8 gektara barabar ýerde ýyladyşhanamyz hem bar. Onda dürli miwe we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýäris. 

                                                                   

 — Siziň hojalyk jemgyýetiňiz bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň çar künjeginde gurluşyk işlerini alyp barýar. Şonuň üçinem guran has iri edara hem medeni maksatly binalaryňyz hakynda durup geçseňiz? 

                                                                   

— Hawa, guran binalarymyzyň sany barha artýar, olary birin-birin sanap oturmaýyn-da, esasylaryny agzaýyn. Hojalyk jemgyýetimiz Lebap welaýatynda kuwwaty bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suw arassalaýjy desgany, çagalar bagyny, Mary welaýatynda her biriniň kuwwaty bir gije-gündizde 10 000 m3 bolan iki sany lagym suw arassalaýjy desgalaryny, lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşyk-gurnama, Ahal welaýatynyň Kaka etrap hassahanasynyň durkuny täzelemek işlerini we başga-da birnäçe gurluşyklary amala aşyrdy. Häzirki wagtda-da gurluşyk işleriniň gerimini has artdyrmak ugrunda jan edýäris.  

                                                                   

 — Nurmuhammet, gurluşykçy telekeçi bolmak üçin arhitektor bolmak hökmanmy?  

                                                                   

— Gurluşyk işlerinde telekeçi bolmak üçin hökmany arhitektor bolmaly diýip bolmaz, ýöne, elbetde, gurluşyk inženerçilik we binagärlik bilen baglanyşykly düşünjäň ýetik bolsa gowy. Men aslynda filolog, ýöne öň daşary ýurt gurluşyk firmalarynda jogapkärli wezipelerde işläp görenimden soň, gurluşyk işi babatda belli bir tejribe edindim. Onsoňam hojalyk jemgyýetimize bu ugurdan ýörite hünärmenleri turuwbaşdan işe çagyrdym. 

                                                                   

 Bu wagt döwrümiz özgerýär, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başlanan gurluşyk işleri ähli ulgamlarda ösüşleriň belent derejelerine ýetýär. Onsoň, şeýle döwrebap ösüşlere gurýan binaňam gurluş we hil taýdan gabat gelmeli. Şonuň üçin tejribeli arhitektorlar meniň esasy iş hemaýatçylarym bolup durýar. 

                                                                   

 — Işiň başynda şowsuzlyga uçrap gördüňizmi? Ýöwsellän, tutan maksadyňyzdan el çekeýin-le diýen wagtlaryňyz bolupmydy? 

                                                                   

— Hawa, aljyradýan ýagdaýlar kän bolupdy. Netije garaşyşyň ýaly bolanok ýa-da binaň taslamasy bilen bagly käbir säginmelere gabat gelmeli bolýarsyň. Tejribeli binagär bolanda-da, käte onuň hem taslamasyna üýtgeşme, goşmaça girizmeli bolýar. Garaz, maslahatlaşyp, öwrenip kämilleşmelidigiňe düşünýärsiň. Meniň käteler şeýle ýagdaýda işden elim sowan pursatlarymam boldy, ýöne herhal, maşgala agzalarymyzyň, doganlarymyň, dostlarymyň goldaw beriji sözleri meni täzeden galkyndyryp, işe başgaça hyjuw bilen başlamaga ruhlandyrdy 

                                                                   

 — Perzentleriňiziň arasynda siziň işiňizi dowam etdirmäge höweslisi barmy? 

                                                                   

— Hawa, bar. Men muňa diýseň begenýärin. Üç oglum hem bir gyzym bar. Gyzymam, ogullarymyň biri hem gurluşyk işlerine höwes bildirýärler, özlerem telekeçi bolmagyň arzuwynda. Olaryň käteler dynç günleri gurluşyk meýdançasyna aýlanyp ýörenlerini, gurluşykçylaryň işi bilen gyzyklanyşlaryny görenimde başym gök direýär. Bereket tapan işimi balalarymyň dowam etdirmäge höwesekdiklerine buýsanjymyň çägi ýok. 

