Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol «Beýik işler kiçijik zatlaryň jeminden hasyl bolýar» diýen aýtgynyň manysynda hem açylýar. Ony görmek üçin uzak bir ýere gitmek ýa-da bu barada internet sahypalaryndan maglumat gözlemek zerur däl. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen paýtagtymyzda gurlan binalary synlasaňyz hem, bu sözleriň hakykatdygyna göz ýetirersiňiz. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýylyň güýzünde paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynyň binalary gurlup ulanmaga berildi. Bu tapgyryň beýlekilerden düýpgöter tapawutlanýandygyny siz ondaky ýaşaýyş jaýlarynyň iki gapdalynda owunjak daşlaryň köplügi bilen döredilen şekilleri synlanyňyzda-da duýýansyňyz. Ol şekiller özboluşly gözelligi bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Olarda eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýetilen belent sepgitler öz beýanyny tapýar.
Bilşimiz ýaly, owunjak, özem dürli reňkli daş hem-de aýna bölejiklerinden düzülip ýasalýan şekillere mozaika diýilýär. Mozaikanyň leksik manysy «muza» sözündendir. Ýagny grek mifologiýasynda «muza» sungata we ylma hemaýat edýän hudaýyň adydyr. Mozaika üçin gerek bolan daşlar ýörite peçlerde bişirilip, owunjak bölejiklere bölünýär. Bu daş bölejiklerine bolsa «smalta» diýilýär.
Ýandepderçämdäki belliklere seredip otyrkam, «10.11.2020 ý. Aşgabat şäheri. 16-njy tapgyr» diýen ýazga gözüm düşdi. Birgiden maglumatlary belläpdirin. Şonda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyryndaky mozaika bezegleri bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýewiň: «Ozal paýtagtymyzyň binalaryndaky mozaikalar üçin çig mal Türkiýeden, Eýrandan, Hytaýdan getirilýärdi. Indi bolsa hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde çig mal öz ýurdumyzda öndürilýär» diýen sözlerinde ünsüm eglendi. Gysgadan düşnükli sözler meni mozaika önümçiligi bilen meşgullanýan telekeçilere tarap ýola atardy.
Okyjylary mozaika daşlaryny öndürýän hususy kärhanada alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak üçin Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyna tarap ýola düşdük. «Türkmen Mahabat» hususy kärhanasynyň bosagasyndan ätledik. Maksadymyzy aýdanymyzdan soň, hünärmenler bize öz alyp barýan işleri barada gürrüň berdiler.
2007-nji ýylda esaslandyrylan hususy kärhana işe başlan ilkinji ýyllarynda gurluşyk işlerini alyp barýar. 2018-nji ýylda bolsa işini önümçilik ugruna gönükdirilýär. Kärhanada häzirki wagtda dürli görnüşlerde we islendik şekillerde bezeg mozaikalary, gips hem-de penoplast önümleri öndürilýär. Bu ýerde daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribeleri içgin öwrenilip, şolaryň innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanylýar. Ultramelewşe çyraly, uly göwrümli çap ediji enjamlaryň kömegi bilen senagat freskalary öndürilýär, şeýle-de suw esasly boýaglar bilen gipse dürli nagyşlar çekilýär. Bu ýerde «Daşly gala» haryt nyşany bilen gipsdir aýnadan mozaika hem-de bezeg önümleriniň önümçiligi hem alnyp barylýar. Şoňa görä-de, müşderilere dürli ölçegde, dürli galyňlykda we reňkde aýna, kristal, gips bezeg mozaikalary hödürlenýär. Mozaika daşlaryndan döredilýän täsin sungatyň özboluşly aýratynlygy, onuň önümçiligi we milli tejribede peýdalanylyşy barada «Türkmen Mahabat» hususy kärhanasynyň direktorynyň önümçilik boýunça orunbasary Begli Babaýew şeýle gürrüň berdi:
— Mozaika haly sungatyna örän meňzeşdir. Halyda çitim bolsa, bu ýerde onuň ornuna dürli reňkleriň sazlaşygy bilen daş hem-de aýna bölejikleri sementiň ýüzüne örülýär. «Dama-dama köl bolýan» bu sungatda her dürli güllerdir nagyşlar, adamlaryň keşpleridir haýwanlaryň sudurlary, hatda dürli wakalaryň görnüşleri-de şekillendirilýär. Tebigy gözelliklere özboluşly sazlaşyk berýän bu sungat Günüň şöhlesinde-de, ýagyş-ýagmyryň nurunda-da aýratyn öwüşgin bilen göze ýakymly görünýär. Bu ýerde mozaika sungatyň binagärlik-monumental görnüşine degişlidir. Onuň aýratynlygy nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, binagärlik sungatyny özünde jemlemegidir.
