Şu ýylyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berdi. Ahal welaýatynyň Kaka hem-de Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Lebap welaýatynyň Çärjew, Mary welaýatynyň Sakarçäge etraplarynda gurlan täze, döwrebap ýyladyşhanalar umumylykda 35 gektara barabar meýdanda ýerleşip, olar bir ýylyň dowamynda gök önümleriň 8 müň 750 tonnasyny öndürmäge niýetlenendir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy, merjen paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň bolsa 140 ýyllyk taryhy toýlary toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli Liderimiziň ak pata bermegi bilen açylan Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky täze ýyladyşhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetine degişli. Ol 8 gektar meýdanda ýerleşip, bir ýylyň dowamynda pomidor, hyýar, bulgar burçy ýaly gök-bakja önümleriniň 2 müň tonnasyny öndürmäge ukyply. Döwrebap ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen 90-a golaý täze iş orunlarynyň döredilendigini bellemeli. Umumylykda alnanda bolsa, ýurdumyz boýunça birbada 6 sany täze ýyladyşhananyň açylmagy bilen, jemi 400-e golaý täze iş orunlarynyň dörediljekdigini milli Liderimiz açylyş dabarasynda eden çykyşynda belledi. Şol iş orunlarynda işlejekleriň aglabasy ýaşlardan ybarat. Munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçileriniň ykdysadyýetiň esasy öndüriji güýji hasaplanylýan ýaşlary iş orunlary bilen üpjün etmekde hem aýratyn işjeňlik görkezýändigini subut edýär.
Täze ýyladyşhanada önümçilik öňdebaryjy iş usullary esasynda guralýar. Olarda häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy işleriň gidişine sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge, bellenilen wezipeleriň çalt hem netijeli ýerine ýetirilmegini gazanmaga mümkinçilik berýär. Suwy tygşytlaýjy ulgamlardan peýdalanylmagy bolsa her damjasy eşrepi dek görülýän bu gymmatly baýlygy asla isrip etmezlige, netijede, ýyladyşhananyň howasynyň çyglylyk derejesini hemişe kadaly ýagdaýynda saklamaga ýardam edýär.
— Hojalyk jemgyýetimiziň ýyladyşhana bölüminde jemi 149 işçi-hünärmen zähmet çekýär. Şolardan 114-siniň zenanlardygyny aýratyn belläsim gelýär. Bol hasyl ýetişdirmekde olaryň hyzmaty örän uly. Çünki olar ýyladyşhana şertlerinde pomidorlary ýygmak, dolamak, ýaprak toplamak, öserleri aýyrmak, ýatyrmak ýaly esasy möwsümleýin işlerde yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Topar ýolbaşçysy Güljan Täjiýewa, pomidorlary dolamak, goşmaça öserleri aýyrmak işlerini alyp barýan Güljeren Ezizowa, pudamak boýunça işçi Gülbahar Orazgeldiýewa, hoşa berkidiji Enejan Begliýewa, pomidor ýygyjylar Ogulgerek Annamyradowa, Şirin Haýdarowa dagy has tapawutlanyp işleýärler.
Pomidoryň «Marvelance» görnüşini ekýäris. Bulgar burçudyr hyýar bolsa Gollandiýadan getirilen tohumlardan ösdürilip ýetişdirilýär. Kokos gabygyna ekilen pomidorlara awtomatlaşdyrylan usulda, damjalaýyn «Agro Flow» suwlama enjamy bilen mineral dökünler berilýär. Öndürilen önümler içerki bazarlarymyzdan daşary, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalary ýaly döwletlere hem eksport edilýär. Bize telekeçilik işi bilen meşgullanmaga, önümçiligi has-da giňeltmäge şeýle döwrebap şertleri döredip berip, hemaýat-goldawlaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyş aýdýarys — diýip, «Oguz ýol» hojalyk jemgyýetiniň uly hünärmeni, agronom Bazar Annamyradow gürrüň berýär.