                                                                   

 — Hormatly Prezidentimiziň telekeçileri goldamak baradaky aladalary ýurdumyzyň telekeçileriniň her biriniň işine oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň telekeçiler syýasatynyň täsirini siz öz işiňizde neneňsi duýýarsyňyz? 

                                                                   

— Täsir gaty gowy duýulýar. Eger Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiler üçin salgyt babatdaky ýeňillikleri, ilki işe girişen telekeçilere ýeňillikli karzlary bermek baradaky asylly başlangyçlary ýardam bermedik bolsa, işimiz şol ýörjen-ýörjenligine galsa-da galardy. Biz hut şeýle ýeňillikleri öz wagtynda ulanyp, şeýle derejelere-de ýetdik ahbetin. Geçilen ýyllar bizi tejribe taýdan has kämilleşdirdi, döwletimiz tarapyndan döredilen ýeňillikli şertler bolsa şol tejribäniň ykbalymyza dahylly bolmagyna itergi berdi. Şeýdibem, biziň hojalyk jemgyýetimiz ýurdumyzyň çäginde öndümli işleýän gurluşyk hojalyk kärhanasyna öwrüldi. Hut şonuň üçinem biziň kalbymyzda Arkadagly Serdarymyza hem Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş sözlerimiziň çägi ýok. Hormatly Prezidentimiz işleýän we işlejek adama juda uly hormat goýýar, olaryň işlemegi, gözlemegi, tapmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär, şonuň üçinem ata Watanymyzda milli ykdysadyýetimiz hem onuň aýrylmaz bölegi bolan telekeçilik işi batly depginler bilen ösýär. 

                                                                   

 — «Dostgurluşyk» söwda-önümçilik hojalyk jemgyýetiňiziň ady hakynda durup geçesim gelýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu dostlaryň birleşen tagallasyny aýan edýärmi ýa-da özüňiziň ýöne goýan adyňyzmy? 

                                                                   

— Elbetde, dostlaryma hormatym hökmünde şeýtdim. Sebäbi işe başlamagyma ýakyndan ýardam berenem şolar ahbetin. Olaryň maslahaty we goldawy işiň şunuň kimin netijeli bolmagyna itergi berdi. Olaryň edil häzirki wagtda hem kärhanamyzda dürli hünärlerde zähmet çekip, meniň esasy zähmet daýanjyma öwrülendiklerini aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin. 

                                                                   

 — Ýaş telekeçilere berjek maslahatlaryňyz? 

                                                                   

— Işiň ýaramazy ýok. Haýsy işe başlasalaram, şony soňuna çenli alyp gitmekligi maslahat bererdim. «Men gowy telekeçi bolaryn» diýen ynanç hiç wagt gursagyndan aýrylmadyk ýaş işewür maksadyna hökmän ýeter. Ululary diňlemeli, tejribeli telekeçilerden öwrenmeli. Mydama täzeligiň gözleginde bolmaly. Sähel şowsuzlyga erkiňi aldyrmaly däl, gaýtam, şowsuzlyklar, bökdençlikler seni taplamaly, kämilleşdirmeli. Ýaşlar, esasanam, töwerege synçy nazaryny salyp bilmeli, edilýän işlere ser salyp, ondan netije çykarmagy başarmaly. Töweregindäki işi birkemsiz gurnalan telekeçiler muny nädip başarypdyrlar, şoňa göz ýetirjek bolmaly, gerek bolsa soramagam, öwrenmegem aýyp däl. Ine, meniň ýaşlara berjek maslahatym. 

                                                                   

 — Nurmuhammet, işiň hilini ýokarlandyrmak üçin nämeler edilse gowy? 

