Habarlar
Ýük dolanyşygynda amatly hem ygtybarly

Telekeçilige giň ýol 

                                                                   

Ähli ugurlarda okgunly ösüşleri gazanýan berkarar Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny berkidip, hil derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmelerde hususy işewürleriň mynasyp paýy bar. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda bu barada aýratyn nygtamak bilen, şeýle diýdi: «Häzirki wagtda kiçi hem-de orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösmegi, hususy başlangyçlaryň goldanylmagy üçin has amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňümizde goýan wezipelerimizi amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir». 

  Arkadagly Serdarymyzyň hususy ulgamyň durmuşa geçirýän giň gerimli işlerine ýokary baha bermegi ýurdumyzyň telekeçilerini täze üstünliklere ruhlandyrýar. Welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti şeýle ruhubelentligi hemra edinip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýokary talaplaryna abraý bilen hötde gelmekde netijeli işleri alyp barýan hususy kärhanalaryň biridir.  

                                                                   

«Senagat plastik» hojalyk jemgyýeti ummasyz gorlara daýanýan uglewodorod çig mal serişdesini senagat taýdan gaýtadan işlemek arkaly alynýan polietilendir polipropilenden sarp edijileriň durnukly artýan isleglerinden peýdalanýan önümleri öndürmegi üstünlikli ýola goýmagy başaran hususy kärhanalaryň ilkinjileriniň biridir. Indi dört ýyldan gowrak wagt bäri hereket edip gelýän bu kärhanada plastmassa ýükasty tekjeler öndürilýär. Olar toplumlaýyn gaplanylýan dürli önümleri we harytlary ýükläp, düşürmekde giňden peýdalanylýar.  

                                                                   

Ýükasty tekjeler harytlaryň ammarlarda talabalaýyk ýerleşdirilip, uzak wagtlap saklanylmagynda hem wajyp ähmiýetlidir. Hususy kärhananyň öndürýän önümleri agaç tekjeler bilen deňeşdireniňde, howply we ýiti himiki serişdeleriň täsirlerine durnuklydyr. Sowuk we gyzgyn howa şertleri babatda hem şuny aýdyp bolar. Gyzgyn bug bilen ýuwup bolýan plastmassa tekjeler hapalardan aňsat arassalanýar. Ýakymsyz yslary özüne siňdirmeýändigi, çyglylyk saklamaýandygy olaryň ýene-de bir artykmaç taraplarynyň biridir. Munuň özi ýükasty tekjeleriň bu görnüşini önümleriň ähli görnüşlerini daşamakda netijeli ulanyp bolýandygyna şaýatlyk edýär. Şonuň üçin kärhananyň bu önümine isleg bildirýän müşderiler barha artýar. Öndürilýän ýükasty tekjeleriň diňe bir möçberleriniň däl, eýsem, görnüşleriniň hem artmagy şeýle islegleriň netijesidir. Ilkibada kärhanada plastmassa tekjeleriň ýylda 240 müňüsini öndürmek ýola goýlan bolsa, soňlugy bilen onuň möçberi iki esse artdy. Sarp edijileriň islegleri nazarda tutulyp, ýükasty tekjeleriň kiçi ölçegdäki görnüşini öndürmek hem ýola goýuldy. Ýene-de bir bellenilmeli zat, ýükasty tekjeler birnäçe gezek ulanmak mümkinçiligine eýe bolmak bilen birlikde, olary hatardan çykan ýagdaýynda senagat taýdan gaýtadan işläp bolýar. Bu bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

«Senagat palstik» hojalyk jemgyýetiniň ýerli çig maldan öndürýän islegli önümleriniň netijeli taraplary başga-da köp. Şonuň üçin täze taryhy eýýamyň ýokary talaplaryna hötde gelmegi maksat edinýän hususy kärhananyň müşderileriniň hatary yzygiderli artýar. 

                                                                                                           

Nurmämmet HYDYROW,

                       

«Balkan».

15.10.2022
Importyň ornuny tutýan önümler

Telekeçilige giň ýol 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ykdysadyýetimiziň ösüşindäki mynasyp goşandy barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň hususyýetçiligiň dürli pudaklarda eýeleýän ornuny has-da giňeltmek babatda öňde goýýan anyk wezipeleriniň oňyn netijesidir.  

  Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde üstünliklere beslenýän özgertmelere bolan çäksiz buýsanjyny döredijilikli zähmeti arkaly beýan etmegi başarýan hususy kärhanalaryň biri-de welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän kärhanasydyr. Iki ýyla golaý mundan öň işe girizilen hususy kärhanada öndürilýän önümleriň turuwbaşdan sarp edijileriň arasynda uly isleglere eýe bolandygy buýsançly hakykatdyr. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnyp, önümçilige ornaşdyrylan kämil enjamlar arkaly ýerli çig mal serişdelerini senagat taýdan gaýtadan işlemekden alynýan gurluşyk serişdeleri ýokary hili bilen tapawutlanýar. Hususy kärhananyň önümçilik mümkinçilikleri bolsa ymaratlaryň içki diwarlaryny tekizlemekde hem-de ýylmamakda giňden peýdalanylýan gurluşyk garyndy serişdeleriniň iki görnüşini öndürmäge şertleri üpjün edýär. Şeýle-de bu ýerde gurluşykda giňden peýdalanylýan gurluşyk gipsi hem öndürilýär. Kärhanada öndürilýän gurluşyk serişdesiniň ýene bir görnüşi, ýagny gips kartony bolsa binalardyr desgalaryň içki gurluşynyň üçegasty hem-de diwar örtüklerini gözel görke getirmekde islegli önümleriň biridir.  

