Habarlar
Köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklary giňeldilýär

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary 

                                                                   

 Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Ýaponiýanyň Premýer-ministri, Parlamentiň wekilleri, bu dostlukly ýurduň käbir iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň bu iş sapary türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Tokionyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyny Ýaponiýanyň resmi wekilleri garşyladylar. 

                                                                   

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy sentýabrda bu ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda hormatly Arkadagymyz Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň adyndan, ýurdumyzyň halkynyň we hut öz adyndan çuňňur gynanjyny beýan etdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň “Toý bilen ýas bile gelermiş” diýen parasatly jümlesini aýdyp, Ýaponiýada ýurduň ozalky Premýer-ministriniň matam çäresiniň Türkmenistanda bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna gabat gelendigini belledi. Şeýle-de bolsa “Toýa garrama ýok” diýlişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dostlukly ýurtda geçirilýän matam çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistandan ýörite wekiliýet ugradyldy diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ähli döwürler we nesiller üçin nusgalyk ýörelge hökmünde ykrar edilen türkmen halkynyň ynsanperwer dessurlaryna laýyklykda, dostlaryň we ýakynlaryň pajygaly pursatlarda gynanjy deň paýlaşmak üçin gelýändiklerini belläp, hormatly Arkadagymyz özüniň bu saparynyň hut şu ýörelgä esaslanýandygyny nygtady. 

                                                                   

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bu saparyň türkmen halkynyň belent adamkärçiligini görkezýändigini we ýapon halkyna bildirilen beýik mertebedigini aýratyn nygtap, agyr günde medet beriji sözleri aýtmak üçin ýörite saparyň guralandygy üçin türkmen tarapyna, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza tutuş ýapon halkynyň adyndan, şeýle-de öz adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdi. Bu çözgüt dostlukly ýurduň wekilleriniň ýapon halkynyň gynanjyny we şatlygyny deň paýlaşmaga taýýardygyny aňladýar. Munuň özi biziň üçin uly hormatdyr diýip, dostlukly ýurduň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy aýtdy we Gahryman Arkadagymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Şeýle-de iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň kanunçylygynyň milli däp-dessurlarymyza, ahlak ýörelgelerimize esaslanýandygyny aýtdy we türkmen halkynyň asylly däpleriniň ählumumy ykrar edilen halkara ölçegler, kadalar bilen utgaşdyrylýandygyna ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda birnäçe tekliplerini öňe sürdi. Birinjiden, Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmeli, ikinjiden, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmeli, ony netijeli ulanmaly, üçünjiden, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmaly, dördünjiden, parlamentara hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi gazanmaly diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam edip, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlary barada aýtdy hem-de onuň türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmek üçin eden yzygiderli tagallasy netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny belledi. Şunda Ýaponiýanyň işewürleri ýurdumyzda örän köp işleri ýerine ýetirdiler. Hormatly Arkadagymyz Sindzo Abeniň belent adamkärçilik häsiýetlerine hemişe uly hormat goýandygyny aýdyp, onuň görnükli döwlet işgäri hökmünde ýüreklerde galandygyny nygtady. 

                                                                   

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyna ünsi çekip, häzirki wagtda bütin dünýäde bu tebigy baýlyga uly isleg bildirilýändigini belledi. Biz bu ugurda türkmen tarapy bilen gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýäris. Şeýle hyzmatdaşlyk özara bähbitli bolmak bilen, ykdysady ösüşlere beslener. 

                                                                   

Şeýle-de ol Gahryman Arkadagymyzyň şu duşuşykda parlament diplomatiýasyny ösdürmek boýunça öňe süren tekliplerini hemmetaraplaýyn, doly goldaýandygyny belledi. Munuň özi netijeli häsiýete eýe bolýan kanunçylyk babatdaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirer. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda ýaşlaryň ýapon dilini içgin öwrenýändiklerini, ýokary okuw mekdepleriniň 6-synda ýapon dili kafedralarynyň hereket edýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, diňe paýtagtymyzyň özünde 12 sany mekdepde ýapon dili öwredilýär. Biz bu işleri mundan beýläk-de güýçlendireris diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Arkadagymyz netijeli gepleşikleriň geçirilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, parlament gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek ugrunda öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde türkmen tarapyndan ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady hem-de Hosoda Hiroýukini özi üçin islendik amatly wagtda sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. 

                                                                   

Şol gün Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Tokioda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Hyzmatdaş kompaniýanyň ýolbaşçysy duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Arkadagymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen mähirli gutlady we hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we işewür dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, gurluşyk pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony has-da ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Gahryman Arkadagymyz türkmen-ýapon gatnaşyklarynda türk işewürleriniň möhüm orun eýeleýändiklerini aýdyp, olaryň türkmen işewürleri bilen bilelikde amala aşyrýan taslamalarynyň uly üstünliklere beslenýändigini aýtdy. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýada işewürler bilen geçiriljek gepleşikler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde boljak ikitaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini belledi. 

                                                                   

“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Arkadagymyzyň Ýaponiýa iş saparynyň üstünliklere beslenip, şowly geçmegini arzuw etdi.  

                                                                   

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda bu ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen iş ertirligi görnüşinde duşuşyk geçirdi. Oňa Ýaponiýanyň “Kawasaki Heavy Industries Ltd”, “Komatsu Ltd” kompaniýalarynyň, “ITOCHU”, “Mitsubishi”, “Sumitomo”, “Marubeni”, “Sojitz”, “JGC” korporasiýalarynyň ýolbaşçylary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy gatnaşdylar. 

                                                                   

Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp duşuşandygy üçin oňa gatnaşyjylaryň adyndan tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri aýdyldy. Bellenilişi ýaly, bu duşuşyk ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge, bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga oňyn meýdança öwrüldi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň açyklyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny, bu ýörelgäniň Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigini belledi. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz çykyşynyň başynda ýurdumyzyň synagdan geçen ygtybarly hyzmatdaşlary bolan ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna hem-de wekillerine tüýs ýürekden salam bilen ýüzlenýändigini aýdyp, şu duşuşygy gurandyklary, ykdysady hyzmatdaşlygyň alnyp barlyşyna, geljegine degişli pikir alyşmaga mümkinçilik berlendigi üçin ýaponiýaly dostlarymyza minnetdarlyk bildirýärin diýip belledi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şu ýyllarda netijeli syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklar ösdürildi. «ITOCHU», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi», «Sojits», «Sumitomo» hem-de beýleki korporasiýalar türkmen ykdysadyýetini, durmuş ulgamyny ösdürmäge uly goşant goşdular we goşmagyny dowam edýärler. Olar energetika pudagynda, mineral serişdeleri çykarmakda, himiýa senagatynda, ulag we agrosenagat toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirýärler. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy diňe soňky dört ýylyň içinde ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda iri senagat kärhanalary işe girizildi. Şol kärhanalaryň hatarynda Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny görkezmek bolar diýip nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda-da «Komatsu» kompaniýasynyň bahasy 470 million amerikan dollaryndan hem köp bolan ýer gazyjy tehnikalaryny, şeýle-de «Toyota» kompaniýasynyň deslapky bahasy 90 million amerikan dollary bolan awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana ibermek baradaky Baş ylalaşygyň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bularyň ählisi biziň özara bähbitli, uzak möhletli häsiýeti bolan hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli mysallarydyr. Bu hyzmatdaşlyk toplanan tejribä, onuň durnuklylygyna, ösüşe gönükdirilendigine daýanýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, hyzmatdaşlyk edýändikleri üçin Ýaponiýanyň işewür toparlaryna minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy ösdürmäge, diwersifikasiýalaşdyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny tassyklady we bu ýagdaýa Ýaponiýanyň Hökümet edaralarynyň, ozaly bilen, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, “NEXI” ätiýaçlandyryş agentliginiň işjeň ýardam berýändigini belledi. 

                                                                   

Umuman, ýapon maýa goýumlarynyň Türkmenistandaky jemi möçberi örän saldamly. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän, 230 million ýewra we 17 milliard ýene golaý bolan 38 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Bu sanlar Türkmenistanda ýapon işewürligine, onuň geljegine we ýokary netijeliligine ynamyň uludygyny tassyklaýar, bu ynam üçin ähli esaslar bar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýaramaz ýagdaýlaryň bardygyna garamazdan, Türkmenistan durnukly ykdysady görkezijileri bilen tapawutlanyp gelýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüşi 6 göterimden ýokary derejede saklanýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetine her ýyl goýulýan maýa goýumlar jemi içerki önümiň, takmynan, 35 — 40 göterimine deňdir. Bu bolsa 17 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Munuň umumy möçberiniň 15 göterime golaýy daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Fitch Ratings» halkara bahalandyryş agentligi 2021-nji ýylda Türkmenistana «B» derejedäki gysga möhletli bahany we «B+ durnukly» derejedäki uzak möhletli bahany bermeginiň ýöne ýere däldigini, şu ýyl bu bahanyň ýene-de tassyklanandygyny belledi. 

                                                                   

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşyk boýunça Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi hem-de Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu Ylalaşyga gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny has-da berkider hem-de ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda maýa goýum işini giňeltmegi üçin zerur bolan kepillendirmäni we şertleri döreder. Daşky gurşawy goramagy, “ýaşyl” we arassa energetika babatdaky taslamalary Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygymyzyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezmek bolar. Bu ugurlar häzirki zaman dünýäsiniň meýillerine laýyk gelýär diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzda Ýaponiýanyň 2050-nji ýyla çenli wodorody öndürmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we kömürturşy gazyny peýdalanmagyň hasabyna 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň çykarylyşyny azaltmak boýunça syýasaty üns berlip öwrenilýär. Şu ýyl Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň hem-de ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda taraplar wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça tejribe alyşdylar we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

                                                                   

Çykyşda nygtalyşy ýaly, şeýle çemeleşmä ýokary baha berilýär hem-de bu ugurdaky işler dowam etdiriler. Şeýle-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň maliýeleşdirmeginde “GTG-2” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça degişli işler geçiriler. Bu taslama arassa energetika babatda «Kawasaki» kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen, tebigy gazdan benzin öndürmegi göz öňünde tutýar. 

                                                                   

Şu günki duşuşyk hyzmatdaşlygyň depginini artdyrmaga, onuň täze ugurlaryny we mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon işewürlerine birnäçe teklipleri beýan etdi. 

                                                                   

Birinjiden, Türkmenistanda üpjünçilik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyny” täze, möhüm taslamalar bilen üstüni ýetirip, täzelemegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Bu resminama Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde gol çekmek üçin hödürlense, dogry bolar diýip pikir edýärin. 

                                                                   

Ikinjiden, ýokary goşulan bahasy bolan önümleri Türkmenistandan eksport etmek üçin ýapon kompaniýalaryny çekmek meselesine seretmegi möhüm hasaplaýaryn. 

