Habarlar
Hususyýetçilik ösüş ýolunda

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ösüşlerine, halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilen parasatly syýasaty amala aşyrmak bilen, ynsanperwer başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen birlikde, halkyň çuňňur ruhy we döredijilik güýji netijeli işlere gönükdirilýär. Netijede, düýpli durmuş-ykdysady özgertmelerde, demokratiýany ýaýbaňlandyrmakda, kanunçylygy berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, döwletiň, jemgyýetiň we adamlaryň jebisligini gazanmakda uly üstünlikler gazanylýar.

Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden ösdürmek döwlet tarapyndan goldanylýar. Bu bolsa maliýe-ykdysady ulgamyň durnukly ösdürilmegi boýunça işleriň ýokary depginler bilen dowam etdirilmegini, ykdysady ulgamyň kanunçylyk namalarynyň yzygiderli seljerilmegini we kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen binýatlaýyn kadalara laýyklykda, döwletimiziň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar; döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär. Şeýle hem döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Her bir adamyň telekeçilik we kanunda gadagan edilmedik gaýry ykdysady işi üçin öz ukyplaryny we emlägini erkin peýdalanmaga hukugy bardyr. Mundan başga-da, her bir adamyň hususy eýeçilik hukugynyň kanun bilen goralýandygy, her bir adamyň eýeçiliginde emläginiň bolmagyna, emlägine özbaşdak, şeýle-de beýleki şahslar bilen bilelikde eýelik etmäge, ondan peýdalanmaga we oňa ygtyýar etmäge haklydygy barada Esasy Kanunymyzda berkidilen binýatlaýyn konstitusion kadalar raýat kanunçylygy, şol sanda telekeçilik gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilmegi bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalar üçin esas goýujy kadalar bolup hyzmat edýär.

Telekeçilik işi — munuň özi raýat we telekeçilik hukugynda esasy düşünjeleriň biri bolup, Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, emlägi peýdalanmak, harytlary satmak, işleri ýerine ýetirmek ýa-da şahslara hyzmat etmek arkaly birsyhly peýda almaga gönükdirilen özbaşdak we öz töwekgelligiň bilen amala aşyrylýan iş hasaplanýar.

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň bazar ykdysadyýeti ulgamyna geçmeginiň üstünlikli amala aşyrylýan, kiçi we orta telekeçiligiň ösmeginiň toplumlaýyn goldanylýan hem-de ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýynyň emele getirilmeginiň guramaçylyk-hukuk esaslarynyň barha pugtalandyrylýan şertlerinde, hukuklaryň we bähbitleriň goraglylygynyň zerurlygy we ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan öz aralarynda, şeýle-de döwlet edaralary, daşary ýurtly şahslar bilen haryt dolanyşygy, hyzmatlar, maýa goýum we beýleki dolanyşygy çäklendirilmedik ugurlar boýunça şertnamalar baglaşylanda, olary ýerine ýetirmegiň, ýerine ýetirmegi üpjün etmegiň, bes etmegiň, ýerine ýetirmekden ýüz döndermegiň, bozulan hukuklary goramagyň, jedelleri çözmegiň hem-de baglaşylýan şertnamanyň görnüşiniň aýratynlyklaryna baglylykda islendik wajyp ýagdaýlaryň jikme-jik düzgünleşdirilmegi, olaryň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň we goraglylygynyň esasy şerti bolup hyzmat edýär. Şonuň bilen birlikde, telekeçilik ulgamynda ýüze çykýan gatnaşyklarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygymyzyň ähli ugurlarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň kuwwatly ösüşi üçin giň şertleriň döredilmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.

Amangeldi ALLABERENOW,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20021

05.02.2021
Ýazgytdan ýalkawly adam

(Oçerk)

(Dowamy. Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Paltaş aganyň çaýyň özi ýaly lezzetli gürrüňinden soň, fabrigiň içine girip görmäge-de howlugýarsyň. Bu ýumşy bitirmäge deşliden tegelek ýüzli, «Tüýs kakasyna meňzäp dur» diýdirýän Serdar ilgezik bolýar. Ol ýolugra Paltaş aganyň 2005-nji ýylda hormatly dynç alşa çykyp, «Düýe garrasa köşegine eýerer» edip, jemgyýetiň ähli işini-jogapkärçiligini boýnuna dakandygyny ýarym degişme bilen ýaňzydýar. Soňam Hytaýyň 4 kompaniýasy, şeýle-de, Russiýanyň «Belkazyn», Germaniýanyň «Begarad», «Poliklip», Ukrainanyň «Polipak», Slowakiýanyň «Swidink» kompaniýalary bilen aragatnaşyk saklaýandyklaryny, sebäbi şöhlat hem et önümleri üçin getirilen enjamlardyr tehnologiýalaryň şol döwletleriň kompaniýalarynyňkydygyny aýdýar.

