«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Habarlar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylary we wekilleri bilen Halkara Pul Gaznasynyň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi

2021-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda, ministrligiň ýolbaşçylarynyň degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky ýaly iri halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi alamatlandyrýan esasy makroykdysady görkezijileriniň derejesi durnukly saklanylýar, pul-karz syýasaty kämilleşdirilýär, önümçilik hem-de eksport ugurly we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän pudaklara yzygiderli goldaw berilýär. Halkara maliýe edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyklar yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde, ministrligiň ýolbaşçylarynyň we degişli müdirlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Halkara Pul Gaznasynyň (HPG) wekiliýeti bilen göni wideoaragatnaşykda geçirilen duşuşyk hem biziň aýdanlarymyza doly şaýatlyk edýär.

Duşuşykda gaznanyň işgärleriniň saparynyň maksatlary, ýurdumyzyň soňky ykdysady ösüşleri, çaklamalary we strategiki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyldy şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky Ylalaşygyň IV maddasyna laýyklykda göz öňünde tutulýan maslahatlara taýýarlyk boýunça meselelere seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


18.01.2021
Bütindünýä Bankyň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly ýokary derejeli gepleşikler geçirildi

Bütindünýä Bankyň COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Maliýeleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde «COVID-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça Türkmenistan üçin tizleşdirilen tertipde karz serişdeleri çekmek maksady bilen Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda 2021-nji ýylyň 12-14-nji ýanwar aralygynda göni wideoaragatnaşyk arkaly ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleýji güni netijeli häsiýete eýe boldy.

Gepleşikleriň jemleýji gününde oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda iki tarapyň arasynda bu taslamany durmuşa geçirmek bilen bagly birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi we pikirler alşyldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça degişli düzedişler girizildi we düşündirişler berildi.

2021-nji ýylyň ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirilen, gepleşikleriň jemleýji 3-nji gününde onuň dowamynda agzalan taslama bilen bagly ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça taýýarlanan gepleşikleriň Teswirnamasy gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi we mazmuny bilen tanyşdyryldy. Soňra, bu Bütindünýä bankynyň Covid-19 bilen bagly adatdan daşary ýagdaýlar boýunça global köptapgyrly maksatnamalaýyn çemeleşme maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanda Covid-19-a garşy hereket etmek taslamasy boýunça Türkmenistan bilen Halkara Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky bu gepleşikleriň ylalaşylan Teswirnamasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow we Bütindünýä bankynyň taslamalaýyn toparynyň ýolbaşçysy S.Aýrapetýan tarapyndan gol çekildi.

Bu agzalan Teswirnama gol çekmek dabarasynyň ahyrynda iki tarapyň arasynda bu gepleşiklerde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça degişli işleriň geçiriljekdigi, şeýle hem türkmen tarapyndan Bank bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi, bu taslama boýunça karz almak meselesiniň oňaýly çözülmegi üçin ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan zerur bolan maglumatlar bilen üpjün edilmeginde ähli tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy.

Bu gepleşiklere gatnaşanlar gepleşikleriň netijeli geçendigi we olaryň Teswirnamasyna wekiliýetleriň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekilendigi bilen birek-biregi mähirli gutladylar.

Bütindünýä Bankynyň wekilleri bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň özleri üçin taryhy waka öwrülendigini aýratyn buýsanç bilen bellediler.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bütin dünýäde umumyadamzadyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty öňe sürýän şeýle-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitleri üçin taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw edip duşuşygy jemlediler.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

14.01.2021
Bütindünýä Bankynyň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi

Bütindünýä Bankynyň COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Maliýeleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde «COVID-19-a garşy hereket etmek» taslamasy boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistan üçin tizleşdirilen tertipde karz serişdeleri çekmek maksady bilen Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly 2021-nji ýylyň 12-14-nji ýanwary aralygynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Duşuşyga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, ministrligiň degişli müdirilkleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri we wekilleri gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşiklerde ýurdumyzda COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi, şeýle hem dünýäniň ähli ýurtlarynyň pandemiýanyň täsirlerinden ykdysadyýetlerinde we saglyk ulgamynda kynçylyk çekýändigi hem-de olara garşy göreşmeli bolýandyklary barada bellenip geçildi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Bank tarapyndan amala aşyrylýan Maliýeleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilmegi zerur bolan işler barada jikme-jik pikir alyşmalar boldy.

Gepleşigiň dowamynda, bu taslama bilen bagly başga-da birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli resminamalar boýunça maglumatlar alyşyldy.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bütindünýäde umumyadamzadyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty öňe sürýän şeýle-de tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we rowaçlygyň bähbitleri üçin taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


12.01.2021
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly bolan ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy we bankyň Londonda ýerleşýän merkezi edarasynyň wekilleri bilen wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, ministrligiň degişli müdirilkleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçysy we wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky tarapyndan Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýan işler barada pikir alyşmalar boldy we bu ugurda netijlei hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleriň bardygy barada bellenildi.