                                                                   

Üçünjiden, maliýeleşdirmegi diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm mesele bolup durýar. Bu ugurda biz maliýeleşdirmegiň bilelikdäki usulyny kämilleşdirmegiň üstünde işlemelidiris diýip pikir edýärin. Hususan-da, gürrüň alyjynyň we satyjynyň arasynda hasaplaşyklary — «eskrou hasaplaşygyny» howpsuz geçirmek üçin ýörite hasaby döretmek hakynda barýar. Mundan başga-da, biz taslamalary maliýeleşdirmegiň dürli görnüşlerini, şol sanda öndürilýän önümleri tölemek bilen taslama maliýeleşdirmesi, göni maýa goýumlar we beýlekiler ýaly görnüşlerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýäris. 

                                                                   

Dördünjiden, biz “ýaşyl” we wodorod energetikasy hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen häzirki zaman ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek babatda ýapon tejribesini öwrenmäge gyzyklanma bildirýäris. 

                                                                   

Bäşinjiden, kiçi we orta ýapon kärhanalaryny Türkmenistanda işewürligi, degişlilikde, türkmen kärhanalaryny Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga çekmek mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin diýip, Gahryman Arkadagymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliginiň örän uludygyny aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy öňe süren tekliplerini giňişleýin beýan etmek bilen, bu mümkinçilikleri doly möçberde ýerine ýetirmek üçin häzirki döwürde ähli şertleriň, ýolbaşçylaryň syýasy erk-isleginiň hem-de özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň gazanylan ýokary derejesiniň bardygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, işewürlik gatnaşyklaryny toplumlaýyn we uzak möhletleýin ýola goýmaga iki tarapyň islegleri ýeterlikdir. Bularyň ählisi hyzmatdaşlygyň esaslandyrylan hakyky meýilnamalaryny we maksatnamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşykdaky çykyşyny jemläp, bu işleriň uly geljeginiň bardygyna ynanýandygyny aýdyp, ýapon işewürlerini Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna öz goşantlaryny goşmaga çagyrdy we Türkmenistanyň dostlukly Ýaponiýa bilen netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda maýa goýum işjeňligini pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ugurlaryny artdyrmak we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Ýurdumyzda ozal bar bolan önümçilik-senagat desgalarynyň ikinji tapgyryny gurmak baradaky çözgütlere garaldy. Bu desgalar hakynda aýtsak, Garabogazda 600 müň tonna ammiak, şeýle-de 1 million 155 müň tonna karbamid dökünini, Owadandepede 600 müň tonna gazdan benzin öndürýän zawodlary gurmak, Türkmenabatda ýylda 300 müň tonna fosfor dökünini öndürýän zawodyň gurluşygy, şonuň ýaly-da, ýurdumyzda türkmen we ýapon telekeçileriniň bilelikde 640 müň tonna karbamid we 400 müň tonna ammiak öndürýän zawody gurmaklary meýilleşdirilýär. Bu ugurda ylalaşyga gelmek meselesine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisinde serediljekdigi bellenildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda üpjünçilik ulgamlary boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasyny” döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Bu meseläni türkmen-ýapon komitetiniň mejlisine hödürlemek makul bilindi. 

                                                                   

Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandyklaryny, degişli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatda gepleşikleri geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. 

                                                                   

Şeýle-de şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Tatsuýa Watanabeni kabul edip, onuň bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny we bu babatda bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. 

                                                                   

Işewür Gahryman Arkadagymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady. Şeýle hem ol dünýäde ygtybarly hyzmatdaş we özüniň hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýän ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Türkmenistanda öndürilýän mineral dökünlere dünýäde uly isleg bildirilýändigi, öndürilýän önümleriň hil we ekologik babatda ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýändigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasynda eksport-import ugurlaryny ösdürmek boýunça ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljeginiň bardygyny belläp, türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykaryljakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “ITOCHU” korporasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýapon tarapynyň başlygy Hiroýuki Tsubai bilen duşuşdy. 

                                                                   

Ýaponiýaly işewür wagt tapyp duşuşandygy üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň sazlaşykly ykdysady ösüş ýoluna düşen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklar birnäçe ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Şol bir wagtyň özünde geljegi uly hasaplanýan maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 

                                                                   

“ITOCHU” korporasiýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, parahatçylygyň we asudalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen, daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda degişli kanunçylyk binýady döredilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga taýýardygyny belläp, bu babatda hyzmatdaşlyk etmegiň we özara tejribe alyşmagyň uly geljeginiň bardygyny aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin ýapon işewürlerine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi. 

                                                                   

 Soňra Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň “Mitsubishi” korporasiýasynyň Baş wise-prezidenti Tetsuýa Şinohara bilen duşuşdy. 

                                                                   

Işewür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemek üçin döredilen mümkinçilige tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Arkadagymyz bilen duşuşmagy özüne uly mertebe hasaplaýandygyny nygtady. 

                                                                   

Işewüriň belleýşi ýaly, ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijesinde iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy. Şeýle-de ol ýolbaşçylyk edýän “Mitsubishi” korporasiýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda iki ýurduň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Soňky ýyllarda ýapon kompaniýalary bilen türkmen işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi wajyp wezipe hökmünde kesgitlenildi. Şunda ýakyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ýurdumyzda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine döwlet derejesinde zerur üns berilýändigini aýtdy. 

                                                                   

Ýaponiýaly işewür Türkmenistanyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurt hökmünde ykrar edilendigini belläp, bu ýerde ähli ugurlar boýunça ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmaga taýýardyklaryny nygtady we iki ýurduň arasynda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň we daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri ugrunda zerur bolan kanunçylyk binýadynyň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülendigini belledi we işewüre üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýada iş saparynda bolmagynyň çäklerinde Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. 

 Türkiýäniň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp duşuşandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistanyň sazlaşykly ykdysady ösüşi gazanýandygyny aýratyn nygtady. Şeýle hem ol ata Watany bolan Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň oňyn netije berýändigine uly buýsanç bilen syn edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýäde senagat taýdan ösen, kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurt hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa giň möçberli maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi, türkmen bazarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýlelikde, Türkmenistan ähli ugurlar boýunça ösüşiň ýokary görkezijisine eýe bolýar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz duşuşygyň ahyrynda Türkiýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň, şol sanda “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagyna mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdygyna ynam bildirdi we işewüre üstünlik arzuw etdi. 

                                                                   

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni jaýlamak boýunça döwlet derejesinde geçirilýän matam çäresine gatnaşdy. Hormatly Arkadagymyz matam çäresiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň işlän döwründe mynasyp bolan sylaglary, ordenleri we medallary goýlupdyr. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abe dünýäde görnükli syýasatçy hökmünde tanaldy. Halkara derejedäki parahatçylykly gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp, Sindzo Abe birnäçe ýurtlaryň ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglandy. Bu ýerde onuň mynasyp bolan “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň bardygyny bellemek ýakymlydyr. 

                                                                   

Matam çäresiniň geçirilýän ýerinde Sindzo Abeniň Ýaponiýanyň ähli ugurlar boýunça ýokary ösüş gazanmagyna goşan goşandy, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlary bilen geçiren duşuşyklary barada giňişleýin gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. 

                                                                   

Sindzo Abe işlän döwründe Ýaponiýanyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagy, ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi ugrunda ägirt uly tagallalary etdi. Onuň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmekde bitiren hyzmatlary bellärliklidir. Sindzo Abeniň Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesinde işlän döwründe türkmen-ýapon gatnaşyklary ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Özara saparlaryň guralmagy we olaryň çäklerinde iki ýurt üçin ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegi, ylalaşyklaryň gazanylmagy özara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirdi. 

                                                                   

2015-nji ýylyň oktýabr aýynda Sindzo Abeniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde özara bähbitli ylalaşyklaryň gazanylandygyny we olary ýerine ýetirmegiň ugurlarynyň kesgitlenilendigini bellemek gerek. Munuň özi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ykdysadyýetiň möhüm ugurlary boýunça işjeňleşdirilmegine hem-de ösdürilmegine giň ýol açdy. Şeýlelikde, ýapon işewürleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda ykdysady taýdan bähbitli taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň senagat taýdan ösen ýurda öwrülmeginde ýaponiýaly hyzmatdaşlara möhüm ornuň degişlidigini bellemeli. 

                                                                   

Şeýle-de Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň ajaýyp ýerlerinde bolup, türkmen halkynyň döreden milli gymmatlyklary bilen tanyşdy. Sindzo Abe Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bolan mahalynda oňa bu uniwersitetiň “Hormatly professory” diýen ýokary derejäniň berlendigini aýratyn nygtamak gerek. 

                                                                   

Dostlukly ýurduň ozalky Premýer-ministriniň we onuň maşgalasynyň türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan nurana ak öýde bolandygyny, halkymyzyň ajaýyp dessurlarynyň, şol sanda myhmansöýerlik ýörelgeleriniň nusgalyk derejä göterilendigini bellemeli. Gahryman Arkadagymyz Sindzo Abeniň, aýratyn-da, çaý demlemegiň türkmen halkyna mahsus usullaryny uly gyzyklanma bilen synlandygyny ýatlady. Şol günlerde Sindzo Abe ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklary bilen tanyşdy hem-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etdi, şeýle-de ynsan gylykly bedewiň ýanynda surata düşdi. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň netijesinde türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny bellemek gerek. Ýaponiýanyň işewür düzümleri geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, ýurdumyzdaky maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýärler. Bu wezipeleriň çözülmegi babatda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň uly tagallalary bardyr. 

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde hajy Arkadagymyz döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlap, gurbanlyk sadakasyny berdi. Bu waka merhumyň ýagty ýadygärligine çuňňur hormat goýulýandygynyň subutnamasy boldy. Ol biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşdy, netijede, Ýaponiýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz Arkadagly Serdarymyzyň adyndan berlen bu gurbanlyk sadakasyny Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine bagyşlanýandygyny aýtdy. Merhum döwlet işgäri häzirki döwrüň dünýä syýasatçylarynyň hem-de döwlet işgärleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýärdi we halkara derejede uly abraýa eýe bolupdy. Sindzo Abe Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy bolmak bilen, tutuş ömrüni öz ýurdunyň bähbidine gulluk etmäge bagyşlady. Şonda türkmenistanlylaryň ýapon halky bilen bilelikde Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç bildirýändigini aýdyp, hajy Arkadagymyz ajaýyp ynsan, beýik syýasatçy Sindzo Abeniň nurana keşbiniň biziň ýüreklerimizde ebedilik galjakdygyny nygtapdy. 

                                                                   

Şeýle-de matam çäresiniň geçirilýän ýerinde görkezilen wideoşekillerde Sindzo Abeniň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly goşant goşan beýik syýasatçydygy, meşhur şahsyýetdigi barada gürrüň berilýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň wekiliýeti Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagy zerarly guralan ýas çäresine gatnaşdy. 

                                                                   

Häzirki döwürde müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen asylly ýörelgeleri ösdürmek boýunça ählumumy derejede işler amala aşyrylýar. Bu ýerde guralan matam çärelerine dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleriniň gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. 

 Soňra hormatly Arkadagymyz matam çäresine gatnaşyjylar bilen bilelikde merhumy hatyralap, oňa ajaýyp gül desselerini goýdy. 