...Men her gezek ýurdumyzda geçirilýän sergilerde «Bereketli» söwda belgili şöhlat hem et önümleriniň ýanynyň hemişe köp adamly bolýandygyny, bu harytlaryň satylýan dükanlarynyň hemişe alyjylydygyny ýatladym.

...2010-njy ýylyň 29-njy iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hojalyk jemgyýetine baryp, işler bilen içgin tanyşdy, degerli maslahatlary berdi. Şowly-gerimli işlemek üçinem ýörite Karar esasynda 1 gektar ýer bölünip berildi. Dessine ol ýerde şöhlat hem-de et önümlerini öndürjek zawodyň gurluşygyna girişildi. Häzir doly güýjünde işleýän kärhana şöhlat önümleriniň, elin mal etinden hem-de guş etinden milli tagamlaryň, dürli önümleriň 65 görnüşini hödürleýär. «Arkaç», «Hazar», «Arkadag», «Änew», «Altyn şapak» ýaly döwrebap atlandyrylan önümleriň hyrydary ýetik. Soňky wagtlarda bolsa ýurdumyzdaky iri şahly mallary ösdürip ýetişdirýän telekeçiler bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Indi 2008-nji ýyldan bäri, «Bereketli» şöhlat hem et önümleri hili babatda ýurdumyzda kerwenbaşy hasaplanýar. Hatda halkara bäsleşiklerde ýeňiji bolnandygy hakdaky Hormat hatlarydyr degişli güwänamalar hem bar.

Önümçilikde gaplanýan gök hem gara çaýyň görnüşi häzir 25-e ýetdi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki 25 dükan «Bereketliniň» dürli önümleridir çaýlaryny ýokary hyzmat bilen ilata hödürleýär.

Birden göwnüme gelen sowalyň jogabyny Serdardan eşidesim geldi:

— Telekeçilikde esasy mesele baýamakmy ýa-da abraý almakmy?

Ol jogaby çöp döwlen ýaly etdi:

— Şuny ýaňy dädemden soramalydyňyz-da weli. Aýtjak bolýanym, dädem hemişe: «Abraýy pul bilen satyn alyp bolýan däldir. Berk biliň, ömrüňize ýörelge ediniň: telekeçilige baýlyk hökmünde garamaň! Halka hyzmat edip alan alkyşyňyz ýaly zat bolmaz» diýýär.

Soňra Serdar dünýäniň köp ýurtlarynda — Ukrainada, Russiýada, Hindistanda, Awstriýada, Belarusda, Ýaponiýada iş saparlarynda bolandygyny ýatlady. Öz ugrundan hünär kämilligi üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sietl şäherinde, Germaniýanyň Berlin şäherinde ýörite guralan okuwlara gatnaşypdyr. Elbetde, dünýäni gezseň gözüň açylan ýaly bolýanlygy gadymy hakykat. Şeýle-de, Braziliýa, Şwesiýa, Türkiýe, Germaniýa, Rumyniýa ýaly, et önümçiliginde ýüzlerçe ýyllyk tejribesi bolan ýurtlar, dürli döwletleriň tehnologik taýdan kämil kompaniýalary bilenem işjeň hyzmatdaşlyk ýola goýlan.

* * *

Ömrüň kethudalyk menziline gadam goýan Paltaş aganyň mahal-mahal iç gepledip, kalbynda dörän sowallara özüniň jogap beräýme gylygy bar. Bu, elbetde, ömrüň öňündäki hasabata meňzemänem duranok.

— Işiňizden närazy wagtlaryňyz bolýarmy?

