Habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Samarkant sammitine gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 15-16-njy sentýabrynda Samarkantda geçiriljek Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşar. 

                                                                   

26-njy awgustda hormatly Prezidentimiziň Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji W.Norow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň daşary syýasat meseleleri boýunça Ýörite wekili A.Kamilow bilen geçirilen duşuşygynda nygtalyşy ýaly, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmekde özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer. 

                                                                   

Şular barada aýdyp, özbek myhmanlary köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, sebitleýin derejede özara düşünişmek we birek-birege goldaw bermek ýörelgeleriniň berkidilmegi üçin möhüm şert hökmünde syýasy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm orun eýeleýändigini bellediler. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

27.08.2022
Durnukly ulag ulgamyny maliýeleşdirmek: döwrüň zerurlygy, täze gözýetimler

Düýn «Awaza» kongresler merkezinde öz işine başlan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat durnukly ösüş üçin ulag ulgamyny maliýeleşdirmek, bu ugurda geljek üçin anyk çelgileri kesgitlemek boýunça özboluşly pikir alyşma meýdançasyna öwrüldi. Onuň dowamynda dünýä döwletlerinden degişli ministrler, ulag ugurly ýöriteleşen halkara düzümleriň ýolbaşçylary hem adaty, hem onlaýn usulda çykyş edip, öz pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler. Biz olaryň käbiriniň beren gürrüňlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. 

                                                                   

 Rabab FATIMA,
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň az ösen döwletler, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de ösüp barýan kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili: 

 — Türkmenistan durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek boýunça halkara başlangyçlary yzygiderli öňe sürmek bilen, bu ugurda netijeli iş alyp barýar. Şu günki maslahaty kabul edýändigi üçin hem ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirýärin.  

                                                                   

Geografik taýdan ýerleşişi bilen baglylykda, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ulag we üstaşyr geçelgeler ägirt uly ähmiýete eýedir. Jemi içerki önümde daşary söwda garaşlylyk ortaça 42 göterim bolýan bolsa, bu ýurtlarda ol, takmynan, 45 göterime deňdir. Söwdanyň ýokary bahasy bolsa olaryň ulag infrastrukturasynda bar bolan ýetmezçiliklere baglydyr. Şuňa çäk taýdan deňiz portlaryndan uzakda ýerleşmek, aralyklaryň uzakdygy zerarly üstaşyr geçirmek üçin bahalaryň ýokary bolmagy, sebit we ählumumy söwda gatnaşyklaryna doly derejede gatnaşmak bilen bagly netijeli mehanizmleriň ýetmezçilik etmegi hem öz täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek üçin, esasan, 5 ugur boýunça iş alyp barylsa, netijeli bolar diýip hasap edýäris. Şunda, ilkinji nobatda, ulag düzümleriniň «fiziki» meselelerini aradan aýyrmak, onuň ähli düzgünlerini iş prosesinde ulanmak zerurdyr. Işjeň ösýän sebit hökmünde bu ugurda Merkezi Aziýada belli bir derejede anyk sepgitlere ýetildi: köp sanly üstaşyr ulag geçelgeleri döredilip, olar arkaly sebitiň ýurtlary Aziýany we Afrikany beýleki yklymlar bilen baglanyşdyrýan logistik halka bolup çykyş edýärler.  

                                                                   

Ikinjiden, kadalaşdyryjy düzgünleri hem-de resminamalary kämilleşdirmek, şeýle-de deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin amatly geçelgeleri guramakda ulgamlaýyn infrastrukturalary döretmek gerek. Munuň üçin bolsa bu sanawa girýän ýurtlara halkara konwensiýalardyr sebitleýin ylalaşyklary tassyklamak we olary netijeli durmuşa geçirmek möhüm ugur hasaplanýar. Üçünjiden, ulag ulgamyny giň möçberde sanlylaşdyrmaly. Howpsuz, döwrebap, has elýeterli düzümleri döretmek üçin logistikada «akylly» ulaglaryň, nou-haularyňdyr tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy, öz gezeginde, harytlardyr hyzmatlaryň akymyny giňeltmäge mümkinçilik berer. Şu işleriň binýadynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk arkaly berkidilen durnuklylygyň we ygtybarlylygyň üpjün edilmegi, ýokary tehnologiýalar ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy dördünji ugur bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Maýa goýumlar bolsa ýokarda agzalan ugurlaryň ählisini herekete getirmekde aýgytlaýjy şert bolup çykyş edýär. Şu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde döwrebap tehniki mümkinçilikleridir ösen ulag düzümlerini kemala getirmäge ýardam berer.  

                                                                   

 Kollen Wiksen KELAPILE,
Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bütindünýä toparynyň başlygy, Botswana Respublikasynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili: 

 — Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler koronawirus pandemiýasyndan ozal hem öz ösüşinde käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýardylar. Olar daşary ýurtlara ýükleri ugratmak ýa-da kabul etmek üçin üstaşyr hyzmatlara adatdakydan iki esse köp çykdajy edýärler. Häzirki wagtda bu döwletleriň öňündäki şeýle çylşyrymly ýagdaýlary ýeňip geçmäge giň gerimli üstaşyr ulag geçelgelerine elýeterliligi bolan ýurtlaryň goldawy öz oňyn täsirini ýetirip biler.  

                                                                   

Şunda ulag düzümlerine, ilkinji nobatda, demir ýol ulaglaryna gysga we uzak möhletli maýa goýumlaryň goýulmagy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki az çykdajy talap edýändigi we zatlary barmaly ýerine ýetirmekde kän wagt sarp edilmeýändigi sebäpli, demir ýol ulagy bu ugurda özara baglanyşygy berkitmekde durnukly çeşme bolup hyzmat edýär. Galyberse-de, COVID-19 pandemiýasyndan soňky döwürde ykdysadyýeti dikeltmek we geljekki durmuş-ykdysady ösüş üçin deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlara üstaşyr geçirýän döwletlere wekilçilik edýän ygtybarly hyzmatdaşlar hem örän zerurdyr.  

                                                                   

 Buri KARIMOW,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Ýolçularynyň hökümetara geňeşiniň başlygy: 

 — Biz Awazada guralýan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki nobatdaky halkara maslahata 2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanda geçirilip, «Aşgabat prosesi» adyny alan BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň hakyky dowamy hökmünde garaýarys. Geografik taýdan örän amatly çäkde ýerleşendigi bilen baglylykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlary möhüm ulag ulgamlarynyň ikisiniň — Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup çykyş edýärler. Hut şu şertler hem Hereketleriň Wena maksatnamasyny işläp taýýarlamakda we ony durmuşa geçirmekde aýgytlaýjy çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik berdi. Ilkinji nobatda, ýükleri üstaşyr geçirmekde, serhetdeş döwletleriň arasyndaky ulag düzümlerini gowulandyrmakda, halkara ulag ýollarynyň durmuş-ykdysady infrastrukturalaryny kämilleşdirmekde uly işler bitirildi. Ulag ulgamy boýunça Arkalaşygyň çägindäki ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda hem yzygiderli tagallalar durmuşa geçirilýär.  

                                                                   

GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde we olaryň ykdysady ösüşini ilerletmekde erkin ykdysady zolaklar örän möhüm orny eýeleýär. Şoňa görä-de, biziň geňeşimiz öz ygtyýarlyklarynyň çäginde dürli görnüşli çäreleri guramak arkaly şu ugurda iş alyp barýar. Gynansak-da, koronawirus pandemiýasy biziň üçin köp sanly kynçylyklary döretdi, muňa garamazdan, ulagyň dürli görnüşlerinde, dürli ýurtlaryň serhetlerini geçip gelmek arkaly men şu halkara maslahata gatnaşmaga mümkinçilik aldym. Ýolugra synlanyňda, serhetlerde ýolagçy we ulag gatnawlarynyň azlygyny, üstaşyr geçirilýän ýükleriň gözegçilik-geçiriş nokatlarynda eglenýändigini görmek bolýar. Hut şoňa görä-de, döwletleriň çäginde erkin ykdysady zolaklary döretmek, döwrüň zerurlyklaryny nazar alyp, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesini hem awtomobil hem demir ýol ulaglary arkaly ösdürmek örän möhümdir. Şu ugurdaky işlere Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählisi, şol sanda Merkezi Aziýa döwletleri, Russiýa Federasiýasy-da uly gyzyklanma bildirýär. Munuň özi tutuş adamzat üçin erkin hereket etmek ýaly esasy şertleriň birini üpjün etmäge mümkinçilik berer.  

                                                                   

 Wadim ZAHARENKO,
Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Ýewraziýadaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy:  

 — Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda guralýan deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleri derejesindäki halkara maslahata gatnaşyp, häzirki ýeňil bolmadyk şertlerde ulag ulgamyny durnukly ösdürmek bilen bagly wekilçilikli pikir alyşma meýdançasynyň başynda ýene-de jemlenýändigimize örän şat. Men bir aý mundan ozal hem Aşgabatda üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan iri foruma gatnaşdym we çykyş etdim.  

                                                                   

Bu maslahat biziň hemmämiz üçin-de aýratyn ähmiýete eýe. Onuň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna barlyp görülmegi sebitiň bu iri ulag düzüminiň mümkinçiliklerini giňden öwrenmäge amatly şertleri döretdi. Şeýle çäreleriň yzygiderli guralmagy anyk teklipleriň durmuşa geçirilmegi, kooperasion gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, ulag-logistik mümkinçilikleriň ösdürilmegi babatda täze gözýetimleri açýar. Munuň özi diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş sebitde ulag ulgamynyň işini işjeňleşdirmek nukdaýnazaryndan juda möhümdir. Şunda durnukly ulag ulgamyny kemala getirmekde Türkmenistan tarapyndan halkara derejede öňe sürülýän başlangyçlaryň ähmiýetine aýratyn ünsi çekmek zerurdyr. Maslahat geljek üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmakda, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmegiň anyk ýollaryny kesgitlemekde netijeli meýdança bolup hyzmat edýär. 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA. «Türkmenistan».

                       

Surata düşürenler Ilaman ÇÜRIÝEW, Hasan MAGADOW.

16.08.2022
Türkmenistanyň ulag-logistika kuwwatynyň tanyşdyrylyşy

Türkmen deňiz ýakasynda halkara pudaklaýyn maslahatyň çärelerine badalga berildi 

                                                                   

 Awaza, 14-nji awgust (TDH). Şu gün köp sanly daşary ýurtly myhmanlary göwnaçyk kabul edýän türkmen deňiz kenarýakasynda birnäçe serginiň açylyşy boldy. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahatyň çäklerinde guralan sergiler ulag toplumynda we logistikada gazanylan üstünlikleri, hödürlenilýän häzirki zaman hyzmatlarynyň giň gerimli görnüşlerini görkezýär. 

                                                                   

Ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda geçirilýän ugurdaş pudaklaýyn forumlar döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Häzirki zaman şertlerde ulag-kommunikasiýalar dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de şolara uly isleg bildirilýändigi aýdyňdyr. 

                                                                   

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga, hoşniýetli goňşuçylyga we “Açyk gapylar” syýasaty ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyz gadymy Hazaryň köptaraply ägirt uly mümkinçiligini amala aşyrmaga uly goşant goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi derejesini pugtalandyrmaga ýardam berýär. 

                                                                   

Şu günki geçirilen çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar we foruma gatnaşyjylar üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde sergi guraldy. Bu sergi raýat awiasiýasynda iri möçberli taslamalar barada gürrüň berýär. 

                                                                   

Gürrüň täze howa menzilleriniň, terminallaryň, inženerçilik-tehniki maksatly desgalaryň gurluşygy bilen birlikde, ozalky bar bolanlarynyň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak barada hem barýar. Mysal üçin, häzirki wagtda paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde angar toplumyny gurmak boýunça işler dowam edýär. 

                                                                   

Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň welaýat merkezleriniň Halkara howa menzilleriniň, Jebel we Kerki howa menzilleriniň, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň, “Türkmenistan awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçe awiakompaniýalarynyň wekilhanalarynyň sergi bölümleri görkezildi. 

                                                                   

Raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegine uly ähmiýet berlip, iň täze uçarlar we dikuçarlar satyn alynýar, ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar, ozalky bar bolan howa menzilleri döwrebaplaşdyrylýar hem-de täze howa menzilleri gurulýar. Ine, 2010-njy we 2018-nji ýyllarda Türkmenbaşy we Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzilleri ulanylmaga berildi. 2016-njy ýylda Aşgabadyň Halkara howa menziliniň täze toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. 2021-nji ýylyň iýun aýynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili ulanylmaga berildi, iýul aýynda bolsa Jebel şäherçesinde täze howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. 


Bu gün paýtagtymyzyň howa menzili bilen birlikde, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky howa menzilleri hem islendik görnüşli we islendik ýük göterijiligi bolan uçarlary kabul edip bilýärler. 

                                                                   

Ýurdumyzda gurulýan howa menzilleriniň ählisiniň, ilkinji nobatda, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ýolagçylara ýokary derejeli hyzmat etmek babatda häzirki zaman talaplaryna hem-de halkara ölçeglere doly kybap gelýändigini, “Thales” fransuz kompaniýasynyň öňdebaryjy radionawigasiýa enjamlary bilen üpjün edilendigini bellemek gerek. 

                                                                   

Häzirki wagtda dürli ýurtlaryň arasynda howa gatnawlaryny ýola goýmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Howa nawigasiýasy düzümleriniň ösdürilmegi hem-de awiaýolagçylara hyzmat etmekde hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy babatda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, milli awiasiýamyz möhüm orun eýeläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine köp derejede uly täsirini ýetirýär. 

 Günüň ikinji ýarymynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň Ýolagçy-parom terminalynyň birinji gaty giň gerimli sergini guramak üçin meýdança öwrüldi. Bu terminal täsin innowasion desga bolup, onuň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inženerçilik çözgütleri ulanyldy. 

                                                                   

Günbatar sebite bildirilýän ählumumy gyzyklanma birnäçe wajyp ýagdaýlar bilen şertlendirilendir. Şolaryň hatarynda Hazar deňzi aýratyn orun eýeleýär. Onuň ähmiýetliligi Hazaryň geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýlaryň esasy merkezleriniň birine okgunly öwrülýändigi nazarda tutulyp, geografiýa taýdan ýerleşmeginiň çäklerinden çykýar. Bu ýerde deňiz, guryýer we howa ýollaryny özünde birleşdirýän dünýä derejeli iri ulag-üstaşyr halkasy kemala gelýär. 

                                                                   

Şoňa görä-de, serginiň baş wezipesi Türkmenistanyň ulag düzümleriniň kuwwatyny, Hazar sebitine ulaglaryň dürli görnüşleri arkaly iri göwrümli we uly agramly ýükleri getirmegiň aýratynlyklaryny, olary Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerine üstaşyr ibermegi, şol sanda biziň ýurdumyzyň çäklerinden geçirip, deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere iberilýändigini görkezmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Sergi bilen tanyşmaga başlamazdan ozal, öňde boljak halkara maslahata gatnaşyjy daşary ýurtlular we myhmanlar üçin portuň desgalary boýunça tanyşdyryş syýahaty guraldy. Şol ýerde olar häzirki zamanyň öňdebaryjy tejribesi we sanly ulgamlary arkaly terminallaryň alyp barýan işlerini synladylar, şol işler öňde goýlan wezipeleriň takyk, dessine we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. 