Hawa, ýyladyşhana şertlerinde bol gök-bakja ekinlerini, şol sanda pomidor hasylyny ýetişdirmekde işçi-hünärmenleriň aglabasynyň zenanlar bolmagy tötänden däldir. Ilkinji nobatda: «Gök-bakja önümleri bilen iň köp iş salyşýanlar kimler?» diýlen sowal berilse, gürrüňsiz: «Elbetde, zenanlar» diýlip jogap beriljekdigi ikuçsuz. Çünki häzirki ýaly ösen tehnologiýalaryň, gaýtadan işleýän önümçilikleriň ýok döwürlerinde hem ene-mamalarymyz ata-babalarymyzyň der döküp ýetişdiren gök-bakja önümlerinden mürepbelerdir goýultmalary, işdäaçarlary, kakdyr kişdeleri, pomidordyr hyýaryň duza ýatyrylan görnüşlerini, umuman, gyşa niýetlenen dürli huruşlyk, azyklyk önümleri taýýarlapdyrlar. Şeýle sazlaşykly zähmetiň netijesinde hem, halk paýhasynda «Tomus depesi gaýnamadygyň gyş gazany gaýnamaz» diýen atalar sözi döräpdir.
Ýene bir bellemeli zat, ekin diýeniň hem özüne nähili çemeleşilýändigini duýup bilýär. Çünki ol hem janly tebigatyň bir wekili ahyry! Aýdylyşy ýaly, «mal eýesiniň gözünden suw içýän» bolsa, ekin hem özüne edilýän idege görä bolup, eýesi bilen dilsiz-agyzsyz «sözleşip» bilýär. Ýyladyşhana şertlerinde ekin ekip, ondan ýylyň islendik döwründe hasyl almagyň hem özboluşly talaplary bar. Açyk meýdanyň öz ugruna emin-erkin ösüp oturan ekini bolmansoň, sähel gödek ýa ýalňyş hereket etdigiň, şol bir düýpden aljak hasylyň kemelibem bilýär. Şonuň üçin ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň ynjyklygyny, aýratyn zähmeti, eýeçilik gözi bilen seredilmegini talap edýändigini nazarda tutup, ylmy taýdan ykrar edilen usullar esasynda, örän seresaply, oýlanyşykly çemeleşmeli bolýar. Oba hojalyk işlerini hem edil çeper sungat derejesinde ýerine ýetirip bilýän zenanlarymyz bolsa muny kemsiz başarýarlar.
Bir gezek şäherde ýaşaýan, köpügören ýaşulularyň biri şeýle gürrüň berdi:
— Biziň oglanlyk döwürlerimiz her ýyl tomus paslynyň gelerine howlugardyk. Tomusky dynç alyş möwsümi başlandygy, obada ýaşaýan garyndaşlarymyzyňka eňerdik. Çogly güneşiň astynda akar ýapda suwa düşmegiň, bedreleri dolduryp, kemsiz bişen gyp-gyzyl pomidorlary ýygmagyň lezzeti bir başgady. Olaryň arasynda goşa biten, her dürli şekildäki pomidorlaram bolardy. Şonda öz tapan şeýle üýtgeşik pomidorlarymyzy biri-birimize görkezip begenişerdik. Ol döwürler häzirki ýaly ýyladyşhanalar ýokdy. Pomidordyr beýleki gök-bakja önümleri diňe tomus paslynda bol bolardy. Sowuk uransoň, bişip ýetişmedik pomidorlar pazyly bilen bilelikde ýörite jaýyň içinden asylyp goýlup, gyş üçin hem saklanardy. Şol pomidorlar jaýyň ýylylyk derejesine görä durup-durup gyzarardy, ýöne olar hem wagty bilen sowlardy. Onsoň, ýene täze hasyla garaşmaly bolýardy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamy düýpli özgerdi. Indi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen gurulýan döwrebap ýyladyşhanalaryň sany yzygiderli artýar. Hususyýetçilige giň ýol açylyp, türkmen telekeçileri oba hojalyk ugurly önümçiliklerde-de öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Olar indi pomidor kişdesiniň önümçiligini ýola goýmak ýaly täze-täze tejribeleri özleşdirýärler. Ýylyň islendik döwründe ak bazarlarymyzdan gök-bakja önümlerini näçe diýseň tapyp bolýar. Özüňden öneniň bary özüňki-dä, özüňe geregini-hä peýdalanarsyň, artykmajynam gereklänlere satyp, girdeji gazanarsyň. Bu diňe bir daýhan babatda-da, uly ýurt derejesinde alnanda-da şeýle. Ine, muňa Garaşsyzlygyň gudraty diýilýär! Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwerlige ýugrulan baş ýörelgesiniň halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilen beýik işlerdäki aýdyň beýany diýilýär! Şeýle beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize halkymyz hemişe alkyş aýdýar.