— Durmuşam edil deňiz ýaly, onda daşgynam bar, gaýtgynam. Bişowluga uçraňda, paltaň daşa degende, eliň sowajak ýalam edýär. Ýöne şonda töwekgellik hem giňgöwrümlilik gerek. «Bolmady» diýip, yza tesmek asgynlamak bolýar. Ylaýta-da, telekeçilikde. Ýadaňda-da tutan işiňe ýapyşyp, galjaň, garadangaýtmaz bolmaly. «Edenim şowlamady» diýip, umytdan düşmeli däl, «Almaý gitmez, demir donly Görogly» bolmaly.

— Wagt bilen «hasap-hesibiňiz» nähili? Ol sizi gyssaýarmy ýa-da tersinemi?

— Bütin ömrüm gyssanmaçlyk bilen geçdi diýsem dogry bolar. Göwnüme, men wagtyň içi bilen ýöräp däl-de, ylgap barýan ýaly. Şonda-da garynjanyňky ýaly ýetişiksiz günde. Ýöne sabyr-takada-da gulluk edýärin. Magtymguly atamyz aýdypdyr-a: «Sabyrly gul dura-bara şat bolar» diýip. Wagty hemişe umytly geçirmeli. Ýöne oňarsaň, şu günki işiňi ertä goýmajak bolmaly.

— Ömrüň haýsy pursatlarynda özüňizi hakyky dynç alan ýaly duýýarsyňyz?

— Tutan işimi ahyrlamda.

Ine, segseniň onuny gulaçlaýan adamyň ömür ýörelgesi! Onsoň, şahyr aýtmyşlaýyn, «Ýaşlaň arasynda garrylar gerek» diýip, hiňleniberesiň gelmezmi?!

Paltaş aganyň diliniň senasy Garaşsyzlyk, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri. Köňül telwasy hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçileri üçin açyp goýan ak ýolunda abraý gazanmak, milli Liderimiziň tagalladyr aladalaryna halal zähmet, başarnyk, dünýä derejeli harytlardyr önümleri öndürmek bilen jogap bermek.

Ömrüň adyňa alkyş getirse, diýmek, seniň ýazgytdan ýalkawly adam boldugyň!

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,

ýazyjy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19826

03.02.2021
Işeňňiriň işi ileri

Hormatly Prezidentimiziň tarp ýerleri özleşdirmek, döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, ilaty daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, bäsdeşlige ukyply ýerli önümlerimiziň eksportynyň gerimini giňeltmek, şeýle-de oba ýerlerinde iş orunlaryny döretmek baradaky tagallalaryndan ugur alnyp döredilen we bu gün üstünlikli işleri alyp barýan önümçilikleriň hatarynda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çägindäki ýyladyşhana toplumy guwanç bilen agzalmaga mynasypdyr. 2019-njy ýylda tapgyrlaýyn açylyp, işe girizilen ýyladyşhana toplumynyň işleri barha ilerleýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň başlangyjy esasynda ol ýerde bolup, ýyladyşhana toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşanymyzda aýdyň göz ýetirdik.

Ýyladyşhana toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 34 gektar bolup, şonuň 30 gektary hasyl ýetişdirmäge niýetlenendir. Galan böleginde mejlisler jaýy, naharhana, dynç alyş otagy, kömekçi otaglar, şeýle-de ýyladyşhana toplumynyň işini utgaşykly alyp barmaga niýetlenen otaglar ýerleşýär. Toplum işe girizilen gününden bäri ol ýerde pomidoryň dürli görnüşleri ýetişdirilip gelinýär. Ýyladyşhana toplumynyň işi bilen tanyşlygyň barşynda hünärmen Magtymguly Orazgeldiýew bize önümçilik işiniň ýola goýluşy dogrusynda täsirli gürrüňleri berdi. Onuň aýdyşy ýaly, ýyladyşhanada işler möwsümleýin alnyp barylýar. Ol ýerde ýetişdirilýän ekinden 9 aýlap hasyl alynýar, soňra 3 aýlap arassaçylyk we täze hasyla taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Önümçilik işinde pomidoryň ilat arasynda, galyberse-de daşary bazarda uly isleg bildirilýän görnüşlerini ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýyladyşhana gurlup, ulanylmaga berlen ilkinji ýylynda ol ýerde pomidoryň «Tommimaro muça», «Huanita», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirildi. Soňabaka täze-täze görnüşleri synag edildi. Häzirki wagtda ýyladyşhana toplumynda pomidoryň, aýratyn-da, «Marwelans», «Altes», «Merlis» ýaly görnüşleri ýetişdirilýär. Pomidoryň agzalan görnüşlerinden geçen ýylda ýokary hasyl alyndy. Bu görnüşli pomidorlar ýokumlylygy, datlylygy, durumlylygy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, ýyladyşhana toplumynyň bölümlerinde pomidoryň 11 görnüşi synag edilýär. Olar görnüş aýratynlygy esasynda aýratyn bölümlerde ýetişdirilýär.