Duşuşyga gatnaşanlar, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen häzirki wagtda alnyp barylýan işleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hususy bölegini ösdürmek ugrunda hem-de bank bilen «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna oňyn täsirini ýetirjkedigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde we ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini beýan etdiler. Mähriban Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagyny arzuw etdiler.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


12.01.2021
Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (EBRD) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen iş duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we ministrligiň degişli müdirilkleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy we bu babatda Bankyň mümkinçilikleri, şertleri hem-de karz bermegiň gurallary barada maglumatlar alyşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwletiň infrastruktura taslamalaryna gatnaşmak boýunça meselä seredildi.

Gepleşigiň ahyrynda Watany beýgeldip, beýgelmek, rowaçlyklara beslenmek ýollarynda alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli parasatly syýasatlary üçin Alym Arkadagymyza alkyşly sözler aýdyldy.

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi. Halkara hyzmatdaşlygy belent derejelere ýetirmek bilen halkyň ýagty geljegini nurlandyrýan, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkedýän Hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri aýdylyp duşuşygyň jemi jemlendi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



08.01.2021
Bütindünýä Bankynyň wekilleri bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi

Bütindünýä Bankynyň COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Maliýeleşdiriş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan üçin tizleşdirilen tertipde beriljek uzak möhletli we ýeňillikli karz taslamasynyň maliýe meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin bu Bankyň wekilleri bilen 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi.

Bu iş duşuşyga ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriň orunbasarlary Ç.Agamyradow we A.Gylyjow, şeýle hem iki ministrligiň degişli wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda, Bütindünýä bankyň wekilleri, ýurdumyzda pandemiýanyň ýaýramagyna garşy alnyp barylýan işlere uly baha berdi, şeýle hem dünýäniň ähli ýurtlary pandemiýanyň täsirlerinden ykdysadyýetlerinde we saglyk ulgamynda kynçylyk çekýändigini hem-de olara garşy göreşmeli bolýandyklaryny belledi. Mundan başga-da bu duşuşygyň maksady barada gysgaça gürrüň berildi.

M.Serdarow, öz çykyşynda, ýurdumyzyň Bütindünýä bankyndan saglygy goraýyş ulgamy üçin tizleşdirilen tertipde karz serişdelerini almak meselesiniň Hökümet tarapyndan ylalaşylandygyny we bu ugurda degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda, Bankyň wekilleri öz çykyşlarynda COVID-19 pandemiýasynyň täsirlerini peseltmek boýunça Bank tarapyndan amala aşyrylýan Maliýeleşdiriş maksatnamasy we bu taslamany amala aşyrmak üçin zerur bolan ýerine ýetirilmeli işler barada gysgaça gürrüň berdiler. Şeýle hem, duşuşyga gatnaşyjylar tarapyndan bu taslama bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, degişli resminamalar boýunça maglumatlar düşündirildi.

Duşuşygyň ahyrynda, Bankyň wekilleri tarapyndan bu duşuşygyň netijeli geçendigi bellenildi hem-de agzalan taslama bilen bagly anyk ýerine ýetirilmeli işler boýunça wezipelere ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli gepleşiklerde seretmeklik bellenildi.

Türkmen tarapyndan hem, bu iş duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça Bankyň wekilleri tarapyndan giňişleýin düşündirişleriň berilendigi üçin minnetdarlyk bildirildi hem-de Bank bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etmegi, bu taslama boýunça karz almak meselesiniň oňaýly çözülmegi üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi taraplaryndan zerur bolan maglumatlar bilen üpjün edilmeginde ähli tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýändigi üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjiligi, ynsanperwerligi nazarda tutup yglan eden 2021-nji «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli tutumly işleriniň rowaç almagy arzuw edildi.

Gepleşigiň ahyrynda Watany beýgeldip, beýgelmek, rowaçlyklara beslenmek ýollarynda alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli parasatly syýasatlary üçin Alym Arkadagymyza alkyşly sözler aýdyldy.

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi. Halkara hyzmatdaşlygy belent derejelere ýetirmek bilen halkyň ýagty geljegini nurlandyrýan, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkedýän Hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri aýdylyp duşuşygyň jemi jemlendi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

07.01.2021
ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdiriş Korporasiýasynyň wekili bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi

2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň ýolbaşçylygynda hem-de ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň we Daşary işler ministrliginiň wekiliniň gatnaşmagynda ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdiriş Korporasiýasynyň (USIDFC) ýerine ýetiriji direktorynyň geňeşçisi K.Makkarri bilen iş duşuşygy geçirildi.