                                                                   

— Gurluşyk üçin ulanýan gurluşyk serişdeleriniň hili gowy bolmaly, üstesine-de, gurluşykçynyň işi hem göwnejaý ýerine ýetirilen bolmaly. Ýokary hilli gurluşyk serişdeleri hem işini oňat bilýän gurluşykçy gowy hiliň gazanylmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Işçi güýji işe höweslendirmegi başarmaly, işçiler gurluşykçy telekeçiniň esasy daýanjy, üstesine-de tehnikalaryň guratlygy we çig mal serişdeleriniň üpjünçiligi esasy üns merkeziňde bolmaly. Ine, şu zatlary utgaşdyryp bilseň, işleriň öz akymyna gitjekdigi ikuçsyzdyr. 

                                                                   

 — Nurmuhammet, juda işlidigiňize seretmezden, biz bilen söhbetdeş bolmaga wagt tapandygyňyz üçin size hoşallyk bildirýäris. Goý, geljekde-de işiňiz rowaç, maksatlaryňyz myratly bolsun! Söhbetdeşlik üçin sag boluň! 

                                                                   

 — Sizem sag boluň! 

                                                                                                           

Söhbetdeşligi taýýarlan Dursun TEKÄÝEWA,

                       

žurnalist.

03.06.2022
«Datmeni» — uly meşhurlyga eýe

Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Meret Meredowa degişli bolan hususy önümçilik kärhanasynyň işleri barha ilerleýär. Agzalan kärhanada öndürilýän dürli görnüşli datly önümler ildeşlerimiz tarapyndan uly islege we meşhurlyga eýe boldy.  

                                                                   

Mundan bäş ýyl ozal gurlup, işe girizilen kärhanada bu gün nahar duzy, konditer önümleriniň, däneli önümleriň, miwe şerbetleridir mürepbäniň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümleriň görnüşlerini artdyrmak, möçberini ýokarlandyrmak, ýokary hilliligini we datlylygyny saklamak babatda edilýän tagallalar ýerine düşýär. Kärhanada öndürilýän önümleriň içerki bazarda giň orun almagy, ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki söwda nokatlaryna bezeg goşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.  

                                                                   

Kärhanada bolanymyzda hünärmen Maral Kakajanowa bize ol ýerde işleriň ýola goýluşy hakda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, kärhanada ilkibaşda nahar duzunyň önümçiligi ýola goýulýar, Ýurdumyzda duzuň iri tebigy ýatagy bolan Balkan welaýatyndaky Guwly kölüniň tebigy käninden getirilen duz kärhanada ýokary talaplara laýyklykda gaýtadan işlenilip başlanýar. Ol kämil tehnologiýalar arkaly ýuwulýar, arassalanylýar, guradylýar, ýodlaşdyrylýar hem-de taýýar bolan iýmit duzy gaplara gaplanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde ýodlaşdyrylmadyk senagat duzunyň önümçiligine giň gerim berilýär. «Datmeni» haryt nyşanly nahar—iýmit duzy gysga wagtda uly islege eýe bolýar. 

 Häzirki wagtda kärhanada iýmit üçin niýetlenen ýodlaşdyrylan ýokary hilli duzlar iri, ownuk hem-de has ownuk görnüşinde taýýarlanylyp, awtomatiki usulda ýörite gaplara gaplanylýar. Duz önümçiligi boýunça sehdäki kämil enjamlar günde ortaça 20 tonna duzy gaýtadan işlemäge we gaplamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Bu gün kärhananyň ýöriteleşdirilen sehlerinde täze görnüşli önümleriň, şol sanda konditer önümleriniň, miwe şerbetleridir mürepbeleriň önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Ol ýerde öndürilýän kokosly we künjüli owranýan kökeler, owranýan köke, marmelad, krem şanti, şeker tozy, kakao ýaly datly önümler ilat tarapyndan uly islegden peýdalanýar.  

 Kärhananyň degişli önümçilik bölüminde taýýarlanýan erik, böwürslen, garaly, injir, gawun, ülje, ýertudana mürepbeleri ýörite tehnologiýa esasynda 0,5 litrlik çüýşe gaplaryna gaplanýar. Ol ýerde miwe şerbetleriniň bolsa, 10-dan gowrak görnüşi öndürilip, «Datmeni» haryt nyşany bilen ilata ýetirilýär.  