                                                                   

Sindzo Abeniň aradan çykmagy bilen, Ýaponiýa görnükli döwlet işgärini, dünýä derejeli syýasatçysyny ýitirdi. Sindzo Abeniň aradan çykmagy Türkmenistan üçin hem agyr ýitgi boldy. Ol biziň ýurdumyzyň hakyky, ak ýürekli dostudy. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmek ugrunda onuň bitiren hyzmatlary uludyr. 

                                                                   

Şol gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň maşgalasy bilen bilelikde medet beriji sözleri aýtmak maksady bilen, Sindzo Abeniň maşgalasynyň ýanyna bardy. Bu ýerde Ýaponiýanyň häzirki Premýer-ministri Fumio Kisidanyň bardygyny bellemeli. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministrine ýüzlenip, ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykmagy zerarly Türkmenistanyň halkynyň adyndan, hormatly Prezidentimiziň we maşgala agzalarynyň adyndan ýapon halkyna çuňňur gynanjyny bildirdi. Sindzo Abeniň aradan çykmagynyň Türkmenistan üçin hem agyr ýitgi bolandygyny belläp, hajy Arkadagymyz onuň ýurdumyzyň hakyky, ak ýürekli dostudygyny, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmek üçin köp işleri bitirendigini belledi. Meniň we watandaşlarymyň ýüreginde bu ajaýyp adam baradaky ýatlamalar hemişelik galar, onuň ýagty ýadygärliginiň öňünde baş egýärin diýip, hormatly Arkadagymyz Premýer-ministr Fumio Kisida ýene bir ýola medet beriji sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Hajy Arkadagymyz maşgalasy bilen merhumyň maşgalasyna çuňňur duýgudaşlyk bildirip, Sindzo Abeniň ýapon halkynyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykmagy ugrunda bitiren hyzmatlaryny ýatlady. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz merhumyň Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgulary bilen ýatlady. Ol ýurdumyzda bolan mahalynda türkmen halkynyň milli mirasy bilen tanyşdy, ahalteke bedewleriniň gözelligini synlady, türkmeniň ak öýüniň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy. 

                                                                   

Sindzo Abeniň biwagt aradan çykmagynyň ony ýürekden hormatlaýan we gadyryny bilýän dünýäniň millionlarça adamlary üçin agyr ýitgi bolandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz şu agyr pursatda hanym Akie Abe ruhy durnuklylyk we mertlik dileg etdi. 

                                                                   

Merhum Sindzo Abeniň maşgalasy ýanýoldaşy bilen Türkmenistanda saparda bolandygyny, şonda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ajaýyplyklarynyň, milli däp-dessurlarynyň döwrüň ruhuna kybap derejede ösdürilýändigini görendigini ýatlady. 

                                                                   

Şeýle hem hormatly Arkadagymyzyň maşgalasy özüniň medet beriji sözlerini aýdyp, merhumyň maşgalasyna ruhy durnuklylyk, sabyr-kanagat dileg etdi. 

                                                                   

Merhumyň maşgalasy agyr pursatda gelip, duýgudaşlyk bildirendigi hem-de medet berijini sözleri aýdandygy üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministriniň hatyrasyna guralan matam çäresine gatnaşmak üçin Türkmenistandan ýörite toparyň iberilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we tutuş türkmen halkynyň ýapon halkyna bolan beýik hormat-sarpasyny alamatlandyrýar. Munuň özi hakyky dostluga, doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan asylly ýörelgedir. 

                                                                   

Ýaponiýada iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji sentýabrda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida bilen duşuşdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz dostlukly ýurduň Premýer-ministrine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi hem-de Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. 

 Öz nobatynda, ýapon Hökümetiniň Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ähli türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň oňat arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de Fumio Kisida Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşandygy üçin Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Premýer-ministr Fumio Kisida döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy barada bir pikirdediklerini beýan etdiler. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, iki ýurduň ugurdaş düzümleriniň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda bolşy ýaly, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde-de aýratyn orun eýeleýär. Şunda Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda döwrebap nebitgaz we gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilendigi nygtaldy. 

                                                                   

Söhbetdeşler Türkmenistanda giň gerimli we uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini nazara alyp, geljegi uly taslamalar boýunça işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler. Şol maksatnamalar dünýä bazarlarynda ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmeginden ugur alnyp, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga, häzirki zaman ýokary tehnologiýaly ylmy önümçilikleri hem-de senagat kärhanalaryny döretmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Şunuň bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýän parlamentleriň derejesinde iki ýurduň gatnaşyklarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şunda “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljeginiň bardygy barada aýdyldy. Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň esasy şertini emele getirýär. Türkmenistan Ýaponiýa bilen ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Aşgabat — Tokio — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň mümkinçilikleriniň öwrenilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri bu ýerde guralan matam çäresine gatnaşandygy we agyr pursatda gelip, duýgudaşlyk bildirendigi üçin hormatly Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu ýörelgäniň ýapon halkyna bildirilen uly hormat hökmünde kabul edilýändigini nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz dostlugyň agyr pursatda aýratyn ähmiýetlidigini, hakyky dostlaryň şeýle günlerde duýgudaşlyk bildirýändigini aýdyp, merhum Sindzo Abeniň türkmen-ýapon dostlukly gatnaşyklarynyň berkemeginde ägirt uly tagallalarynyň bardygyny belledi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we Bitaraplyk derejesine esaslanýan “Açyk gapylar” syýasaty alyp barýandygyny nygtap, hormatly Arkadagymyz bu babatda ýakyn dostlar bilen ýygjam gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy we ýapon halkyna ruhy durnuklylyk arzuw etdi. 

                                                                   

Ynanyşmak, dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýaponiýanyň Premýer-ministri birek-birege hem-de iki ýurduň halklaryna iň oňat arzuwlaryny aýtdylar. 

                                                                   

Şol gün ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiakini kabul etdi. Taraplar duşuşmaga dörän şeýle mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirip, munuň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek babatda pikir alyşmaga ajaýyp pursatdygyny bellediler. 

  Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň teklibi bilen Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň öňe sürlendigi, munuň bolsa ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyny ugur edinýändigi, parahatçylygy öňe ilerledýändigi, ynsanperwer ýol-ýörelgelere uly ähmiýet berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmen-ýapon dostluk toparynyň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” görnüşdäki dialogynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegi ylalaşdylar. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlyga möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Bu ugurda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işleriniň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde hyzmatynyň uludygy bellenildi. Şunda parlament diplomatiýasyna wajyp orun berilýändigi aýratyn nygtaldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň parlamentiniň işini döwrebap derejede kämilleşdirilendigi we onuň häzirki ulgamy barada gürrüň berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilişi baradaky meselä uly üns berildi. Şunda gurluşyk, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikde alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändigi nygtaldy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň tagallasy netijesinde Türkmenistana 8 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýumyň goýlandygyny ýatlap, bu toplumlarda häzirki wagtda uly möçberde önümçilik bilen meşgullanylýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Häzir ýurdumyzda öndürilýän bu önümlere, şol sanda karbamid, ammiak, ECO-93 benzini, polietilen, polipropilen önümlerine bütin dünýäde isleg uly. Häzir bolsa ýokary derejedäki desgalaryň ikinji tapgyryny gurmagy meýilleşdirýäris diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, ulag logistikasynyň ösdürilmeginiň häzirki döwürde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabat ―Tokio, Tokio — Aşgabat ugry boýunça howa ýollary arkaly ýük we ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz Türkmenistanda döredilen ulag-logistika mümkinçilikleriniň Ýaponiýanyň öz önümlerini Türkmenistanyň üsti bilen, ýagny Hazar deňzinden Gara deňzine, soňra Ýewropa çykarmaga oňaýly ýagdaýy döredip biljekdigini belledi. Munuň özi iki tarap üçin hem bähbitli bolar. 

                                                                   

Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy dünýäde pandemiýa ýokanjy zerarly emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen türgenleriniň we şol döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynyň ýapon halkyna hem-de Ýaponiýada guralýan halkara çärelere goýulýan hormatyň nyşanydygyny aýratyn nygtady. 

                                                                   

Şeýle hem duşuşykda Olimpiýa oýunlarynda türkmen türgeniniň ajaýyp ýeňiş gazanandygy bellenildi. Munuň özi Türkmenistanyň Ýaponiýa tarapyndan guralýan halkara çärelere, şol sanda Olimpiýa oýunlaryna işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Endo Toşiaki munuň üçin hormatly Arkadagymyza we tutuş türkmen halkyna özüniň hoşallyk sözlerini aýtdy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini belledi. 

                                                                   

Mundan başga-da, Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň halklaryna mahsus bolan umumylyklaryň üstünde durup geçip, hususan-da, türkmenleriň hem, ýapon halkynyň hem çaýy gowy görýändiklerine ünsi çekdi. Bular dogrusynda giňişleýin pikir alşylanda, hormatly Arkadagymyz özüniň “Çaý — melhem hem ylham” atly kitabyny ýazandygyny we onda çaýyň peýdaly aýratynlyklaryny, şol sanda sazak ýakylyp, tüňçede gaýnan gök çaýyň dermanlyk häsiýete eýedigini belledi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki hormatly Arkadagymyzyň ozalky Premýer-ministr Sindzo Abeniň döwlet derejesinde geçirilen matam çäresine gatnaşyp, bildiren hormat-sarpasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň, şol sanda parlament derejesindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekde has-da ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

29-njy sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň dowamynda türkmen wekilleri Ýaponiýanyň Tokio atçylyk toplumyna baryp gördüler. Bu ýerde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleri ýaponiýaly kärdeşleri bilen duşuşdylar. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we özara tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýaponiýanyň atçylyk pudagy boýunça iş alyp barýan hünärmenleri türkmen halkynyň ahalteke bedewleriniň dünýä gymmatlygynyň naýbaşysydygyny, bu atlaryň özboluşlylygynyň, gözelliginiň, ýyndamlygynyň haýran galdyryjydygyny aýratyn bellediler. 

                                                                   

Şunda türkmen wekilleri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygyny we bu ugurda ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny guwanç bilen gürrüň berdiler. Tokio atçylyk toplumynda geçirilen duşuşygyň dowamynda atlaryň ösdürilip ýetişdirilişi, olaryň tohum arassalygy, idedilişi, seýislenişi, çapuwa taýýarlanylyşy hakynda hem giňişleýin gürrüň edildi. Munuň özi atçylygy ösdürmek we bu ugurda tejribe alyşmak meselelerine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda türkmen wekiliýeti tarapyndan ýapon atşynaslaryna Gahryman Arkadagymyzyň zehininden dörän «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaby sowgat berildi. Ýaponiýaly atşynaslar ajaýyp sowgat üçin özleriniň hoşallyklaryny bildirip, bu kitabyň dünýä atşynaslary üçin ähmiýetlidigini aýratyn nygtadylar. 

                                                                   

Soňra türkmen wekiliýetiniň agzalary Tokio atçylyk toplumynyň aýratynlyklary, çapyksuwarlaryň we bedewleriň taýýarlanylyşy hem-de bu ýerde döredilen amatly şertler bilen içgin tanyşdylar. 

                                                                   

30-njy sentýabrda bolsa Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň duşuşygy boldy. Onda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde geçirilen matam çäresine gatnaşmagynyň hem-de birnäçe işewürler bilen duşuşmagynyň ähmiýeti barada aýdyldy. 