                                                                   

«Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň gurluşyk serişdelerini we gips kartonyny öndürýän kärhanasynyň «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyndan» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmäge saldamly goşant goşýandygyny nygtamak gerek. Bu ýerde öndürilýän gurluşyk serişdeleri diňe bir içerki bazarlara däl, eýsem, daşarky sarp edijilere-de dowamly ugradylýar. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ilkinji ýyly bolan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň başyndan bäri kärhana tarapyndan importyň ornuny tutýan gurluşyk garyndy serişdeleriniň diwarlary tekizlemekde ulanylýan görnüşiniň 6 müň 274 tonnasy, diwarlary ýylmamakda ulanylýan görnüşiniň bolsa 3 müň 800 tonnasy öndürildi. Gurluşyk gipsi babatda bu görkeziji 3 müň 320 tonna ýetdi. Gürrüňi edilýän döwürde gips kartonynyň 336 müň inedördül metrden gowragy taýýarlandy. 

                                                                   

Gazanylýan zähmet netijeleri Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň hususy işewürlerine milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagyny ösdürmekde hem-de pudagyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda bildirýän ýokary ynamyna abraý bilen hötde gelmekde hususy kärhananyň ähli tagallalary edýändiginiň aýdyň güwäsidir. 

                                                                                                           

Nury MÄMMEDOW.

08.10.2022
Halal zähmetiň miwesi

Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan hususyýetçiler hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyny toý sowgatlary bilen garşyladylar. 

                                                                   

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän «Mj1iwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bereketli güýzde ýetişdirilen boldumly hasyly ýygnap, halkymyzyň baýramçylyk saçagyna hödürledi. Paýdarlar jemgyýeti şu ýyl dag eteginde ekilen miweli baglardan ilkinji hasyly ýygnady. Häzirki günlerde bolsa hususyýetçi daýhanlar alma, armyt, hurma ýaly miweleriň bol hasylyny ýygnaýar. 

                                                                   

Ekologiýa taýdan arassa, ter hem-de datly miweler öz işinde innowasion tehnologiýalardan, döwrebap tehnikalardan peýdalanýan oba hojalykçylaryň yhlasynyň myrat tapýandygyny görkezýär. Miweleriň bereketli harmany daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutmak hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2019-njy ýylda esaslandyryldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde paýdarlar jemgyýetine 1200 gektar ýer bölünip berildi. Şol ýer böleginde alma, armyt, hurma, garaly, şetdaly ýaly miweli baglar bilen birlikde, käşir, sogan, ýeralma ýaly bakja ekinlerini hem ösdürip ýetişdirýän paýdarlar jemgyýetiniň düzümine «Gök bulut», «Hemsaýa», «Miweli atyz», «Datly miwe» hojalyk jemgyýetleri girýär. Olaryň her biri 300 gektar meýdanda iş alyp barýar. 

                                                                   

Paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanlaryny özleşdirmek üçin döredilen durmuş düzümleri — suw, elektrik geçiriji ulgamlar, beketlerdir howdanlar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ekinleri suwarmak üçin gerek bolan suw bu ýere Garagum derýasynyň 630-njy kilometrinden çekilen suw geçiriji ulgam arkaly getirilýär. Ekin meýdanlaryny suwarmakda diňe damjalaýyn suwaryş ulgamy, awtomatlaşdyrylan tehnikalar peýdalanylyp, işleriň gidişine sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär.  

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň miweli baglaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilip, baglary gurplandyrmak we zyýankeşlere garşy göreşmek işleri ylmy esasda alnyp barylýar. Bu bolsa baglaryň bol hasyl getirmegine mümkinçilik berýär. Her bir işe ylmy taýdan çemeleşmek bu paýdarlar jemgyýetiniň esasy ýörelgeleriniň biridir. Hususy pudagyň wekilleriniň eýýäm hasylyň ilkinji ýylynda oňyn netijeleri gazanmaklary bolsa olaryň edýän yhlasynyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Ylmyň gazanan öňdebaryjy tejribesinden ýerlikli peýdalanýan paýdarlar jemgyýetinde amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çuňňur oýlanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň birbada birnäçesini özünde jemlemek bilen, ulanylman ýatan ýerleri özleşdirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da berkitmek, importuň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmek, oba hojalygyna innowasiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, suw we ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak, täze iş orunlaryny döretmek ýaly maksatlardan ugur alýar.  

                                                                   

«Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işiniň mysalynda Arkadagly Serdarymyzyň goldawyndan göwünleri galkynýan türkmen telekeçileriniň köpugurly mümkinçilikleri we gazanýan üstünlikleri aýdyň görünýär. Paýdarlar jemgyýetiniň agzybir işgärleri mundan beýläk hem yhlasly zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşlerine hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen tutumly işlere mynasyp goşant goşmak ugrunda tagallalaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryny nygtap, munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW.

04.10.2022
Hususy pudak — milli ykdysadyýetiň daýanjy

 Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ynsanperwer maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.  

                                                                   

Şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden gowrak bolandygy muny doly tassyklaýar. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan Gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň döwrüň ösen talaplaryna mynasyp işleri amal edýändigini aýratyn bellemek gerek. Kärhananyň hünärmenleri mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk ählihalk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar.  

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň eziz Diýarymyzyň çig mal serişdelerine baý bolan bu künjeginde halkara ülňülere kybap gelýän, umumy meýdany 25 gektara barabar bolan döwrebap kärhanasy günbatar sebitde hem telekeçiligiň ynamly ösdürilýändiginden habar berýär. Bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hemem diwar örtükleri üçin zerur bolan gipskartonyna ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýan gurluşyklarda, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda hem isleg barha artýar. 

 Kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen bu häzirki zaman önümhanasy ymaratlaryň içki diwarlaryny tekizläp, ýylmamak üçin zerur bolan önümleri taýýarlamakda ýylyň-ýylyna belent sepgitlere eýe bolýar. Kärhananyň önümçilik işlerini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mallaryň agramly bölegi Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Kärhanada taýýarlanýan gurluşyk serişdeleri üçin gerek bolan goşundylaryň belli bir bölegi Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär. Munuň öz Watanymyzda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem barha rowaçlyk tapýandygynyň güwäsidir. 

                                                                   

Kärhanadaky juda kämil enjamlar oturdylan barlaghana taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin olar içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyplydyr. Kärhananyň golaýyndaky känlerden getirilýän çig mal taýýar harytlyk görnüşine getirilýänçä, amala aşyrylýan işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlary netijeli işletmek bilen amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda il-ýurt bähbitli, tutuş dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täzeden-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginlerde alnyp barylýan mesgenine öwrüldi. Kärhananyň hünärmenleri halkara ölçeglere laýyk taýýarlanýan serişdeleriniň gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Kärhanada önümçiligiň ähli ulgamlary hut türkmen hünärmenleri tarapyndan başarnykly dolandyrylýar. Olaryň her biri hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, bitirýän işleriniň ähli babatlarda ýokary hilli bolmagyny gazanýar. «Akgaýa» hojalyk jemgyýetinde täzelikde öndürilip başlanan «Kent» haryt nyşanly suw esasly boýaglar bolsa 10 we 20 kilogramlyk ýaraşykly gaplarda sarp edijilere ugradylýar. Dürli reňkli ol boýaglary müşderiler uly isleg bilen satyn alýarlar. Aslynda, häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagyna, köp babatlarda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri çylşyrymly we giň möçberli işleri ygtybarly ýola goýmakda daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümlerinden yzda galmaýarlar. Çünki berkarar döwletimizde hereket edýän kanunlar türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Bu ýerdäki önümhanalarda, ammarlarda, sorujy desgada, ýörite gaplarda (rezerwuarlarda), mehanizmleri abatlaýyş bölüminde işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Kärhanada hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilen raýatlarymyzyň kyrkdan gowragy zähmet çekýär. 

— Bu gün bitirýän işleri bilen tutuş ýurdumyzda we onuň daşynda hem giňden tanalýan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetimiziň bu kärhanasynda ýerine ýetirilýän önümçilik işleriniň ählisi diýen ýaly dolandyryş merkezinden, kämil kompýuterler arkaly, awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Gelip gowuşýan çig mallar hem, taýýar önümlerimiz hem ähli kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanamyzda gözden geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere hödürleýän gurluşyk serişdelerimiziň ýokary hilli bolmagyna hemem olaryň uly islegden peýdalanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň ýokary hilli, netijeli zähmet çekmek üçin amatly, ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny hemişe baş wezipe edip goýýar. Kärhanamyzyň hünärmenleriniň bu ynama mynasypdygyna buýsanýarys. Şu ýylyň geçen sekiz aýynda kärhanamyz boýunça ýokary hilli gurluşyk garyndy serişdeleriniň 11 müň 640 tonnasy we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hemem diwar örtükleri üçin gerek bolan gipskartonynyň 337 müň inedördül metri taýýarlanylyp, sarp edijilerden gelip gowşan sargytlar abraý bilen berjaý edildi. Taýýarlaýan önümlerimiz diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly ençeme döwletlerde hem uly isleg bilen satyn alynýar. Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri-de, gurluşyk serişdelerini taýýarlamak üçin zerur bolan çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly welaýatymyzyň çäklerinden alynýanlygydyr. Bu bolsa öndürýän önümlerimiziň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmaga aýratyn täsirini ýetirýär. Bize halal zähmet çekip, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, kärhananyň önümçilik müdiri Parahat Gurbanow aýdýar. 

                       Hojaberdi BAÝRAMOW.                        «Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.                
03.10.2022
Telekeçilige — giň ýol!

Il-gün bähbitli tagallalar 

                                                                   

Ajap eýýamymyzyň beýleki ýyllarynda bolşy ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da telekeçiligi ösdürmekde, hususyýetçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmeginde uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimizde haryt bolçulygynyň döredilmegine kuwwatly itergi berýär. Telekeçiligiň öndüriji güýç hökmünde geriminiň giňelmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikler açylýar.  

                                                                   

Telekeçileri hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine jemlemekde, hususyýetçilerimizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän wakalara giňden çekmekde welaýat komitetimiziň işgärleri we işjeň agzalary ähli tagallalary edýärler. Bu babatda biz telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat işini şu günüň talabyna laýyk alyp barýarys. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýokary zähmet ýeňişlerine beslenip, taryhy wakalaryň dabarasynyň belentden ýaňlanmagyna özümiziň mynasyp goşandymyzy goşýarys. 

                                                                   

 Maral DURDYÝEWA. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

29.09.2022
Ykdysady ösüşiň binýady

Telekeçilige giň ýol! 

                                                                   

Şäher bazarlarynyň birinde tötänden gabat gelen, üstünden eslije ýyl geçen şol wakam hususy pudagyň giň gerimli ösüşi, türkmen işewürleriniň gazanýan köptaraply üstünlikleri barada ýazmakçy bolan pursatlarymda köplenç ýadyma düşýär. Alyjy söwdagärden tertipleşdirilip goýlan harytlaryň bahalaryny soraýardy. Ilkibada ilgezik jogap beren ýaş ýigidiň birdenem sabyr käsesi dolaýdy öýdýän: «Aý, daýza jan, aljak zadyň nyrhyny sorasana!» diýip, gahar bilen jogap berdi. Bu sözlerden soň müşderi ýaş satyjynyň ýanyndan daşlaşmak bilen boldy. Muňa mähetdel gapdalda duran orta ýaşlaryndaky adam (megerem, harytlara dahylly bolsa gerek) ýaş ýigide igenmäge durdy: «Alyjylar bilen beýle gürleşseň, kim seniň ýanyňa geler?! Bir zadyň bahasyny on gezek sorasa-da, ýaltanman jogap ber. Indi şu hereketiňi gaýtalama». Satyjy ýigit sesini çykarmady.  