                                                                   

Monitorlaryň ekranlarynda Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň aýratynlyklary baradaky wideoşekiller, ýurdumyzyň ulag ulgamy bilen birlikde, tutuş milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň möhüm ýagdaýy bolup durýan onuň ähli terminallarynyň işleýşi görkezilýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň düzümine parom, ýolagçy terminallary, “Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawody, şeýle hem ulag üpjünçiligi: estakadaly ýol aýrytlary bolan awtoulag ýollary we demir ýollar bilen birlikde, kenar düzümine degişli köp sanly desgalar girýär.  

 Portuň iň uly desgalarynyň biri umumy ýük terminaly bolup, onuň kuwwatlylygy ýylda ortaça 4 million tonna ýük geçirijiliginden ybaratdyr. Ol dürli gurluşyk serişdelerini, polat, demir, agaç materiallary, ulaglary, enjamlary we beýlekileri kabul etmäge hem-de ibermäge niýetlenendir. Bu terminalyň gämi duralgasynyň ýanynda ýük göterijiligi 5 müň tonna bolan birnäçe gämiler bilen bir wagtyň özünde iş alyp baryp bolýar. Ýükleri ýüklemek we düşürmek üçin kuwwatly rels we mobil port kranlary hyzmat edýär. 

                                                                   

Portuň konteýner terminalynyň bir wagtyň özünde 12 gäminiň ýüküni kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde ýükleri ýüklemek we düşürmek bilen bir hatarda, ýörite ammarlarda dänäni saklamak mümkinçiligi üpjün edildi. Port ýükler bilen iş alyp barmak üçin iň täze enjamlara hem-de ýük götermäge niýetlenen ýörite ulag tehnikasyna eýedir. Mysal üçin, konteýner terminalynda öndürijiligi sagatda 25 TEU bolan “gämi-kenar” (STS) görnüşli duralga ýük ýükleýjileri işleýär. Şu ýerde hem wezipesine ýükleri niýetlenen ugurlary boýunça paýlamak işi girýän baş paýlaýjy merkez bar. 

                                                                   

Ürgün ýük terminaly dürli çig mal serişdelerini, nebithimiýa önümlerini, klinkeri, demir magdanyny, boksiti, alýuminini, kömri, iýmleri, dökünleri, şeýle hem dänäni, gant şekerini, duzy we beýlekileri ýüklemek üçin niýetlenendir, olary saklamak üçin bolsa ammarlar we bunkerler guruldy. 

                                                                   

Gämileri dolandyryş merkezi porta girýän gämileriň nawigasiýasyny howpsuz üpjün etmek üçin guruldy hem-de Halkara deňiz guramasy tarapyndan teklip edilen dünýä ölçegleriniň derejesindäki häzirki zaman nawigasiýa enjamlary bilen enjamlaşdyryldy. 

                                                                   

Ýolagçy terminalynyň binasy 600 orunlykdyr. Bu ýerde migrasiýa we pasport gözegçiligi, beýleki zerur bolan düzgün-kadalar häzirki zaman derejesinde guralypdyr. Şeýle hem portda myhmanhana, söwda we dynç alyş merkezleri göz öňünde tutulandyr. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň ýolagçy terminalynyň mümkinçilikleri, bu ýerde syýahatçylaryň oňaýlylygy we işgärleriň işlemegi üçin döredilen şertler ugurdaş düzümlere bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Umuman, awtomobil we ýolagçy parom terminalynyň umumy meýdany 230 müň inedördül metr bolup, onuň duralgasynda birbada iki gämi ýerleşip bilýär. Ol bir ýylda 300 müň ýolagça we 75 müň treýlere hyzmat edip bilýär. 

                                                                   

Polipropileni saklamak we ýüklemek boýunça ýöriteleşdirilen terminal barada aýdylanda bolsa, bu önüm Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän nebit önümleriniň sanawynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ol dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar, munuň şeýledigine bolsa, hususan-da, Döwlet haryt-çig mal biržasynda baglaşylýan köp sanly şertnamalar şaýatlyk edýär. Türkmen polipropilenini Ýaponiýa, Russiýa, Türkiýe, Eýran, Özbegistan, Azerbaýjan we beýleki ýurtlar sarp edýär. Eksport harydyň agramly bölegi deňiz bilen daşalýar. 

                                                                   

Bir söz bilen aýdylanda, Halkara deňiz portunyň işi Merkezi Aziýada ulag-üstaşyr geçelgesi hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär. Diýarymyzyň ulag-logistika düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagy Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşe, howpsuzlygy berkitmek işinde täze gözýetimleri açýar. Bu bolsa asyrlaryň dowamynda ýurtlary hem-de halklary birleşdiren Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeltmekde aýratyn ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Munuň aýdyň mysaly hökmünde “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleriniň sergide görkezen köp sanly diwarlyklaryny agzap bolar. Olarda ýükleri daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda islegleriň kanagatlandyrylmagyny, şeýle hem Diýarymyzyň bu ugurda iş alyp barýan wekillerini içerki we daşarky bazarlarda ulag işlerinde we hyzmatlarda bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion işjeňlik üçin şertleri döretmegi üpjün etmäge gönükdirilen ýokary netijeli ulag düzümleriniň kemala gelýändigi beýan edilýär. 

                                                                   

Demirýol ulaglary ulgamynyň teklipleri, döwletiň içinde we halkara gatnawlarynda demir ýollara niýetlenen ulgamlar hem-de enjamlar, şeýle hem utgaşykly gatnawlar ulgamy, ekspeditorlaryň we gatnadyjylaryň hödürleýän hyzmatlarynyň teklipleri, ulag terminallary we beýlekiler üns merkezinde boldy. 

                                                                   

Baý serişde kuwwatyna eýe bolan Türkmenistanyň dünýä ulgamyna işjeň goşulyşmagy häzirki günüň möhüm wezipesidir. Üstaşyr akymlaryň logistikasynda Watanymyzyň kuwwaty Gazagystan — Türkmenistan — Eýran transmilli polat ýoly bolan Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň esasy böleginiň, Amyderýanyň üstünden gurlan häzirki zaman demirýol we awtomobil köprüleriniň, Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji nobatdakysy bolan Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň şu ýerde ýerleşýändigi nazara alnanda, haýran galdyrýar. 

                                                                   

Bu ugurlaryň sebitiň ýurtlarynyň dostluk hem-de hyzmatdaşlyk ýoluna, ygtybarly ulag geçelgesine öwrüljekdigi gürrüňsizdir, çünki bu ugurlar ykdysady bähbitden başga-da, deňhukukly gatnaşyklar şertlerinde dünýäniň ykdysady giňişligine oňyn ýagdaýda ýakynlaşmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Üç döwletiň aragatnaşyk ulgamlaryny baglanyşdyrýan Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara geçelgesi bu ýurtlaryň hem-de Ýewraziýa yklymynyň beýleki döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygyny ençeme esse artdyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Munuň özi täze ulag ýollaryny gurmak hem-de ozal ulanylýan awtoulag ýollaryny abatlamak boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýan ýol-ulag düzümleriniň ösdürilmegine-de degişlidir. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň çäklerinde inžener-aragatnaşyk ulgamlaryny doly çalşyrmak, hereket howpsuzlygynyň döwrebap ulgamyny ornaşdyrmak, elektron maglumat tablolaryny, LED-monitorlary gurnamak we beýlekiler göz öňünde tutuldy. 

                                                                   

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň sergi bölüminde ugurdaş düzümleri gurmakda awtomobil ýollaryny çekmegiň çyzgylary görkezildi. 

                                                                   

Türkmenistany goňşy döwletler bilen baglanyşdyrýan täze awtoulag ýollary we köprüler gurulýar, dünýäniň esasy öndürijileri tarapyndan iberilýän häzirki zaman tehnikalary bilen ulag düzüminiň yzygiderli üsti ýetirilýär. Şol tehnikalar soňky ýyllaryň dowamynda ýol-ulag ulgamynyň taslamalary durmuşa geçirilende işjeň ulanylýar. Monitorlarda topragy dykyzlandyryjy tehnikalaryň dürli görnüşleri, buldozerler, ýer gazyjy enjamlardyr topragy tekizleýji tehnikalar we beýlekiler görkezilip, şolar döwrüň ýokary talaplaryna kybap gelýär. 

                                                                   

Uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň gurluşygy dowam edýär. Ýokary tizlikli awtoulag ýoly Türkmenistanyň çäklerinden geçýän ýük daşamalarynyň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, serhetdeş Özbegistan bilen ulag gatnaşyklary babatda uly mümkinçilik açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan awtobanyň Aşgabat — Türkmenbaşy ýoly bilen birleşdirilmeginiň netijesinde bolsa, Hazarda Halkara deňiz portuna ýük akymlarynyň göni çykmagy, ondan aňry bolsa deňziň üsti bilen Kawkaza, Ýewropa tarap, Russiýanyň günortasyna, Eýranyň demirgazygyna, Pars we Oman aýlaglaryna çykalga üpjün ediler. 

                                                                   

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, sebit we sebitara derejesinde utgaşykly logistika ulgamyny döretmek, Merkezi Aziýany we Ýewropany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany baglanyşdyrýan döwletara üstaşyr geçelgelerini kemala getirmek boýunça iri taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulag düzüminiň ýene-de bir möhüm desgasynyň — Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze awtoulag köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. 

                                                                   

Türkmenistan — Gazagystan ulag ugrunyň möhüm inženerçilik desgasyna öwrüljek täze köpriniň bina edilmegi, oňa barýan ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenbaşy awtoulag ýoly bilen birleşdiriljek ýoluň durkunyň täzelenilmegi Diýarymyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistika hyzmatlarynyň hilini we tiz ýerine ýetirilmegini ep-esli artdyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümlerini hem-de goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer. 

 Häzirki döwürde döwletimiz ulag geçelgelerini gurup, awtomobil we demir ýollar ulgamyny, howa we deňiz ugurlaryny giňeltmek bilen, sebitde ählumumy parahatçylygyň, durnukly ykdysady rowaçlygyň pugtalanmagyna ýardam edýär. Hut şular hem Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde gaýtadan dikeltmekde ýerine ýetirilýän anyk işlerdir. Şunda tutuş Ýewraziýa giňişliginde ýük daşalyşyny ösdürmek üçin mümkinçilikleri ep-esli artdyrýan gämi gatnawy hem-de port hojalygy möhüm wezipeleri ýerine ýetirýär. 

                                                                   

Mysal üçin, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynyň sergi bölüminde önümçilik işleriniň tehnologik tapgyrlary görkezilýär. Biziň ýurdumyz üçin düýbünden täze bolan bu kärhana Watanymyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin esas boldy. Gämileri ýygnamakdan başga-da, bu ýerde ýük gämilerini, gury ýük daşaýjy gämileri, tirkeg gämilerini we beýlekileri abatlamak boýunça işleriň doly tapgyryny ýerine ýetirmek bolýar. 

                                                                   

Ýylda 10 müň tonna polady işlemäge ukyply zawodda öňdebaryjy tehnologiýalaryň hem-de häzirki zaman awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň ornaşdyrylandygyny bellemek gerek. Mundan başga-da, bu toplumyň kuwwaty her ýylda 4 — 6 gämini gurmaga, şeýle hem 20 — 30 gämini abatlamaga we olara tehniki taýdan hyzmat etmäge mümkinçilik berýär, şol işleri ýerli hünärmenler amala aşyrýarlar. 

                                                                   

Zawodyň taslamasy deňiz gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda standartlary we kadalary işläp düzmek wezipesini ýerine ýetirmegi maksat edip goýýan IAСS؅— International Assoсiation Сlassifiсation Soсietes-iň (MAKO — Hünär synaglary jemgyýetleriniň halkara assosiasiýasy) halkara ölçegleriniň talaplaryna laýyklykda düzüldi. Dünýä söwda flotunyň möçberiniň 90 göterimden gowragy MAKO jemgyýetleriniň agzalaryna degişlidir. 

                                                                   

Şeýle hem gözden geçirilişe logistika ugurly kompaniýalar — «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gatnaşdylar. Şolaryň işleri bu ulgamda iri möçberli halkara taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýedir. Sergä gatnaşyjylaryň ençemesi iň täze tehnologiýalaryň ulanylmagy arkaly iri göwrümli ýükleri daşamakda mümkinçiliklerini görkezdiler. 

                                                                   

BMG-niň dürli düzümleýin bölümleri, halkara guramalar, Döwlet gümrük gullugy we beýlekiler sergi diwarlyklaryny wideogörnüşde görkezdiler. 

                                                                   

Bu wideotanyşdyrylyşlaryň umumy maksady ulag akymlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginde, gatnawlaryň ugurlaryna döwletleriň hem-de iri sebitleriň köp sanlysyny goşmakda jemlenip, ol döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň hem-de halklaryň özara düşünişmegine we ýakynlaşmagyna anyk ýardam berer. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi bilen, köpugurly hem-de köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmekde iri halkara hem-de sebitleýin guramalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanylyşynyň geriminiň ep-esli giňelýändigi aýdyňdyr. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat derejesinde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şol resminamanyň awtordaşy bolup, 74 ýurt çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ulag-üstaşyr gatnawlary babatda Kararnamalaryň dördüsini kabul edendigi guwançlydyr. 

                                                                   

Serginiň esasy ugurlarynyň biri ýükleriň daşalyşydyr. Bu bölüme gatnaşýanlar ammarlarda işleriň alnyp barlyşyna syn bermegiň toplumlaýyn ulgamynyň hem-de serişdeleriň we önümleriň içerki önümçilik logistikasynyň, ulag ulgamy, logistika we intralogistika, şeýle hem dünýä bazarlarynda üstünlik gazanmagyň esasy ýagdaýy hasaplanylýan harytlary ulaglar arkaly daşamakda tiz, ýokary hilli we gymmat bolmadyk hyzmatlar üçin IT-çözgütleriň tanyşdyrylyşlaryny görkezdiler. 

                                                                   

Sergide täze tehnologiýalaryň, gologrammalaryň, interaktiw kartalaryň, sensor ekranlaryň, köp sanly multiproýektorlaryň ulanylmagy myhmanlara ulag-aragatnaşyk ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hem-de taslamalaryň netijelerini örän aýdyň görmäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sergä gelenler ulag-aragatnaşyk toplumynyň gazananlaryna bagyşlanan bölümi gözden geçirenlerinden soňra, ýolagçy-parom terminalynyň ikinji gatyna düşýärler we şol ýerde ýolagçy köprüsi boýunça awtoulaglaryň gämä ýüklenilişini synladylar. 

                                                                   

Şeýlelikde, Türkmenistan dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly goşant goşýar. Bu ulgam häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjysydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz ulag-kommunikasiýa ulgamynda uly kuwwata eýe bolup, birnäçe iri halkara we sebitleýin taslamalaryň başyny başlaýjy bolup çykyş etmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegine hem-de giňeldilmegine uly goşant goşýar. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Şeýle hem şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen daşary döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we birnäçe halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. 

                                                                   

Geçirilen duşuşyklarda sebitiň we dünýäniň dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berjek täze ulag geçelgelerini döretmek we ozal hereket edýänlerini giňeltmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

15.08.2022
Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Hususan-da, üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynda halkara hukuk esaslarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejede halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahatyň jemleýji gününde Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi. Şondan soň Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny» atly Kararnama 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda durnukly köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi baradaky Kararnama kabul edildi. Taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi netijesinde BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda jemleýji resminama gol çekildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda nobatdaky gezek 74 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin, üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi we oňa 48 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertibinde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde geçirildi. Halkara maslahatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklip öňe sürüldi. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem BMG-niň çäklerinde işjeňligiň dowamy hökmünde üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi.  