                                                                   

Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň özara tejribe alyşmaklary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginde diplomatik gatnaşyklara möhüm ornuň degişlidigi barada aýdyldy. Dostlukly ýurduň daşary işleri ministriniň orunbasary Türkmenistanyň hemişe hoşniýetli, ygtybarly, ýakyn hyzmatdaş hökmünde ykrar edilendigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurdy, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigini belledi. 

                                                                   

30-njy sentýabrda Gahryman Arkadagymyzyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Ýaponiýanyň işewürleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda iki döwletiň ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlary, işewürlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda özara tejribe alyşmak meseleleriniň ähmiýeti barada aýdyldy. Ýapon işewürleri geljegi uly hasaplanýan türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. 

                                                                   

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň wekilleri Ýaponiýanyň «ITOCHU», «Mitsubishi», «Komatsu», «Kawasaki Heavy Industries Ltd» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de bu babatda öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitlediler. Şunda täze önümçilikleri döretmek, oňa häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bolup durýar. Işewür düzümleriň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmeginiň durnukly ösüşi pugtalandyrmakda wajyp orun eýeleýändigi barada aýtdylar. 

                                                                   

Şeýle hem ýapon işewürleri Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän syýasaty netijesinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşary ýurt kompaniýalarynyň netijeli işini üpjün etmek boýunça ygtybarly kanunçylyk binýadynyň döredilmeginiň ähmiýeti barada aýtdylar. Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň wekilleri häzirki zaman tehnologiýalaryny we gazanan iş tejribelerini türkmen kärdeşleri bilen paýlaşmaga taýýardyklaryny nygtadylar. Netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi. 

                                                                   

Türkmen-ýapon dostluk gatnaşyklarynyň häzirki döwürde yzygiderli berkeýändigini bellemeli. Dürli ugurlar boýunça gazanylýan ylalaşyklar, geçirilýän duşuşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. 30-njy sentýabrda ýurdumyzyň Daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylarynyň ýapon kärdeşleri bilen geçiren duşuşygy netijeli häsiýete eýe boldy. Duşuşygyň dowamynda bank ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin bar bolan mümkinçilikler, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň ähmiýeti, onuň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginde eýeleýän orny barada pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda dürli ugurlarda bolşy ýaly, maliýe-bank ulgamyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Şunda maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň täzeçil usullaryna, bank ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesini we sanly ulgamy ornaşdyrmak meselelerine garaldy. Şeýle-de özara tejribe alyşmagyň ähmiýeti bellenildi. Duşuşygyň dowamynda Ýaponiýanyň maliýe-bank ulgamynyň ýolbaşçylary dünýäde ygtybarly we öz borjuna jogapkärçilikli çemeleşýän hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk ugrunda esasy orun eýeleýändigini nygtadylar. 

                                                                   

Häzirki döwürde parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine we Bitaraplyk derejesine esaslanýan Türkmenistanyň dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen özara bähbitli, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk üçin açykdygy, onuň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenendigi barada aýdyldy. Duşuşygyň ahyrynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine uly üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri beýan edildi. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Arkadagymyzyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň wekilleriniň «Jateco» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy boldy. Onda himiýa pudagynda alnyp barylýan işler, ony ösdürmegiň geljekki wezipeleri hem-de halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýapon tarapynyň wekilleri himiýa pudagynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, himiýa senagaty boýunça bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýapon hünärmenleriniň we ugurdaş kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda himiýa senagatyna degişli iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şunda “Garabogazkarbamid” zawodyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän tebigy gazdan benzin öndürýän önümçilik toplumyny görkezmek bolar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda himiýa senagatyna degişli ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine giň gerim berildi. Şunda Ýaponiýanyň degişli kompaniýalarynyň ösen tejribeleri ulanylyp bilner. 

                                                                   

Ýapon işewürleri dünýäde uly geljegi bolan ýurt hökmünde ykrar edilen türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türkmenistanda iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň hatarynda bolýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Tokionyň şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdy. Şeýle hem ol Tokio şäheriniň häkimliginiň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda, “akylly” şäher konsepsiýasyny ýerine ýetirmegiň ugurlary we bu babatda täzeçil usullar bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. 

                                                                   

Ýapon tarapynyň wekilleri bu babatda toplan tejribelerini we häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny teklip etmäge taýýardyklaryny nygtadylar. Şunda döwrebap şähergurluşyk maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň möhüm ugurlaryna üns berildi. Türkmen tarapynyň wekilleri häzirki döwürde ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly binalaryň gurluşygyna, häzirki zaman şähergurluşyk usullarynyň özleşdirilmegine, umuman, bu babatda tejribe alşylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi barada aýtdylar. 

                                                                   

Ähli ugurlarda bolşy ýaly, şähergurluşyk-binagärlik babatda täzeçil çözgütler, ösen tejribeler we olary ornaşdyrmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary kesgitlendi. Häzirki wagtda hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli ösdürilýän işleriň netijesinde häzirki zaman şähergurluşygynyň täzeçil usullaryna möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi. 

                                                                   

Duşuşygyň ahyrynda ýapon tarapynyň wekilleri dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar we netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

                                                                   

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Ýaponiýa amala aşyrylan iş sapary Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň geljegi uly hasaplanýan ugurlarda has-da işjeň häsiýete eýe bolmagyna kuwwatly itergi berer. 

                                                                   

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny tamamlap, Watanymyza gaýdyp geldi. 

                                                                                                           

(TDH)

03.10.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biz ösüşleriň ýeňişli ýollaryny geçýäris

Geçen hepde umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda geçen Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar üstünlikleriň we zähmet ýeňişleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna Gutlagynda belleýşi ýaly, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy bagtyýar we abadan durmuşymyzyň binýadydyr. Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň içinde gazanylan ajaýyp ýeňişler, ýetilen belent sepgitler mähriban halkymyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, jebisligi, halal we tutanýerli zähmeti bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady, medeni, durmuş ugurlary boýunça ägirt uly ösüşler gazanylyp, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti, kämil durmuş ulgamy bolan, çalt depginler bilen ösýän, dünýä bileleşiginde uly abraýa eýe bolan döwlete öwrüldi. 

                                                                   

27-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyzyň, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik hem-de hoşniýetlilik taglymlaryna ygrarlylygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna, şeýle-de Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada geçirilen dabaralara gatnaşdy. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerine gelip gowuşýan döwrebap harby tehnikalaryň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň gury ýerde, deňizde we howada goranyş ukybynyň hem-de döwrüň wehimlerine garşy taýýarlygynyň ýokary derejesini görkezdi. Ajaýyp ahalteke bedewleri dabaranyň hakyky bezegine öwrüldi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleri tarapyndan türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde Dowamat atly bedew sowgat berildi. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň baýramyna öz zähmet ýeňişlerini bagyşladylar. Dabaraly ýörişe ýurdumyzyň bäş welaýatynyň wekiliýetleri, dürli pudaklaryň we edaralaryň wekilleri, türgenler, medeniýet işgärleri, çagalar döredijilik toparlary gatnaşdylar. 

                                                                   

28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. Şeýle-de şol gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda dabaralar geçirildi. Döwlet Baştutanymyz ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlere gadyr goýýan ussat çapyksuwar bolmak bilen, asylly maşgala däplerini dowam etdirip, milli seýisçilik sungatynyň ösdürilmegine, onuň dünýädäki abraýynyň belende göterilmegine, atçylyk sportunyň höweslendirilmegine hem-de giňden wagyz edilmegine uly üns berýär. Şanly sene mynasybetli toplumyň çäginde halk döredijiliginde gözelligiň, wepalylygyň, dostlugyň, asyllylygyň, edermenligiň, Watana söýginiň nyşany bolan ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

Ahalteke bedewleri 7 çapyşykda dürli aralyklarda öz okgunlylygyny, ýyndamlygyny görkezdiler. 2200 metr aralyga ýedinji, jemleýji çapyşykda baş baýrak — Türkmenistan Prezidentiniň baýragy ugrunda bäsleşildi. 2 minut 31,3 sekunda deň bolan iň gowy netijäni Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Bezirgen atly akýal mele at görkezdi. Çapyşygyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna döwlet Baştutanlaryndan, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylaryndan hem-de jemgyýetçilik işgärlerinden köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Olarda syýasy, ykdysady we durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik beren ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ata Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň has-da belende göterilmegine ýardam edýändigi bellenilýär. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyzyň dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen myhmanlar bilen geçiren duşuşyklary Türkmenistanyň açyklyk, özara hormat goýmak, düşünişmek, dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklary ösdürmek ýörelgelerine esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady. 

                                                                   

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky netijeli döwletara dialogyň çäklerinde ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklara, işewür düzümleriň ugry boýunça göni gatnaşyklara möhüm orun berilýär. Hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler Türkmenistanda amala aşyrylýan we milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, pudaklaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň häzirki zaman tehnologiýaly önümçiliklerini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler bilen şertlendirilendir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynda” bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, ulag we kommunikasiýalar, gurluşyk ulgamy, ýol-ulag düzümi we gämi gurluşygy, maýa goýumlar, sanlylaşdyrmak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Öz nobatynda, Türkmenistan ýurdumyzda öndürilýän oba hojalyk, dokma we nebithimiýa senagatynyň önümlerini hem-de beýleki harytlary ibermäge taýýardyr. 

                                                                   

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň gubernatory Alekseý Teksleri kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, şol sanda Çelýabinsk oblasty bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna, hususan-da, Türkmenistanda metallurgiýa we maşyngurluşyk zawodlarynyň taslamalaryny işläp düzmek, gurmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, özara dolanyşykda harytlaryň görnüşlerini giňeltmek ulgamynda taraplaryň maksatlary umumydyr. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň nebit we gaz çykarýan senagatynyň, dokma pudagynyň önümlerini, türkmen halylaryny, oba hojalyk harytlaryny ibermäge taýýardygy nygtaldy. 

                                                                   

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda işewür hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň Ýerine ýetiriji başlygy Piter S.Kallosy kabul etdi. Myhman döwlet Baştutanymyzy Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady hem-de bagt, parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi. Piter Kallos köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda netijeli işleýän “Buried Hill Energy” kompaniýasynyň Hazar deňziniň türkmen kenarynda geljegi uly uglewodorod ýataklaryny işläp geçmek hem-de nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak boýunça mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “John Deere” kompaniýasynyň oba hojalyk we seýilgäh enjamlary bölüminiň ýolbaşçysy Markwart fon Pents bilen duşuşygynyň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Kompaniýanyň hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistana getirilýän oba hojalyk tehnikalarynyň, şol sanda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ekiş we hasyl ýygnaýjy tehnikalaryň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýändigi bellenildi. 