Şu günler ýyladyşhana toplumynyň bölümlerinde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Birkemsiz ýetişen hasyly ýygnamak, olary ýöriteleşdirilen ulaglar bilen bellenilen ýere daşamak we hil barlagyndan geçirmek bilen birlikde, ekine ideg etmek boýunça işler utgaşykly ýerine ýetirilýär. Hasyly ýygnamakda köp sanly ýaşlaryň yhlasly zähmet çekýändigini görüp has-da begenýärsiň. Bu ýerde ýygyma gatnaşýan gelin-gyzlar bilen söhbetdeş bolanymyzda, olar şitilleri oturtmakdan başlap, täze hasyl ýetişýänçä we ýygylýança ähli işlere işjeň gatnaşýandyklary, öz işlerinden lezzet alýandyklary barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Ýeri gelende, ýyladyşhanada pomidor şitilleri oturdylandan soňra, ideg işleriniň ählisi awtomatiki usulda amala aşyrylýandygyny, ýyladyşhananyň howa ulgamynyň, ýagny ýylylygynyň, çyglylygynyň, kömürturşy gazynyň, ýagtylygynyň öňdebaryjy tilsimatlar arkaly awtomatiki usulda sazlanýandygy bellärliklidir.

Pomidoryň «Merlis» görnüşiniň ýetişdirilýän bölüminde bolanymyzda, hasylyň ýygymynyň gyzgalaňly alnyp barylýan pursatlaryna şaýat bolduk. Hünärmen bu görnüşli pomidoryň ýetişdirilişiniň aýratynlygy hakda gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, pomidoryň bu görnüşiniň şitilleri ýetişdirilip, ekilenden soňra, 90 günden hasyl berip başlaýar. Pomidoryň bu görnüşi deň häsiýetli ýylylygy we suwaryş şertlerini talap edýär. Ol özüniň özboluşly tagamy we daşky görnüşi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. «Merlis» görnüşli pomidoryň gektary 400 tonna çenli hasyl bermäge ukyplydyr.

Ýyladyşhana toplumynda emeli ýagtylandyryş ulgamynyň synag edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Bu ulgam ýyladyşhananyň belli bir böleginde ornaşdyrylypdyr. Howanyň ýapyk, ýagny günüň şöhlesiniň az wagty, esasan-da, gyş paslynda ýyladyşhanada önümçiligiň ýokary bolmagyna onuň täsiri uludyr. Bu usul hasyllylygyň ýokary bolmagyna itergi berýär. Hünärmen Mekan Annageldiýewiň aýtmagyna görä, ýyladyşhananyň beýleki ýerlerinden her şitilden 38—40 hoşa hasyl alynýan bolsa, emeli ýagtylandyryş ulgamynyň ornaşdyrylan böleginden 45 hoşa çenli hasyl alynýar. Munuň özi bu öňdebaryjy usulyň önümçilik işine ýetirýän esasy täsirleriniň biridir.

Ýyladyşhana toplumynda işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň bilelikdäki tagallasy bilen ýetişdirilýän tagamy, ýokumlylygy bilen alamatlanýan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidor hasyly ildeşlerimiziň saçagyna bereket, ak bazarlarymyza bezeg goşýar. Hasylyň bir bölegi daşarky sarp edijilere ugradylýar. Geçen şanly ýylymyzda ýyladyşhana toplumynyň önümleri «Mahmal» haryt nyşany bilen Birleşen Arap Emirliklerine, Russiýa Federasiýasyna, Gazagystana, Gyrgyz Respublikasyna eksport edildi. Üstümizdäki möwsümde ýyladyşhana toplumynyň işçi-hünärmenleri ýokary görnüşli pomidoryň 12,5 müň tonnasyny ýygnap almak bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgady bilen barmagy belent maksat tutunýarlar.