                                                                   

Hemişe gelim-gidimli, müşderisi ýetik hususy dükanyň eýesiniň bir gürrüňdeşlikde: «Haýsydyr bir harydy almaga dükana baranyňyzda, ol hem ýok bolsa, şonda satyjynyň «Size näme gerekdi?» diýen sowalyny jogapsyz galdyrmaň. «Siziň dükanyňyzda ýok eken» diýip çykyp gaýtmaň. Eger-de sowala degerli jogap berseňiz, onda gerek harydyňyzy indiki gezek geleniňizde, hökman şol dükandan tapjakdygyňyzy aýdyp bilerin. Sebäbi alyjynyň islegini öwrenmek hem-de şol islegi kanagatlandyrmak — söwda etmegiň ilkinji zerur şertleriniň biri» diýip aýdany ýadymda galypdyr.  

                                                                   

Söwda edýän oglanlaryň biriniň nyrh meselesinde müşderiler bilen mümkin bolan derejede ylalaşmagyň getirýän bähbidi barada aýdanlaram hakydamda orun alypdyr. Onuň aýtmagyna görä, söwdada harydy gymmat satmak däl-de, az peýda bilen köp satmak bähbitli. «Gymmat haryda hyrydar tapmak kyn. Şonuň üçin harydyňy gymmat bahalap, bir aýlap saklanyňdan, az peýda bilen köp satmak girdejili» diýip, ol düşündirýär.  

                                                                   

Hususyýetçiligiň milli ykdysadyýetimize ymykly ornaşyp, onuň dürli pudaklarynda işjeň hereket edýän häzirki ajaýyp zamanamyzda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bulary ýatlamakdan maksadymyz islendik işiň ilkinji ädimlerden, wagtyň geçmegi bilen ýönekeý görünýän usullardan başlanýandygyny nygtamakdan ybarat. Uly üstünlikleriň kiçijik şowlulyklardan kemala gelýändigini hem hiç kim inkär etmese gerek. Biziň döwrümiz — zähmet çekýän adama şowlulyklaryň, üstünlikleriň hemra bolýan eýýamy. Ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ajaýyp döwrümiziň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen, häzirki ýeten derejeleri haýran galdyrýar.  

                                                                   

Hormatly Arkadagymyzyň hususy ulgamyň işini doly goldamak, hemaýat bermek babatdaky giň gerimli aladalarynyň netijesinde ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň köpugurly hem-de okgunly ösüşine düýpli itergi berýän hususy ulgam kemala geldi. Şeýle aladalaryň ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmeleri bilen sazlaşykly utgaşmagy telekeçilik işini alyp barmak üçin amatly şertleri üpjün edýär. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň paýy yzygiderli artýar. Ykdysadyýetimiziň agrosenagat toplumynda, gurluşyk we senagat pudaklarynda, azyk we dokma senagatynda, ulag pudagynda, syýahatçylyk, söwda we hyzmatlar ulgamynda, şeýle-de beýleki birnäçe möhüm ugurlarda kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň alyp barýan sazlaşykly işleri muňa anyk subutnamalardyr.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly başlangyçlary esasynda kabul edilen uzak möhletleýin döwlet maksatnamalarymyzyň çäklerinde alnyp barylýan işler telekeçilik işjeňliginiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde düýpli öňegidişlikleri gazanmagyň berk binýadyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Telekeçilik işjeňligi önümçiligi çeýe dolandyrmaga, ýagny döwrebap işläp taýýarlamalary, dünýä ylmynyň gazanan tejribeleridir tehnologiýalaryny önümçilige çalt hem-de batyrgaý ornaşdyrmaga ukyplydyr. Telekeçilik täze iş orunlaryny döredýär, ykdysadyýetiň salgyt binýadyny giňeldýär, öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmak bilen, ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna daşarky bazarlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň işini ýola goýup, ýurduň eksport mümkinçilikleriniň gerimini giňeldýär. Hususy ulgamda ýetilýän sepgitler, gazanylýan uly üstünlikler Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny düýpli artdyrmakda hem-de halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmakda ähli tagallalaryň edilýändigini görkezýär. Ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmekde, kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn goldamakda alnyp barylýan guwandyryjy işler, ak bazarlarymyzyň bolçulygy, berekedi, ajaýyp döwrümizde hususyýetçilige daýanýan bazar ykdysadyýetine geçmekde ýetilýän belent sepgitler bolsa hemmeleri buýsandyrýar. 

                                                                                                           

Nurmämmet HYDYROW,

                       

«Balkan».

19.09.2022
Köpugurly kärhana

Milli ykdysadyýetde hususyýetçiligiň paýyny artdyrmak, telekeçiligi ählitaraplaýyn goldamak, hususy işewürligi ösdürmek boýunça giň mümkinçilikleri döretmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde oňyn tejribe topladylar. Öý hojalygynda, edara-kärhanalarda we beýleki jemgyýetçilik düzümlerinde peýdalanylýan mebel önümleriniň görnüşleriniň artýandygy, hiliniň ýokarlanýandygy muňa aýdyň mysaldyr. 