                                                                   

30-njy sentýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, nebitgaz senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna dürli maksatly plastik kartlaryň, ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak barada, şeýle-de Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýany saýlap almak barada halkara bäsleşigiň ýeňijisi bolan kompaniýa bilen şertnama baglaşmak hakynda teklip hödürlenildi. Şeýle-de «Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwaly we «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini hem-de ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyklar barada habar berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Aýlag döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan aýratyn mesele boldy. Şunuň bilen baglylykda, sentýabr aýynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. Şol ýerde ýurdumyzyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň agza ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň arasynda strategik gepleşikler boýunça birinji duşuşyga gatnaşdy. Türkmen tarapy energetika, ulag, logistika, maýa goýumlar we söwda ulgamlaryny özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi. 

                                                                   

Mundan başga-da, Er-Riýadda Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Dürli ulgamlarda bar bolan kuwwaty, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini nazara almak bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň 12 — 16-njy sentýabrda Birleşen Arap Emirliklerine bolan gulluk iş saparynyň jemleri barada hasabat berildi. BAE-niň ugurdaş düzümleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň barşynda dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge degişli meselelere garaldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi bilen “Abu Dhabi Ports Company PJSC” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, halkara hem-de sebitara düzümleriň ugry boýunça, şol sanda “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň” çäklerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, bu ugurdaky işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy. 

                                                                   

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Türkmengaz” döwlet konserniniň maddy-tehniki enjamlary we serişdeleri satyn almagy hakynda” Karara hem-de ýurdumyzyň ýuridik şahslaryna gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakynda Buýruga gol çekdi. 

                                                                   

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida, parlamentiň wekilleri, ýurduň birnäçe öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. 

                                                                   

 Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşdy. 

                                                                   

 Hormatly Arkadagymyzyň iş sapary iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berer. 

                                                                   

Baýramçylyk dabaralaryna beslenen geçen hepdäniň wakalarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri we ýeten belent sepgitleri öz beýanyny tapdy. 

                                                                                                           

(TDH)

03.10.2022
Hususy pudak — milli ykdysadyýetiň daýanjy

 Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpgöter gowulandyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu ynsanperwer maksadyň üstünlikli amala aşyrylmagyna türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.  

                                                                   

Şu ýylyň geçen hasabat döwründe tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň ýaryna golaýynyň hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanylyp, gazanylan ösüş depgininiň 142 göterimden gowrak bolandygy muny doly tassyklaýar. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan Gurluşyk garyndy materiallaryny we gipskartonyny öndürýän kärhanasynyň döwrüň ösen talaplaryna mynasyp işleri amal edýändigini aýratyn bellemek gerek. Kärhananyň hünärmenleri mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllyk ählihalk baýramyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşyladylar.  

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Akgaýa» hojalyk jemgyýetiniň eziz Diýarymyzyň çig mal serişdelerine baý bolan bu künjeginde halkara ülňülere kybap gelýän, umumy meýdany 25 gektara barabar bolan döwrebap kärhanasy günbatar sebitde hem telekeçiligiň ynamly ösdürilýändiginden habar berýär. Bu ýerde taýýarlanylýan ýokary hilli gurluşyk serişdelerine we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hemem diwar örtükleri üçin zerur bolan gipskartonyna ýurdumyzyň ähli künjeginde alnyp barylýan gurluşyklarda, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda hem isleg barha artýar. 

 Kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen bu häzirki zaman önümhanasy ymaratlaryň içki diwarlaryny tekizläp, ýylmamak üçin zerur bolan önümleri taýýarlamakda ýylyň-ýylyna belent sepgitlere eýe bolýar. Kärhananyň önümçilik işlerini kadaly ýola goýmak üçin gerek bolan çig mallaryň agramly bölegi Akdaş şäherçesiniň golaýyndaky tebigy känlerden alynýar. Kärhanada taýýarlanýan gurluşyk serişdeleri üçin gerek bolan goşundylaryň belli bir bölegi Ispaniýa, Bolgariýa, Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe ýaly döwletlerden getirilýär. Munuň öz Watanymyzda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyga gönükdirilen «Açyk gapylar» syýasatynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem barha rowaçlyk tapýandygynyň güwäsidir. 

                                                                   

Kärhanadaky juda kämil enjamlar oturdylan barlaghana taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň ýokary hil talaplaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Şonuň üçin olar içerki we daşarky bazarlarda bäsleşige ukyplydyr. Kärhananyň golaýyndaky känlerden getirilýän çig mal taýýar harytlyk görnüşine getirilýänçä, amala aşyrylýan işleriň ählisi kämil tehnologik enjamlary netijeli işletmek bilen amala aşyrylýar. 

                                                                   

Ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda il-ýurt bähbitli, tutuş dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täzeden-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginlerde alnyp barylýan mesgenine öwrüldi. Kärhananyň hünärmenleri halkara ölçeglere laýyk taýýarlanýan serişdeleriniň gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Kärhanada önümçiligiň ähli ulgamlary hut türkmen hünärmenleri tarapyndan başarnykly dolandyrylýar. Olaryň her biri hünär ussatlyklaryny yzygiderli ýokarlandyrmak bilen, bitirýän işleriniň ähli babatlarda ýokary hilli bolmagyny gazanýar. «Akgaýa» hojalyk jemgyýetinde täzelikde öndürilip başlanan «Kent» haryt nyşanly suw esasly boýaglar bolsa 10 we 20 kilogramlyk ýaraşykly gaplarda sarp edijilere ugradylýar. Dürli reňkli ol boýaglary müşderiler uly isleg bilen satyn alýarlar. Aslynda, häzirki döwürdäki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň has döwrebap kanagatlandyrylmagyna, köp babatlarda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işleriniň netijeliligine baglydyr. Kärhananyň öz işine ussat hünärmenleri çylşyrymly we giň möçberli işleri ygtybarly ýola goýmakda daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümlerinden yzda galmaýarlar. Çünki berkarar döwletimizde hereket edýän kanunlar türkmen ykdysadyýetiniň döwlete degişli bolmadyk ulgamynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, önümçiligiň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmaga, telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Bu ýerdäki önümhanalarda, ammarlarda, sorujy desgada, ýörite gaplarda (rezerwuarlarda), mehanizmleri abatlaýyş bölüminde işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir. Kärhanada hemişelik iş orunlary bilen üpjün edilen raýatlarymyzyň kyrkdan gowragy zähmet çekýär. 

— Bu gün bitirýän işleri bilen tutuş ýurdumyzda we onuň daşynda hem giňden tanalýan «Akgaýa» hojalyk jemgyýetimiziň bu kärhanasynda ýerine ýetirilýän önümçilik işleriniň ählisi diýen ýaly dolandyryş merkezinden, kämil kompýuterler arkaly, awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar. Gelip gowuşýan çig mallar hem, taýýar önümlerimiz hem ähli kämil enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanamyzda gözden geçirilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, sarp edijilere hödürleýän gurluşyk serişdelerimiziň ýokary hilli bolmagyna hemem olaryň uly islegden peýdalanmagyna aýgytly täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan binalaryň ýokary hilli, netijeli zähmet çekmek üçin amatly, ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny hemişe baş wezipe edip goýýar. Kärhanamyzyň hünärmenleriniň bu ynama mynasypdygyna buýsanýarys. Şu ýylyň geçen sekiz aýynda kärhanamyz boýunça ýokary hilli gurluşyk garyndy serişdeleriniň 11 müň 640 tonnasy we desgalaryňdyr ymaratlaryň içki gurluşynyň üçegasty hemem diwar örtükleri üçin gerek bolan gipskartonynyň 337 müň inedördül metri taýýarlanylyp, sarp edijilerden gelip gowşan sargytlar abraý bilen berjaý edildi. Taýýarlaýan önümlerimiz diňe bir öz ýurdumyzda däl, eýsem, Russiýa, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly ençeme döwletlerde hem uly isleg bilen satyn alynýar. Aýratyn belläp geçmeli zatlaryň biri-de, gurluşyk serişdelerini taýýarlamak üçin zerur bolan çig mallaryň ählisiniň diýen ýaly welaýatymyzyň çäklerinden alynýanlygydyr. Bu bolsa öndürýän önümlerimiziň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmaga aýratyn täsirini ýetirýär. Bize halal zähmet çekip, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna mynasyp goşant goşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyşymyzyň çägi ýok — diýip, kärhananyň önümçilik müdiri Parahat Gurbanow aýdýar. 

                       Hojaberdi BAÝRAMOW.                        «Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.                
03.10.2022
Iş­jeň çe­me­leş­me­ler, döw­re­bap özgertmeler

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 31 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň giň­den bel­le­nil­en gün­le­rin­de, has ta­ky­gy, şu ýy­lyň 23-nji sent­ýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let Mas­la­ha­ty bo­lup geç­di. On­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow çuň ma­ny-maz­mu­na ýug­ru­lan çy­kyş et­mek bi­len, 31 ýyl­da ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şin­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler we öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin du­rup geç­di. 

                                                                   

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz öz çy­ky­şyn­da yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ba­zar gat­na­şyk­la­ry­na ge­çil­ýän şer­tin­de ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň işi­niň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Ha­ky­kat­dan hem, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de aý­ra­tyn orun ýur­du­my­zyň ma­li­ýe-bank ul­ga­my­na de­giş­li­dir. Ila­tyň we halk ho­ja­ly­gy­nyň pu­dak­la­ry­nyň ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň hyz­mat­la­ry­na bo­lan ös­ýän is­leg­le­ri­ni ýo­ka­ry hil­li, gys­ga wagt­da ka­na­gat­lan­dyr­mak möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu we­zi­pä­ni üs­tün­lik­li çöz­mek «Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­nyň» we «Türk­me­nis­tan­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň 2021 — 2025-nji ýyl­lar üçin Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň» esa­syn­da ama­la aşy­ryl­ýar.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Döw­let Mas­la­ha­tyn­daky çy­ky­şyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­syn­da», şeý­le-de «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da» kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek­de Döw­let býu­je­ti­ne, pul-karz, nyrh we ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­na möhüm orun de­giş­li­di­gi­ni nygtady. 

                                                                   

Býu­jet ýur­duň esa­sy ma­li­ýe res­mi­na­ma­sy bol­mak bi­len, ol, bir ta­rap­dan, döw­le­tiň, beý­le­ki ta­rap­dan, ila­tyň ara­syn­da ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi we paý­la­nyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Döw­let býu­je­ti yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­nyň, şeý­le hem se­bit­le­riň saz­la­şyk­ly, ka­da­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de we dur­muş sy­ýa­sa­ty­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak­da iň mö­hüm ma­li­ýe gu­ra­ly hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­ny hä­zir­ki wagt­da Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň 75 — 80 gö­te­ri­mi­niň dur­muş ug­ru­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ril­ýän­di­gin­den hem gör­mek bol­ýar. Şeý­le amat­ly şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ýur­du­myz­da dur­muş ugur­ly sy­ýa­sa­tyň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. 