Hawa, ýaşuly örän mamla. Özüňden önen zadyň haýry başgaça bolýar. Isle peýdalan, sarp et, isle-de satyp, girdeji gazan, nep-nesibesi özüň bilendir! Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gülläp ösýän ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döwrebap sanly tehnologiýalaryň, häzirki zaman täze tejribeleriň yzygiderli ornaşdyrylmagy bolsa özümizden önýän önümleriň hatarynyň has-da artmagyna ýardam edýär.
Aýmyrat PIRJIKOW,
žurnalist.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26862
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagyny girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy ýurdumyzda GS1 ulgamynyň işini dolandyrmaga ygtyýarlandyrylan ýeke-täk gurama bolup, häzirki wagtda onuň agzalarynyň sany 1741-e ýetdi. Bu gurama Halkara GS1 guramasynyň talaplaryny üstünlikli ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş hökmünde halkara derejede ykrar edildi. Ol 111 döwletiň GS1 milli guramalarynyň biragyzdan ses bermegi bilen, Halkara GS1 guramasynyň agzasy boldy hem-de «GS1 Türkmenistan» brendine ygtyýarlyk aldy. «GS1 Türkmenistan» guramasy GS1 ulgamynda innowasiýa taýdan öňdebaryjy milli agza hökmünde ykrar edilip, GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşiginiň Portugaliýada geçirilen Global forumynda Ýewropanyň milli guramalarynyň 47-siniň biragyzdan ses bermegi bilen, öňdebaryjy GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşigine berkidildi.
Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň ýakynda bolup geçen umumy ýygnagynda bu hakda uly buýsanç bilen aýdyldy. Çykyş edenler häzirki wagtda öz önümlerini daşarky bazarlara çykarýan ýerli önüm öndürijileriň sanynyň barha artdyrylmagynda, ýurdumyzyň eksport ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagynda bu guramanyň mynasyp goşandyny bellediler. Ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we öňde goýlan wezipeler barada «GS1 Türkmenistan» guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa şeýle gürrüň berdi:
— Milli guramamyz döredilen gününden bäri ýurdumyzyň kärhanalarynyň we telekeçileriň önümlerine çyzykly şertli belgileri paýlamak bilen, öndürijiden sarp edijä barýança, harytlaryň hasabatyny ýöretmäge we haryt dolanyşygynyň ýoluny yzarlamaga, wagtyny tygşytlamaga, alyjylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, sarp edijileriň islegleriniň artýan döwründe olara hödürlenýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we içerki söwda ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda öňdebaryjy halkara tejribelerden ugur alyp işleýäris. Öz önümlerini Russiýa, Ukraina, Belarus, Türkiýe, Belgiýa, Hytaý ýaly döwletlere eksport edýän Milli guramanyň agzalaryndan ýurdumyzyň Dokma ministrliginiň kärhanalaryny, «Bereket», «Hasar», «Ak gap» hojalyk jemgyýetlerini, «Parahat», «Täç hil» hususy, «Täze aý» konditer önümleri kärhanalaryny görkezmek bolar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeler milli guramanyň işinde-de giňden öz beýanyny tapýar. Halkyň çyzykly şertli belgiler we awtomatlaşdyrylan anyklaýyş barada maglumat almaga isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly okuw-tanyşdyryş işlerini yzygiderli geçirýäris. Önüm öndürijileri, sarp edijileri we söwda nokatlaryny birikdirýän web sahypamyz arkaly olar özüni gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin maglumatlary alýar. Web sahypada agzalarymyz öz şahsy otagyny açyp, onda çyzykly şertli, global anyklaýyş belgilerini, harytlaryny, önümlerini hasaba goýup, üýtgedip, täze çyzykly şertli belgileri döredip bilýärler.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda GTIN ( Global söwda haryt belgisi) ştrih-kodunyň döredilmegine 50 ýyl doldy. 1971-nji ýylyň 31-nji martynda häzirki zaman ykdysadyýetinde täze, döwrebap ulgam döredildi diýsek hem bolar. Ol harytlaryň dünýä boýunça sazlaşykly söwdalaşylmagyna ýardam berip gelýär. Türkmenistanda GTIN ştrih-kodlaryň 50070 sanysy türkmen haryt öndürijileri üçin döredilip berildi. Munuň özi bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda harytlaryň 50 müňden gowrak görnüşiniň öndürilýändigini aňladýar.