                                                                   

1998-nji ýylda esaslandyrylan «Türkmen mebel» kärhanasy ýurdumyzyň beýleki hususy düzümleri bilen birlikde, ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ulanyşa berlen mebel toplumyndaky hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri döwrebap we ýokary hilli mebelleri bilen diňe bir içerki bazary üpjün etmän, eýsem, öz önümlerini daşary ýurtlara-da eksport etmäge ukyply. Bu işde «Türkmen mebel» kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Önümçilik toplumy 4,5 gektar meýdany eýeleýär. Bu ýerde işler ýokary derejede guralan. Işiň köp bölegi awtomatlaşdyrylan görnüşde alnyp barylýar. Kärhanada zähmet çekýän hünärmenlerdir işçileriň aglaba böleginiň ýaşlardygy aýratyn bellenmäge mynasyp. Işgärleriň döredijilikli işlemekleri we dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir. 

                                                                   

Kärhananyň önümçilik toplumy birnäçe bölümden ybarat. Onuň düzüminde edara binasy, önümçilik sehi, çig mal we materiallar bölümi, taýýar harytlar üçin ammar bar. Önümçilik bölümlerinde Italiýada, Germaniýada we Türkiýede öndürilen döwrebap enjamlar ornaşdyrylypdyr. Her bölümde önümi taýýarlamak üçin zerur işler sanly ulgamyň kömegi arkaly ýokary takyklykda ýerine ýetirilýär. Arassaçylyk we howpsuzlyk düzgünleriniň kadalary berk berjaý edilýär. Müşderileriň ýörite buýurmalary aýratyn göz öňünde tutulýar. Bu ýerde öý goşlarynyň, hojalykda, edara-kärhanalarda ulanylýan mebelleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümler ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Olaryň adam üçin rahat, berk, çydamly hem-de göze gelüwli bolmagy esasy talaplar hasaplanýar. Müşderileriň isleglerinden ugur alnyp, döwrebap önümleriň öndürilýän, yhlasly zähmetiň gaýnap-joşýan ýerinde ösüş hem ýokary bolýar.  

                                                                                                           

Çary ÇARYÝEW.

14.09.2022
Milli öwüşginli önümler

— Seret, meniň goştorbama! Çagalar bagyna gatnaýarkak öwrenen ertekimiz «Ejeke jan» bar-a, Baýmyrat diýen jigisi keýik owlagyna öwrülýär-ä?! Ana, şol ertekiniň suraty bar meniň goştorbamda. 

                                                                   

 — Meniň goştorbamdaky surata-da seretsen-e! Şolam biziň çagalar bagynda öwrenen ertekimiz. 

                                                                   

 — Hä, hawa! Ýedi sany doganyny gözlemäge pişigini we kökesini alyp giden Akpamygyň suraty. 

                                                                   

 — Sen jigimiň goştorbasyny bir görsediň?! 

                                                                   

 — Meniň jigimiňkide-hä alabaýyň suraty bar. 

                                                                   

 — Daýzamlaryň öýüne ýakyn ýerde-hä alabaýyň heýkelem bar. 

                                                                   

 — Jigiň goştorbasyndaky suratyň nämedigini bilesim gelip, içim byjyklap barýar-da! 

                                                                   

 — Onam çagalar bagyndakak öwrenipdik: 

                                                                   

 Tak-tak etdim,
Dalak iýdim,
Pök-pök etdim,
Böwrek iýdim,
Gagyldap oturan gargany iýdim,
Eşeklije babany iýdim,
Torumlyja Maýany iýdim,
On oglany orup iýdim,
Kyrk gyzy gyryp iýdim —
diýip, ahyrynda açgözligi üçin garryja mama garnyny ýardyran Böwenjigiň suraty bar...
 

                                                                   

 Sentýabryň sergin säherinde mekdebe gatnap başlanyna köp wagt geçmedik gyzjagazlardan eşiden bu gürrüňlerim meni ýatlamalar ummanyna atardy. Hyýalymda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji apreli peýda boldy. Şol gün Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de maslahat öz işine başlapdy. Foruma hususyýetçileriň 200-den gowragy gatnaşyp, olar dürli ugurlar boýunça alyp barýan işleri, önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrypdylar. Ýurduň altyn gaznasyna deňelýän hususy pudagyň wekilleriniň birnäçesi bilen söhbetdeş bolmak bagty maňa hem nesip edipdi. 

                                                                   

Daş-töwerek türkmen telekeçileriniň önümleri bilen bezelen. Göwnüňi çäksiz buýsanja besleýän duýgy bolsa, önümlerde milliligimiziň şöhlelendirilmesi. Bu ýagdaý hususyýetçileriň Watana ak ýürekden hyzmat etmegi ömürleriniň manysyna deňeýän nesilleriň watançylyk duýgularyny terbiýelemäge aýratyn uly goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Men şeýle milli öwüşginli önümlere «Gerçek» hususy kärhanasynyň guran sergisinde hem gabat gelip, olar bilen söhbetdeş boldum. Aýakgap önümleri, şeýle hem okuwçy oglan-gyzlar üçin niýetlenen mekdep torbalary bilen ýerli we daşary ýurtly müşderileriň söýgüsini gazanan bu kärhana barada meýilleşdiriş bölüminiň baş hünärmeni Laçyn SÖÝÜNOWA şeýle gürrüň berdi: 

                                                                   

 — Telekeçi Aýhan Rejepowanyň eýeçiligindäki Mary şäherinde ýerleşýän hususy kärhanamyzda şu ýylyň başynda mekdep okuwçylary üçin «Gerçek» haryt nyşanly mekdep torbalarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle-de kärhanada sport aýakgaplarynyň täze görnüşleri hem-de çagalar üçin ýarymçepekler öndürilýär. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik bölümleriniň ýylda 22 milliona golaý jübüt aýakgap öndürmäge mümkinçiligi bar. Öndürilýän aýakgaplar dürli görnüşli bolup, öz berkligi we ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Kärhanada erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş üçin niýetlenilen görnüşleri tikilýär. Häzirki wagta çenli kärhanamyz ähli möwsümler üçin aýakgaplaryň 700-den gowrak görnüşini — dürli ýaşdaky çagalar, erkekler we zenanlar üçin aýakgaplary, sport aýakgaplaryny, rezin aýakgaplary, mekdep torbalaryny we başga-da şuňa meňzeş önümleri öndürmegi ýola goýdy. 