                                                                   

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu, aýratyn hem, deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň çäklerine degişlidir. Şunuň bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýyldaky ýörite Kararnamasy bilen döredilen ýöriteleşdirilen edarasy hereket edýär, ol latyn elipbiýinde, gysgaldylyp, UN-OHRLLS diýlip atlandyrylýar we oňa BMG-niň Ýokary wekili ýolbaşçylyk edýär. 

                                                                   

Bu halkara gurama az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri we ösüp gelýän kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, dünýäde az derejede ösen ýurtlaryň sany 46, deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan döwletleriň sany 32 we ösüp barýan kiçi ada döwletleriniň sany 38-dir.  

                                                                   

 BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr: 

                                                                   

— Baş Sekretara we BMG-niň ähli düzüm birliklerine öňde goýlan maksatlary ulgamlaýyn amala aşyrmak üçin deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalardaky ýurtlar bileleşiginiň işini ýurt, sebit hem ählumumy derejede ilerletmek, şeýle-de gözegçilik etmek üçin hemaýat bermek; 

                                                                   

— Ykdysady we durmuş geňeşine, şeýle hem Baş Assambleýa Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine her ýyl gözegçiligi geçirmäge we gazanylan ösüşe baha bermäge ýardam etmek; 

                                                                   

 — Bütindünýä çarçuwaly Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran çäreleri geçirmäge ýardam etmek; 

                                                                   

— deňze çykalgasy bolmadyk we yzagalak, ösüp barýan ýurtlaryň we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini nazara alyp, BMG-niň degişli düzümleri, raýat jemgyýeti, KHBS, ylmy toparlar, gaznalar bilen hyzmatdaşlykda degişli wagyz işlerini geçirmek; 

                                                                   

— Yzagalak ýurtlar üçin Hereketler maksatnamasyny we deňze çykalgasy bolmadyk yzagalak, ösüp barýan ýurtlar we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletler üçin beýleki maksatnamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmekde halkara goldawy, resurslary çekmäge ýardam etmek; 

                                                                   

— deňze çykalgasy bolmadyk yzagalak, ösüp barýan ýurtlara we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletlere toparlaýyn maslahat bermek arkaly degerli goldawy bermek. 

                                                                   

 Döwletleriň we sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara ylmy-barlag merkezi hereket edýär. Bu merkez deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ministrler derejesinde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy boýunça geçirilen halkara maslahatdan soňra döredilipdi. 

                                                                   

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýanyň Wena şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň ikinji maslahaty geçirildi. 2016-njy ýylyň 13-14-nji oktýabrynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ulag ulgamy boýunça ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Boliwiýa döwletiniň Santa-Krus şäherinde geçirildi.  

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler. Bu halkara maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA-nyň, halkara bank hem maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary-da gatnaşarlar. Bu forum 2024-nji ýyla meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlaryndan biri bolar. 

                                                                   

Türkmenistan açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi oňa halkara deňiz gatnawyna işjeň goşulyşmaga mümkinçilik döredýär. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi, ilkinji nobatda, sebitiň bäş döwletiniň arasynda ýolagçy we ýük gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa birigýän suw ýollarynyň üsti bilen açyk deňizlere hem gämi gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik bar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy halkasy hökmünde özüniň port infrastrukturasyna we deňiz ulaglaryna aýratyn üns berýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäherinde iri Halkara deňiz portunyň gurulmagy halkara deňiz gatnawlarynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň netijesinde, diňe ýurdumyzyň öz deňiz flotuny giňeltmäge ýa-da ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan äkidilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga däl, eýsem, daşary ýurt gämilerine hyzmat etmegiň hilini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, üstaşyr geçirmeleriň möçberini artdyrmaga hem şert döredi.  

                                                                   

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan we halkara guramalar: ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar boýunça ýokary wekili wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ulag we aragatnaşyk pudagynda halkara taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ornuny, onuň geosyýasy artykmaçlyklaryny belläp geçdi. 

                                                                   

Türkmenistan iki yklymyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmek babatda halkara derejede uly mümkinçiliklerden peýdalanýar. Deňiz üsti gatnawlary amala aşyrmakda, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň «deňiz derwezesiniň» mümkinçilikleri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly möhüm ugurda ýokary sepgitlere ýetilmegi ösüşleriň ygtybarly kepilidir. 

                                                                                                           

Perhat ÇARYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.

13.08.2022
Ulag strategiýasy: döwrüň zerurlygy, geljegiň çelgileri

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat dünýä ýurtlarynyň ençemesinden ulag ulgamynda iş alyp barýan öňdebaryjy kompaniýalaryňdyr döwlet düzümleriniň wekillerini, ugurdaş halkara düzümleriň ýolbaşçylarynydyr bilermenleri netijeli pikir alyşma meýdançasyna jemledi. 

                                                                   

 Pandemiýa şertlerinde girizilen çäklendirmeler zerarly, türkmen paýtagtynda geçirilmegi däbe öwrülen şeýle iri möçberli çärelere gatnaşmaga köp wagtdan bäri garaşan daşary ýurtly myhmanlar ak mermerli Aşgabadyň, hakykatdan-da, dost-doganlygyň hem hyzmatdaşlygyň merkezidigini biragyzdan tassyklap, forumyň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. 

                                                                   

 Artur ANDRISIAK,
Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory:
 

 — Aziýanyň Ösüş banky Aşgabatda geçirilýän üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahata aýratyn ähmiýet berýär. Munuň özi köp babatda biziň bankymyzyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasyna gabat gelýär. Sebitiň ulag ulgamynyň uzak aralyklar, gurluşyklara sarp edilýän çykdajylaryň köp bolmagy, infrastrukturalara hyzmat etmek, serhetýaka integrasiýanyň we intermodallygyň çäklendirilmegi ýaly käbir meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyna garamazdan, ulaglaryň hem-de söwdanyň işi durnukly ýagdaýda saklanýar. Pandemiýadan soňky döwürde bolsa hut şu ugurlara isleg barha ýokarlanýar. Ösüşiň häzirki depginini goldamak üçin ulag düzümleriniňdir institutlarynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, ulag taslamalarynyň maliýe hem-de ekologik taýdan durnuklylygyny ýokarlandyrmak, ykdysady, infrastruktura geçelgeleriniň bilelikdäki oňyn ösüşini üpjün etmek ýaly mümkinçilikler bar. Bularyň ählisi halkara hyzmatdaşlygydyr söwdany giňeltmekde örän amatly şertleri döretmek bilen, ahyrky netijede, tutuş sebitde abadançylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga goşant goşýar. 

                                                                   

Aziýanyň Ösüş banky sebitleýin hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin öz mandatynyň hem-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Strategiýasynyň esasynda duran gaýtalanmajak mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Anyk meseleleri çözmek we Merkezi Aziýanyň mümkinçiliklerini ulanmak maksady bilen, biziň bankymyz Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny — 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ulag Strategiýasyny işläp taýýarlamaga ýardam berdi. Ol ýollar we ýol aktiwlerini dolandyrmak; demir ýol; serhetüsti ýük daşamalar hem-de logistika; ýol hereketiniň howpsuzlygy; awiasiýa ýaly esasy ugurlaryň 5-sini özünde jemleýär. Türkmenistan bilen öňden gelýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna eýerip, Aziýanyň Ösüş banky ýurduň özüni söwda we üstaşyr geçiriji halka hökmünde tanatmak, bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly tagallalaryny goldaýar. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, 2011-nji ýylda tassyklanan Demirgazyk — Günorta demir ýolunyň taslamasyna goýberilen serişdeler Aziýanyň Ösüş bankynyň Türkmenistan üçin beren karzlarynyň ilkinjisi boldy. Şonuň netijesinde 288 kilometrlik ýoluň duýduryş ulgamy, elektrik üpjünçiligi we aragatnaşygy döwrebaplaşdyryldy. Munuň özi Türkmenistanyň Gazagystana göni gatnaşyklaryny, şeýle-de Eýrany, Russiýany, Günorta Aziýany birleşdirýän geçelgeler bilen has giň aragatnaşygyny gowulandyrdy. Hususan-da, bu taslama halkara ýük daşamalary iki essä, takmynan, 7,1 million tonna çenli artdyrmaga, kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 27 müň tonna çenli azaltmaga ýardam etdi. Biziň bankymyz häzirki wagtda Türkmenabat — Mary — Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýol ugrunyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamakda Türkmenistanyň Hökümetini goldaýar. Bu taslama 1147 kilometre uzaýan ýol boýunça ýolagçy we ýük gatnawlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, Türkmenistandan geçýän halkara üstaşyr geçelgeleriň ählisini bir ugra birleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

 Maksim SAREW,
«MaxFlight» awiakompaniýasynyň Baş direktory:
 


— Aşgabatda halkara üstaşyr ulag geçelgelerine bagyşlanan şu gezekki maslahat geçirilmezden, tutuş sebitde ulag gatnawlarynyň dikeldilmegini göz öňüne getirmek mümkin däldi. Sebäbi hemmeler pandemiýa şertlerinde ýüze çykan çökgünlik zerarly köp babatda işi togtadylan bu ulgamda nähilidir bir hereketiň amal edilip başlanmagyna garaşýar. Nobatdaky duşuşyk bolsa şu ugurdaky meseleleri ýüzbe-ýüz ara alyp maslahatlaşmaga, ozal bar bolan aragatnaşyklary dikeltmäge, täze hyzmatdaşlary tapmaga örän amatly mümkinçilik boldy. 

                                                                   

Biz kompaniýamyzyň wekilleri bilen bilelikde bu halkara maslahata gatnaşmak üçin birinji gezek Türkmenistanda bolýarys. Dogrusyny aýtsak, forum ilkinji gününden garaşyşymyzdan has netijeli häsiýete eýe boldy. Biz Russiýanyň we Türkmenistanyň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek ugrunda bilelikde iş alyp baran hyzmatdaşlarymyz bilen ýüzbe-ýüz görüşdik, täze hyzmatdaşlardyr beýleki ýurtlaryň ulag ulgamynda işleýän kompaniýalarynyň wekilleri bilen tanyşdyk. Bu bolsa biziň üçin diýseň bähbitli. «MaxFlight» «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýükleri daşamak boýunça Russiýadaky resmi agenti bolmak bilen, biziň wezipämiz ugratmak üçin ýükleri tapmakdan, täze hyzmatlary ýola goýmakdan, multimodal ugurlary işjeňleşdirip, ýagny ýükleri diňe bir uçarlarda däl, eýsem, awtomobil, demir ýol ulaglary arkaly hem gatnadyp, müşderiler üçin hemmetaraplaýyn amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. 

                                                                   

Üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça Aşgabat forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini aýratyn nygtamak isleýärin. Türkmen tarapynyň myhmansöýerligi, adamlaryň hoşmeýilliligi, işlemek we pikir alyşmak üçin berilýän goldawlar, hakykatdan-da, öwgä mynasyp. Aslynda, uzak wagtlap şeýle iri çärelere gatnaşmasaň, birgeňsi tolgunma duýgulary gurşap alýar. Ýöne häzir bu beýle däl. Türkmen paýtagtynda geçirilýän forumda biz özümizi öýümizdäkidenem arkaýyn duýýarys. Bularyň ählisi guramaçylar tarapyndan edilen tagallalaryň juda ýerine düşendigini görkezýär. 

                                                                   

 Igor RUNOW,
Halkara ulag diplomatiýasy merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary:
 

 — Üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça halkara forumyň plenar mejlisinde onlaýn usulda çykyş etmek bilen, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRACECA) ulag geçelgesi boýunça ýükleri üstaşyr daşamaga niýetlenen «TradeLens» taslamasy — üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama barada düşünje bermek isleýärin. Bu başlangyç Halkara ulag diplomatiýasy merkezi tarapyndan Ýolgurluşykçylaryň Halkara Birleşigi hem-de «IBM» korporasiýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlanylyp, ol häzirki hereket edýän elektron infrastrukturalary we milli gümrük ulgamlaryny ulanmak arkaly konteýner ýük daşamalaryny päsgelçiliksiz amala aşyrmaga mümkinçilik berjek ählumumy resminamany döretmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda «TradeLens» taslamasy deňiz ulaglary arkaly ýükleri daşamakda işjeň peýdalanylýar. Onuň gury ýerdäki ilkinji synag taslamasyny bolsa Ýewropa — Kawkaz — Aziýa ulag geçelgesi boýunça durmuşa geçirmek ylalaşyldy. 

                                                                   

Bu resminamanyň esasy wezipesi açyk, elýeterli we durnukly ählumumy gümrük üstaşyr geçiriş ulgamyny döretmekden ybaratdyr. Ol BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň, «XXI asyrda gümrük» konsepsiýasynyň maksatlaryna hem laýyk gelýär. Üstaşyr geçirmek boýunça ählumumy resminama dolulygyna sanlylaşdyrylan önümdir. Ol blokçeýn arkaly konteýnerdäki ýükleriň hakyky wagt hasabynda serhetleriň birnäçesine ondan-oňa geçirilmegine gözegçilik etmäge niýetlenendir. Bu taslama syýasy hem-de filosofik nukdaýnazardan «XXI asyrda gümrük» konsepsiýasyna esaslanyp, onda gümrük administrasiýalarynyň, gümrük edaralary bilen işewürligiň arasynda hakyky wagt hasabynda has ýygjam hyzmatdaşlygyň zerurdygy nygtalýar. Munuň özi söwdany kanuny esasda alyp barmaga we oňa gümrük gözegçiligini geçirmäge ýardam eder. 

                                                                   

Biz bu taslamany şu ýylyň güýzünde synag hökmünde durmuşa geçirip başlamagy meýilleşdirýäris. Dünýä söwda gatnaşyklaryna geljegi uly täsirini hem-de gatnaşyjy ýurtlar tarapyndan berilýän goldawy göz öňünde tutup, ahyrky netijede, onuň ýolgörkeziji taslama öwrüljekdigine ynanýarys. 

                                                                   

 Ýelena AGZAMOWA,
Tatarystan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň geňeşçisi:
 

 — Russiýa Federasiýasynyň, Tatarystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasynda taryhy taýdan kemala gelen baglanyşyk bu günki gün hakyky dostluk, ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan açyk hem-de netijeli dialoga öwrüldi. Ol hyzmatdaşlygyň durmuş-ykdysady, medeni aragatnaşyklar ulgamlarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalary ösdürmäge gönükdirilendir. Tatarystan Respublikasynyň daşary ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda, onuň köp babatda yslam döwletleri bilen däp bolan özara hereketler bilen kesgitlenilýändigine aýratyn ünsi çekmeli. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň maýynda geçirilen «KazanSummit 2022» XIII halkara ykdysady sammitiň çäklerinde Tatarystanyň Söwda-senagat edarasy Russiýanyň Söwda-senagat edaralarynyň halkara forumyny hem gurady. Bu dört günlük çäre Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň ugurdaş düzümleriniň wekillerini hem bir meýdança jemledi. Biz bu foruma Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýetini hem çagyrdyk. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Tatarystanyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan şu ýylyň 28-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Strategik hyzmatdaşlygy giňeldip» atly maslahat geçirildi. Şonda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy türkmen-tatar eksport amallarynyň ösdürilmeginiň zerurdygyny nygtap, türkmen tarapynyň eksporta niýetlenen önümçilikler bilen bagly ýüze çykýan meselelere ýakyndan ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. 

                                                                   

Aşgabatda geçirilýän ulag forumynyň hem ikitaraplaýyn türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmäge, geljek üçin meýilnamalary ynamly kesgitlemäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynanýarys. 

                                                                                                           

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.

                       

«Türkmenistan».