                                                                   

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek­de, döw­le­te da­hyl­ly we da­hyl­syz eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, hu­su­sy te­le­ke­çi­le­riň ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­ne bo­lan goş­ma­ça is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak­da bank kar­zy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Şun­dan ugur al­nyp, kar­zyň möç­be­ri­niň art­dyryl­ma­gyna yzygiderli üns berilýär. Di­ňe 2011 — 2021-nji ýyl­lar­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ze gö­nük­di­ri­len umu­my karz­la­ryň möç­be­ri 17,2 mil­liard ma­nat­dan 106 mil­liard ma­na­da çen­li ýo­kar­lan­dy. Kar­zyň möç­be­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy bi­len, yk­dy­sa­dy­ýe­ti in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýalar esasynda kö­pu­gur­ly ös­dür­mä­ge, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga äh­li amat­lyk­lar dö­re­dil­ýär. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyz Döw­let Mas­la­ha­tyn­daky çy­ky­şyn­da ýur­du­my­zyň bank ul­ga­my­nyň Hal­ka­ra Pul gaz­na­sy, Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky, Ýew­ro­pa­nyň Tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk ös­dür­me­giň mak­sa­da la­ýyk­dy­gy­ny bel­le­di. Hal­ka­ra ma­li­ýe gu­ra­ma­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi di­ňe bir goş­ma­ça ma­li­ýe se­riş­de­le­ri­niň çe­kil­me­gi­ne amat­ly şert dö­ret­män, eý­sem, ma­li­ýe-bank ul­ga­my­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge, do­lan­dyr­mak­ly­gy hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk­lyk­da gu­ra­ma­ga we ul­ga­myň hü­när­men­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri açar. 

                                                                   

Döw­let Mas­la­ha­tyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­mek we onuň yk­dy­sa­dy­ýe­te go­ýul­ýan möç­be­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­mak zerurdyr. Şo­ňa gö­rä-de, 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň in­no­wa­si­on ösü­şi­ni üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, gel­jek ýe­di ýyl­da 278,9 mil­liard ma­nat­dan gow­rak ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­di­ri­ler. Bu dö­wür­de zäh­met hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni 1,8 es­se art­dyr­mak, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­da­gyn­da 30 mü­ňe go­laý goş­ma­ça iş orun­la­ry­ny dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Köp san­ly önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar gur­lup ulan­ma­ga ber­ler. 

                                                                   

Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ryň uly möç­ber­ler­de gö­nük­di­ril­me­gi, oba ho­ja­ly­gy­na, te­le­ke­çi­li­ge ýe­ňil­lik­li karz­la­ryň be­ril­me­gi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy, çig mal­la­ryň se­na­gat taý­dan gaý­ta­dan iş­le­ni­lip, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ril­ýän gör­nüş­le­ri­ni we möç­ber­le­ri­ni kö­pelt­mek, da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän bö­le­gi­ni art­dyr­mak ba­ba­tyn­da giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi ýurt­da azyk we ha­ryt bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ösü­şi­ni şert­len­dir­ýär. Yk­dy­sa­dy kuw­wa­tyň art­ma­gy bol­sa, öz no­ba­tyn­da, ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga, ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si ýo­ka­ry bo­lan dün­ýä döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da bol­ma­gy­ny ga­zan­ma­ga ýar­dam ber­ýär. 

                                                                   

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da äh­li gör­ke­zi­ji­ler öza­ra bag­la­ny­şyk­ly, ka­da­ly ösü­şe eýe bol­ýar. Bu hem hal­ky­my­zyň bo­le­lin, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge esas dö­red­ýär.  

                                                                                                           

Baý­ram­dur­dy TAÝ­HA­ROW,

                       

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň bank işi ka­fed­ra­sy­nyň pro­fes­so­ry.

01.10.2022
Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si

Aş­ga­bat, 30-njy sent­ýabr (TDH). Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we bir­nä­çe res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mej­li­siň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa söz ber­di. Ol mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Döw­let Mas­la­ha­tyn­da öň­de go­ýan we­zi­pe­le­rin­den ugur alyp, hä­zir­ki wagt­da iş to­par­la­ryn­da ýur­du­my­zyň dur­mu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe ka­nun tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­ýar. Döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ryň bir­nä­çe­si­ne üýt­get­me­le­ri we goş­ma­ça­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça iş­ler ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu mas­la­hat­daky çy­ky­şyn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek mak­sa­dy bi­len, ka­nun­çy­lyk ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mä­ge, döw­let sy­ýa­sa­ty­ny wa­gyz et­mek we ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ry­ny ila­ta dü­şün­dir­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň iler­le­me­gi­ne ýar­dam ed­ýän anyk çä­re­ler iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ýar. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ser­dar Berdimuhamedow türk­men jem­gy­ýe­ti­niň hu­kuk esas­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek, jem­gy­ýet­de de­mok­ra­tik däp­le­ri pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň örän mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. 

                                                                   

Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry K.Ba­ba­ýew ýur­du­my­zyň ka­nun­çy­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Döw­let Mas­la­ha­tyn­da­ky mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­ky­şyn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­ler­den ugur alyp, hä­zir­ki wagt­da Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Mas­la­ha­ty we Mej­li­si döw­let eda­ra­la­ry, ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk hem-de wa­gyz-ne­si­hat iş­le­ri­ni ge­çir­ýär­ler. Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri­ne, ýer­ler­de ge­çi­ril­ýän mas­la­hat­la­ra gat­naş­ýar­lar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ag­za­lan mas­la­hat­da­ky çy­ky­şyn­da be­ýan edi­len we­zi­pe­le­riň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni ila­ta dü­şün­dir­ýär­ler. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­mak hem-de onuň baş­lan­gyç­la­ry­ny hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de iler­let­mek işi­ne goş­ýan go­şan­dy­nyň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň hem­me­ta­rap­la­ýyn üs­tün­lik­li ös­dü­ril­me­gi­ne we mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len we­zi­pe­le­ri çöz­mek üçin jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry bi­len bi­le­lik­de yzy­gi­der­li iş­le­ri alyp bar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow döw­let em­lä­gi­ni do­lan­dyr­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, amat­ly işe­wür­lik gur­şa­wy­ny dö­ret­mek we bu ul­gam­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan Döw­let em­lä­gi­ni bäs­le­şik esa­syn­da ynanç­ly do­lan­dyr­ma­ga ber­me­giň ter­ti­bi­niň tas­la­ma­sy iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy, işiň bu gör­nü­şi­ni ama­la aşyr­ma­gyň düz­gün­le­ri, ka­da­la­ry we şert­le­ri kes­git­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň döw­let em­lä­gi­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­li­li­gi­ni we onuň dü­şe­wünt­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne da­şar­ky we içer­ki ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mä­ge, döw­let em­lä­gi­ni do­lan­dyr­mak işi­ni kä­mil­leş­dir­mä­ge ýar­dam et­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň mad­dy-teh­ni­ki en­jam­la­ry we se­riş­de­le­ri sa­tyn al­ma­gy ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu mad­dy-teh­ni­ki en­jam­lar we se­riş­de­ler “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň Ba­ga­ja­nyň ga­zy aras­sa­la­ýan we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy ön­dür­ýän des­ga­sy­ny do­ly kuw­wa­ty­na çy­kar­mak ar­ka­ly “Ba­ga­ja” gaz kä­nin­de te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny hem-de su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň dur­nuk­ly we ne­ti­je­li işi­niň bu pu­da­gyň dü­züm­le­ri­niň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry tä­ze­le­mek, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de res­mi­na­ma­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de wi­se-prem­ýer “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ne­bit kän­le­ri­ni düýp­li öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan “Çe­le­ken” kä­ni­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän meý­dan­ça­la­ry düýp­li öz­leş­dir­mek, tä­ze ne­bit gu­ýu­la­ry­ny gaz­mak ar­ka­ly çy­ka­ryl­ýan ne­bi­tiň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bit­gaz ýa­tak­la­ry­ny ýo­ka­ry dep­gin­ler­de öz­leş­dir­mek, tä­ze gu­ýu­la­ry bu­raw­la­mak, pu­dak­la­ýyn tas­la­ma­la­ra is­leg bil­dir­ýän iri ugur­daş kom­pa­ni­ýa­la­ry çek­mek ar­ka­ly ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry A.Ýaz­my­ra­dow ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri we suw üp­jün­çi­li­gi­niň go­wu­lan­dy­ry­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bug­daý eki­şi ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra we möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­ýär, bug­daý eki­len meý­dan­la­ra gö­ge­riş su­wu­ny tut­mak bo­ýun­ça iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, pag­ta ýy­gy­my möw­sü­mi dep­gin­li do­wam ed­ýär, ýyg­nal­ýan ha­sy­ly pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul et­mek hem-de ha­sy­ly da­şa­mak­da ula­nyl­ýan teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li iş­let­mek üçin çä­re­ler gö­rül­ýär. 

                                                                   

We­la­ýat­lar­da eki­len güýz­lük ýe­ral­ma, gök we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne ideg et­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär, ýe­tiş­di­ri­len ha­syl ýit­gi­siz ýyg­na­lyp alyn­ýar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­ber­le­ri­ni yzy­gi­der­li art­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny has-da ös­dür­me­giň, ila­tyň giň gör­nüş­li hem-de ýo­ka­ry hil­li azyk önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­gi­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba­se­na­gat top­lu­my­ny kä­mil­leş­dir­me­giň il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­ri ba­ra­da aý­dyp, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni de­giş­li de­re­je­de we ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, wi­se-prem­ýe­re pag­ta ýy­gy­my hem-de bug­daý eki­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de mej­li­siň do­wa­myn­da wi­se-prem­ýer ýur­du­my­zyň ýu­ri­dik şahs­la­ry­na gur­lu­şyk we önüm­çi­lik mak­sat­la­ry üçin ýer bö­lek­le­ri­ni peý­da­lan­ma­ga ber­mek ha­kyn­da Buý­ru­gyň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­myz­da oba ho­ja­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dür­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň ön­dü­ril­ýän möç­be­rleri­ni art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li Buý­ru­ga gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Pur­çe­kow hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len ös­dü­ril­ýär hem-de in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar we öň­de­ba­ry­jy en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len hä­zir­ki za­man se­na­gat kär­ha­na­la­ry gu­rul­ýar, he­re­ket ed­ýän­le­ri­niň dur­ky tä­ze­le­nil­ýär. 

                                                                   

Ba­ha­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi we hil taý­dan ýo­ka­ry­ly­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän dür­li gör­nüş­li önüm­le­re uly is­leg bil­di­ril­ýär, ola­ryň gör­nüş­le­ri yzy­gi­der­li artdyrylýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na “Türk­me­nis­tan­da 2019 — 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na” la­ýyk­lyk­da, dür­li mak­sat­ly plas­tik kart­la­ryň, ýol he­re­ke­ti­ni saz­laý­jy dür­li gör­nüş­li yşyk­lan­dy­ry­jy­la­ryň we LED ýol bel­gi­le­ri­niň önüm­çi­lik­le­ri­ni ýo­la goý­mak ba­ra­da­ky tek­lip hö­dür­le­nil­di.  