                                                                   

 Bu gün köpçüligiň islegini doly derejede kanagatlandyrýan ýeňil we oňaýly aýakgaplar içerki bazarlardan başga-da Gyrgyz Respublikasyna, Owganystana iberilýär. Häzirki wagtda kärhanamyzyň önümlerini Gazagystana ibermek barada hem gepleşik geçirilýär. Ekologiýa taýdan arassa çig mallardan öndürilen önümlere diňe ýerli bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlaryň bazarlarynda-da islegiň barha artýandygy ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikleriň artýandygynyň guwandyryjy alamatydyr. 

                                                                   

 Şahyr aýtmyşlaýyn: «Iň uly bagt — gadyryň bilinmegi». Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaşaýan her bir ynsan şol uly bagtyň eýesi. Çekýän halal zähmetiňe goýulýan sarpa bolsa süňňüňe kuwwat, işiňe itergi berip, pikir-hyýallaryňy täze döredijilik gözleglerine sary ýollaýar. Bu gün diňe Türkmenistanda däl, Merkezi Aziýada hem giňden tanalýan öňdebaryjy «Gerçek» hususy kärhanamyzyň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi tarapyndan guralan «2020-nji ýylyň telekeçisi» diýen bäsleşikde ýeňiş gazanyp, «Ýylyň senagatçysy» diýen ada mynasyp bolmagy agzybir işgärlerimiziň ählisini täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy.  

                                                                   

 Bilşimiz ýaly, 2021-nji ýylda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilen deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlaryň 42-si gatnaşdy. Bu bäsleşige kärhanamyzyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat bölüminiň ýanyndaky Işewür zenanlaryň merkeziniň başlygy Aýhan Rejepowa hem gatnaşyp, «Ýylyň telekeçi zenany» diýen ada mynasyp boldy. Şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygy mynasybetli hususyýetçileriň arasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde 2021-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen «Ýylyň öňdebaryjy işewüri» atly bäsleşiginiň «Ýylyň işewür zenany» ugry boýunça «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän telekeçi Aýhan Rejepowa 1-nji orna mynasyp boldy. Bu bolsa taryhyň altyn sahypalarynda görkezen edermenlikleri, ýurdy, maşgalany dolandyrmakdaky we nesil terbiýesini kämilleşdirmekdäki nusgalyk pähim-parasady, nepis el işleri, başarjaňlygy, gaýratlylygy hem mylaýymlygy bilen özüni tanadan türkmen zenanlarynyň ýurdumyzyň hususy telekeçilik pudagyny ösdürmekde hem birjik-de çetde durmaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

 Goý, gadymy halkymyzyň müdimi gymmatlyklaryny dünýä ýaýyp, nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda aladalanýan, bu babatda biz — hususyýetçileriň-de mynasyp goşant goşmagyna ýardam berýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleri hemişe rowaç bolsun! Ynsan zähmetine belent sarpa goýulýan ajaýyp ýurdumyzda işeňňir işewürlerimiziň işleri ilerläp, Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä dolsun! 

                                                                                                           

Söhbetdeş bolan   Sülgün MYRATGELDIÝEWA,

                       

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby, «Esger»

12.09.2022
Azyk bolçulygyna goşant

Guşçulygy ösdürmekde hususy pudagyň wekilleri gowy netijeleri gazanýarlar. Olaryň hatarynda Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynyň işgärleri içerki bazarlary ýumurtga we guş eti bilen üpjün etmekde tutanýerlilik görkezýärler.  

                                                                   

Guşçulyk toplumynyň ýyllyk kuwwaty sekiz million ýumurtga we müň tonna guş etini öndürmäge niýetlenendir. Toplumda ýumurtga berýän, et üçin niýetlenen towuklar saklanýan hem-de inkubator bölümleri bolup, olaryň ählisi Türkiýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýokary hilli enjamlary bilen üpjün edilendir. Guşlary iýmitlendirmek, olaryň ketekleriniň ýylylyk derejesini kadaly ýagdaýda saklamak, inkubatorlarda broýler jüýjelerini çykarmak işleri şu enjamlaryň kömegi bilen ýerine ýetirilýär we olar kompýuter ulgamy arkaly dolandyrylýar.  

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumynda ýumurtga berýän towuklaryň 50 müňe golaýy idedilýär. Guşlara berilýän bugdaý ýarmasy, mekgejöwen we soýa ýaly iýmleriň düzümine witaminli goşundylaryň goşulmagy towuklaryň önüm berijiligini has-da artdyrýar. Bu bölümde her aýda ýumurtganyň ortaça 700 müň sanysy öndürilýär. Ýokumly azyk önümi bolan ýumurtgalar, baglaşylan şertnama laýyklykda, döwlet lomaý bölek söwda kärhanasyna iberilýär.  

                                                                   

«Ýaşyl ýaz» hojalyk jemgyýetiniň inkubator bölüminde hem işler talabalaýyk ýola goýlupdyr. Bu ýerde broýler jüýjelerini köpeltmekde zerur bolan ýumurtgalar Türkiýeden satyn alynýar we jüýjeler tapgyrlaýyn çykarylýar. Broýler görnüşli jüýjeler aýry-aýry keteklerde saklanyp, olara göwnejaý ideg edilýär. Guşlara weterinar gözegçiligi hem talabalaýyk ýola goýlupdyr.  