19.07.2022
Hazarýaka portlar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

III. AZERBAÝJAN 

                                                                   

 Hazaryň Azerbaýjan kenarynda Baku, Alýat, Dýubendi deňiz portlary bar.  

                                                                   

 Baku porty ýa-da Baku Halkara deňiz söwda porty Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ýerleşip, Hazar deňziniň kenaryndaky iri portlaryň biridir. Ol 1902-nji ýylda esaslandyrylýar. Port Demirgazyk — Günorta we Günbatar — Gündogar ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýär. Onuň terminallary arkaly Hazar deňziniň iri portlary bilen, Wolga — Don, Wolga — Baltika kanallarynyň üsti arkaly bolsa Gara, Ortaýer, Baltika, Demirgazyk deňizleriniň, şeýle hem Atlantik ummanyň portlary bilen deňiz söwda gatnaşyklary amala aşyrylýar. 2014-nji ýylyň oktýabryndan başlap, Baku — Türkmenbaşy aralygynda parom geçelgesi ýola goýuldy. 2015-nji ýylyň 18-nji martynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Karary esasynda, Baku porty ýapyk paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.  

                                                                   

Baku porty esasy ýük, konteýner, nebit, parom, ýolagçy terminallaryny özünde jemleýär. Port 17 sany gämi duralgasyna eýedir, olaryň 5-si çig nebite we nebit önümlerine, 10-sy agaç we beýleki ýüklere, 2-si ýolagçy daşamaga niýetlenendir. Port ýylyň dowamynda 10 million tonna guýulýan ýükleri we 9-10 million tonna çenli esasy ýükleri gaýtadan işlemäge ukyplydyr. Esasy ýük terminaly Bakuwyň merkezinde ýerleşip, ol umumy uzynlygy 866 metr we çuňlugy 7 metr bolan 6 sany duralgadan ybarat. Duralgalar güýçli port göterijileri bilen enjamlaşdyrylandyr. Konteýner terminaly ýylda 15 müňe çenli konteýneri kabul etmäge ukyplydyr. Baku portunyň söwdasynyň 35 göterimi Dýubendiniň nebitgaz terminaly arkaly amala aşyrylýar. Terminal 2 sany duralga eýe bolup, Apşeron ýarymadasynda iň iri terminal hasaplanýar. Parom terminaly Baku — Türkmenbaşy — Baku, Baku — Aktau — Baku, Baku — Eýranyň portlary — Baku ugurlary boýunça hyzmat edýär. Ýolagçy terminaly umumy uzynlygy 340 metr bolan 3 duralgadan ybarat bolup, Hazarýaka döwletleriň ýolagçy gämilerini kabul etmek üçin niýetlenendir. 

                                                                   

 2016-njy ýylyň 12-nji aprelinde Bakuwda Halkara Hazarüsti ulag konsorsiumyny döretmek barada ylalaşyga gol çekildi. 

                                                                   

Baku porty bilen Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň arasynda ýygjam hyzmatdaşlyk ýola goýlandyr. Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň 2018-nji ýylyň noýabrynda ýurdumyza amala aşyran resmi sapary mahalynda, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Azerbaýjanyň Hazar deňiz gämiçiligi» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda deňiz söwda gämi gatnawyny ösdürmek hakynda Ylalaşyga, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen «Baku Halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda maglumatlary awtomatlaşdyrylan usulda alyşmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy bilen «Baku Halkara deňiz söwda porty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we Baku Halkara deňiz söwda portunyň arasynda ýük geçirmeleriniň mukdaryny artdyrmak hakynda Ylalaşyga, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda iki ýurduň portlaryndan deňiz ulagy arkaly geçýän halkara gatnawlary ösdürmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi bu iki Hazarýaka döwletiň portlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geriminiň giňelmegine ýardam berdi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak, iki ýurduň çägi bilen halkara gatnawlara gatnaşyjylar üçin wiza düzgünlerini ýeňilleşdirmek, halkara awtomobil gatnawlaryny ösdürmek baradaky Ylalaşyklar, ulag babatda hyzmatdaşlyk etmegiň 2019 — 2022-nji ýyllar üçin hökümetara Maksatnamasy, 2019 — 2021-nji ýyllarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara Maksatnama, uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda, maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda, girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda hökümetara Ylalaşyklar türkmen-azerbaýjan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilendir. Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakynda Ylalaşyk iki ýurduň arasynda ulaglaryň dürli görnüşlerini ulanmak babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň guralyna öwrüldi. Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ilkinji ýük gämi gatnawy 2019-njy ýylda ýola goýuldy. Üç ýylyň dowamynda iki tarapa 17,5 müň tonna konteýner daşaldy.  

                                                                   

Port infrastrukturasyny dolandyryş maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäginde Bakuwyň deňiz söwda porty we Merkezi Aziýanyň deňiz menzilleri öz maglumat ulgamlaryny bir bitewi platformada birleşdirýärler. Häzirki wagtda türkmen tarapy hem-de Aktau porty bilen bu ugurda depginli işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýa ýurtlaryndan başga-da, günbatar portlar bilen maglumat ulgamlaryny birleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýük awtoulaglary üçin eýýäm serhet we gümrük barlagyny geçirmegiň aňsatlaşdyrylan görnüşi hereket edýär. Şuňa meňzeş işler demir ýollarda-da alnyp barylýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi ulag serişdesiniň serhet nokadynda bolýan wagtyny tygşytlamaga, gelýän ulagyň hem-de ýüküň görnüşi, onuň indiki ugry barada we başga-da birnäçe maglumatlary öz wagtynda almaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Azerbaýjanyň Baku portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda Baku — Türkmenbaşy — Baku ugry boýunça 23 müň 476 ýük awtoulagy daşaldy. Baku portunyň ýük dolanyşygy 5 million 600 müň tonna barabar bolup, üstaşyr daşalan ýükleriň paýy 5 million 100 müň tonnadan gowrak ýa-da umumy ýük dolanyşygynyň 92,7 göterimini düzdi. Baku — Kuryk — Baku ugry boýunça 15 müň 955 (40,5 göterim) ýük awtoulagy daşaldy. Şeýlelikde, geçen ýyl Türkmenistan Baku — Tbilisi — Kars demir ýoly boýunça ýükleri gatnatmakda Gazagystandan, Hytaýdan soň 3-nji orny eýeledi. Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Baku portunyň arasynda 2022-nji ýylyň başynda iki ýük gämisiniň gatnawy ýola goýuldy. Onuň maksady Hazar deňzindäki Hytaý — Ýewropa geçelgesiniň ikinji böleginde ulag aragatnaşygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Azerbaýjanly bilermenler Baku porty arkaly Azerbaýjanyň üstaşyr ulag mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanylanda, onuň çäginiň Sues kanalyna alternatiwa bolup biljekdigini nygtaýarlar. 

                                                                   

 Alýat porty Bakuwyň 70 kilometr günorta-günbatarynda, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen bir parallelde ýerleşen täze deňiz portudyr. 2014-nji ýylda Alýatda Baku portunyň parom terminaly gurulýar. 2017-nji ýylyň martyndan Gazagystana tarap, Alýat — Aktau aralygynda parom gatnawy hereket edip başlady. Port 2018-nji ýylyň 14-nji maýynda açylyp ulanmaga berildi. Alýat «ýaşyl» port derejesini alandyr. Onuň çägi 2016-njy ýylda erkin söwda zolagyna öwrüldi. 

                                                                   

Alýat porty TRACECA we Demirgazyk — Günorta halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşip, günbatarda Türkiýe we Ýewropa, demirgazykda Russiýa, günortada Eýran hem-de Hindistan bilen baglanyşdyrýan möhüm ulag geçelgesiniň bir bölegidir. 2007-nji ýylda düýbi tutulan Alýat portunyň ýük dolanyşygynda deslapky tapgyrda 10 million tonna, geljekde 17 million tonna, ahyrky netijede bolsa 25 million tonna ýük, şol sanda 1 million konteýner ibermek mümkinçiligi göz öňünde tutulandyr.  

                                                                   

2019-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda Bakuwdaky täze port Deňiz portlarynyň Ýewropa guramasy tarapyndan PERS ekologik standartynyň «EcoPorts» güwänamasyna mynasyp boldy we Hazarýaka sebitde ilkinji bolup «ýaşyl» port derejesini aldy. 

                                                                   

Bakuwdaky Alýat portunda Türkmenistandan baran ýükler üçin ýörite ýer taýýarlanandyr. «Şoňa görä-de, biz Gündogar — Günbatar, Günbatar — Gündogar ugurlary boýunça döwletlerimiziň arasynda üstaşyr gatnawlaryň artýandygyny göreris» diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew 2018-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistana resmi sapary mahalynda nygtady.  

                                                                   

 Dýubendi porty — Bakuwyň 50 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşen Hazarýaka port. Onuň golaýynda Bakuwyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryny Gruziýanyň magistral demir ýollaryna birikdirýän nebit geçirijileriniň terminallary bar. 

                                                                                                           

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.

04.07.2022
Türkmenistan — Türkiýe: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Aşgabat, 1-nji iýul (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Fuat Oktaýyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 6-njy mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ulgam boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini aýratyn nygtadylar. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde bilelikdäki hökümetara topara möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. 

                                                                   

Türkiýäniň wekiliýetiniň ýolbaşçysy bu gezekki mejlisiň geçirilmegine beren ünsi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, nobatdaky duşuşygyň jemleriniň döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dost-doganlyk ýörelgeleri, birek-birege düşünişmek, özara goldaw bermek esasynda yzygiderli we işjeň ösdürilýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Häzirki wagtda köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda ösüşiň ýokary derejesine çykdy. 

                                                                   

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, azyk senagaty, oba hojalygy ýaly iki ýurt üçin hem möhüm pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Şunda işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem berkidilýär. Duşuşykda türkmen we türk haryt öndürijileriniň iki ýurduň bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, ugradylýan harytlaryň görnüşlerini artdyrmak meselelerine deglip geçildi. 

                                                                   

Toparyň agzalary Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpasyrlyk hoşniýetli gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny belläp, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny köpugurly esasda ösdürmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de onuň ugurlaryny kesgitlediler. Iki ýurduň wekilleriniň Türkmenistanda we Türkiýede guralýan halkara maslahatlara, beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagynyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berjekdigi bellenildi. 

                                                                   

 Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça jemleýji Teswirnama gol çekildi. 

                                                                   

Şu gün türkmen-türk işewürlik maslahaty hem geçirildi. Onda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny nazara alyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Pikir alyşmalaryň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň işewürlik düzümleriniň wekilleri amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen we geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Şeýle-de olar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň özara bähbitli täze ugurlary boýunça hem-de beýleki pudaklarda özara gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyklaryny tassykladylar. 

                                                                                                           

Surata düşüren Maksat GYLYJOW.

02.07.2022
Aşgabatda VI Hazar sammiti öz işine başlady

Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda VI Hazar sammiti öz işine başlady. Hazarýaka döwletleriň — Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary 20 ýyldan soň ýene-de Aşgabatda duşuşýarlar.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Arkadag» myhmanhanasynda döwlet Baştutanlaryny garşylady. Bu ýerde Hazarýaka döwletleriň Liderleri bilelikde surata düşdüler. Soňra bäştaraplaýyn gepleşikler başlandy. 

                                                                   

Aşgabat sammitinde Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk we ekologik meseleler ara alnyp maslahatlaşylýan esasy ugurlardyr. Şeýle-de Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlaryna, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de wajyp halkara meselelere garalýar. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisinde sammite taýýarlyk hem-de onuň gün tertibi bilen bagly meselelere seredildi. 

                                                                                                           

«Türkmenistan»

29.06.2022
Ha­zarýaka sebi­t: hoş­ni­ýet­li hyzmatdaşlyk ýoly bilen

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 24-nji iýun­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­sin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bu sam­mi­ti 29-njy iýun­da Aş­ga­bat­da ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, ýur­du­myz kö­pu­gur­ly oňyn hal­ka­ra, şol san­da se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ber­kid­ýär we ös­dür­ýär. Bu hyz­mat­daş­lyk Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny düz­ýär.  

                                                                   

Ha­zar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça möhüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga he­mi­şe yg­rar­ly bol­mak, iň ýa­kyn goň­şu­lar bi­len ys­ny­şyk­ly we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­dyr. Ýur­du­my­zyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mit­le­ri­ne yzy­gi­der­li gat­naş­ma­gy mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. Bu de­ňiz Türk­me­nis­ta­ny, Azer­baý­ja­ny, Eý­ra­ny, Ga­za­gys­ta­ny, Rus­si­ýa­ny öz ke­na­ryn­da bir­leş­dir­mek bi­len, Ha­zar bäş­li­gi­ni eme­le ge­tir­ýär. Türk­me­nis­tan üçin Ha­zar se­bi­ti iň mö­hüm geo­sy­ýa­sy we geoyk­dy­sa­dy mer­kez­le­riň bi­ri­dir. 

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ni ge­çir­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç, as­ly­ýe­tin­de, Türk­me­nis­ta­na de­giş­li­dir. Soň­ra şu for­mat­da­ky du­şu­şyk­lar Ha­zar me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak­da we çöz­mek­de yg­ty­bar­ly gu­ral hök­mün­de ka­bul edil­di. I Ha­zar sam­mi­ti 2002-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­di, on­da Ha­zar me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň ga­ra­ýyş­la­ry aý­dyň be­ýan edil­di. Bu ga­ra­ýyş­lar hä­zir hem üýt­gew­siz­dir: Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­rin­de Türk­me­nis­tan he­mi­şe iş­jeň orun eýe­le­ýär. Şun­da Ha­zar deň­zi­niň yk­ba­ly üçin umu­my jo­gap­kär­çi­lik çek­mek hem-de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, ýag­ny Ha­zar se­bi­tin­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, yla­la­şy­gy, dur­nuk­ly­ly­gy üp­jün et­mek­de hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na da­ýan­ýan oňyn döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek we pug­ta­lan­dyr­mak esa­sy mak­sat bol­ma­gyn­da gal­ýar.  

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da baş­la­nan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­ri 2007-nji ýy­lyň okt­ýab­ryn­da Täh­ran­da, 2010-njy ýy­lyň no­ýab­ryn­da bol­sa Ba­kuw­da do­wam et­di­ril­di. II Ha­zar sam­mi­ti se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň ka­bul eden bi­le­lik­dä­ki Jar­na­ma­sy ar­ka­ly ta­ry­ha gi­ren bol­sa, III Ha­zar sam­mi­ti hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren tek­li­bi esa­syn­da taý­ýar­la­nan hem-de ka­bul edi­len çar­çu­wa­ly res­mi­na­ma — Ha­zar deň­zin­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ba­ba­tyn­da hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Yla­la­şyk bi­len ta­pa­wut­lan­dy. Bu sam­mit­ler­de hem, soň­ky dür­li de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar­da hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­nyň, şol san­da Ha­zar­da işiň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hu­kuk taý­dan ka­da­laş­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga de­giş­li baş­lan­gyç­la­ry­nyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.  

                                                                   

2014-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Ast­ra­han şä­he­rin­de ge­çi­ri­len IV Ha­zar sam­mi­tin­de, esa­san, Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň III Ha­zar sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry bo­ýun­ça taý­ýar­la­nan Yla­la­şyk­la­ra gol çe­ki­len­di­gi­ni, bu res­mi­na­ma­la­ryň Ha­zar se­bi­tin­de hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma­la­ýyn-hu­kuk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mä­ge ýar­dam eden­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek. Ha­zar deň­zin­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň öňü­ni al­mak we ola­ryň ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aýyr­mak ha­kyn­da, Ha­zar deň­zi­niň suw bio­lo­gik seriş­de­le­ri­ni go­rap sak­la­mak we re­je­li peý­da­lan­mak ha­kyn­da Yla­la­şyk­la­ry my­sal hök­mün­de ge­tir­mek bo­lar. Bu gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Ha­zar deň­zin­de gid­ro­me­teo­ro­lo­gi­ýa ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky Yla­la­şy­ga hem gol çe­ki­len­di­gi­ni hem bel­le­me­li­di­ris.  