Iş duşuşygyň maksady Türkmenistan bilen ABŞ-nyň Halkara ösüşi maliýeleşdiriş Korporasiýasynyň (USIDFC) arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligini we bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin sebitleýin maliýe gaznasynyň döredilmegi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda iki tarapyň arasynda pikirler alyşyldy.

Mundan başga-da, ýurdumyzda döredilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halkara maýa goýum gaznasyna bu Korporasiýanyň gatnaşmagy bilen bagly meseleler boýunça pikirler alyşyldy, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça gyzyklanmanyň bardygy barada bellenilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda, ara alnyp maslahatlaşylanlar bilen bagly taýýarlanyljak degişli resminamalaryň taslamalaryna ýakyn wagtlarda seretmeklik we pikirler alyşmaklyk ylalaşyldy.

Iş duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi. Halkara hyzmatdaşlygy belent derejelere ýetirmek bilen halkyň ýagty geljegini nurlandyrýan, ýurduň ykdysady kuwwatyny berkedýän Hormatly Prezidentimize alkyşly sözleri aýdylyp duşuşygyň jemi jemlendi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


05.01.2021
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen iş duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ileri tutýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri şeýle hem ministrligiň degişli müdirilikleriniň wekilleri hem-de Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçysydyr wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy we bu babatda bankyň mümkinçilikleri, şertleri hem-de karz bermegiň gurallary barada maglumatlar alyşyldy.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça alyp barýan işleri barada habar berildi we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikleriň bardygy barada aýratyn bellenildi.

Alym Arkadagymyz “Türkmenistan demokratik kadalara esaslanýan, ösen ykdysadyýeti bolan döwletler bilen bir hatarda sebit derejesinde hem, dünýä bileleşiginde hem doly ykrar edilmegini gazandy” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem, duşuşygyň dowamynda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýurdumyzda alnyp barylýan döwletiň infrastruktura taslamalaryna gatnaşmak boýunça meselä aýratyn üns berildi.

Duşuşyga gatnaşanlar, onuň çäklerinde aýdylan teklipler bilen ylalaşyp, olary durmuşa geçirmekde degişli işleriň geçiriljekdigini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalaryny etjekdiklerini mälim etdiler. Duşuşygyň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyny ýokary derejelere ýetirmekde, ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp orun almagynda gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman arkadagymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdylar.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



23.12.2020
Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bilen TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny maliýeleşdirmegiň meseleleri boýunça, göni wideo aragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi

Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda 2020-nji ýylyň 17-nji dekabrynda «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň taslamasynyň maliýeleşdirmegiň 1-nji tapgyry bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşiklere Türkmenisatnyň Maliýe we ykdysadyýet ministri gatnaşdy.

Bu gepleşiklere Türkmenisatnyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Adalat ministri, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy, «TAPI Pipeline Company Limited» kompaniýasynyň başlygy hem-de Aziýa ösüş bankynyň ýolbaşçylary we bilermenleri gatnaşdylar.

Ýokarda agzalan göni wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde «Türkmenistan–Owganystan–Päkistan–Hindistan» gaz geçirijisi Taslamanyň daşky gurşaw we durmuş taýdan gorag kepillikleri, Taslamanyň howpsuzlyk meseleleri, Taslama boýunça şu günki güne çenli ýerine ýetirilen işler, Türkmenistanyň karz üpjünçilik mümkinçilikleri, Aziýa ösüş bankynyň bölekleýin karz kepillendirmesi ýaly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşikleriň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan bu gepleşikleriň Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde öz oňyn täsiriniň berendigini bellediler we bir-birine hoşallyk sözlerini aýytdylar.

Gepleşigiň ahyrynda Watany beýgeldip, beýgelmek, rowaçlyklara beslenmek ýollarynda alyp barýan il bähbitli ýurt ähmiýetli parasatly syýasatlary üçin Alym Arkadagymyza alkyşly sözler aýdyldy.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

17.12.2020
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlarynyň Üpjünçilik we ösüş gaznalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen I maslahaty

2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlarynyň Üpjünçilik we ösüş gaznalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen Birinji maslahatyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we ministrligiň degişli wekilleri, şeýle hem YHG-a agza ýurtlaryndan Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň milli ösüş gaznalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.

Maslahaty, YHG-nyň baş sekretary jenap Dr.Suleýmanpur açdy we YHG-a agza ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynyň häzirkizaman halkara ykdysadyýetinde örän möhümdigi barada aýratyn belledi.

Soňra, Eýran Yslam Respublikasynyň wekili YHG-na agza ýurtlarynyň Milli üpjünçilik we ösüş gaznalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, YHG-nyň agza ýurtlarynyň durnukly ykdysady ösüşi üçin mümkinçilikleri,
hususan-da agza ýurtlaryň infrastruktura, maliýe pudagy, söwda, energetika, oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk ýaly pudaklarynyň ösüşine goşant goşup biljek sebitiň ösüş taslamalaryny maliýeleşdirmek boýunça mümkinçilikler barada görkezme (prezentasiýa) arkaly çykyş etdi.