                                                                   

Alma, garaly ýaly miwelerden taýýarlanýan we 0,25 litr göwrümdäki owadan çüýşe gaplaryna gaplanan şerbetler hem gysga wagtda meşhurlyk gazandy. 

  Kärhananyň däneli önümlerini gaplaýan sehinde däneli önümler, şol sanda mäş, noýba, günebakar çigidi, mekgejöwen däneleri, tüwi, mele tüwi, merjimek ýaly önümler ýokary talaplara laýyklykda arassalanylýar hem-de gaplara gaplanylýar.  

                                                                   

Önümçiligi täzelikde ýola goýlan şokolad örtükli nohutly nogul, maňyzly nogul, kişmişli nogul ýaly tagamly, ýokumly önümleriň «Derek» haryt nyşany bilen elýeterli bahadan ilata ýetirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň azyk önümleriniň bolçulygyna saldamly goşant edýän, datly tagamlary bilen ildeşlerimiziň saçagynyň berekedine bereket goşýan hususy önümçilik kärhanasynyň agzybir işçi hünärmenleri ýakyn geljekde şokoladyň önümçiligini ýola goýmagyň aladasy bilen yhlasly zähmet çekýärler.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW,

                       

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: kärhananyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.

28.05.2022
Täze söwda merkezi ilatyň hyzmatynda

Ýakynda paýtagtymyzyň Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda Dokma senagaty ministrliginiň söwda merkezi açyldy. Merkez pudaga degişli dokma, gön-deri önümleriniň we dürli lybaslar dükanlarynyň 10-syny özünde jemleýär.  

                                                                   

Täze dükanlarda ekologik taýdan arassa, ýokary hilli taýýar sütükli önümler, boýalan nah we sintetik matalar, ýorgan-düşek daşlyklary, düşek toplumlary, nah ýüplükden dokalan halyçalar, erkek adamlar üçin niýetlenen dürli görnüşli lybaslar, aýakgaplar, gaýyş guşaklar, teletinden tikilen torbalar, çaga eşikleri, jins önümleri, sport lybaslary, dokalan we beýleki görnüşli egin-eşikler köpçülige hödürlenilýär. Şeýle-de dükanlarda alyjylara hödürlenilýän, Kaka we Babadaýhan dokma toplumlarynda öndürilýän «Mäne», «Zeýtun» haryt nyşanly öý tekstil, ýorgan-düşek daşlyklary müşderileriň islegli harytlarydyr.  

 Döwrüň talabyna laýyk derejede ösen tejribäni, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özünde jemleýän dokma kärhanalary bu ulgamyň işiniň kämilleşdirilmeginde mynasyp orun eýeleýärler. Eýýäm birnäçe ýyl bäri Aşgabadyň dokma toplumynyň, Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň, «Merw», «Nusaý», «Bedew», «Gala», «Bürgüt» we beýleki haryt nyşanly senagat kärhanalarynyň köpugurly dükanlary ilata ýokary hilli harytlary hödürleýärler.  

                                                                   

Hil taýdan ýokary, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze, döwrebap kärhanalaryň onlarçasy, ýüpegi gaýtadan işleýän, gön işläp bejerýän kärhanalar, aýakgap fabrikleri işe girizildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, dokma senagaty kärhanalarynyň işini uzak möhletleýin maksatnamalara laýyklykda guramak, pudaklarda hususyýetçiligi ösdürmek, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek boýunça işler barha kämilleşdirilýär. Elbetde, şeýle işleriň yzygiderli we toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy özümizde öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, olaryň hil taýdan ýokary hem-de bahalarynyň elýeterli bolmagyna mümkinçilik döredýär. 