                                                                   

Guşçulyk toplumynda taýýar önümler göze gelüwli gaplara gaplanyp, döwlet et-süýt söwda kärhanasyna, belli bir bölegi bolsa «Täze Aý» hojalyk jemgyýetiniň önümçiligine ugradylýar. Bu önümler içerki bazarlarymyzda islegli önümleriň hatarynda orun aldy. 

                                                                   

Özleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp zähmet çekýän telekeçiler guşlar üçin zerur bolan dänelik ekinleri ekmek ugrunda hem asylly işleri alyp barýarlar. Hojalyk jemgyýetiniň işgärleri guşçulyk toplumynyň ot-iým binýadyny geljekde has-da berkitmegi we giňeltmegi maksat edinip, bölünip berlen ýer böleklerinde mekgejöwen, beýleki däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmäge uly ähmiýet berýärler. Içerki bazarlary ýumurtga we guş eti bilen üpjün etmäge saldamly goşant goşýan işewür telekeçiler ykdysady ösüşde hususy ulgamyň ornuny ýokarlandyrmakda alyp barýan döwlet bähbitli işleri üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.  

                                                                                                           

Welmuhammet GALANDAROW.

29.08.2022
Berk hem ykjam

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýan telekeçilik ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitlere eýe bolýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, senagat pudagyny ösdürmekde telekeçileriň gazanýan netijeleri guwandyryjydyr. Şu ýylyň geçen ýedi aýynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgininiň 167,9 göterime, senagat önümleriniň ösüş depgininiň 109,2 göterime deň bolmagy-da muňa aýdyň mysaldyr. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri täze tilsimatlara daýanyp, olary önümçilige ykjam ornaşdyryp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutup bilýän önümçiligi işe girizýärler. Ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary ýurt bazarlaryna çykarmakda-da türkmen telekeçileri işeňňirlik görkezýärler. Oňa mysal edip, «Röwşen» hususy kärhanasyny görkezmek bolar. 

                                                                   

«Röwşen» ýurdumyzda aýakgap önümçiligini ýola goýan ilkinji kärhanadyr. 2003-nji ýylda işe girizilen bu kärhana dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil enjamlar ornaşdyrylandyr. Munuň özi öndürilýän önümleriň hiliniň ep-esli ýokary bolmagyna şert döredýär. «Röwşen» haryt nyşanly dürli ölçegdäki aýakgaplar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da höwes bilen satyn alynýar. Ýeri gelende aýtsak, kärhananyň öndürýän aýakgaplary arassa gönden tikilýär. Sap gönden tikilen aýakgaplar berk we ykjam bolýar. Ine, şonuň üçinem bu aýakgaplara bolan isleg barha artýar. 

                                                                   

Kärhana «Maksatderi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk edýär, çünki bu jemgyýet diňe «Röwşen» hususy kärhanasynyň aýakgaplary üçin her aýda bir million dessimetrden gowrak gön öndürýär. Paýdarlar jemgyýetiniň öz önümleri bilen daşary ýurtlara-da çykyp başlandygyny aýtmak gerek. 

                                                                   

Häzirki wagtda hususy kärhanada 300-den gowrak işçi-hünärmen zähmet çekýär. Önümçilikdäki enjamlaryň sazlaşykly işleýşi, hünärmenleriň öz işine yhlas bilen çemeleşmekleri netijesinde, kärhana her aýda 15 müň jübüte çenli aýakgap öndürýär. Bu ýerde tikilýän aýakgaplar erkek adamlar, zenan maşgalalar, mekdep okuwçylary üçin niýetlenendir. Şeýle-de türgenler, esgerler üçin hem ýörite aýakgaplar tikilýär. 

                                                                   

Kärhananyň ýurdumyz boýunça 30-dan gowrak dükany bar. Gözel Aşgabadymyzyň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 91/1 jaýyndaky kärhananyň «Gadamly» aýakgap önümleri dükany hem halkymyza medeniýetli hyzmat edýär. Kärhananyň dükanlarynda öz islegiňe görä dürli reňkdäki aýakgaplary saýlap alyp bolýar.  

                                                                   

Aýakgap önümçiliginde Italiýanyň döwrebap enjamlary ulanylýar. Kärhananyň hünärmenleri aýakgaplaryň görnüşlerini, reňkini, dizaýnyny yzygiderli kämilleşdirýärler. «Röwşen» haryt nyşanly aýakgaplar daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýar. Kärhana ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, şeýle-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga saldamly goşant goşýar. «Röwşen» öz önümlerini goňşy we dostlukly döwletleriň birnäçesine eksport edýär. Geljekde daşary ýurt döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek meýilleşdirilýär.  

                                                                   

Kärhananyň işçi-hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine bildirýän ynamyny özleriniň päk zähmeti bilen ödejekdiklerini aýdýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän asylly işleriniň has-da rowaçlanjakdygyna berk ynanýarlar. 

                                                                                                           

Akmyrat NURALYÝEW.

                       

«Türkmenistan».

25.08.2022
Döwrebap maldarçylyk toplumynda

Berkarar Watanymyzda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalanmak ugrundaky tagallalara Ahal welaýatynda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap maldarçylyk toplumynyň netijeli we guwandyryjy işleri bu ugurda aýratyn bellärliklidir. 

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynyň «Arçman» daýhan birleşiginiň çägindäki ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligine ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. 2015-nji ýylda bu ýere Germaniýadan getirilen «aberdin-angus» tohumly mallaryň hojalyga peýdaly alamatlary ylmy esasda öwrenildi, ykdysady taýdan amatlylygy, dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy göz öňüne tutulyp, bu mallar hojalykda köpçülikleýin idedilip başlandy. Mermer etiniň önümçiligi boýunça iň gowy tohumlaryň biri hasaplanylýan şeýle görnüşli mallaryň bu ýerde göwnejaý idedilmegi we olardan ýokary hilli önüm alynmagy üçin ähli tagallalar edilýär.  