                                                                   

Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ba­ra­da gol çe­ki­len Kon­wen­si­ýa Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň 2018-nji ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da Ak­tau şä­he­rin­de ge­çi­ri­len V sam­mi­ti­niň wa­jyp ne­ti­je­si bol­dy. Ol Ha­zar se­bi­tin­de ýa­kyn hem-de uzak gel­jek üçin hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ru­ny kes­git­le­mek bo­ýun­ça yg­ty­bar­ly bin­ýat, özara gat­na­şyk­la­ryň hu­kuk ka­da­la­ry­ny ber­ki­den ta­ry­hy äh­mi­ýet­li res­mi­na­ma ha­sap­lan­ýar.  

                                                                   

V Ha­zar sam­mi­ti­niň jem­le­ri bo­ýun­ça beý­le­ki res­mi­na­ma­lar bi­len bir ha­tar­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk hakyn­da, ulag ul­ga­my ha­kyn­da Yla­la­şyk­la­ra hem gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­me­gi­mi­ziň se­bä­bi, olar hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­my­zyň Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň IV sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da ka­bul edil­di. Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň V sam­mi­tin­de mö­hüm res­mi­na­ma­la­ryň je­mi 7-si­ne gol çe­kil­di. Ak­tauda ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da Türk­me­nis­tan ta­ra­pyn­dan Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kynda­ky Kon­wen­si­ýa­nyň aý­ry-aý­ry ugur­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­la­ryň ter­ti­bi­ni iş­läp taý­ýar­la­mak, hu­su­san-da, Ha­zar­da göz­leg we ha­las ediş iş­le­ri ba­bat­da bäş­ta­rap­la­ýyn yla­la­şyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly çä­re­le­ri iler­let­mek, yl­my bar­lag­la­ry ge­çir­mek, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ho­wan­dar­ly­gyn­da bäş­ta­rap­la­ýyn yzy­gi­der­li ge­ňeş­me­le­ri ge­çir­me­giň gura­ly­ny dö­ret­mek tek­lip edil­di.  

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň çäk­le­ri Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýär. Bu te­bi­gy ge­og­ra­fik gi­ňiş­lik Gün­do­gar — Gün­ba­tar we De­mir­ga­zyk — Gü­nor­ta ug­ry bo­ýun­ça amat­ly üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­nuň üçin Türk­me­nis­tan ulag ul­ga­my­na Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de mö­hüm ugur hök­mün­de ga­ra­ýar. Ýur­du­my­zyň Ha­zar ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek, Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji eda­ra­ny Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ryň ke­nar­ýa­ka şä­her­le­rin­de ge­zek­me-ge­zek ýer­leş­dir­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi hem Mer­ke­zi Azi­ýa­da, Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de hyz­mat-daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne uly go­şant goş­mak bi­len, gat­na­şyk­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­landyr­mak üçin oňyn baş­lan­gyç bol­dy.  

                                                                   

Hä­zir­ki za­man gat­na­şyk­la­ryn­da dün­ýä söw­da flo­ty mö­hüm orun eýe­le­ýär. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty se­bi­tiň eks­port-im­port ul­ga­myn­da Türk­me­nis­ta­ny öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­ma­ga ukyp­ly­dyr. Port­da dö­re­di­len äh­li döw­re­bap şert­ler — ter­mi­nal­lar, am­mar­lar, beý­le­ki köp san­ly des­ga­lar, şol san­da de­mir we aw­to­mo­bil ýol­lary mul­ti­mo­dal lo­gis­ti­ka­da ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry hö­dür­le­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. «Balkan» za­wo­dy bol­sa ýük gä­mi­le­ri­dir tan­ker­le­ri abat­la­mak üçin uly kuw­wa­ta eýe­dir. Soňky ýyl­lar­da tu­tuş dün­ýä­de ýük gat­naw­la­ry­nyň çalt art­ýan­dy­gy­ny göz öňün­de tut­sak, on­da Türk­men­ba­şy por­tu­nyň äh­mi­ýe­ti­niň bar­ha art­jak­dy­gy, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne uly go­şant goş­jak­dy­gy şüb­he­siz­dir. 

                                                                   

Ha­zar deň­zin­de ener­ge­ti­ka pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek üçin hem giň müm­kin­çi­lik­ler bar. My­sal üçin, 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Ha­zar deň­zin­dä­ki «Dost­luk» ýa­ta­gy­nyň ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni bi­le­lik­de göz­le­mek, iş­läp geç­mek we öz­leş­dir­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­tan bi­len Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Bu res­mi­na­ma iki goň­şy do­gan­lyk döw­le­te Ha­zar deň­zin­de ýa­ta­gy öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki işe gi­riş­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­di. Bu tas­la­ma Ha­zar­ýa­ka ýurt­la­ry we halk­la­ry has-da ýa­kyn­laş­dyr­dy, şeý­le hem uly eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­dy, se­bit­de aba­dan­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­di. Ha­za­ryň türk­men bö­le­gin­de önü­mi paý­laş­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ne­bi­tiň çy­ka­ry­ly­şy­nyň möç­be­ri, ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­nyň we bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­la­ryň sa­ny art­ýar, te­bi­gy ga­zy se­na­gat taý­dan çy­kar­mak­da öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar.  

                                                                   

Ha­za­ryň türk­men ke­na­ry di­ňe se­na­gat, işe­wür­lik, me­de­ni mer­kez bol­man, eý­sem, sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­ne hem öw­rül­di. Hä­zir bu sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy dünýäde meş­hur­dyr. Bu ýer­de ge­çi­ril­ýän dür­li de­re­je­dä­ki çä­re­ler Awa­za üçin öz­bo­luş­ly ma­ha­bat­dyr. Mu­nuň özi da­şa­ry ýurt­lar­dan, oza­ly bi­len, Ha­zar­ýa­ka döw­let­ler­den sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­na gel­ýän ja­han­keş­de­le­riň sa­ny­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Myh­man­ha­na­lar, kot­tej­ler we beý­le­ki dur­muş-me­de­ni mak­sat­ly des­ga­lar ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.  

                                                                   

«Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy ba­ra­da gür­rüň edi­len­de, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­nyň hem 2019-njy ýyl­da hut şu ýer­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len­di­gi­ni aýt­ma­ly­dy­rys. Fo­rum Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­ň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne oňyn tä­sir et­di. Fo­ru­my Ha­zar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry­nyň her bi­rin­de yzy­gi­der­li ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ak­tau­da ge­çi­ri­len V Ha­zar sam­mi­tin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň gol­da­ny­lan bu baş­lan­gy­jy­nyň mö­hüm­di­gi­ne bu fo­ru­ma gat­naş­ma­ga Ýer ýü­zü­niň äh­li kün­jek­le­rin­den is­leg bil­dir­ýän­le­riň örän köp bol­ma­gy hem şa­ýat­lyk ed­ýär.  

                                                                   

Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek VI sam­mi­ti­ se­bit­de we hal­ka­ra bi­le­le­şi­k­de uly gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Se­bä­bi bu sam­mit Ha­zar deň­zi­niň hu­kuk de­re­je­si ha­kyn­da­ky Kon­wen­si­ýa gol çe­ki­len­den soň ge­çi­ril­ýän il­kin­ji sam­mit­dir.  

                                                                                                           

Oraz AB­DY­ÝEW.

                       

«Türk­me­nis­tan».

29.06.2022
Ha­zar­ýa­ka port­lar: netijeli hyzmatdaşlygyň bähbidine

Dün­ýä geo­sy­ýa­sa­tyn­da we geoyk­dy­sa­dy­ýe­tin­de has mö­hüm se­bit­le­riň bi­ri bo­lan Ha­zar deň­zi­niň hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­nyň kes­git­len­me­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň des­lap­dan Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri bi­len el-ele, egin-eg­ne be­rip, uly ta­gal­la­lar eden­di­gi­ni, ne­ti­je­de, 2018-nji ýyl­da Ak­tau­da ge­çen V sam­mit­de bu res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­ne uly go­şant go­şan­dy­gy­ny tu­ruw­baş­dan bel­le­mek ze­rur. 2019-njy ýy­lyň 12-nji aw­gus­tyn­da bol­sa mil­li Li­de­ri­miz, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my Azi­ýa bi­len Ýew­ro­pa­nyň ser­he­din­de ýer­le­şen bu se­bi­tiň yk­dy­sa­dy ut­gaş­ma­syn­da tä­ze meý­dan­ça­nyň bin­ýa­dy­ny goý­dy. 

                                                                   

 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­tyn­da aý­ra­tyn or­na eýe bo­lan Ha­zar ug­ru­nyň has iş­jeň­leş­me­gi üçin tä­ze hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­re­der. Se­bi­tiň dün­ýä geo­sy­ýa­sa­tyn­da­ky äh­mi­ýe­ti­ni mun­dan beý­läk-de art­dyr­ma­ga, Ýew­ra­zi­ýa­nyň dür­li yk­lym­la­ry­ny bir­leş­dir­jek ener­ge­ti­ka, ulag-lo­gis­ti­ka, se­na­gat-inf­rastruk­tu­ra tas­la­ma­la­ry­ny tä­ze­den jan­lan­dy­rar, se­na­gat koo­pe­ra­si­ýa­sy­ny güýç­len­di­rer, Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň halk­la­ry­nyň ta­ryh­dan göz­baş al­ýan me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­ny iş­jeň­leş­di­rer.  

                                                                   

 Yk­ly­ma­ra ýol­la­ryň çat­ry­gyn­da ýer­le­şen Ha­zar­ýa­ka se­bit­de De­mir­ga­zyk bi­len Gü­nor­ta­nyň, Gün­do­gar bi­len Gün­ba­ta­ryň ara­syn­da­ky üs­ta­şyr ulag ugur­la­ry­nyň hem-de söw­da ýol­la­ry­nyň ka­da­ly he­re­ket et­me­gi üçin se­bi­tiň döw­let­le­ri­niň öza­ra ulag gat­naw­la­ry­nyň yg­ty­bar­ly ul­ga­my­ny dö­ret­mek ze­rur. Mu­nuň üçin döw­re­bap port dü­züm­le­ri­niň dö­re­di­lip, ne­ti­je­li lo­gis­tik hyz­mat­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy der­wa­ýys me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, öz wag­tyn­da Türk­me­nis­tan Ha­zar se­bit lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sü­rüp­di. Bu mer­kez Azi­ýa­ny we Ýew­ro­pa­ny bir­leş­dir­ýän tä­ze üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek we olar­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­mak ba­bat­da Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň bi­le­lik­dä­ki işi­ni ut­gaş­dyr­ýan dü­zü­me öw­rü­ler.   

                                                                   

 Türk­me­nis­ta­nyň Ha­zar se­bit lo­gis­ti­ka mer­ke­zi­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň port­la­ry­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Se­bit döw­let­le­ri­niň yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­nyň köp ba­bat­da kä­mil port ho­ja­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dy­gy­ny I Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my-da gör­kez­di.  

                                                                   

  Ha­zar­ýa­ka port­lar söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti ta­ra­pyn­dan döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ast­ra­han sam­mi­tin­de tek­lip edi­lip, Ak­tau sam­mi­tin­de ka­bul edi­len «Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Hö­kü­met­le­ri­niň ara­syn­da söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da» Yla­la­şyk Ha­za­ry hal­ka­ra söw­da­nyň mö­hüm çat­ry­gy­na öwür­mä­ge ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

 I. TÜRK­ME­NIS­TA­N
 

                                                                   

 Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­ty. Bu port öz ta­ry­hy­ny 1896-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­dan alyp gaýd­ýar. Ýük hem-de ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­ny bi­rik­dir­mek we ter­tip­le­mek mak­sa­dy bi­len, 1903-nji ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­da söw­da de­ňiz por­tu­nyň do­lan­dy­ryş eda­ra­sy dö­re­dil­di. Ýyl­la­ryň geç­me­gi bi­len ýük gat­naw­la­ry­nyň art­ma­gy pa­rom ugur­la­ry­ny dö­ret­mek pi­ki­ri­ni ýü­ze çy­kar­dy. 1959-njy ýyl­dan baş­lap, por­tuň çä­gin­de pa­rom ugur­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy baş­lan­dy. 1962-nji ýyl­da ozal­ky Kras­no­wodsk (häzirki Türkmenbaşy şäheri) bi­len Ba­ku­wyň ara­syn­da yzy­gi­der­li pa­rom gat­na­wy ýo­la go­ýul­ýar. 2000 — 2003-nji ýyl­lar­da port­da düýp­li abat­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. 2013-nji ýyl­da port «Çar­lak» ýo­lag­çy ka­ta­ma­ra­ny­ny gur­dy. Bu bol­sa por­tuň ta­ry­hyn­da il­kin­ji gä­mi­gur­lu­şyk tas­la­ma­sy­dyr. 2014-nji ýyl­da ýo­lag­çy­la­ryň de­ňiz wok­za­ly açyl­dy. 

  Ha­za­ry se­bi­tiň mö­hüm ulag çat­ry­gy­na öwür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, Türk­men­ba­şy şä­he­rin­dä­ki de­ňiz por­tu­nyň düýp­li tä­ze­den gu­rul­ma­gy ze­rur­dy. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gur­lu­şy­gy «Türk­men­ba­şy­nyň Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­ny we Türk­men de­ňiz söw­da flo­tu­ny 2020-nji ýy­la çen­li ös­dür­me­giň Baş me­ýil­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da ama­la aşy­ryl­dy. Bu hal­ka­ra por­tuň gur­lu­şy­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2014-nji ýy­lyň 29-njy ma­ýyn­da gol çe­ken Ka­ra­ry esa­syn­da ba­dal­ga be­ril­di. 2018-nji ýy­lyň 2-nji ma­ýyn­da Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ýe­ne bir şan­ly sa­hy­pa­sy­na öw­rül­di. Şol gün «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de «Be­ýik Ýü­pek ýo­ly — tä­ze ösüş­le­re ta­rap» at­ly hal­ka­ra fo­rum ge­çi­ril­di. Onuň açy­ly­şyn­da eden mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Ga­ra de­ňiz we Bal­ti­ka se­bit­le­ri­niň, Gü­nor­ta hem-de Gü­nor­ta — Gün­do­gar Azi­ýa­nyň, Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň de­ňiz ter­mi­nal­la­ry­na çyk­mak ar­ka­ly, Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­my­nyň gi­ňiş­li­gi­ni gur­şap al­ýan hal­ka­ra üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek baş­lan­gyç­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ýew­ra­zi­ýa­nyň de­ňiz der­we­ze­si­ne öw­rül­jek bu por­tuň hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Mil­li Li­de­ri­miz tas­la­ma­nyň yk­dy­sa­dy, tä­jir­çi­lik, eko­lo­gik öl­çeg­ler­den baş­ga-da, geo­sy­ýa­sy äh­mi­ýe­ti­ni-de ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­di­gi­ni aý­ra­tyn bel­le­mek bi­len, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň tä­ze por­tu­nyň iş­läp baş­la­ma­gy­nyň se­bit­de we onuň çäk­le­rin­den da­şar­da sy­ýa­sy ýag­daý­la­ra hem örän oňyn tä­sir et­jek­di­gi­ne ynan­ýan­dy­gy­na üns çe­kip­di.  