Milli ykdysadyýeti ösdürmäge, ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny barha belende galdyrmaga, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmak ugrunda mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgatly bararys. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26601
Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmäge, kiçi we orta telekeçiligi düzümleýin üýtgedip gurmaga aýratyn üns berilýär. Häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagy, köp babatda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Bu gün türkmen telekeçileri dürli pudaklarda giň gerimli işleri alyp barmak bilen, çylşyrymly we iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmekde belent sepgitlere ýetýärler.
Soňky on bäş ýyla barabar wagtyň dowamynda Balkan welaýaty boýunça açylyp, ulanylmaga berlen, häzirki zaman hil ülňülerine doly laýyk gelýän medeni-durmuş maksatly binalaryň, oba hojalyk önümlerini, senagat harytlaryny öndürýän, gurluşyk serişdelerini taýýarlaýan önümçilik desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň ymaratlaryny ýerli hususy kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýokary ölçeglere laýyk bina edendiklerini hem aýratyn nygtamak gerek.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda welaýat boýunça öndürilýän senagat önümleriniň deň ýaryna barabary ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk böleginiň paýyna düşýär. Günbatar sebitde döwrebap işleri bitirýän hususy kärhanalaryň biri hem Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň senagat zolagynda ýerleşýän «Demir ölçeg» hususy kärhanasydyr. Kärhananyň hünärmenleri şu günler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri alyp barýarlar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we onuň partiýasynyň agzasy bolan bu kärhana ýurdumyzyň elektrik energetikasy ulgamynda we dürli pudaklaryň elektrik gurnama işlerinde öz mynasyp ornuny tapan öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda tanalýar. Bu hususy kärhana öz müşderilerine enjamlary satyn almak, materiallary (serişdeleri) ibermek, synagdan geçirmek, ulanyşa tabşyrmak, tehniki hyzmatlary ýola goýmak, elektrik ulgamynda esasy howpsuzlyk çäreleriniň biri bolan ýereçatmalary, ýyldyrymdan goraýjylary gurnamak we başga-da ýöriteleşdirilen köp sanly hyzmatlary hödürleýär. Şonuň ýaly-da, kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri elektrik enjamlaryny ýokary woltlarda synamak, ölçemek, rele goraglaryny, awtomatikany gurnamak we sazlamak, kuwwatlylygy 35 kilowata çenli bolan elektrik howa geçirijileri arkaly howa geçirijileri çekmek, tok geçiriji ulgamlaryň ugrunda yşyklandyryş üçin sütünleri oturtmak, dizel generatorlaryny abatlamak we olara hyzmat etmek ýaly jogapkärli işleri birkemsiz ýerine ýetirýärler. Kärhana buýrujylaryň talaplaryny doly kanagatlandyrýandygy bilen tapawutlanýar.