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň elekt­ron se­na­ga­ty­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge hem-de is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­ri ön­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mu­nuň özi da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, ýur­du­myz­da ýol he­re­ke­ti­ni saz­laý­jy dür­li gör­nüş­li yşyk­lan­dy­ry­jy­la­ryň we LED ýol bel­gi­le­ri­niň ön­dü­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di we mun­dan beý­läk-de is­leg bil­di­ril­ýän önüm­le­riň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni öw­ren­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra wi­se-prem­ýer eko­lo­gik taý­dan aras­sa, yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li elektrik ener­gi­ýa­sy­ny al­mak üçin gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni giň­den ulan­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Ser­dar et­ra­byn­da kö­pu­gur­ly Gün we ýel elekt­rik stan­si­ýa­sy­ny gur­mak mak­sa­dy bi­len, Ener­ge­ti­ka mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bu ma­ýa go­ýum tas­la­ma­sy­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy­na gö­zeg­çi­lik et­mek hyz­ma­ty­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin mas­la­hat­çy kom­pa­ni­ýa­ny saý­lap al­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na bäs­le­şik­de ýe­ňi­ji bo­lan kom­pa­ni­ýa bi­len mas­la­hat ber­mek hyz­mat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak ba­ra­da de­giş­li şert­na­ma­ny bag­laş­mak hakyn­da­ky tek­lip hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni iş­jeň peýdalan­ma­gyň, il­kin­ji no­bat­da, ýur­du­my­zyň alys­da ýer­le­şen ilat­ly ýer­le­ri­ni, bar­ma­sy kyn bo­lan ýer­le­ri elekt­rik ener­gi­ýa bi­len üp­jün et­mek üçin ulan­ma­gyň giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, “ýa­şyl” ener­gi­ýa­ny ulan­mak bo­ýun­ça tä­ze tas­la­ma­la­ryň örän ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa­nyň çeş­me­le­ri bi­len bag­ly yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li des­ga­la­ry gur­ma­gyň göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ry­nyň äh­li­si­niň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ok­gun­ly ös­me­gi­ne ýar­dam et­jek­di­gi­ni nyg­ta­dy we wi­se-prem­ýe­re bu ba­bat­da anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew plas­tik önüm­le­ri­ ön­dü­ri­ji­le­riň işi­ne gol­daw ber­mek ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da po­lie­ti­len­den we po­lip­ro­pi­len­den önüm­le­ri ön­dür­ýän kär­ha­na­la­ryň on­lar­ça­sy he­re­ket ed­ýär. Önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň art­dy­ryl­ma­gy bi­len, iki­lenç çig mal hök­mün­de is­leg bil­di­ril­ýän po­li­mer­le­riň önüm­çi­lik ga­lyn­dy­la­ry eme­le gel­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän plas­tik önüm­ler da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek­de we eks­por­tyň möç­be­ri­ni art­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu ugur­da­ky iş­le­ri gi­ňelt­mek hem-de ýer­li ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­riň çig mal bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni gol­da­mak mak­sa­dy bi­len, wi­se-prem­ýer döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­li­bi hö­dür­le­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, se­na­gat pu­da­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­niň ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni we hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ola­ryň gör­nüş­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge, içer­ki, da­şar­ky ba­zar­lar­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz hö­dür­le­nen tek­li­bi ma­kul­lap, da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek hem-de ola­ry çig mal bi­len do­ly üp­jün et­mek, ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän bäs­deş­li­ge ukyp­ly önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça baş­la­nan giň ge­rim­li iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bu ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry M.Mäm­me­do­wa «Se­net­çi­lik we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty dün­ýä halk­la­ry­nyň mi­ra­syn­da» at­ly hal­ka­ra fes­ti­wa­ly ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Nyg­ta­ly­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 12 — 14-nji okt­ýab­ryn­da ge­çi­ril­jek dö­re­di­ji­lik fo­ru­my­na dün­ýä­niň bir­nä­çe döw­le­ti­niň we­kil­le­ri gat­naş­ma­ga is­leg bil­dir­ýär­ler. Hal­ka­ra fo­ru­myň çäk­le­rin­de dür­li gör­nüş­li me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na «Se­net­çi­lik we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty dün­ýä halk­la­ry­nyň mi­ra­syn­da» at­ly hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň me­ýil­na­ma­sy hö­dür­le­nil­di. 

                                                                   

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, öň­de bol­jak bu hal­ka­ra fes­ti­wa­lyň ýur­du­my­zyň da­şa­ry ýurt­lar bi­len ne­ti­je­li me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ni bel­le­di hem-de fo­ru­myň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi ba­bat­da wi­se-prem­ýe­re anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry N.Aman­ne­pe­sow şu ýy­lyň 10-11-nji okt­ýab­ryn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu ser­gä hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de da­şa­ry ýurt­la­ryň der­man se­riş­de­le­ri­ni we luk­man­çy­lyk mak­sat­ly önüm­le­ri, luk­man­çy­lyk, sport en­jam­la­ry­ny ön­dür­mä­ge, bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga ýö­ri­te­le­şen 30-dan gow­rak ýur­dun­dan 150-den gow­rak kom­pa­ni­ýa­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le-de ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de ge­çi­ril­jek yl­my mas­la­hat dün­ýä­niň 20-ä go­laý döw­le­tin­den da­şa­ry ýurt­la­ryň esa­sy ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň alym­la­ry­ny, pro­fes­sor­la­ry­ny bir ýe­re jem­lär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni ýur­du­my­zyň mö­hüm dur­muş ul­gam­la­ryn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak, äh­lu­mu­my bäh­bit­ler ug­run­da öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak, pi­kir we tej­ri­be alyş­mak mak­sa­dy bi­len, hal­ka­ra ser­gi­le­ri­dir mas­la­hat­la­ry yzy­gi­der­li gu­ra­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di hem-de wi­se-prem­ýe­re bu çä­re­le­riň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ril­me­gi­ne berk gö­zeg­çi­li­gi üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Türk­me­nis­ta­nyň Aý­lag­da ýer­leş­ýän ýurt­lar bi­len ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. 

                                                                   

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ýa­kyn Gün­do­gar se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu ugur­da yzy­gi­der­li çä­re­ler gö­rül­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, sentýabr­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Er-Ri­ýad şä­he­ri­ne bo­lan iş sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Şol ýer­de ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň hem-de Aý­lag­da­ky Arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň ara­syn­da stra­te­gik gep­le­şik­ler bo­ýun­ça bi­rin­ji du­şu­şy­ga gat­naş­dy. Türk­men ta­ra­py ener­ge­ti­ka, ulag, lo­gis­ti­ka, ma­ýa go­ýum­lar we söw­da ul­gam­la­ry­ny öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­kez­di. Mun­dan baş­ga-da, Er-Ri­ýad­da Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Hö­kü­met eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Dür­li ul­gam­lar­da bar bo­lan kuw­wat­ly, bi­le­lik­dä­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni na­za­ra al­mak bi­len, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Aý­lag döw­let­le­ri bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar me­se­le­si bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 13 — 17-nji iýu­nyn­da Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Bah­reýn Pa­ty­şa­ly­gy­na iş sa­pa­ry­nyň bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Sa­pa­ryň bar­şyn­da da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça no­bat­da­ky ge­ňeş­me­ler, Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň we beý­le­ki döw­let dü­züm­le­ri­niň, iri kom­pa­ni­ýa­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di. Ile­ri tu­tul­ýan ugur­lar­da iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. 

                                                                   

Şeý­le-de Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň 12 — 16-njy sent­ýabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­ne bo­lan gul­luk iş sa­pa­ry­nyň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. BAE-niň ugur­daş dü­züm­le­ri­niň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­len ge­çi­ri­len iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ryň bar­şyn­da dür­li ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­re ga­ral­dy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi bi­len “Abu Dha­bi Ports Com­pa­ny PJSC” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Aý­la­gyň we tu­tuş Ýa­kyn Gün­do­ga­ryň döw­let­le­ri bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge ça­lyş­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Mu­nuň üçin yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da we ma­ýa go­ýum­la­ry, ener­ge­ti­ka, ulag, kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we lo­gis­ti­ka, se­na­gat we inf­rast­ruk­tu­ra, yn­san­per­wer-me­de­ni gat­na­şyk­lar ýa­ly mö­hüm ugur­lar­da uly kuw­wat we giň müm­kin­çi­lik­ler bar. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de, hal­ka­ra hem-de se­bi­ta­ra dü­züm­le­riň ug­ry bo­ýun­ça, şol san­da “Mer­ke­zi Azi­ýa — Aý­lag­da­ky Arap döw­let­le­ri­niň hyz­mat­daş­lyk ge­ňe­şi­niň” çäk­le­rin­de öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny tas­syk­lap, wi­se-prem­ýe­re, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne bu ugur­da­ky iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­dir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň Baş di­rek­to­ry M.Ça­ky­ýew ýur­du­my­zyň de­mir ýol ulag­la­ry ul­ga­my­nyň işi­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. “De­mir ýol ula­gy ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­na, hal­ka­ra şert­na­ma­la­ra hem-de beý­le­ki ka­da­laş­dy­ry­jy hu­kuk na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, bu ul­gam­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän hyz­mat­la­ryň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek we hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak, de­mir ýol ula­gy­nyň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň üs­ta­şyr ulag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek üçin de­mir ýol dü­zü­mi­ne de­giş­li hä­zir­ki za­man des­ga­la­ry­nyň kuw­wa­tyn­dan do­ly de­re­je­de peý­da­lan­ma­ly­dy­gy­ny hem-de de­mir ýol bo­ýun­ça ýük da­şa­ly­şy­nyň möç­be­ri­niň has-da art­dy­ryl­ma­gy­ny ga­zan­ma­ly­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz agent­li­giň ýol­baş­çy­sy­na pu­da­gyň dü­zü­mi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri has-da iş­jeň­leş­dir­me­gi tab­şyr­dy. 

                                                                   

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Hö­kü­me­tiň mej­li­si­ni jem­läp, şu gün bir­nä­çe me­se­le­le­re ga­ra­lan­dy­gy­ny we mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi mun­dan beý­läk-de ok­gun­ly ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­la­ryň ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­di. 

                                                                   

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len mej­li­si­niň ahy­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lygyny, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny, eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

01.10.2022
Döwrebap bilim — wajyp wezipe

Ylym we tehnikanyň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 

                                                                   

«Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz 23-nji sentýabrda geçirilen Döwlet Maslahatynda nygtady.  

                                                                   

Eziz Diýarymyzda öňdebaryjy tejribelere, milli ýörelgelerimize esaslanyp, bilim işi yzygiderli kämilleşdirilýär, täze bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. 1-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bolsa ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleri has-da giňeltmäge, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine ýardam berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem talyp ýaşlara ýokary derejede bilim bermek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimizde öňdebaryjy tehnologiýalary we okuw-usulyýet serişdelerini peýdalanmak arkaly häzirki döwürde durmuşyň ähli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalardan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden baş çykarýan hünärmenler taýýarlanylýar. Institutymyzyň dünýäniň çar ýanyndaky ýokary okuw mekdepleriň arasynda dürli ugurlaryň, şol sanda bilim berlişiniň hiliniň göz öňünde tutulmagy netijesinde düzülýän halkara sanawlarda orun almagy biziň zähmetimiziň ýerine düşýändigini tassyklaýar. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan ýaşlara ýokary derejede bilim we terbiýe bermek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys! 