Biz ýokary hilli önümlerimizi Türkiýeden getirilen enjamlaryň kömegi bilen öndürýäris. Mozaika daşlaryny taýýarlamak üçin niýetlenen aýnalary «Türkmen aýna önümleri» kärhanasyndan alýarys. Dürli ölçegdäki aýnalary ýörite enjamlar arkaly awtomatik ýagdaýda arassalap, olara gerekli reňkleri berip, 150 — 200 gradus gyzgynlykdaky peçde guradyp, soňra sowadýarys. Reňk berlip taýýarlanan aýnalary ýörite böleklere bölýäris. Özümize gerekli ölçegi kompýuteriň üsti bilen saýlap, işimizi ýeňilleşdirýän tehniki enjamlaryň hyzmatyndan hem ýerlikli peýdalanýarys. Şu günki günde kärhanamyzda mozaika daşlarynyň 300-den gowrak görnüşini öndürmek bilen, olaryň biri-birinden reňk hem-de ölçeg boýunça tapawutlanmagyny gazanýarys.
Müşderilere edilýän hyzmaty has-da kämilleşdirmek, şeýle-de ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek babatda döwlet syýasatyndan ugur alyp, «www.tazeoy.com» internet saýtymyzy döretdik. Onuň kömegi bilen müşderiler öz isleglerine görä, «Daşly gala» haryt nyşanly mozaika, bezeg gipslerini, boýaglary we beýleki gurluşyk harytlaryny sargyt edip bilýärler. Sargytlary 5 sagadyň dowamynda ýa-da müşderiniň islän gününde eltip berýäris. Umuman-a, önümçilikde müşderi üçin ýeňillik döretmek kärhanamyzyň mizemez ýörelgesidir.
Hawa, işewüriň aýdyşy ýaly, mozaika bezegleri binagärlikde örän ähmiýetli bolup, milletimiziň gadymyýetden dowamatly çeperçilik ukybynyň özboluşlylygyny açyp görkezýär. Gündogaryň asylly sungat tärlerini, ruhy gymmatlyklarymyzyň geçmişden gözbaşly aýratynlyklaryny şu günüň bagtyýarlyk joşguny bilen utgaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda nurana durmuşa öwüşgin çaýýan, mozaikalar bilen bezelen binalaryň sany günsaýyn artýar.
Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34804
«Agaýana» hususy kärhanasynyň hünärmenleri islendik işe gözlegli we döredijilikli çemeleşýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhana Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň çäginde gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Işe başlan ilkinji gününden öz öndürýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, owadan önümleri bilen içerki bazarda mynasyp orun aldy. Häzirki wagtda kärhana önümlerini daşary döwletlere-de çykaryp ugrady. Azerbaýjan, Özbegistan ýaly döwletler bu kärhananyň önümlerine isleg bildirýärler.
Hususy kärhananyň esasy maksady daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmekdir. Ýerli çig mallary peýdalanmagyň hasabyna gurluşykda, hojalyk şertlerinde we beýlekilerde giňden ulanylýan DSP kärhananyň esasy önümidir. Bu önümçilikde hünärmenler hasyly alnan gowaça çöpüniň galyndylaryny hem-de agaç gyryndylaryny peýdalanýarlar. Bu usul önümiň elýeterli bolmagyna, goşmaça girdeji gazanmaga giň mümkinçilik berýär.
Kärhananyň kuwwaty her ýylda 20 müň kub metr DSP öndürmäge niýetlenendir. Önümçilik Hytaý, Türkiýe, Eýran ýaly döwletleriň döwrebap enjamlary esasynda alnyp barylýar. Bu enjamlaryň kömegi bilen gowaça çöpi we agaç gyryndylary owradylýar, üwelýär. Soňra olar ýelim bilen garylyp, dykyzlandyrylýar. Degişli bölümlerden geçirilip, guradylan taýýar önümler gerek ölçeglerde kesilýär.
Alnyp barylýan asylly işler, çekilýän döredijilikli zähmet kärhananyň önümçilik kuwwatyny artdyrýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň geçen alty aýynda 350 müň inedördül metr DSP öndürildi.
Ümzügi ileri işewürler ýurdumyzda orta we kiçi telekeçiligi goldaýan hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar.
Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Şamyrat AMADOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/34420
Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň wirtual sergisi öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan edilmegi mynasybetli, birleşmäniň «Kerwen» hojalyk jemgyýeti taýýarlady.
Wirtual sergi hormatly Prezidentimiziň türkmen telekeçilerine döredip berýän şertleriniň, kömek-goldawlarynyň miwelerini, hususy ulgamda amala aşyrylýan köpugurly özgertmeleri giňişleýin beýan edýär. Oňa birleşmäniň işjeň agzalarynyň 80-e golaýy gatnaşyp, öz öndürýän önümleri we ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrýarlar.
Häzirki döwürde dünýäde halkara maslahatlardyr sergileriň sanly görnüşde geçirilmegi ýörgünlidir. Wirtual sergilere dünýäniň islendik künjeginden girip, işewür gatnaşyklary ýola goýup bolýar.
Türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanan sergi gije-gündiz — 24 sagatlap dowam edýär. Ol ildeşlerimize daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen işjeň aragatnaşyk saklamaga giň mümkinçilik döredýär. 3D ölçegdäki sergide sarp edijiler hem-de işewürler üçin gyzykly maglumatlar berilýär. Ýörite enjamyň hem-de 3D äýnegiň kömegi bilen sergä aýlanyp, oňa gatnaşyjylar, öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşmak mümkin. Şeýle-de özüňiz hakyndaky maglumatlary görkezip, täze hyzmatdaşlyk tekliplerini ýollap bilersiňiz.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak hakyndaky tabşyryklaryndan ugur alnyp döredilen sergä gyzyklanmalar yzygiderli artýar. Onuň işi bilen www.fair.kerwen.com.tm internet salgysy boýunça tanşyp bilersiňiz.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/33322
Öz işini Farap etrabynyň çäginde ýola goýan «Rysgally gap» hususy kärhanasynda her aýda 300 müňe çenli polietilen halta öndürilýär. Bu işde Hytaý Halk Respublikasyndan getirilen kuwwatly enjamlaryň 6-syndan peýdalanylýar.
Ýeri gelende aýtsak, bu hususy kärhananyň esaslandyrylanyna öňümizdäki tomusda iki ýyl bolýar. Häzirki önümçilige bolsa 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda girişildi. Tejribesi ýaňy bir ýyldan geçendigine garamazdan, eýýäm dünýä döwletleriniň ençemesinden bu hususy kärhananyň öndüren polietilen haltalaryna isleg ýokary.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Rysgally gap» hususy kärhanasyna başarjaň işewür Bahadur Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Onuň gürrüň berşi ýaly, bu önümçiligiň gyzykly we hemmeleri maksada okgunlylyga ruhlandyrýan geçmişi bar.
Esasy çig malyň — polipropileniň öz ýurdumyzda öndürilýändigi önümçiligiň güýçli depginde alnyp barylmagyna şert döredýär. Russiýa Federasiýasy, Gazagystan ýaly döwletlerden gelýän sargytlaryň bolsa yzy üzülenok. Şeýle polietilen haltalarynyň 70 göterimi dünýä bazaryna çykarylýar. Bu ýerde bolanymyzda, ýokary hilli we dürli ölçegdäki haltalara ýene-de käbir döwletlerden gyzyklanmalaryň bardygyny gürrüň berdiler.
Hususy kärhana ýerli ýaşlaryň 25-e ýakynyny iş bilen üpjün edipdir. Bu ýere täze alynýan işgärlere ýörite okuwlar geçirilýär. Bir hepdeden 10 güne çenli çekýän şol okuwlarda täze işgärlere döwrebap enjamlar bilen işlemek boýunça tälim berilýär. Bu bolsa olaryň önümçilige dessine uýgunlaşyp gitmegine getirýär.
Ýakyn geljekde işgärleriň sany has-da köpeler. Çünki bu ýerde öndüriji enjamlaryň sany 15-e çenli ýetiriler. Munuň özi önümçiligiň iki essä çenli artmagyna şert döreder. Hususy kärhananyň ýolbaşçysynyň gürrüň berşi ýaly, häzir täze enjamlar getirildi we ýerli-ýerine goýuldy. Olar ýakyn günlerde işledilip başlanar.
Türkmen hususyýetçileri şeýle döwrebap önümçilikleri ýola goýmaga we ýurdumyzda öndürilen önümleri jahanyň çar künjüne eksport etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Merdan ORAZOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/28659