  Ýurdumyzda bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy hem-de önümçilige dünýä gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagy içerki bazaryň üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyny hem şertlendirýär. Munuň özi Arkadagly Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, halkyň sarp edýän harytlarynyň söwdasyny guraýan düzümiň işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.

20.05.2022
Döwrebap kärhana ulanmaga berildi

 Düýn Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala geňeşliginde diş çotgalaryny öndürýän kärhana açylyp, ulanmaga berildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täze saba» hojalyk jemgyýetine degişli bolan täze, döwrebap kärhananyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe gabatlanyp işe girizilmegi bagtyýar ildeşlerimiz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabarasy uly ruhubelentlige beslendi. Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek, hususyýetçileri goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply milli önümleriň möçberini artdyrmak hem-de eksportyň möçberini ýokarlandyrmak, oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada buýsanç bilen gürrüň etdiler.  

Täze kärhananyň gurluşygyna gatnaşan hünärmenlere döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy, şeýle-de welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde joşgunly aýdym-sazly çykyşlaryň ýaýbaňlandyrylmagy dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdi. Myhmanlar dili senaly ýaşulularyň ak pata bermeginde diş çotgalaryny öndürýän häzirki zaman kärhanasynyň önümçilik bölümlerine aýlanmaga, ondaky tehnologiýalaryň aýratynlyklary, öndürilýän önümleriň hilidir görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

  Kärhananyň gurluşygyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýüpek ýol harytlary» hojalyk jemgyýetiniň ezber elli gurluşykçy-hünärmenleri alyp bardylar. Onuň önümçilik bölümlerinde Awstriýanyň «Engel Austria GmbH» we Germaniýanyň «Zahoransky AG» kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary oturdylypdyr. Kompaniýalaryň nou-hau tehnologiýalary bu ýerde her ýylda ýokary hilli diş çotgalarynyň 5 millionyny öndürmäge mümkinçilik berer. Önümçilikde ulanylýan çig malyň esasy bölegi Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyndan getirilýär.  

                                                                   

Täze desganyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde ýaşlaryň 30-dan gowragyna iş orny açyldy. Kärhananyň baş direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nazar Ýazgylyjowyň aýtmagyna görä, ýakyn geljekde önümçiligiň çägini we gerimini giňeltmek, iş orunlaryny 100 adama çenli artdyrmak bilen, öndürilýän diş çotgalarynyň sanyny 22 milliona ýetirmek maksat edinilýär.  

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

                       

Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.

20.05.2022
«Nurly meýdanyň» berekedi

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda, türkmen telekeçilerine, hususyýetçilerine aýratyn uly ynam bildirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji aprelinde geçirilen mejlisinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli kärhanalaryň işini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, kiçi, orta we iri telekeçilik kärhanalaryna goldaw bermek çärelerini dowam etmegi tabşyrmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle mümkinçilikleriň netijesini Balkan welaýatyndaky hususy kärhanalaryň gazanýan üstünliklerinde-de görmek bolýar. 

                                                                   

Mundan 10 ýyla golaý wagt öň Bereket etrabynyň çäginde döredilen «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň häzirki wagtda 400 gektar çemesi ýeri bolup, şonuň 344 gektara barabary dürli ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin peýdalanylýar. Şonça meýdanyň 50 gektaryny önümçilik desgalary eýeleýär. Döredilen ilkinji gününden bäri bu daýhan hojalygynyň bölümlerinde hususy hem-de uzak möhletleýin karz serişdeleriniň hasabyna önümçiligi ösdürmäge, öndürilýän önümleriň bahasyny arzanlatmaga, işçi güýjüni tygşytlap, agyr işleri ýeňilleşdirmäge niýetlenen kämil enjamlaryň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ýerde ýylda 75 müň tonna barabar kombinirlenen iým taýýarlaýan ýörite önümhana işleýär.  