Aýdo ŞEKEROW,

ýörite habarçymyz. SURATLARDA: ýyladyşhana toplumynyň işinden pursatlar. Surata düşüren awtor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19814

03.02.2021
Hususy ulgamyň eksport mümkinçilikleri artýar

Welaýatymyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmek, şol önümleriň daşary ýurtlara ugradylýan möçberlerini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmaklyga gönükdirilen giň gerimli işleri amala aşyrýarlar. Häzirki dowam edýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda olaryň bu ugurdaky işleriniň günsaýyn öňe ilerleýändigini bellemeli.

Munuň şeýledigini S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Altyn tug» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanada durmuşa geçirilýän çäreleriň mysalynda hem görmek bolýar. Şu günler bu ýerde ýetişdirilen bereketli pomidor hasylyny ýygnamak, ony içerki we daşarky bazarlara ugratmak işleri ýokary depginde alnyp barylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýyladyşhana mundan 1,5 ýyla golaý wagt öň ulanylmaga berildi. Geçen ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynyň barşynda bu ýerde hasyl ýetişdirmek boýunça berjaý edilýän çäreler bilen ýörite tanyşdy. Şondan bäri geçen döwürde ýyladyşhananyň işgärleri has-da yhlasly zähmet çekmek bilen, bildirilen ynamy ödemek üçin has oňat netijeleri gazanýarlar.

Ýyladyşhananyň ýolbaşçysy Çarymämmet Garabaýewiň aýtmagyna görä, geçen ýylyň ahyrlarynda bu ýerde pomidor hasylynyň täze tapgyry ýetişipdir hem-de ony ýygnamaklyga girişilipdir. Şu mahala çenli onuň 450 tonnadan gowragy ýygnalyp, bellenilen ýerlere ugradylypdyr. Şol sanda üstümizdäki ýylyň başyndan bäri hyrydarlara ýetirilen pomidoryň mukdary 200 tonna golaý bolupdyr. Öndürilen bu önümleriň esasy böleginiň daşary ýurtlara goýberilendigini hem bellemek gerek.

— Biz öz öndürýän önümlerimizi, esasan, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan ýaly ýurtlara ugradýarys — diýip, ýyladyşhananyň ýolbaşçysy nygtady: — Biziň önümlerimiziň geçginliligini olaryň hiliniň ýokarylygy, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigi bilen düşündirmek bolar. Biz ýurdumyzyň abraýynyň artmagyna, ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna goşant goşýandygymyza diýseň guwanýarys.

Elbetde, önümleriň hiliniň, görnüşiniň oňat bolmagy bu ýerdäki işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi, pomidor nahallaryna ideg etmekde, olaryň hasylyny ýygnamakda, ugratmakda ähli zerur düzgünleriň pugta berjaý edilmegi şeýle netijeleri berýär. Şoňa görä-de, ýyladyşhananyň işçi-hünärmenleriniň ýadawsyzlygyny, öz jogapkärçiligine birkemsiz düşünýändiklerini nazara almak artykmaçlyk etmez.

Mundan başga-da, ýyladyşhanada önümleriň ýygnalyşyna, ugradylyşyna welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, welaýat gümrükhanasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň welaýat komitetiniň işgärleri hem yzygiderli gözegçilik edýärler, bu babatda usuly hem-de beýleki degişli kömeklerini berýärler. Şeýle agzybirlikli aladalar üstünlik getirýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».

Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19541

30.01.2021
Sanly ösüşiň täze wezipeleri

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklarynyň ulgamy ösdürilýär. Sanly ykdysadyýet wagty we harajatlary tygşytlamak, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmak, sanly gurşawda harytlary we hyzmatlary dünýä bazaryna çalt çykarmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli etmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda 2019 —–2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň ähli pudaklaryny we sebitlerini sanly ykdysadyýete geçirmek wezipeleri bellenildi. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 22-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak baradaky meselelere hem garaldy. «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna» laýyklykda, täze Maksatnamanyň kabul edilmegi birnäçe wezipeleri öz içine alýar. Şolaryň hatarynda «Elektron hökümeti» ulgamyny döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeleri kesgitlemek, sanly bilim we sanly lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmek, bu ugurlarda hünärmenleri taýýarlamak, döwlet hyzmatlar portalyna sanly hyzmatlary tapgyrlaýyn ýerleşdirmek ýaly çäreleri bar.