— Gahryman Arkadagymyzyň telekeçiligi ählitaraplaýyn ösdürmäge döredip berýän taýsyz mümkinçiliklerinden ruhlanýan hususy kärhanamyzyň hünärmenleriniň geçen ýyl Balkanabat ýod zawodynyň Hazar şäheriniň golaýyndaky önümçilik bölüminde amala aşyran işleri hem ýokary talaplara doly laýyk gelýär. Hünärmenlerimiz bu ýerde çig mal almakda ulanylýan guýularyň elektrogurnama işlerini üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şol guýulara barýan, uzynlygy 13,5 kilometrden hem geçýän elektrik geçiriji ulgamlar we olaryň sütünleriniň durky doly täzelenildi. Şeýle hem geçen ýyl Balkanabat şäherinde gurlan, her biri dört gatly, iki sany ýaşaýyş jaýlarynyň elektrik işleriniň ählisini amala aşyrdyk. «Türkmennebit» döwlet konserniniň buýurmalary esasynda, onuň kärhanalaryndaky tok bilen işleýän hereketlendirijileriň abatlaýyş-sazlaýyş işlerini ýokary hilli ýerine ýetirdik. Kärhanamyzyň abatlaýyş-sazlaýyş bölüminde güýçli elektrohereketlendirijileriň we transformatorlaryň sarym işleri hem takyk we ýokary hilli amal edilýär. Demir gatlaklaryndan taýýarlanan elektrik enjamlary üçin ýörite paýlaýjy şitlerdir gutularymyz hem bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar — diýip, hususy kärhananyň direktory Serdar Mätiýew gürrüň berdi.
«Demir ölçeg» hususy kärhanasynyň önümçilik bölümindäki Türkiýäniň «DURMA» kompaniýasyndan satyn alnan kuwwatly enjamlar her bir ýerine ýetirilýän işde ýokary netijeleri gazanmaga giň mümkinçilik berýär. Kärhananyň uzak aralyklara kuwwatlylygy 35 kilowata çenli bolan elektrik toguny geçiriji ulgamlary, olaryň gurnama işlerini, elektrotehniki enjamlaşdyrma degişli taslamalary, transformatorlaryň, elektrik energiýasyny paýlaýjy we gözegçilik enjamlarynyň synagyny, degişli enjamlaryň rele goragyny we awtomatikasyny sazlamak, magdan çykarylyşynda, ýerüsti önümçilik desgalarynda gurluşyk-gurnama we başga-da köp sanly sargytlar boýunça bitirýän işleri «Türkmenstandartlary» döwlet gullugy tarapyndan barlagdan geçirilip, buýrujylara tabşyrylýar.
50-ä golaý adamy hemişelik iş orunlary bilen üpjün eden bu hususy kärhananyň hünärmenleri ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagy, halkymyzyň bagtyýarlygy üçin halal zähmet çekmäge taýsyz mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny ýokary önümçilik üstünliklerine beslemek ugrunda has-da gaýratly zähmet çekýärler.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/25651
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa we innowasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryň möçberlerini yzygiderli artdyrmaga, täze döwrebap durmuş-önümçilik maksatly binalarydyr desgalary gurmaga, pudaklary hem-de ýurdumyzyň sebitlerini sazlaşykly ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatlylygyny pugtalandyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan ýerli döwrebap önümçilikleri döretmäge, ykdysadyýetiň hususy bölegini goldamaga hem-de ösdürmäge uly ähmiýet berlip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär.
Ykdysadyýetiň hususy böleginde öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan, senagat, oba hojalyk we gurluşyk kärhanalaryny özünde jemleýän senagatçylar gatlagy emele geldi, hususy bölegi döwlet tarapyndan goldamagyň hukuk binýady we hojalyk ulgamy döredildi, ýeňillikli karzlaşdyrmak işi ýola goýuldy, eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikleri ösdürmegiň hojalyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirildi. Milli ykdysadyýetiň wajyp pudaklarynda, ilkinji nobatda, senagatda, gurluşykda, gurluşyk materiallary senagatynda, oba hojalyk toplumynda döwlet tarapyndan döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy ýola goýlup, ýokary depginler bilen ösdürilýär.
Telekeçiligi we hususyýetçiligi ösdürmek üçin ýeterlik derejede maliýe-bank binýady döredildi.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda telekeçiligiň oňyn ösüşini höweslendirmäge gönükdirilen çärelerdir gurallaryň giň toplumyny öz içine alýan döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Netijeli işewürligi alyp barmak üçin amatly şertler döredilýär, kanunçylyk binýady döwrüň talabyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara şertnamalara laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.