                                                                   

Bu gün daýhan hojalygy tutuş ýurdumyzda ýedi hazynanyň birine deňelýän guşçulygy ösdürmekde döwlete dahylsyz bölegiň ugurdaş düzümleriniň arasynda öň hatarlarda durýar. Hojalygyň guşçulyk toplumynda döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kämil önümçilik düzümi emele getirilipdir, ol her ýylda 16 million ýumurtga öndürmäge niýetlenendir. Şeýle-de 8 müň tonna guş etini öndürmäge ukyply bölüm, 12 million jüýje çykarmaga niýetlenilen inkubator bar. Aslynda, «Nurly meýdan» daýhan hojalygy inkubatorly guşçulyk toplumyny işe girizmek bilen, ýurdumyzda şeýle görnüşdäki döwrebap taslamany ilkinji bolup üstünlikli amala aşyran hususy kärhanadyr. Eýýäm şu ýylyň birinji çärýeginde bu ýerdäki inkubatordan alnan sagdyn jüýjeleriň sany 1 million 152 müňe golaýlaýar. Ýetişdirilýän jüýjeleri guşçulyk bilen meşgullanýan hojalyklar höwes bilen satyn alýarlar.  

  Guşçulyk toplumynda saklanýan towuklary iýmlemek, suw bilen üpjün etmek, ýumurtgalary ýygnap almak, ýataklary arassalamak işleri awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Ýörite gaplara ýerleşdirilýän ýumurtgalar her gün täzeligi bilen sarp edijilere ugradylýar. Ýylyň başyndan hojalygyň guş idedijileriniň ýurdumyzyň ak bazarlaryna we söwda nokatlaryna ugradan ýumurtgasynyň sany 2,7 milliondan hem geçdi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri bu ýerdäki inkubator hojalygyndan çykarylan sagdyn jüýjeleriň umumy sanynyň üçden birinden gowragy bolsa et ugurly broýler jüýjeleridir. 37 — 42 günüň dowamynda degişli agramlaryna ýetirilenden soň, towuk eti görnüşindäki önüm sarp edijilere hödürlenilýär.  

                                                                   

«Nurly meýdana» bölünip berlen ýerleriň üç gektarynda gurlan döwrebap ýyladyşhanada dürli görnüşli bägülleri ösdürip ýetişdirmek hem görelde alarlyk derejede ýola goýlupdyr. Gülleri ösdürip ýetişdirmäge girişilmezden öň, bu taslamanyň dünýä tejribesindäki ýagdaýy ilik-düwme öwrenilipdir. Niderlandlardan, Ispaniýadan, Italiýadan, Hytaýdan we Eýrandan gül ýetişdirmek üçin niýetlenilen häzirki zaman enjamlary satyn alnypdyr.  

                                                                   

Bu ýerde ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylyp ýetişdirilýän bägülleriň 15 görnüşi bolup, olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde uly islege eýe. Ylmyň soňky gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanylyp, gülleriň her bir görnüşine aýratyn agrotehniki ideg ýola goýulýar. Bu ýerden ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki söwda nokatlaryna ugradylýan ter gülleriň ortaça sany her ýylda ýüzlerçe müňe baryp ýetýär. Paýtagtymyzyň dürli künjeklerinde daýhan hojalygynyň «Güljahan» atly ýöriteleşdirilen dükanlarynyň üçüsinde, Mary şäherinde açylan «Nurly meýdanyň gülleri» atly dükanda bu gülleriň hyrydarlary barha artýar. Eziz Diýarymyzyň Balkanabat, Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat we beýleki iri şäherlerine hem näzikligiň, söýginiň, owadanlygyň kepiline deňelýän güller yzygiderli ugradylyp durulýar. Ol güller raýatlarymyzyň toý-dabaralaryna aýratyn öwüşgin eçilýär. 

                                                                   

Bildirilýän ynamdan göwünleri galkynýan daýhan hojalygynyň hünärmenleri yhlasly zähmet çekip, halkymyza hyzmat etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin döwlet Baştutanymyza — Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Hojaberdi BAÝRAMOW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.

07.05.2022