Mejlisiň barşynda dokma önümleriniň elektron söwda binýadyny döretmek boýunça geçirilýän işler barada hem habar berildi. Bu ugurda elektron binýady döretmek işleri dowam edýär. Dokma önümleriniň elektron binýadynyň sahypalarynda dokma nyşanlary, marketing hyzmatlary barada maglumatlar ýerleşdiriler, şol sanda çykarylýan dürli dokma önümlerini satyn almak üçin elektron görnüşdäki sargytlar ýerleşdiriler. Bu ugurda birinji tapgyrda sargyt edilen dokma önümleriniň ýurdumyz boýunça eltilmegini, geljekde bolsa daşary ýurtlara iberilmegini guramak meýilleşdirilýär. Ýörite programmalar bilen üpjün ediljek dokma toplumynyň elektron söwda binýadynyň geljekde daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň öňdebaryjy söwda ulgamlary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu taslamany ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn asyr» harytşynaslyk merkeziniň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikdäki tagallalary bilen amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Ýeňil senagat ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň esasy düzüm bölegidir. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlan we ulanmaga berlen dokma toplumlary, pagta egirýän, dokma, tikinçilik fabrikleri ýaly iri ýokary tehnologik kärhanalar içerki bazary dokma önümleri bilen doldurmaga we pudagyň eksport kuwwatyny emele getirmäge mümkinçilik berdi. Içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlik gurşawynyň ýokary derejesi ýeňil senagatda taýýar önümleriň, şol sanda getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň görnüşlerini giňeltmek we täzelemek boýunça işler işjeňleşdirildi. Häzirki döwürde gurulýan Ahal welaýatynyň Babadaýhan hem-de Kaka etraplaryndaky her biri 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge niýetlenen täze döwrebap senagat toplumlary hem pudagyň kuwwatyny has-da artdyrar.

Sanly intellektual tehnologiýalarynyň we innowasiýa çözgütleriniň ornaşdyrylmagy söwda dolanyşygyny, önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we bu ulgamyň jemi içerki önümindäki paýyny artdyrmaga öz täsirini ýetirýär. Söwda we hyzmatlar ulgamynda sanlylaşdyrmak wezipeleri maliýe serişdelerini dolandyrmak, býujetleşdirmek we maliýe seljeriş işlerini awtomatlaşdyrmak, harytlary hasaba alyş we ammar işlerini awtomatlaşdyrmak, maglumatlaryň göni aragatnaşykdaky (onlaýn) kassalardan girizilmegini gazanmak, ammarlardaky ätiýaçlyklary dolandyrmak, eltmek we ulag-logistika işlerini awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Buhgalterçilik, salgyt we statistiki hasabatlylygyny awtomatik usulda ýola goýmak we elektron resminamalaryň we maglumatlaryň dolanyşygyny ornaşdyrmak derwaýys işleriň hatarynda durýar. Pudaklaryň elektron binýadynda ýerli we daşary ýurtly alyjylar üçin ýurdumyzda ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilen önümleriň — harytlaryň, hyzmatlaryň, işleriň hili, bahasy, ýokumlylygy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlar ýerleşdiriler. Müşderileriň ählumumy Internet torunda harytlary saýlamaga we satyn almaga mümkinçilik berýän maglumatlar gorunyň — internet-dükanlaryň döredilmegi esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

Ulgama sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir işewürlik mümkinçilikleri artdyrman, eýsem döwrebap ösen jemgyýetiň kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Sanly ösüş ugry hyzmatlaryň täze döwrebap görnüşleriniň döremegine, harajatlaryň we sarp edilýän gymmatly wagtyň tygşytlanmagyna ýardam berýär. Elektron usul arkaly sanly serişdeleri peýdalanmak bilen, alyjylara mahabat maglumatlarynyň dessin ýaýradylmagynyň üpjün edilmegi hem harytlaryň söwdasyny işjeňleşdirmäge täsir eder.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde esasy wezipeleriň biri-de ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmäge gönükdirilen bilim ulgamy kämilleşdirilýär. Häzirki döwürde ykdysadyýet biliminde-de sanly ykdysadyýetiň anyk ugurlary boýunça hünäre gönükdirilen hünärmenleri taýýarlamak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatynda goşmaça bilimleri girizmek, bu ugurlarda özara tejribe alşylmagy gurnamak işlerine uly üns berilýär. Maglumat tehnologiýalaryndan doly baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy sanly ykdysadyýetiň wezipelerini giňden ornaşdyrmaga ýardam berer.