                                                                   

Maldarçylyk toplumynyň işini ýöretmek üçin bölünip berlen ýer böleginiň 35 gektarynda gurlan desgalar döwrebap enjamlaşdyrylandyr. Toplum mal ýataklaryny, sagym we sagym sygyrlar, ýaş göleler binalaryny, gezim meýdançasyny, dökün ammarlarydyr ot-iým desgalaryny hem-de beýleki kömekçi desgalary öz içine alýar. Olarda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar toplumyň işini ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Şu ýerde idedilýän mallaryň arasynda et we süýt berijiligi bilen tapawutlanýan «simmental», «golşteýn» görnüşli sygyrlar hem bar. Häzirki wagtda idedilýän mallardan ýylyň dowamynda onlarça tonna et öndürilýär. Toplumyň sagym mallaryndan her günde alynýan süýdüň möçberi 15-16 tonnadyr. Süýt, senagat taýdan ýokary talaplara laýyklykda, gaýtadan işlenilýär hem-de süýt kärhanalaryna ugradylýar. Şeýlelikde, toplumyň ekologik taýdan arassa, ýokuma baý süýt hem-de et önümleri halkymyzyň bereketli suprasynyň bezegidir. 

                                                                   

Mallaryň ýeterlik ot-iým binýadyny döretmek üçin bölünip berlen ýerde ýorunja, däneli we siloslyk mekgejöwen, beýleki ot-iýmlik ekinler ekilýär. Şolary ýetişdirmekde we ýygnap almakda maldarçylyk toplumynyň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Ot-iým taýýarlaýjylar şu günler gyş üçin ot-iým ätiýaçlygyny döretmek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler.  

                                                                   

Toplumyň işçi-hünärmenleri daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek babatynda uly tagalla edýändigi, telekeçilere ýakyndan goldaw-hemaýatlary berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar, Watanymyzyň baş baýramyna sowgatly barmak üçin, iş gadamlaryny has-da batlandyrýarlar. 

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

23.08.2022
Döwrebap maldarçylyk toplumynda

Berkarar Watanymyzda maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalanmak ugrundaky tagallalara Ahal welaýatynda iş alyp barýan hususy pudagyň wekilleri hem saldamly goşandyny goşýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ajaýyp ussat — halal önümler» hojalyk jemgyýetiniň döwrebap maldarçylyk toplumynyň netijeli we guwandyryjy işleri bu ugurda aýratyn bellärliklidir. 

                                                                   

Hojalyk jemgyýetiniň Bäherden etrabynyň «Arçman» daýhan birleşiginiň çägindäki ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligine ýöriteleşdirilen maldarçylyk toplumynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. 2015-nji ýylda bu ýere Germaniýadan getirilen «aberdin-angus» tohumly mallaryň hojalyga peýdaly alamatlary ylmy esasda öwrenildi, ykdysady taýdan amatlylygy, dürli howa şertlerine ýokary durnuklylygy, yssa we sowuga çydamlylygy göz öňüne tutulyp, bu mallar hojalykda köpçülikleýin idedilip başlandy. Mermer etiniň önümçiligi boýunça iň gowy tohumlaryň biri hasaplanylýan şeýle görnüşli mallaryň bu ýerde göwnejaý idedilmegi we olardan ýokary hilli önüm alynmagy üçin ähli tagallalar edilýär.  

                                                                   

Maldarçylyk toplumynyň işini ýöretmek üçin bölünip berlen ýer böleginiň 35 gektarynda gurlan desgalar döwrebap enjamlaşdyrylandyr. Toplum mal ýataklaryny, sagym we sagym sygyrlar, ýaş göleler binalaryny, gezim meýdançasyny, dökün ammarlarydyr ot-iým desgalaryny hem-de beýleki kömekçi desgalary öz içine alýar. Olarda ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar toplumyň işini ýokary derejede alyp barmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Şu ýerde idedilýän mallaryň arasynda et we süýt berijiligi bilen tapawutlanýan «simmental», «golşteýn» görnüşli sygyrlar hem bar. Häzirki wagtda idedilýän mallardan ýylyň dowamynda onlarça tonna et öndürilýär. Toplumyň sagym mallaryndan her günde alynýan süýdüň möçberi 15-16 tonnadyr. Süýt, senagat taýdan ýokary talaplara laýyklykda, gaýtadan işlenilýär hem-de süýt kärhanalaryna ugradylýar. Şeýlelikde, toplumyň ekologik taýdan arassa, ýokuma baý süýt hem-de et önümleri halkymyzyň bereketli suprasynyň bezegidir. 

                                                                   

Mallaryň ýeterlik ot-iým binýadyny döretmek üçin bölünip berlen ýerde ýorunja, däneli we siloslyk mekgejöwen, beýleki ot-iýmlik ekinler ekilýär. Şolary ýetişdirmekde we ýygnap almakda maldarçylyk toplumynyň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Ot-iým taýýarlaýjylar şu günler gyş üçin ot-iým ätiýaçlygyny döretmek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler.  

                                                                   

Toplumyň işçi-hünärmenleri daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek babatynda uly tagalla edýändigi, telekeçilere ýakyndan goldaw-hemaýatlary berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş aýdýarlar, Watanymyzyň baş baýramyna sowgatly barmak üçin, iş gadamlaryny has-da batlandyrýarlar. 

                                                                                                           

Aýdo ŞEKEROW.

                       

«Türkmenistan». Surata düşüren awtor.

19.08.2022