                                                                   

Yl­my taý­dan in­no­wa­si­on çöz­güt­ler esa­syn­da gur­lan bu hal­ka­ra tas­la­ma iki sa­ny tä­sin­li­gi bi­len — «De­ňiz de­re­je­sin­den pes­de ýer­leş­ýän iň uly port» hem-de «De­ňiz de­re­je­sin­den pes­de ýer­leş­ýän iň uly eme­li ada» gör­ke­zi­ji­le­ri bo­ýun­ça Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Bu­lar­dan baş­ga-da, dür­li ugur­lar bo­ýun­ça de­giş­li hal­ka­ra gü­wä­na­ma­la­ryň, Hor­mat hat­la­ry­nyň 7-si­ne my­na­syp bol­dy.  

                                                                   

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň tas­la­ma­sy­nyň ABŞ-nyň «En­gi­nee­ring News-Record» žur­na­ly­nyň her ýyl­da yg­lan ed­ýän «Pro­ject of the Year Award» («Ýy­lyň tas­la­ma­sy») at­ly bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­si bo­lan­dy­gy­ny-da bel­le­me­li.  

                                                                   

Tas­la­ma­nyň gö­te­ri­mi (1,2 mil­li­on ine­dör­dül metr) bar bo­lan te­bi­gy zo­la­ga zy­ýan ýe­tir­mez­den deň­ziň içi­ni gum bi­len dol­du­ryp eme­le ge­ti­ril­di. «Ýa­şyl port» hal­ka­ra öl­çe­gi deň­ziň we de­ňiz ke­na­ry­nyň daş­ky gur­şa­wy­ny go­ra­ma­gy, de­ňiz te­bi­ga­ty­ny ne­ti­je­li ulan­ma­gy, bio­dür­lü­li­gi go­ra­ma­gy mak­sat edin­ýär. Ha­zar deň­zi­niň eko­lo­gi­ýa­sy­ny aýaw­ly sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, ter­mi­nal­la­ryň her bi­rin­de bioa­ras­sa­la­ýyş en­jam­la­ry or­naş­dy­ryl­dy. 

                                                                   

Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň meý­da­ny 156 gek­ta­ra go­laý­dyr. Bir wag­tyň özün­de gä­mi­le­riň 17-si­ne hyz­mat edip bil­ýän de­ňiz du­ral­ga­la­ry­nyň umu­my uzyn­ly­gy 1800 metr­den gow­rak­dyr. Port ýyl­lyk 300 müň ýo­lag­ça we 75 müň ýük ula­gy­na hyz­mat edip bil­ýär hem-de ýyl­da 400 müň kon­teý­ne­ri, 75 müň treý­le­ri ka­bul et­mä­ge ukyp­ly­dyr. De­ňiz por­tu­nyň umu­my ýük ge­çi­ri­ji­li­gi ýyl­da 25 — 27 mil­li­on ton­na ba­ra­bar­dyr.  

                                                                   

Umu­my ýük­le­riň ter­mi­na­ly ýyl­da 4 mil­li­on ton­na ýü­ki — gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni, me­tal­la­ry, agaç­la­ry, teh­ni­ka­la­ry, en­jam­la­ry we beý­le­ki­le­ri ge­çir­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Bu ýer­de ýük gö­te­ri­ji­li­gi 5 müň ton­na bo­lan gä­mi­le­riň 4-si birba­da ur­ga­na bag­la­nyp bi­ler.  

                                                                   

Ür­gün ýük­le­riň ter­mi­na­ly­nyň ýyl­lyk kuw­wa­ty 3 mil­li­on ton­na ba­ra­bar­dyr. Ter­mi­na­lyň am­ma­ryn­da dä­ne, iým, un, hi­mi­ki önüm­ler we se­ment sak­la­mak üçin ýö­ri­te en­jam­lar gur­nal­dy.   

                                                                   

Ýo­lag­çy we ýük ter­mi­nal­la­ry ýyl­da 300 müň ýo­lag­ça we 75 müň ula­ga hyz­mat et­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Ter­mi­na­lyň 256 metr uzyn­ly­gyn­da­ky gur­na­lan du­ral­ga­sy­na bir wag­tyň özün­de iki sa­ny gä­mi ýa­na­şyp bil­ýär. Ter­mi­na­lyň aw­tou­lag­lar we ýo­lag­çy­lar üçin has oňaý­ly bol­ma­gy üçin bir ta­ra­pyn­da de­mir ýol wa­gon­la­ry, beý­le­ki ta­ra­pyn­da bol­sa aw­tou­lag du­ral­ga­la­ry göz öňün­de tu­tul­dy. Aw­tou­lag­lar üçin ýö­ri­te gö­zeg­çi­lik mer­ke­zi ýer­leş­di­ril­di. Ýo­lag­çy­la­ryň ra­hat sy­ýa­hat et­me­gi üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler göz öňün­de tu­tu­lyp gur­lan ter­mi­na­lyň bi­na­sy 800 ýo­lag­ça ni­ýet­le­nen­dir. 

                                                                   

Kon­teý­ner ter­mi­na­ly ýyl­lyk 400 müň TEU üçin ni­ýet­le­nen­dir (TEU — şert­li stan­dart kon­teý­ne­ri aň­lad­ýar). Ter­mi­na­lyň du­ral­ga­sy­nyň uzyn­ly­gy 480 metr­dir. Bu du­ral­ga­da şol bir wag­tyň özün­de 3 sa­ny 5000 DWT ag­ram­ly gä­mi ýük­le­me we dü­şür­me iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip bo­lar. Kon­teý­ner­le­ri da­şa­mak mak­sa­dy bi­len ter­mi­na­lyň dü­zü­min­de 50 we 25 ton­na ýük gö­te­ri­ji­lik­li 22 sa­ny ýük aw­tou­la­gy hem ýer­leş­di­ri­len­dir. 

                                                                   

Po­lip­ro­pi­len ter­mi­na­ly­nyň kuw­wa­ty ýyl­da 120 müň ton­na po­lip­ro­pi­le­ni sak­la­ma­ga we gä­mi­le­re ýük­le­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Du­ral­ga 3 sa­ny gä­mi ýa­na­şyp bil­ýär. 

                                                                   

Por­tuň gi­ňiş­li­gin­de gä­mi­le­riň he­re­ke­ti­ne, ýük ýük­le­mek we dü­şür­mek iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ryň kö­me­gi bi­len ama­la aşy­ryl­ýar. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň des­ga­la­ry bi­len bir ha­tar­da, «Bal­kan» gä­mi gur­lu­şyk we gä­mi abat­la­ýyş za­wo­dy hem gu­rul­dy. Ýyl­da po­la­dyň 10 müň ton­na­sy­ny iş­le­mek müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bo­lan bu za­wod gä­mi­le­riň 4 — 6-sy­ny gur­ma­ga hem-de 20 — 30 gä­mi­ni abat­la­ma­ga ni­ýet­le­nen­dir. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len Ýew­ra­zi­ýa gi­ňiş­li­gin­de ulag akym­la­ry­ny iş­jeň­leş­dir­mek üçin ägirt uly müm­kin­çi­lik açyl­dy, se­bi­ta­ra we yk­ly­ma­ra hyz­mat­daş­lyk stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Port Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň Ýa­kyn we Or­ta Gün­do­ga­ryň ha­ryt hem-de çig mal ba­zar­la­ry­na, Hin­di um­ma­ny se­bi­ti­niň döw­let­le­ri­ne çyk­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­red­ýär. Bu bol­sa örän uly möç­ber­li ýük­le­riň daşal­ýan ara­ly­gy­ny hem-de möh­le­ti­ni ep-es­li gys­galt­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.  

                                                                   

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gu­rul­ma­gy döw­le­ti­mi­ziň Ha­zar deň­zin­dä­ki ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­niň kuw­wa­ty­nyň art­ma­gy­na gör­ne­tin tä­sir et­di. Türk­me­nis­tan­da de­ňiz ulag ul­ga­my me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da ös­dü­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2015-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da­ky Ka­ra­ry esa­syn­da «De­ňiz söw­da flo­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti dö­re­dil­di. Ýur­du­my­zyň deňiz flo­tu­nyň yg­ty­ýa­ry­na Türk­me­nis­ta­nyň bu­ýur­ma­sy bo­ýun­ça daşary ýurt­lar­da gur­lan döw­re­bap gä­mi­le­riň en­çe­me­si, şol san­da deňiz-der­ýa gör­nüşli «Sum­bar», «Ha­zar», «Jeý­hun», «Bi­ta­rap», «Et­rek», «Ala­ja», «Ke­nar» at­ly ne­bit gu­ýul­ýan tan­ker­le­riň 7-si, «Älem», «Ja­han», «Se­ýil», «Gud­rat» at­ly çe­ki­ji tir­keg gä­mi­le­ri ge­lip go­wuşdy. Bu bol­sa ne­bit we ne­bit önüm­le­ri­ni daşamak müm­kin­çi­li­gi­ni has-da art­dyr­dy. 2014-nji ýy­lyň 5-nji de­kab­ryn­da Türk­men­başy Hal­ka­ra deňiz por­tu­nyň gä­mi du­ral­ga­sy­na 200 ýo­lag­çy we 50 sa­ny aw­tou­lag, şol san­da ýük aw­tou­lag­la­ry­ny we beý­le­ki ulag se­rişde­le­ri­ni daşama­ga ni­ýet­le­nen «RO-PAХ» gör­nüşli «Ber­ka­rar» gä­mi­si ge­ti­ril­di. Gä­mi Türk­men­başy por­tun­dan Ba­ku (Azer­baý­jan), Ol­ýa (Rus­si­ýa), En­ze­li we Ami­ra­bad (Eý­ran) port­la­ry­na yzy­gi­der­li gat­na­wy ama­la aşyr­ýar. Türk­men­ba­şy — En­ze­li — Nou­şehr ara­ly­gyn­da tä­ze gä­mi gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. 2015-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da bol­sa Hor­wa­ti­ýa­dan ge­ti­ri­len «RO-PAХ» gör­nüşli ikin­ji gä­mi — «Bag­ty­ýar­lyk» gä­mi­si Türk­men­ba­şy de­ňiz por­tu­na la­byr taş­la­dy.  

                                                                   

2019-njy ýyl­da, bi­rin­ji Ha­zar yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na taý­ýar­ly­gyň soň­ky gün­le­rin­de türk­men de­ňiz flo­tu­nyň üs­ti Ta­ta­rys­tan­da ön­dü­ri­len «Ro­waç» at­ly ýe­ne bir ýo­lag­çy gä­mi­si bi­len ýe­ti­ril­di. 

                                                                   

Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň üs­ti bi­len Öz­be­gis­tan we Azer­baý­jan öza­ra ýük do­la­ny­şy­gy­ny art­dyr­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler. Öz­be­gis­tan Türk­me­nis­tan, Azer­baý­jan we Gru­zi­ýa bi­len öz­bek ha­ryt­la­ry­ny Ha­za­rüs­ti ug­ry bo­ýun­ça üs­ta­şyr ge­çir­mek­de 50 gö­te­ri­me çen­li ýe­ňil­lik­le­ri al­mak ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy. Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň we Azer­baý­ja­nyň Ba­ku por­tu­nyň ara­syn­da 2022-nji ýy­lyň ba­şyn­da ýük gämileriniň gat­na­wy ýo­la go­ýul­dy. Mun­dan ozal, Türk­men­ba­şy bi­len Ba­ku port­la­ry­nyň ara­syn­da di­ňe bir fi­der gä­mi­si gat­na­ýar­dy. Bu port­la­ryň ara­syn­da gä­mi gat­na­wy­ny art­dyr­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi «Azer­baý­ja­nyň Ha­zar ýük da­şa­ýyş kom­pa­ni­ýa­sy» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň, «Ba­ku Hal­ka­ra de­ňiz söw­da por­ty» ýa­pyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň we Türk­men­ba­şy Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­nyň gol­da­wy bi­len ama­la aşy­ryl­dy. Bu ädim Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti — Hy­taý — Gyr­gy­zys­tan — Öz­be­gis­tan — Türk­me­nis­tan — Azer­baý­jan — Gru­zi­ýa — Tür­ki­ýe — Ýew­ro­pa ulag ge­çel­ge­si­ni ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Tür­ki­ýe hem bu ug­ra 2021-nji ýy­lyň de­kab­ryn­da go­şul­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu ugur­da kon­teý­ner­li ýük­ler Ba­ku — Tbi­li­si — Kars de­mir ýo­lu­nyň üs­ti bi­len, şeý­le hem Gru­zi­ýa­nyň Po­ti we Ba­tu­mi port­la­ryn­dan Öz­be­gis­ta­na, Türk­me­nis­ta­na, Gyr­gy­zys­ta­na we gar­şy ugur bo­ýun­ça ug­ra­dyl­ýar. 2021-nji ýyl­da bu ugur­da ýük gat­na­wy, 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 101 gö­te­rim ýo­kar­lan­dy. Ýü­küň da­şal­ma­gy «Pacific Eu­ra­sia Lo­gis­tics» türk kom­pa­ni­ýa­sy, Gru­zi­ýa­nyň «GR Lo­gis­tic and Ter­mi­nals», «ADY Con­tai­ner», TULM, Öz­be­gis­ta­nyň «Uz­bek­te­mi­ryo­lexpe­di­ti­on» kom­pa­ni­ýa­sy we Gyr­gy­zys­ta­nyň de­mir ýol­la­ry ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar. Ta­rap­lar ugur­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len bir­nä­çe du­şu­şyk­la­ry ge­çir­di­ler. Bu ugur­da 2021-nji ýy­lyň maý aýyn­da yla­la­şyk ga­za­ny­lyp, kon­teý­ner­ler 18 gü­nüň do­wa­myn­da Tür­ki­ýä­niň Iz­mir şä­he­rin­den Gyr­gy­zys­ta­nyň Oş şä­he­ri­ne çen­li da­şal­dy. Kom­pa­ni­ýa­lar bu ugur­da sarp edil­ýän wag­ty 12 gü­ne çen­li azalt­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler. 

                                                                   

Türk­me­nis­ta­nyň gün­ba­ta­ryn­da, stra­te­gik taý­dan mö­hüm bo­lan Ha­zar se­bi­tin­de tä­ze ulag-lo­gis­ti­ka dü­zü­mi­niň ulan­ma­ga be­ril­me­gi bi­len, se­bi­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, Ha­za­rüs­ti gat­naw­la­ryň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üçin iri meý­dan­ça dö­re­di, ulag akym­la­ry­nyň tä­ze gur­lu­şy ke­ma­la gel­di. Türk­men­ba­şy­da­ky tä­ze port hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri — Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­dan, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan, Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk we Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­syn­dan bo­lan hyz­mat­daş­lar bi­len ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­me­giň tä­ze göz­ýe­tim­le­ri­ni aç­dy. 