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky YHG-nyň ministrler toparynyň (COM) 22-nji duşuşygynda agza ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygyny berkitmek we sebitde ykdysady durnuklylygy saklamak maksady bilen «ECO Vision 2025» resminamasynyň kabul edilendigini habar bermek, şeýle-de onuň çäklerinde sebitdäki ösüş taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen YHG-a agza ýurtlary bilen bilelikde «ECO Vision Fund» gaznasynyň döredilmeginiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi.

Soňra, maslahata gatnaşyjylar «ECO Vision Fund» gaznasy baradaky öz pikirlerini beýan etdiler.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde, maslahaty gurnaýjylara minnetdarlyk bildirmek bilen, Türkmenistanyň YHG-a agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýändigi barada giňişleýin beýan etdi. Şeýle hem, sebitdäki döwletleriň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösmegi – geljegi uly taslamalara, şol sanda infrastruktura taslamalaryna baglydyr diýip belledi. Şeýle hem, YHG-a agza döwletleriň BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasyny goldaýandygyny göz öňünde tutup, onuň durmuşa geçirilmeginiň köp serişde talap edýändigini we olaryň netijeli dolandyrmagyň möhümdigi barada belledi.

Maslahatyň dowamynda, beýleki meselelere-de seredildi we olar barada pikir alyşyldy. Hoşniýetli ýagdaýda geçen maslahatyň ahyrynda ykdysadyýetiň ösmegine örän ähmiýetli bolan halkara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň gazanylmagynda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


16.12.2020
Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda, ikitaraplaýyn türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde ABŞ-nyň «S2 Global» kompaniýasynyň prezidenti jenap Jonatan Flemming we wise-prezidenti jenap Mark Morelli iş duşuşygyna gatnaşdy.

Bu iş duşuşygyna, türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň ýolbaşçylygynda, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy G.Romanowa, şol müdirligiň Halkara bölüminiň başlygy M.Kutlymyradow we baş
hünärmen-terjimeçisi Y.Esenow gatnaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew we gullugyň wekilleri öz edara binalaryndan wideo aragatnaşyk arkaly bu duşuşyga işjeň gatnaşdylar.

Iş duşuşygynda, «S2 Global» kompaniýasynyň wise-prezidenti jenap Mark Morelli kompaniýanyň alyp barýan işleri we kompaniýanyň «CERTSCAN» ulgamy barada prezentasiýa arkaly giňişleýin gürrüň berdi. Ol, bu ulgamyň aýratynlyklary we döredýän mümkinçilikleri barada gürrüň bermek bilen, bu ulgamy Türkmenistanyň 13 sany gümrük nokatlaryna ýerleşdirmegi teklip etdi. Şeýle hem, prezentasiýanyň ahyrynda bu ulgam barada türkmen tarapynyň pikirlerini sorady.

Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew, «S2 Global» kompaniýasynyň bu ulgamyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy we häzirki wagtda «Türkmenistanyň gümrük edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklyklykda ýurdumyzyň serhetýaka gümrük nokatlaryny enjamlaşdyrmak işleriniň dowam edýändigini belledi. Şeýle hem, bu Maksatnamada «S2 Global» kompaniýasy tarapyndan hödürlenen taslama göz öňünde tutulmandygyny nazara alyp, «S2 Global» kompaniýasynyň hödürleýän taslamasyna geljekde gaýtadan seretjekdikleri barada habar berdi.

Örän hoşniýetli ýagdaýda geçen duşuşygyň ahrynda Berkarar döwletimizi bagtyýar eden, halkara hyzmatdaşlygy ýokarlandyryp, ýurdumyzy belent sepgitlere, ösüşlerde ösüşlere alyp barýan Hormatly Prezidentize alkyşly sözler aýdyldy.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


16.12.2020
“Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, erkin söwda we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygy berkitmekde halkara guramalaryň orny” atly mejlisi

2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde "Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti" atly halkara maslahatynyň çäginde "Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyk, erkin söwda we durnukly ösüş üçin hyzmatdaşlygy berkitmekde halkara guramalaryň orny" atly mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň maliýe we ykdysady, söwda toplumynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar hem-de dünýäde we sebitde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýän abraýly sebit we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň wideo habarlary diňlenildi.

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň halkara işlerinde bitaraplygyň ykdysady tarapyna aýratyn ähmiýet berilýändigi, bu işleriň sebitiň we dünýäniň ýurtlary, şeýle hem halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäginde aýdyň görünýändigi bellenildi. Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan halkara bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan anyk we takyk ýörelgelere daýanmak bilen uzak möhletli daşary ykdysady strategiýasyny ynam bilen döredýär.

Öz çykyşynda Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýa, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak we giňeltmek bilen gyzyklanýandygyny aýtdy. Şeýle-de, bu guramanyň Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän "Açyk gapylar" syýasatyny doly goldaýandygyny hem nygtap geçdi.

Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitri Kerkentzes, Türkmenistanyň halkara ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny uly buýsanç bilen belledi.

Gatnaşyjylar maýa goýumlaryny köpeltmek, iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly ýurduň milli ykdysadyýetiniň ösüşini höweslendirmek ýaly isleglerine aýratyn ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň dünýäniň onlarça ýurdy bilen iri daşary ýurt kompaniýalary, halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly gatnaşyklary işjeň ösdürýändigi we giňeldýändigi bellenildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow hem çykyş etdi. Ol özüniň eden täsirli çykyşynda 12-nji dekabryň ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda taryhy we şanly senedigini, 25-ýyl mundan öň Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “Hemişelik Bitaraplyk” hukuk ýagdaýynyň ykrar edilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Hemişelik Bitaraplygyň ýurdyň Durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy bolup, dünýäniň ýurtlary bilen söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge zerur şertleri üpjün edendigini ministr öz çykyşynda aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Garaşsyz we baky bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Hak Howandary bolan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatlaryndan ugur alyp, durmuşa geçirilýän belent maksatly işleriň barha rowaçlyklara beslenmesi barada öz çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz 50-den gowrak halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara guramalary we maliýe düzümleri bilen biziň ýurdumyz işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň çykyşyndan mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasyna synçy derejesiniň berilmegi, Mähriban Watanymyzyň dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarda öz ornuny berkidýändigi nygtalýar.

Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, maslahata gatnaşyjylaryň ählisini ýetip gelýän Täze 2021-nji ýyl bilen gutlap, Berkarar döwletimize bagtyýar zamany peşgeş beren, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini barha rowaçlyklara beslenmegi üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän Alym Arkadagymyza jan saglyk, il ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


12.12.2020
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyş dabarasy
11.12.2020
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Hormatly Prezidentimiz baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde köňüllerimizi ganatlandyran şatlykly wakany, özüniň jöwher paýhasyndan dörän, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyny bagtyýar halkymyza sowgat berdi. Munuň özi, baky Bitaraplygymyzyň şanly toýuna agzybir halkymyza uly toý serpaýy boldy.

Ýakynda has takygy 2020-nji «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň ykdysadyýet toplumynda ýurdumyzyň maliýe, ykdysady we bank toplumynyň ýolbaşçylarynyň we işgärleriniň gatnaşmagynda Hormatly Prezidentimiziň täze «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Onda birnäçe çykyşlar diňlenildi.

Hormatly Prezidentimziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar, eziz Watanymyzyň halkara abraýy barha belent derejelere göterilýär. Bagtyýar durmuşymyzyň şatlykly wakalary agzybir halkymyzy belent maksatly beýik işlere ruhlandyrýar.

Şu şanly ýylda halkymyza ajaýyp sowgat bolan «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitap dünýä halklarynyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza goýýan hormat-sarpasyny dabaralandyrmakda, goňşy we alys döwletler bilen ösüşe esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli, dostlukly gatnaşyklary rowaçlandyrmakda, türkmen halkynyň köp müň ýyllyk taryhyny, milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabyň «Bitaraplyk: gadymy geçmişden şu güne çenli», «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň syýasy ähmiýeti», «Türkmen Bitaraplygy we medeni, ynsanperwer ulgamlar», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ykdysady ähmiýeti», «Türkmenistanyň Bitaraplygy: döwrüň hakykaty», «Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty — dünýäniň abadançylygyna, halklaryň bagtly geljegine gönükdirilen syýasat», «Bu gün toý donuna beslenip Diýar, şanly Bitaraplyk toýun toýlaýar!», «Taryhy resminamalar», «Bitaraplyk bilen bagly edilen çykyşlar» ýaly bölümlere bölünmegi, kitabyň suratlar bilen bezelmegi onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynda hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýeti, Berkarar döwletimiziň çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty, türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan şu günlere gelip ýeten agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk ýörelgeleri hakynda çuňňur manyly gürrüň berýär. Kitapda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm syýasy wakalarda, daşary ýurtlara resmi saparlarynda düşen suratlarynyň ýerleşdirilmegi, bu kitabyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty netijesinde, häzirki döwürde Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýädäki abraýy, ilkinji nobatda, onuň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgelerine esaslanýar. Çünki 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüş ýollaryny aýdyň kesgitledi. Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň halkara syýasy diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryny saýlamaga esas boldy. Baky Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk hem-de olaryň özygtyýarlylygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak, halkara harby bileleşiklere we şertnamalara gatnaşmazlyk, dartgynly meseleleri gepleşikler, diplomatik ýollar arkaly çözmek ýörelgelerine berk eýerýär.

Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan dörän kitaplaryň her biri biziň üçin nusgalyk ýol-ýörelge bolup durýar. Şol çuň manyly eserler bagtyýar nesillerimizi agzybirlik, watançylyk, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, watandaşlarymyzy Berkarar döwletimiziň gülläp ösmegi ugrunda beýik işlere ruhlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.


Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy nusgalyk derejede kämilleşdi. Bäş müň ýyllyk taryhly halkymyzyň medeni mirasynyň milli kökleri, ata-babalarymyzyň arkama-arka geçip gelýän parasatly Oguz ýörelgeleri Garaşsyz döwletimiziň halkara diplomatiýasynyň häzirki zamanyň derwaýys meselelerini aýdyňlaşdyrmakda, olary netijeli çözmekde, sebitde parahatçylygy dabaralandyrmakda datly miwelerini berýär. Şoňa görä-de, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz dünýä halklaryny parahatçylyk we ösüş nukdaýnazaryndan jebisleşdirýän nurana taglymat hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şu güne çenli iki gezek resmi taýdan ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk hemişelik Bitarap döwletimiziň taryhy ösüş ýoly, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen energiýa serişdeleriniň howpsuz üstaşyr geçirilmegi we beýleki birnäçe ugurlarda BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň onlarçasynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň iri halkara guramalary we BMG-niň abraýly edaralary bilen netijeli gatnaşyklarynyň ýyl-ýyldan has-da ýokary sepgitlere ýetýändigini tassyklaýan resminamalar, halkymyzyň milli ruhuna, ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerine mahsus aýratynlyklar, türkmeniň parahatsöýüjilik, hoşmeýillilik, myhmansöýerlik ýaly döwletlilik ýörelgeleri bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlaryň ençemesi ýerleşdirilipdir.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistan sebitde syýasy durnuklylygy saklamak bilen parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna dünýäniň döwletleri we halklary bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek işinde BMG-niň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Baky Bitaraplyk syýasy ýörelgämiz parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleriniň we halklarynyň özara bähbitli gatnaşyklaryny ileri tutmagy, sebitiň geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerde ýerleşen ýurdumyz özüniň kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Hoşallyk ýüzlenmesini kabul etdiler. Olar milli Liderimiziň adyna Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” atly kitabyň neşir edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan edip, ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öňüsyrasynda mähriban halkymyza şunuň ýaly ajaýyp sowgady üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 

«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany»  atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasynyň Iş meýilnamasy

2020-nji ýylyň 9-njy dekabry

 

Alypbaryjy: M.Ataýew - Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktory, ykdysady ylymlaryň doktory, professor.





15:00 – 15:10

Ataýew Muhammetgeldi – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň baş redaktory, ykdysady ylymlaryň doktory, professoryň giriş sözi;

15:10 – 15:20

Müşşikow Gadyrgeldi Müşşikowiç - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary

15:20 – 15:30

Meretliýew Parahat Ýakubowiç Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň «Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnalynyň redaksiýasynyň baş hünärmeni 

15:30 – 15:40

Babaýewa Maýagözel - Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet goragy we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary

15:40 – 15:50

Gurbanowa Bagtygül - Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň Statistikanyň usulyýeti we guralyşy müdirliginiň bölüm başlygy

16:00 – 16:10

Işanniýazow Röwşen Nurmuhammedowiç - „Türkmenstandartlary“ Baş döwlet gullugynyň Döwlet Etalon merkeziniň baş hünärmeni

16:10 – 16:20

Ilmyradow Röwşen Kadyr berdiýewiç - Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş buhgalteri

16:20 – 16:30

Berdiýewa Nartäç Atamyradowna – Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Buhgalter hasaby we hasabaty müdirliginiň baş hünärmeni

16:30 – 16:40

Ataýew Muhammetgeldi – Maslahaty jemleýär

16:40 – 17:00

Hydyrow Begli – Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň bölümçe başlygy



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi


09.12.2020
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň dowamynda halkara resminamalara gol çekildi

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň çäklerinde halkara resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu dabaranyň dowamynda, Hormatly Prezidentimiziň ygtyýar bermeginde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow tarapyndan şu aşakdaky birnäçe halkara resminamalara gol çekildi:

  • Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Ýurt Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2021-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand bilelikde gol çekdiler;
  • Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de «JCB Sales Limited» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Güýzgeldi Baýjanow we Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilelikde gol çekdiler;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança» atly Taslama resminamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Resminamasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natia Natswlişwili bilelikde gol çekdiler;
  • Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasynda «Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin meýdança» atly Taslama resminamanyň 2-nji tapgyry hakynda Resminamasyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň Hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natia Natswlişwili bilelikde gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylar birek-biregi mähirli gutladylar.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

08.12.2020
«Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň» XIX Ministrler mejlisi sanly wideo aragatnaşyk arkaly geçirildi

  «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň» 2020-njy ýylda ýolbaşçylyk edýän Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümeti we CAREC maksatnamasynyň sekretariaty tarapyndan 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda göni wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň» XIX Ministrler mejlisi geçirildi.