«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda telekeçiligiň bu subýektlerini döwlet tarapyndan goldamagyň netijeli guralyny döretmek hem-de telekeçiligi ösdürmegiň höweslendirilmegi, täze iş orunlarynyň döredilmegi, ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagy, ýurduň durmuş-ykdysady ösüşinde olaryň mümkinçilikleriniň doly möçberde ulanylmagy üçin amatly maliýe, maýa goýum, maddy-tehniki we beýleki şertleri döretmek boýunça ýerine ýetirilmeli wezipeler hem-de bu ugurda döwlet syýasatynyň hukuk esaslary özüniň beýanyny tapdy.
Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak syýasatynyň baş mazmuny bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän, eksporta niýetlenen, ýokary tehnologik önümleri öndürýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Munuň özi daşary ýurtlaryň kämil tehnologiýalaryny we tehnikalaryny satyn alyp önümçilige ornaşdyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň milli innowasion ulgamyny has-da ösdürip, döwrebap bazar şertlerine laýyk gelýän derejelere çykarmagy talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny düýpli özgertmek baradaky strategiýasy bilen baglylykda, Türkmenistanda obasenagat toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, pudagyň ähli ulgamlaryna iň döwrebap tehnikalary giňden ornaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär.
Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli kabul edýän kararlaryna laýyklykda, obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Häzirki wagtda bu toplumyň üsti dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň, şol sanda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döwrebap traktorlary, kombaýnlary, beýleki maşynlary we enjamlary bilen ýetirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň güýzünde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisine gatnaşan pursadynda, «John Deere» amerikan kompaniýasynyň ýolbaşçysy — Ýewropada, GDA we Aziýa ýurtlarynda hem-de Afrikada oba hojalyk we bag-seýilgäh tehnikalary bölüminiň prezidenti Mark fon Pentsi kabul edendigini ýatlamak ýakymly.
Duşuşygyň dowamynda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine gyzyklanma bildirilip, söhbetdeşlik geçirildi. Milli Liderimiz oba hojalyk tehnikalary taýýarlanylanda, Türkmenistanyň toprak-howa şertleriniň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, olaryň iş aýratynlyklaryna ünsi çekdi.
Ýeri gelende aýtsak, «John Deere» kompaniýasy türkmen daýhanlarynyň uzak möhletli we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Bütin dünýäde meşhur bolan amerikan tehnikasy indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri içerki bazarda uly islegden peýdalanýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Telekeçi fiziki we ýuridiki şahslaryň satyn alýan oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň bahalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda 1-nji tapgyrda gelip gowşan «John Deere» kysymly oba hojalyk traktorlary we enjamlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllygy we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli hususyýetçilere ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.
1999-njy ýylda bu kompaniýanyň Türkmenistanda ýerleşýän «serwis agenti» — «IPS Agri» bilelikdäki kärhanasy döredildi. Onuň ýurduň ähli welaýatlarynda ýerleşýän serwis merkezleri we Aşgabat şäherinde merkezi diwany bar. Olarda müşderiler üçin tehnikalary abatlamak boýunça hyzmatlar ýola goýlandyr.
«John Deere» kompaniýasy ýerli hünärmenleri taýýarlamak boýunça köp işleri geçirýär. 1993-nji ýyldan bäri 3 müňden gowrak traktor-operatorlary we kombaýnçylar taýýarlanyldy. Şeýle hem kompaniýanyň Ýewropada we ABŞ-da ýerleşýän okuw-taýýarlyk merkezlerinde ýerli hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatynda işler hem geçirilýär.
Kompaniýanyň täze tehnikalary Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda sürüm işleri, pagtany takyk ekmek we ösümlikleri goramak üçin himiki serişdeleri pürkmek boýunça synagdan geçirilýär.
Mahlasy, döwlet tarapyndan maliýe taýdan goldanylmagy netijesinde, hususyýetçileriň oba hojalyk tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak işi döwletimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge, hususy haryt öndürijileriň önümleriniň möçberini artdyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge, ýokary hilli önümleri çykarmaga gönükdirilen gaýtadan işleýän ulgamy höweslendirmäge, umuman, ýurdumyzyň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Parahat MERETLIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/23619