Goý, hormatly Prezidentimiziň durmuşyň ähli ugurlary bilen bir hatarda sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek, bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam etmek boýunça alyp barýan işleri uly üstünliklere beslensin!

Mergen ANNANUROW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19129

27.01.2021
Önümleriň mukdary artdyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň Balkanabat şäheriniň Düzmergen ýaýlasyndaky bäş gektar ýerinde ýerleşýän ýyladyşhanasynda gök-önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler bar. Işe girizilenine onçakly köp wagt bolmasa-da, ýyladyşhanada eýýäm geçen ýylyň awgust aýynda oturdylan pomidor şitillerinden bol hasyl alnyp, ak bazarlara yzygiderli ugradylyp durulýar.

Ýylyň başyndan bäri ýokary hilli pomidoryň eýýäm ýüzlerçe kilogramy taýýarlanyp, elýeterli bahadan halka ýetirildi. Döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýyladyşhananyň hünärmenleri möwsümiň dowamynda pomidor düýpleriniň her birinden ýigrimi kilograma golaý hasyl aljakdyklaryny belleýärler. Bu bolsa tutuş möwsümiň dowamynda ýygyljak pomidor hasylynyň umumy möçberiniň bir müň tonna barabar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Gollandiýadan getirilen pomidor tohumlarynyň mineral dökünler bilen gurplandyrylyp, suwarylmagy bitginli we bol hasylyň kemala gelmegine getirýär.

Ýyladyşhananyň golaýynda bäş gektar meýdanda miweli baglar hem oturdylyp, bu agaç nahallaryny suwarmakda ýyladyşhanadan syzylyp çykýan, mineral dökünler bilen baýlaşdyrylan suwlar giňden peýdalanylýar. Bu bolsa nahallaryň kadaly ösmegine şert döredýär. Ýyladyşhananyň hünärmenleri ýurdumyzda telekeçilere berýän giň goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözlerini aýdýarlar.

Saparmyrat HAKMYRADOW,

öz habarçymyz.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18936

25.01.2021
Täze ýyladyşhanada ilkinji hasyl

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly ähmiýet berlip, bu ugurda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Halkymyzy ter gök önümleri bilen üpjün etmekde telekeçileriň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr. Bu gün ýyladyşhana şertlerinde ter gök önümleri öndürýän telekeçileriň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Baýram Muhyýewiň adyny hem agzamak bolar.

Telekeçiniň Sarahs etrabynyň Ýalawaç geňeşliginiň çäginde gurup, işe girizen döwrebap ýyladyşhanasy 5 gektar meýdany eýeleýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap ýyladyşhanada işleriň aglabasy awtomatiki usulda ýerine ýetirilýär. Iki bölümden ybarat bolan ýyladyşhanada hasyl berijiligi ýokary bolan pomidor şitilleriniň 195 müň düýbi oturdylyp, olara ideg işleri awtomatik usulda ýola goýulýar. Ýyladyşhanada ekinleri goşmaça iýmitlendirmek, suw tutmak ýaly çärelere aýratyn gözegçilik amala aşyrylýar.

Döwrebap ýyladyşhanada pomidoryň birnäçe görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna gadam basylan ilkinji günlerde bu ýerde pomidoryň ilkinji hasyly ýygnalyp başlandy. Bu işde ýyladyşhananyň işgärleri Nurbibi Jumagylyjowa, Maýagözel Şamyradowa, Almagül Orazgurdowa, Humaý, Jemal Muhammedowalar, Dildar Şamyradowa dagy zähmet göreldesini görkezip işleýärler.


— Ýyladyşhanamyzda 70-e golaý işgär önjeýli zähmet çekip, önüm bolçulygyna goşant goşýar. Işgärler üçin amatly iş şertleri bar. Bu ýerde ýyladyşhananyň çyglylyk, ýagtylyk, ýylylyk derejesine awtomatik usulda gözegçilik edilýär. Munuň özi oturdylýan pomidor şitilleriniň kadaly boý alyp, 85-90 günüň dowamynda bol hasylyň kemala gelmegine şert döredýär. Her düýpde 15-20 kilograma ýetirilip hasyl ýygnalýar — diýip, ýyladyşhananyň hünärmeni Şatlyk Turlyýew aýdýar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18549

20.01.2021