  Bu mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri we ministrligiň degişli müdirlikleriniň we bölümleriniň wekilleri şeýle-de Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Medeniýet ministrlikleriniň, Merkezi bankynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary hem-de degişli wekiller gatnaşdylar.

  Mejlise Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti jenap Mohammad Aşraf Gani, Azerbaýjan Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň maliýe we ykdysadyýet ministrleri, uly wezipeli hökümet wekilleri hem-de iri daşary ýurt maliýe institutlarynyň, ýagny Aziýanyň ösüş bankynyň we Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

  Mejlisiň dowamynda CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli netijeliligi boýunça matrisasynyň taslamasyna, CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli Syýahatçylyk strategiýasyna, Gender deňligi strategiýasyna hem-de
XIX Ministrler maslahatynyň Ministrleriň Bilelikdäki beýannamasyna seredildi we hemmetaraplaýyn makullanyldy.

  Mejlisiň barşynda CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli Syýahat we Gender strategiýalarynyň hem-de 2030-njy ýyla çenli netijeliligi boýunça matrisasy boýunça türkmen tarapy öz garaýyşlaryny beýan etdiler we bu işlenip taýýarlanan resminamalaryň makullanýandygy bellediler.

  Mejlise gatnaşan ministrler we CAREC maksatnamasynyň milli utgaşdyryjylary tarapyndan CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli Syýahat we Gender strategiýalarynyň hem-de netijeliligi boýunça matrisasy biragyzdan makullanyldy.

  Şeýle-hem, mejlise ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan XIX Ministrler maslahatynyň Ministrleriň Bilelikdäki beýannamasy makullanyldy.

  Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, ykdysadyýetimizi barha güýçlendirip, ýurdumyzyň ösen dünýä döwletleriniň arasynda mynasyp orna eýe bolmagy üçin irginsiz zähmet çekýän Alym Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, halk bähbitli, il ähmiýetli alyp barýan tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

07.12.2020
Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň wekilleri bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi

         2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň ýolbaşçylygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň wekilleri bilen «Merkezi Aziýa döwletlerinde işewürligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly taslama boýunça göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga ministrligiň degişli müdirlikleriň we bölümleriň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

        Duşuşygyň maksady Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň «Merkezi Aziýa döwletlerinde işewürligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek» atly taslamasynyň netijeleri boýunça kiçi we orta telekeçiligiň işinde we kärhanalary bellige almakda hukuk düzgünleşdirilişini kämilleşdirmek we netijeliligini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň mümkinçiliklerini artdyrmak we ösdürmek bilen bagly boldy.

          Duşuşygyň başynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, elektron resminamalary dolandyrylmagy we sanly hyzmatlary, ýuridik şahslary we maýa goýum taslamalary döwlet tarapyndan bellige almak boýunça işleriň ýakyn wagtlarda doly elektron resminamalary dolandyrylýan ulgama geçiljekdigi, ýuridiki şahslary bellige almak üçin birnäçe onlaýn hyzmatlary ýola goýmak meýiller bilen bagly alnyp barylýan işler barada çykyş etdi.

            Soňra, bu duşuşyga gatnaşan halkara bilermenler tarapyndan Polşanyň we Gruziýanyň bu ugurdaky gazanylýan baý tejribeler we öňegidişlikler barada giňişleýin gürrüň berildi.

            Duşuşygyň dowamynda işewürligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek bilen bagly iki tarapyň arasynda dürli meseleler babatynda özara pikirler alşyldy we degişli maslahatlar berildi.

            Duşuşyk örän netijeli we hoşniýetli ýagdaýda geçdi. Gatnaşyjylarynda uly täsir galdyran bu duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzy gülledip, geljegimizi nurly ertire alyp barýan Gahryman Arkadagymyza aýdylan alkyşly sözler duşuşyga has-da öwüşgin berdi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

04.12.2020
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy boýunça hemişelik toparynyň (COMCEC)-iň Ministrler derejesindäki 36-njy maslahaty geçirildi
25.11.2020
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň ýolbaşçylygynda degişli pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni wideoaragatnaşyk iş duşuşygy geçirildi
13.11.2020
Maliýe ministrleriniň we Merkezi bank dolandyryjylarynyň gatnaşmagynda Halkara pul gaznasynyň birinji mejlisi geçirildi
23.10.2020
Ýokary wezipeli resmi wekilleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň 2020-nji ýyldaky ýaňy-ýakyndaky başlangyçlary we iş maksatnamasyny göz öňünde tutup, 2030-njy ýyla çenli uzak möhletleýin strategiýasynyň ýerine ýetirilen işleriniň hasabatyny syn etmek, CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli netijeliligi boýunça matrisasynyň taslamasy bilen tanyşmak, CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli Syýahatçylyk we Gender deňligi strategiýalary makullamak we geçiriljek 19-njy Ministrler maslahatynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bu Maksatnamanyň Ýokary wezipeli resmi wekilleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi.