                                                                   

 Ga­ra­bo­gaz por­ty. Men­de­le­ýe­wiň pe­rio­dik tab­li­sa­syn­da­ky hi­mi­ki ele­ment­le­riň ag­la­ba­sy ýer­le­şen ýur­du­my­zyň bu hi­mi­ýa ha­zy­na­sy­ny öz­leş­dir­mek­de Ga­ra­bo­gaz por­tu­nyň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, Ga­ra­bo­gaz tä­ze de­ňiz men­zi­li bi­na edil­di. 2018-nji ýy­lyň güý­zün­de ulan­ma­ga ber­len «Ga­ra­bo­gaz­kar­ba­mid» za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len önüm­ler de­ňiz por­tu­na ug­ra­dyl­ýar, ol ýer­den bol­sa da­şa­ry ýurt­la­ra eks­port edil­ýär. Top­lu­myň önüm­le­ri­ni ga­ra ýol ar­ka­ly eks­port et­mek üçin Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­tan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň hem-de Ga­ra­bo­gaz aý­la­gy­nyň üs­tün­den tä­ze aw­tou­lag köp­rü­si­niň gur­lu­şy­gy­na ba­dal­ga be­ril­di. Aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­ny do­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky döw­let agent­li­gi­ne Türk­men­ba­şy — Ga­ra­bo­gaz — Ga­za­gys­ta­nyň ser­he­di­ne çen­li bar­ýan aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň ug­run­da Ga­ra­bo­gaz köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän iki gat­naw­ly 2 sa­ny he­re­ket zo­la­gyn­dan yba­rat bo­lan aw­to­mo­bil köp­rü­si­niň hem-de onuň el­ti­ji ýol­la­ry­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we ola­ry gur­mak ba­ra­da Uk­rai­na­nyň «Do­rož­no­ýe stroi­telst­wo «Alt­kom» jo­gap­kär­çi­li­gi çäk­li jem­gy­ýe­ti bi­len şert­na­ma­ny bag­laş­ma­ga yg­ty­ýar be­ril­di.  

                                                                   

 Ala­ja por­ty — Ha­zar şä­he­ri­niň (ozal­ky Çe­le­ken) 6 ki­lo­metr gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da, gü­nor­ta Çe­le­ken aý­la­gy­nyň ke­na­ryn­da ýer­le­şen ne­bit ter­mi­na­ly. Şä­he­riň mer­ke­zin­den 2 ki­lo­metr de­mir­ga­zyk-gün­ba­ta­ryn­da ikin­ji de­ňiz por­ty ýer­leş­ýär. 

                                                                                                           

Ju­ma­my­rat GUR­BAN­GEL­DI­ÝEW,

                       

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.

24.06.2022
Türkmenistan parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygyň sebitleýin görnüşini işjeňleşdirýär

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi 

                                                                   

 Aşgabat, 13-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. 

                                                                   

2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Onuň ýakynda “Merkezi Aziýa — Russiýa” görnüşinde Aşgabatda geçirilen Parlamentara forumyň yzysüre guralmagy häzirki köptaraplaýyn duşuşyga aýratyn ähmiýet berýär. 

                                                                   

Bu forumlar sebit gatnaşyklaryny hem-de birek-birege ynamy, dostlukly gatnaşyklary we raýdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, gender deňligini ilerletmek hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek babatda hökümetlere kömek bermek üçin uly mümkinçilik açýar. Zenanlaryň dialogy resmi däl maslahatlaşmagyň görnüşi hökmünde eýýäm öz netijeliligini görkezdi. 

                                                                   

Aşgabatda zenanlaryň forumyny geçirmek başlangyjy bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edipdi. Şu ýyl biziň ýurdumyz dialoga başlyklyk edýär. 

                                                                   

Türkmenistanda zenanlaryň dialogyny geçirmek tejribesiniň bardygyny ýatlamak ýerliklidir. 2021-nji ýylyň awgust aýynda şeýle forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde sebit görnüşi geçirilipdi. 

                                                                   

Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda “Dialog — parahatçylygyň kepili” hökmünde kesgitlenilen filosofiýa eýermek bilen, gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýär. Türkmenistanyň bu ugurdaky hereketleri halkara derejede, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda goldaw tapýar. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň ýagdaýy boýunça komissiýasyna hem-de BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (“BMG — Zenanlar”) Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy bu ulgamda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň subutnamasy bolup hyzmat edýär. 

                                                                   

Dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan gender meselesini çözmekde Türkmenistanyň gazananlary aýdyňdyr. Munuň köp sanly mysallarynyň hatarynda türkmen jemgyýetiniň zenanlarynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyny belläp bolar. “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Kanun zenanlaryň hem-de erkekleriň hökümet düzümlerine, öz işewürligini ösdürmäge sazlaşykly gatnaşmagynyň möhüm hukuk gurallaryny we olary gazanmagyň kepilliklerini düzgünleşdirýär. 2020-nji ýylyň ahyrynda Türkmenistan 2021 — 2025-nji ýyllarda gender deňligi boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny kabul etdi. Bu eýýäm ikinji resminama bolup, onda zenanlar üçin ählumumy pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirleri göz öňünde tutulýar hem-de bu ulgamda öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ilkinji nobatdaky çäreler bellenildi. 

                                                                   

Biziň zenanlarymyz örän uly döredijilik kuwwatyna eýe bolup, dürli pudaklarda hem-de ýokary ýolbaşçy wezipelerde zähmet çekýärler, telekeçilik bilen işjeň meşgullanýarlar, ösüp gelýän nesilleri parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ruhunda terbiýelemäge, ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga gatnaşýarlar. 

                                                                   

Türkmen zenanynyň jemgyýetde eýeleýän ornunyň ýokarydygyna ýurdumyzyň yzygiderli demokratiýalaşdyrylýandygy hem şaýatlyk edýär. Jemgyýetiň sagdynlygynyň möhüm görkezijileriniň hatarynda onuň çagalar we eneler baradaky aladasynyň derejesi, maşgala gymmatlyklarynyň berkligi, köp çagaly maşgalalara kömek bar. Şu işlerde demokratik gymmatlyklar hem-de milli däpler öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy görnüşindäki bu duşuşyk dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary hem-de iri guramalary, ilkinji nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary işjeň ösdürýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

 Duşuşyk Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirildi. 

                                                                   

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogynyň umumy mejlisi geçirildi. 

                                                                   

Forumyň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda dialogyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly senesiniň öň ýanynda geçirilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi bellenildi. 

                                                                   

“Dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklarydyr. Gözbaşyny gadymdan gelýän taryhy köklerden, ruhy-medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk doganlyk halklar bilen gatnaşyklaryň binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy gadymdan gelýän taryhy kökler, hoşniýetli dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilýär. 

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy diňe bir oňa gatnaşýan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge däl, eýsem, tutuşlygyna bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga täzeden itergi berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa umumy mejlisi açyp hem-de oňa gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, şu ýyl dialoga türkmen tarapynyň başlyklyk edýändigini aýtdy. Ol 2020-nji ýylyň dekabrynda döredilen dialogyň pikir we tejribe, zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek, jemgyýetiň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşyna gatnaşmagynyň derejesini ýokarlandyrmak işinde iň oňat dünýä tejribesini alyşmak üçin netijeli çärä öwrülýändigini belledi. 

                                                                   

Mejlisiň ýolbaşçysy giňişleýin düzümde geçýän dialogyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanandygyny aýratyn nygtady. Bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň durmuş tejribesi, oňyn döwrebap başlangyçlary, gymmatly maslahatlary parlamentleriň işini kämilleşdirmäge, sebitiň we dünýäniň ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda GDA gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň «МПА СНГ. 30 лет» atly ýubileý medaly bilen sylaglanylmagy parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmekde alyp barýan giň gerimli işleriniň ykrar edilýändiginiň nyşany boldy diýip, Mejlisiň Başlygy belledi hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny dialoga gatnaşyjy zenanlaryň ählisiniň adyndan bu ajaýyp waka bilen gutlady. 

                                                                   

G.Mämmedowa häzirki halkara çäreleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda hem-de ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigini belläp, sebitiň ýurtlarynyň ösmegine ýardam edýän ýakynlaşma işleriniň oňyn häsiýetini nygtady. Anyk ileri tutulýan ugurlarda, şol sanda gender deňligi we durnukly ösüş meselelerinde hyzmatdaşlygy ilerledip, biziň ýurtlarymyz bütin dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak işine uly goşant goşýarlar diýip, Mejlisiň Başlygy belledi. 

                                                                   

Bitarap döwlet bolmak bilen Türkmenistan häzir energetika, ekologiýa, lukmançylyk we medeni diplomatiýany aýratyn işjeňleşdirýär. Biziň ýurdumyz “Dialog — parahatçylygyň kepili” filosofiýasynyň, tejribeleriň alşylmagynyň hem-de kanunçylyk we döwlet syýasaty derejesinde ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigine aýratyn ähmiýet berýär. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, dialog hyzmatdaşlygyň, sebitde zenanlaryň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň, parahatçylyk, durnuklylyk hem-de oňyn ösüş bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine has uly täsir etmek üçin olara mümkinçilikleriň berilmegini goldamaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Türkmenistanda zenanlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly durmuş-ykdysady özgertmeler maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde uly orun eýeleýär. Biziň zenanlarymyz yhlasly işleri hem-de täze pikirleri bilen howanyň üýtgemeginiň ýaramaz tasirleri, daşky gurşawyň ýaramazlaşmagy ýaly ählumumy wehimlere garşy göreşmekde hem-de durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ösüş, saglygy goraýyş we bilim baradaky möhüm meseleleriň çözülmegine goşant goşýarlar. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen dostluk we ynanyşmak syýasatyny geljekde-de alyp barjakdygyny belleýär diýip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy nygtady hem-de dialoga gatnaşyjylaryň adyndan forumyň işini goldaýandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko söz berip, dialoga gatnaşyjy zenanlaryň ählisiniň adyndan rus parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny oňa Türkmenistanyň döwlet sylagynyň — “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” diýen ordeniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür we ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy, GDA ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko gutlag sözi bilen çykyş edip, Aşgabatda geçirilýän ähmiýetli çärelere gatnaşmaga rus wekiliýetiniň çagyrylandygy üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň ýakynda geçirilen Parlamentara forumynyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi. Onuň sözlerine görä, Sekretariatyny Aşgabatda ýerleşdirmek bilen bu çärä yzygiderli häsiýet bermek baradaky başlangyç goldanyldy. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň ýolbaşçysy sebit we dünýä derejesindäki gün tertibinde durýan möhüm meseleleriň çözülmeginde zenanlaryň eýeleýän barha artýan ornuny nygtap, häzir zenanlaryň döredijilik maksadynyň hemme döwürlerdäkiden möhümdigini, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň zenanlar dialogynyň işiniň bolsa munuň subutnamasydygyny belledi. 

 “Bu görnüşdäki duşuşygyň hut göni, hakyky, hünär derejeli gatnaşykly adynyň özünde hem durmuşyň görkezişi ýaly, ähli halklar we ýurtlar üçin umumy bolan ýiti meseleleriň çözgüdi jemlenýär” diýip, W.Matwiýenko aýtdy. 

                                                                   

Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Baştutany dialogyň gurluşyna BMG-niň edaralarynyň gatnaşmagyna, zenanlaryň sebit birleşiginiň başlangyçlaryny we hereketlerini olaryň goldamagyna ünsi çekdi. 

                                                                   

W.Matwiýenko gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belläp, meýilleşdirilen işleriň amala aşyrylmagynyň üstünlige beslenjekdigine ynam bildirip, munuň girewi hökmünde şu günki foruma gatnaşyjy zenanlaryň yhlasynyň, liderlik, iş alyp barmaga hyjuw häsiýetleriniň bardygyny görkezdi. 

                                                                   

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German Aşgabatda şu çäräni geçirmek başlangyjy we döredilen şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Sebitiň taryhynda ilkinji gezek geçirilýän bu çäräniň özboluşlydygy nygtaldy. Bu sebit döwletleriniň Liderleriniň hem-de foruma gatnaşyjylaryň ählisiniň meseleleriň hemme ugurlary boýunça işlemäge syýasy erkini görkezýär. Şol meseleler zenanlaryň ykdysady mümkinçilikden başlap, parahatçylykly durmuşy gurmak işlerine gatnaşmagyna çenli meseleleri öz içine alyp, jemgyýetde eýeleýän orunlaryna degişlidir. 

                                                                   

Dialogyň ýokary derejeli çäreler bilen ýakyndan utgaşyklykda geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Natalýa German sözüni dowam edip, bu ýagdaýyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Liderleriniň gender deňligini gazanmaga, zenanlaryň jemgyýetleriň syýasy, jemgyýetçilik we ykdysady durmuşa deňhukukly gatnaşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty durmuşa geçirmegiň möhümdigine aýratyn ähmiýet berýändiginiň tassyknamasydygyny aýtdy. 

                                                                   

Dialog eýýäm dünýä derejesinde özüni görkezdi. Şu ýyl bu düzüme wekilçilik edýän zenanlaryň halkara we sebit derejelerindäki birnäçe möhüm duşuşyklara, şol sanda Duşenbede “Suw durnukly ösüş üçin” atly Halkara Hereketleriň onýyllygy boýunça ýokary derejeli ikinji konferensiýanyň çäklerinde Zenanlaryň suw forumyna, Daşkentde ŞHG-niň zenanlarynyň forumyna hem-de BMG-niň parahatçylykly durmuşy gurmak baradaky Komissiýasynyň mejlisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

BMG-niň Ýörite wekilli BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň we Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň zenanlaryň dialogyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny tassyklap, bilelikdäki tagallalar arkaly bu başlangyjyň uly kuwwatynyň amala aşyryljakdygyna, zenanlaryň wekilleriniň gatnaşmagyny ilerletmek, olaryň ählumumy wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegine we daşky gurşawyň ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna garşy hereket etmekde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça täze sepgitlere ýetiljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra bu ýere ýygnananlara BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hemmeleri BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit direktory Marýan Spolýariç Eggeriň adyndan mübärekledi. 

                                                                   

Şu günki forum aýratyn ähmiýete eýe bolup, bu düzümiň işini hil taýdan täze derejä çykarýar. Biz Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň durmuş-ykdysady, syýasy taýdan eýeleýän ornuna uly ähmiýet berýäris. Olar esasy maksatlara, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin jemgyýetlerde bolup geçýän özgertmelere täsir edip we olary dolandyryp hem-de sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy goldamaga gatnaşyp bilýärler diýip, Narine Saakýan nygtady. 

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, ol gender ösüşine päsgelçilik döredýän häzirki döwrüň meseleleri barada aýdyp, onlaýn bilim bermäge, işlemäge we gatnaşyk saklamaga ýol açýan sanly tehnologiýalary özleşdirmäge zenanlaryň giňden gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. 

                                                                   

Şu we ýüze çykýan beýleki ýagdaýlar BMGÖM-niň gender deňligini üpjün etmek boýunça ýakynda kabul edilen ählumumy strategiýasy üçin binýat bolyp hyzmat etdi. Şol strategiýada dürli ugurlarda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge degişli ileri tutulýan ugurlaryň altysy bellenildi. 

                                                                   

Abraýly guramanyň wekili milli ileri tutulýan ugurlaryň hem-de ösüşlere beslenen özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde BMGÖM-niň Merkezi Aziýa döwletlerine mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklap, Merkezi Aziýada gender meselesini ilerletmek boýunça dialogyň netijelidigini belledi. 

                                                                   

Dünýä üçin howanyň üýtgemeginiň meseleleriniň çözgüdinden başlap, ykdysadyýetleriň dikeldilmegine çenli örän möhüm meseleleri çözmäge zenanlaryň zehini, pikir-garaýşy we liderlik häsiýetleri zerurdyr. Zenanlar syýasatda eýeleýän güýçli orny hem-de ykdysady taýdan garaşsyzlygy bilen täzelikleri girizip, ýolbaşçylyk edip, uýgunlaşyp we döredip bilýärler. Biz mundan beýläk-de sebitiň, şol sanda şu ýere ýygnanan zenanlaryň bilimlerini hem-de tejribesini dünýäni gowulyga tarap özgertmegi dowam etmek üçin ulanarys diýip, BMGÖM-niň wekili aýtdy. 

                                                                   

Forumyň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, umumy mejlis geçirilip, onuň barşynda sebitiň ýurtlarynda gender deňligini ilerletmek meselelerine hem-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki meýilnamalaryna garaldy. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşyjy zenanlar dürli ählumumy hem-de Merkezi Aziýa toparlarynyň we Russiýanyň sebit guramalarynyňdyr birleşmeleriniň tejribesi bilen tanyşdylar. Munuň özi zenanlaryň syýasy we durmuş taýdan eýeleýän ornunyň has-da pugtalandyrylmagyny gazanmaga, sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça çözgütleri kabul etmek işine täsir etmegiň mümkinçiligini giňeltmäge goldaw bermek üçin zerurdyr. 

                                                                   

Plenar mejlisiň dowamynda çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Mejlisiniň durmuş-medeni ösüşi boýunça komitetiniň başlygy Jamila Nurmanbetowa, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toragynyň orunbasary Jamilýa Isaýewa, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Galina Karelowa, Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalanyň işleri boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy A.Durdyýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa Merkezi Aziýanyň her bir döwletiniň hem-de Russiýanyň milli tejribesi, wekilçilik edýän ýurtlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, kanunçylyk we institusion esaslary kemala getirmek hem-de pugtalandyrmak arkaly gender deňligini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşdyrdylar. 

                                                                   

Mejlisiň dowamynda BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek, syýasatyň bu ugurda gazananlaryny, zenanlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini gorap saklamak, olaryň syýasy-ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmekde ornuny işjeňleşdirmek üçin döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna zenanlaryň gatnaşygyny ýokarlandyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Mejlise gatnaşyjylar umumy bähbitlere laýyk gelýän sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça täze pikirleri we teklipleri öňe sürdüler. 

                                                                   

Hususan-da, çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapynyň Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerinde medeni mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, el işleri bilen meşgullanýan zenanlaryň sebit jemgyýetini döretmek baradaky başlangyjy diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň şu ýylyň maý aýynda Buhara şäherinde Halkara keşde festiwalyny geçirmek baradaky başlangyjynyň möhümdigi bellenildi. 

                                                                   

Forumyň wekilleriniň umumy pikirine görä, bilelikde goýlan binýadyň Merkezi Aziýanyň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda döwleti dolandyrmakda, öňüni alyş diplomatiýasynda, daşky gurşawy goramakda, telekeçilikde we işewürlikde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sungatda, saglygy goraýyşda, sportda, ýaşlary goldamakda, syýahatçylygy, maglumat tehnologiýalaryny we sanly ulgamy ösdürmekde, gender deňligini üpjün etmekde hyzmatdaşlyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer. 

                                                                   

Çykyşlarda sebitiň döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamakda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. 

                                                                   

Zenanlaryň hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň netijeleri barada habar berildi. Şol netijeler döwletlerimiziň zenanlar üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmäge jogapkärli çemeleşýändiklerini tutuş dünýä görkezmek bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy resminamalarynyň ýörelgelerine gyşarnyksyz eýerýändikleriniň subutnamasy boldy. 

                                                                   

Ýygnananlar şu günki duşuşygyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň “Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” Ählumumy Gün tertibiniň, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibiniň, Ählumumy maksatlara ýetmek boýunça hereketleriň Onýyllygynyň, Pekin Jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň, BMG-niň howandarlygynda kabul edilen beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryň maksatlaryna ýetmek üçin sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ýolunda möhüm ädim boljakdygyny nygtadylar. Bu resminamalarda gender deňliginiň diňe bir esasy adam hukuklarynyň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, abadançylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenilýär.  

                                                                   

Dialogyň çäklerinde amala aşyrylan giň möçberli işleriň netijeleri Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň döredijilik we parahatçylyk döredijilik kuwwatyny has doly amala aşyrmak üçin netijeli ýollary işläp taýýarlamaga, bu mümkinçilikleri ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi pugtalandyrmaga ulanmakda ýardam berer. 

                                                                   

Forumyň netijeleri boýunça Jarnama kabul edildi. Jarnama özünde gender deňligini üpjün etmek hem-de döwletiň syýasy we ykdysady durmuşyna, telekeçiligi ösdürmäge zenanlaryň gatnaşygyny giňeltmek üçin milli hem-de sebit derejelerinde amala aşyrylmaly işler babatda maslahatlary jemleýär. Şeýle hem resminamada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň köptaraplaýyn sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmekde ýardam bermäge zenanlaryň dialogynyň taýýardygy bellenilýär. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylar dialogyň Düzgünnamasyna hem-de 2022-nji ýyl üçin işleriň Meýilnamasyna gol çekdiler. Meýilnama Türkmenistanda we dialoga gatnaşyjy beýleki ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän dürli derejelerdäki çäreleri özünde jemleýär. Bu resminamalar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu ýylyň 12-nji aprelinde sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde tassyklanyldy. 

                                                                   

Oňa gatnaşyjylar foruma gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlaryna Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogyny guramaga goldawy üçin hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň dostlukly ýurtlaryň netijeli gender syýasatyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge mundan beýläk-de aýratyn üns bermäge çalyşýandyklarynyň subutnamasy bolandygyny nygtadylar. 

                                                                   

Soňra Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezine bardylar. Olar bu ýerde milli däp-dessurlary, halklaryň ruhy hem-de medeni mirasyny gorap saklaýan zenanlaryň ussatlygyny we ukyplaryny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlaryndaky eýeleýän orunlaryny hem-de ýeten sepgitlerini beýan edýän giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. 

 Sergä gymmatlyklar toplumyny görkezýänleriň 50-si gatnaşyp, olardan 6-sy milli bölümler, 11-si ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, 33-si bolsa Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň diwarlyklarydyr. 

                                                                   

Sergide uludan tutulýan türkmen toýunyň ýagdaýy emele geldi. Döwlet simfonik orkestriniň sazandalarynyň, halk bagşylarynyň we meşhur aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdymdyr-sazlary çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy. 

                                                                   

Uly ekranda zenanlaryň parahatçylyk döredijilikli orny barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Sebitiň döwletleriniň we Russiýanyň milli lybaslaryndaky alty gyz meýdançanyň merkezinde forumyň nyşanyny emele getirýän gülli kompozisiýany düzýärler. Gülli kompozisiýada ýerleşdirilen parahatçylyk kepderisi görnüşindäki şekil ajaýyp zenanlaryň keşbi bilen baglanyşykly gözellik duýgusyny döredýär. 

                                                                   

Foruma gatnaşyjylar milli bölümler bilen tanyşdylar. Şolarda sebitiň ýurtlaryna we Russiýa mahsus däp-dessurlar, milli geýimler, zenanlaryň el işleri, sowgatlyklar, kitaplar görkezildi. Milli gymmatlyklaryň goralyp saklanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy özünde parahatçylygyň we dostlugyň bähbidine halklary birleşdirmek üçin tükeniksiz mümkinçilikleri jemleýär. Bu pikir baýramçylyk sergisindäki baş taglym boldy. 

                                                                   

Serginiň çaphana önümleri üçin niýetlenilen bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty, ruhy gymmatlyklary barada gürrüň berýän eserleri, şeýle hem foruma gatnaşyjy ýurtlardan awtorlaryň çeper eserleri görkezildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň diwarlygynda gadymy milli lybaslar, ajaýyp halylar, zergärçilik önümleri, halk senetçileriniň işleri, öý hojalyk esbaplary, gadymy medeniýetimize degişli gymmatlyklar görkezildi. 

                                                                   

Sergide görkezilen ajaýyp milli halylarda we el işlerinde, saz gurallarynda, ussat zergärleriň önümlerinde, suratkeşleriň hem-de heýkeltaraşlaryň işlerinde türkmen halkynyň ruhy öz beýanyny tapýar. 

                                                                   

Sergide türkmen halkynyň gadymy zähmet gurallary, tara, milli lybaslaryň, halylaryň we keçeleriň, şaý-sepleriň taýýarlanylyşy, el işleriniň nusgalary görkezildi. Türkmen zenanlary gadymdan bäri alaja örüpdirler, jähek, aldymgaç çalypdyrlar. El işiniň bu nusgalary bu gün hem gyzlaryň we zenanlaryň arasynda meşhurdyr. El işleri müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip, türkmen zenanynyň buýsanjyna we şöhratyna öwrüldi. 

                                                                   

Milli lybaslar toplumy, çeper elli zenanlar tarapyndan dokalan haly önümleri, agaçdan we ýüpekden işlenilip taýýarlanylan nepis işler myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Suratkeşleriň döreden eserlerinde hem-de fotosuratlarda türkmen zenanynyň keşbi bilen aýrylmaz baglanyşykly, ruhy asyllylyk we wepalylyk, çäksiz söýgi hem-de näziklik, myhmansöýerlik we köp sanly beýleki ajaýyp häsiýetler beýan edilýär. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, köpasyrlyk tejribä we baý däp-dessurlara eýe bolan medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar sebitiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki zaman gatnaşyklarynda gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklaryna daýanmak biziň halklarymyzy birleşdirýär hem-de şol ýörelgeleri gorap saklamak we baýlaşdyrmak meýillerini beýan edýär. 

                                                                   

Däp boýunça baýramçylyk sergisinde Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem uly islegden peýdalanýan ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň önümleri giňden görkezildi. 

                                                                   

Myhmanlara derman otlardan taýýarlanan çaýlaryň dürli görnüşleri, sahawatly türkmen topragynyň naz-nygmatlary, milli türkmen tagamlary hem-de köke-süýji önümleri hödür edildi. 

                                                                   

Işewür zenanlar tarapyndan hödürlenilýän dürli görnüşli önümler we hyzmatlar, şol sanda bu serginiň iň meşhur gymmatlyklarynyň birine öwrülen ajaýyp güller türkmen telekeçileriniň üstünlikleriniň köpöwüşginli subutnamasydyr. 

                                                                   

Paýtagtymyzyň Modeller öýi hem-de hususy modeller öýleri ýurdumyzda öndürilen matalardan taýýarlanylan milli lybaslaryň täze toplumlaryny görkezdiler, olaryň her birini sungat eserleri bilen deňeşdirip bolar. Lybaslaryň görkezilýän ýeri milli keşdeler, dürli nagyşlar bilen bezelipdir. 

                                                                   

Sport ulgamynda gazanylan ýeňişler barada gürrüň berýän dürli şekiller türkmen zenanlarynyň häzirki döwürde gazananlaryny beýan edýär. Özleriniň batyrgaýlygy hem-de çeýeligi bilen haýran galdyrýan türkmen çapyksuwar zenanlarynyň dürli ýaryşlarda mynasyp bolan sylaglary aýratyn ünsi çekýär. 

                                                                   

Sirk sungaty boýunça dürli halkara festiwallaryň kuboklaryna we baýraklaryna mynasyp bolan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwarlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dürli tilsimleri foruma gatnaşyjylary haýran galdyrdy. Bu çykyşlar Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkeziniň açyk meýdançasynda guraldy. 

                                                                   

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna ahalteke atşynaslyk sungatyny, türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny hem-de milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolan behişdi bedewleriň şan-şöhratyny wagyz etmekde aýratyn orun degişlidir. 

                                                                   

Bu topar her bir çykyşynda at üstündäki attraksionlary, akrobatiki we gimnastiki tilsimleri, at çapmagyň ýokary ussatlygy hem-de esasy zat, adamlaryň we bedewleriň hereketleriniň jebis, doly sazlaşygy bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. 

                                                                   

Ajaýyp bedewleriň çalasynlygy, täsin çeýeligi, milli lybasdaky ýigitleriň we gyzlaryň gaýduwsyzlygy çykyşlara şowhunly el çarpyşmalar arkaly ýokary baha beren tomaşaçylary özüne bendi etdi. 

                                                                   

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtyna gelip görmäge, häzirki döwrüň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de türkmen halkynyň baý medeniýeti bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

14.05.2022
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Aşgabat, 9-njy aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza iş sapary bilen gelen Hökümet Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk bilen duşuşyk geçirildi. 

                                                                   

Duşuşygyň barşynda taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen 8-nji aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde garalan meseleler bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary rus tarapynyň Türkmenistan bilen ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklara gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Biziň halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň hem-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli guralýan hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňeldilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, myhman Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen şu günki geçirilen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça, şeýle-de ony ösdürmegiň geljegi barada düýpli pikir alyşmalaryň bolandygyny hem-de duşuşygyň anyk we netijeli häsiýetini belledi. 

                                                                   

Öz nobatynda, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen Russiýanyň köp ýyllaryň dowamynda strategik hyzmatdaşlar bolup durýandygyny nygtady. Biziň döwletimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berýär, bu gatnaşyklar däp boýunça deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de bähbitleriň nazara alynmagy ýörelgelerine esaslanýar. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň toplanan baý tejribesini hem-de bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak bilen, türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi bellenildi. 

                                                                   

Taraplar sebit hem-de dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara gurallary ilerletmek boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny nygtadylar. 

                                                                   

Giňişleýin düzümde geçirilen duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki döwletiň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. 

                                                                   

Topara başlyklyk edýänler — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, esasan-da, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli häsiýetini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça köpýyllyk hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly orna eýedigini aýtdylar. 

                                                                   

Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna we ösüş mümkinçiliklerine degişli meseleler, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri girizildi. 

                                                                   

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, elektrik energetikasy, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, oba hojalyk pudagy we beýleki birnäçe ulgamlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda dürli ulgamlarda amala aşyrylýan taslamalara uly gyzyklanma bildirýändikleri bellenildi. 

                                                                   

Iki ýurduň işewür toparlarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhmanlar RF-niň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda ornuny mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini hem-de eýýäm birnäçe belli rus kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändiklerini tassyklap, hyzmatdaşlyk boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler. 

                                                                   

Şeýle hem soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä eýe bolan türkmen-rus sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine garaldy. Şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyga Russiýanyň iri senagat we medeni merkezleri, şol sanda Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, Sankt-Peterburg şäheri, dostlukly ýurduň beýleki sebitleri işjeň goşulyşdylar, şunuň ýaly göni gatnaşyklar bilelikdäki tagallalary birleşdirmegiň möhüm ugurlaryny hem-de döwletara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň ýollaryny anyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň çäklerinde ynsanperwer we ylym-tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky pikiri hem aýtdylar. Taraplar medeni gatnaşyklary, şol sanda ony Türkmenistanda we Russiýada guralýan halkara festiwallara hem-de beýleki döredijilik forumlaryna gatnaşmagyň hasabyna giňeltmegiň möhümdigini aýdyp, iki ýurduň ösüşiniň ileri tutulýan ugry hökmünde sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygyny biragyzdan nygtadylar. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, şu gezekki işewürlik duşuşygynyň iki dostlukly ýurduň arasynda mundan beýläk-de oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze itergi berjekdigini bellediler. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Şeýle hem şu gün Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesinde, Söwda-senagat edarasynda Russiýanyň döwlet düzümleriniň hem-de hususy kompaniýalarynyň wekilleri bilen guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň çäklerinde özara bähbitli işewürlik gatnaşyklarynyň dürli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň giň halkara we sebit hyzmatdaşlygyna esaslanýan oýlanyşykly maýa goýum syýasaty hem-de maliýe-bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çäreler netijesinde ykdysady hem-de içerki ösüşiň oňyn depginini yzygiderli saklap galýandygy nygtaldy. 

                                                                   

Russiýanyň wekilleri, şol sanda işewürler ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan hem-de ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna, senagat pudagynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürilmegine, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň kemala getirilmegine gönükdirilen iri maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan edip, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gönükdirilen anyk teklipleri aýtdylar.

11.04.2022