Bu mejlise CAREC maksatnama agza ýurtlaryň milli utgaşdyryjylary we ýurt wekilleri, şol sanda ýurdumyzdan onlaýn arkaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Medeniýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary hem-de degişli wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli täze taýýarlanan Syýahatçylyk we Gender deňligi strategiýalary bilen tanyşdyrylyp, olar milli utgaşdyryjylar tarapyndan makullanyldy. Şeýle hem, CAREC institutynyň wekilleri tarapyndan gatnaşyjylara Institutyň ýerine ýetiren işleri, çap etmeleri, ylmy işleri we geçiren okuw masahatlary barada maglumatlar berildi.

Mundan başga-da CAREC maksatnama 2020-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilleri tarapyndan CAREC maksatnamanyň 19-njy Ministrler maslahatyny onlaýn görnüşde geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada maglumatlar berildi, şeýle hem onda serediljek resminamalar boýunça pikirler alyşyldy.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

20.10.2020
2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň» Ýokary wezipeli resmi wekilleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi

2020-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda, «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň 2020-nji ýyldaky ýaňy-ýakyndaky başlangyçlary we iş maksatnamasyny göz öňünde tutup, 2030-njy ýyla çenli uzak möhletleýin strategiýasynyň ýerine ýetirilen işleriniň hasabatyny syn etmek, CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli netijeliligi boýunça matrisasynyň taslamasy bilen tanyşmak, CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli Syýahatçylyk we Gender deňligi strategiýalary makullamak we geçiriljek 19-njy Ministrler maslahatynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bu Maksatnamanyň Ýokary wezipeli resmi wekilleriniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi.

Bu mejlise CAREC maksatnama agza ýurtlaryň milli utgaşdyryjylary we ýurt wekilleri, şol sanda ýurdumyzdan onlaýn arkaly Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Medeniýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçylary hem-de degişli wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda CAREC maksatnamasynyň 2030-njy ýyla çenli täze taýýarlanan Syýahatçylyk we Gender deňligi strategiýalary bilen tanyşdyrylyp, olar milli utgaşdyryjylar tarapyndan makullanyldy. Şeýle hem, CAREC institutynyň wekilleri tarapyndan gatnaşyjylara Institutyň ýerine ýetiren işleri, çap etmeleri, ylmy işleri we geçiren okuw masahatlary barada maglumatlar berildi.

Mundan başga-da CAREC maksatnama 2020-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän Owganystan Yslam Respublikasynyň wekilleri tarapyndan CAREC maksatnamanyň 19-njy Ministrler maslahatyny onlaýn görnüşde geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada maglumatlar berildi, şeýle hem onda serediljek resminamalar boýunça pikirler alyşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

20.10.2020
«Aziýada durnukly infrastruktura ulgamyna hususy maýa goýumlary çekmek: Merkezi Aziýanyň tejribesi» atly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen sebitleýin okuw maslahaty
01.10.2020
Ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşine goşant üçin Watan sylaglary

Aşgabat, 26-njy sentýabrynda. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine hem-de halkara abraýynyň belende galmagyna goşan ägirt uly şahsy goşantlary üçin halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, düzümleýin guramalaryň işgärlerine, döredijilik wekillerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de hormatly atlary dakmak dabaralary boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanlaryna laýyklykda, watandaşlarymyzyň köp sanlysy köpýyllyk ak ýürekli hem-de halal zähmetleri üçin ýörite sylaglara we degişli derejelere mynasyp boldular. Bu dabaralar ýurdumyzda öz tejribesini, bilimini we başarnygyny mähriban Watanymyza halal hyzmat etmek ýaly asylly işe bagyş eden, öz hünäriniň ussatlary we tapawutlanan işgärleriň aýratyn hormat eýesi bolýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Maksada okgunly, köptaraply, öz borçlaryny nusgalyk derejede ýerine ýetirýän we Watanymyzyň bähbidine tagallasyny gaýgyrmaýan adamlar ýaşlar üçin nusgalyk göreldedir.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ählumumy agzybirlik we ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabaralara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşdylar. Olar ýygnananlary beýik Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramçylygy bilen gutlap, bagt, abadançylyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze sepgitleri we döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Döwlet sylaglaryny buýsanç duýgusy we tolgunma bilen kabul eden adamlar işlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň garaşsyz ösüşiniň her bir ýyly şanly syýasy, ykdysady we medeni wakalara beslenýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýandygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň milletimiziň agzybirliginiň, bitewüliginiň berkidilmegine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda güýç-gaýratlaryny we ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

26.09.2020