                                                                                                           

Ogultäç PENAÝEWA,

                       

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.

01.10.2022
Telekeçilik — Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji

Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda durmuşa geçirilýän çäreler türkmen işewürleriniň öňünde dürli ulgamlarda ýokary netijeleri gazanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň hususy pudagyna uly serişdeleriň goýlandygyny, telekeçileriň bolsa döwlete degişli bolmadyk ulgamyň gerimini giňeltmek işinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň tutuş halk hojalyk toplumynyň öndürijiligini artdyrmakda-da möhüm orun eýeleýändiklerini nygtaýar. Şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýurdumyzy ösdürmegiň jemlerine bagyşlanyp, 8-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde, şeýle-de ýedi aýda alnyp barlan işleriň netijeleri jemlenen 12-nji awgustdaky Hökümetiň göçme mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bazar ykdysadyýeti şertlerinde hususy telekeçiligiň işini ösdürmäge we höweslendirmäge aýratyn üns bermegiň, degişli düzümlerde täze önümçilikleri döretmegiň, olaryň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň zerurdygyny belledi. 

                                                                   

Beýan edilen görkezijiler kiçi we orta telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýedi aýda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy. Bu görkezijiler şu ýylyň sekiz aýynda, degişlilikde, 168,6 we 114,8 göterime deň boldy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda Diýarymyzyň işewür jemgyýetçiliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragynyň TSTB-niň agzasydygyny aýtmak gerek. Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär. 

                                                                   

Häzir ykdysadyýetini bazar gatnaşyklary ýörelgelerinde ýola goýýan ýurdumyzda halk hojalyk toplumynyň bu ulgamyny netijeli hem-de depginli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe, durmuş şertleri döredildi. Munuň özi telekeçiligiň, salgyt ulgamynyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny geçirmegiň, ýer böleklerini bermek düzgüniniň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz bermekde we telekeçiler üçin karz, gümrük hem-de söwda amallaryny resmileşdirmek işleriniň ýeňilleşdirilmeginde beýanyny tapýar. 

                                                                   

Bu çäreler “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” çäklerinde ýerine ýetirilýär. Şol Maksatnama ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, Türkmenistanda hususy öndürijileriň işlerini işjeňleşdirmek arkaly durmuş taýdan abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow kiçi we orta işewürligi goldamak boýunça maksatnamalaýyn işleri dowam etdirmegiň, onuň wekillerini halk hojalyk toplumyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmäge, kärhanalary döwlet eýeçiliginden aýyrmak işlerine giňden çekmegiň zerurdygyny belleýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiligini artdyrmak, ýurdumyzyň eksport harytlarynyň möçberini köpeltmek, elektron senagaty döretmek boýunça maksatnamalar netijeli durmuşa geçirilýär. Olaryň amala aşyrylmagyna TSTB-niň agzalary mynasyp goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, däp boýunça, bu guramanyň döredilen gününe gabatlanyp, her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň nobatdaky sergisini ýatlap geçmek gerek. Hormatly Prezidentimiz sergide görkezilen ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleriniň öndürýän önümleriniň hem-de senagat harytlarynyň görnüşleri bilen tanşyp, Türkmenistanda hususy ulgamy ösdürmek boýunça anyk işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini nygtady. Bu işler, ilkinji nobatda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” kesgitlenen wezipeleri üstünlikli çözmek bilen baglylykda möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz pul-karz we maliýe ulgamyna bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtap, telekeçilik ulgamynyň paýynyň artdyrylmalydygy hem-de onuň halk hojalyk toplumynda işjeň orun eýelemeginiň üpjün edilmelidigi barada pikirini aýtdy. Şu maksatlar bilen, kiçi, orta we iri hususy kärhanalara goldaw bermegi dowam etmek, hususy işewürlik üçin karz beriş maksatnamasyny giňeltmek, aýratyn-da, welaýatlarda täze iş orunlaryny döretmek maksatnamasyny düýpli seljermek barada görkezme berildi. Bu çäreler döwlete degişli bolmadyk ulgamyň wekilleriniň hem-de ýurduň raýatlarynyň işjeňligini höweslendirmek arkaly ozalky iş orunlaryny saklamaga we täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iýun aýynda degişli Karara gol çekendigi bellärliklidir. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň telekeçilerine döwlet tarapyndan goldaw berler. Munuň üçin ABŞ-nyň 150 million dollary bölünip berildi. TSTB-niň gazananlarynyň sergisiniň dowamynda ýurdumyzyň hususy haryt öndürijileri daşary ýurtly kompaniýalar bilen umumy bahasy ABŞ-nyň 145 million 398 müň 770 dollaryna barabar bolan 63 sany şertnamany baglaşdylar. Şolardan 16-sy ABŞ-nyň 3 million 247 müň 441 dollaryna deň bolan eksport ugurly we 47-si ABŞ-nyň 142 million 151 müň 329 dollaryna barabar bolan import ugurly şertnamalardyr. Şunuň bilen bir hatarda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň umumy bahasy 36 million 174 müň 933 manada deň bolan özara içerki söwda hakynda şertnamalaryň 51-sini baglaşandyklaryny bellemek möhümdir. Olar, esasan, azyk önümleriniň hem-de önümçilikde ulanylýan serişdeleriň söwdasyna degişlidir. 

                                                                   

TSTB-niň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň wajypdygyna birinji ýarym ýylda sanly ulgam arkaly daşary ýurtly kärdeşleri bilen geçirilen duşuşyklar hem şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen telekeçileriniň wekilleriniň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Moskwa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde rus kärdeşleri bilen geçiren duşuşyklaryny ýatlamak ýerlikli bolar. Duşuşygyň netijeleri boýunça supermarketleriň “Halk market” (Türkmenistan) söwda ulgamy bilen “Rusagro” (Russiýa) agroholdinginiň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda şertnama gol çekildi. Ol azyk ulgamynda, işewür toparlaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Iýul aýynda Özbegistanyň Buhara şäherinde geçirilen Türkmen-özbek sebitara forumynyň barşynda resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek boýunça resminamalar eksport-import söwda ylalaşyklaryny özünde jemleýär. 

                                                                   

Gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi ulgamy türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biridir. TSTB-niň agzalary önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we sport binalaryny, ýollary, raýat awiasiýasynyň düzümleýin desgalaryny hem-de beýlekileri gurýarlar. Bu gün hususy gurluşyk kompaniýalarynyň amala aşyrýan iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyklary, Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze “Daşkent” dynç alyş seýilgähiniň, Magtymguly Pyragynyň seýilgäh toplumynyň gurluşyklary bar. Şu günler TSTB-niň agzalary tarapyndan Köýtendag etrabynyň çäklerinde ýerleşen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň hem-de ençeme beýleki senagat kärhanalarynyň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. 

                                                                   

Birinji ýarym ýylda durmuş ähmiýetli desgalaryň ençemesi ulanmaga berildi. 24-nji martda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň demirgazygynda IIM-niň işgärlerine niýetlenen Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çärä gatnaşdy. Aprel aýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahana, maý aýynda bolsa Daşoguz welaýatynda 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy dabaraly açyldy. 

                                                                   

1-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda “Rowaç” kottejler toplumy açyldy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz TSTB-niň jemgyýetçilik iýmiti ulgamynda ýöriteleşen kärhanalary tarapyndan guralan milli we daşary ýurt aşhanalarynyň tagamlarynyň sergisine baryp gördi hem-de hususy ulgamyň önümleri bilen tanyşdy. 

                                                                   

Telekeçiler döwletiň azyk garaşsyzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýärler we öňlerinde goýlan maksada ýetmäge ymtylýarlar. Şol maksat bolsa Türkmenistany eksport ugurly kuwwatly ykdysadyýeti bolan ýurda öwürmekden ybaratdyr. Hususy önüm öndürijiler obasenagat toplumynyň özgerdilmegine goşantlaryny goşup, hojalygy ýöretmegiň täzeçil usullaryny işjeň çekýärler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, täze suwarymly ýerleri özleşdirmegiň, şol ekerançylyk ýerlerinde goşmaça oba hojalyk ekinlerini ekmegi, üsti ýapyk toprakda ýylyň dowamynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýän ýyladyşhana hojalyklaryny guramagyň hasabyna hasyllylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýärler. Bu bolsa içerki bazarlary haryt bilen baýlaşdyrmaga hem-de önümleriň eksporta iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler bakja, gök we miwe önümleriniň, ekzotik önümleriň önümçiligini yzygiderli artdyrýarlar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, olara bildirilýän ekologik hem-de howpsuzlyk kadalaryna-da laýyk gelmelidigini nygtaýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň alan ISO we NASSR halkara güwänamalary olaryň azyk önümleriniň hiliniň ýokarydygyna hem-de ekologik taýdan howpsuzdygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri içerki we daşarky bazarlara ýetirýän giň görnüşli täze önümleri bilen sarp edijileri ýygy-ýygydan begendirýärler. Oba hojalyk ulgamynda miweçilik hem-de üzümçilik hususy öndürijileriň alyp barýan işleriniň esasy ugurlarynyň birine öwrülýär. Ol köp babatda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň döredilmegi netijesinde häzir ileri tutulýan ugurdyr. Onuň ýer bölekleri dürli oba hojalyk önümlerini, şol sanda miweleri we ir-iýmişleri ösdürip ýetişdirmek üçin bellenilen tertipde bölünip berilýär. Şeýle-de TSTB-niň agzalary tarapyndan oba hojalyk, azyk hem-de senagat kärhanalaryny döretmek boýunça maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek babatda teklipleriň işlenip taýýarlanylandygyny bellemek gerek. Şol sanda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly gök önümleri, üzüm hem-de miweleri ösdürip ýetişdirmek, maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, häzirki zaman ýyladyşhanalaryny, azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammarlary gurmak ýaly teklipler işlenip taýýarlanyldy. 

                                                                   

Bitarap ýurdumyzyň alyp barýan “Açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde Diýarymyzyň telekeçilerine daşary ýurtlaryň işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Bütindünýä Söwda Guramasynda Türkmenistanyň işjeň synçy derejesiniň bolmagy ýurtda önümçilik düzümlerini ösdürmäge, eksport mümkinçilikleri artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge we halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna has işjeň goşulyşmaga uly mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Türkmen telekeçileri görnüşleri hemişe artýan önümleriniň eksporty babatda mümkinçiliklerini ýyl-ýyldan ýokarlandyrýarlar. Oba hojalyk önümlerinden başga-da, dokma pudagynyň önümleri hem-de dürli azyk harytlary eksport ugurly harytlaryň düzümine girýär. Eksport edilýän senagat harytlarynyň arasynda izogam, suwuk bitum goýatmasy, penopolistirol, polipropilen haltalary, suwuk senagat garyndysy, akkumulýator batareýalary we beýlekiler agdyklyk edýär. 

                                                                   

Tejribäniň görkezişi ýaly, ýurtda ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, oňa maýa goýumlaryň çekilmegi oňyn netijelerini berýär. Şu babatda Diýarymyzda durmuşda ulanylýan tehnikalary — gaz we elektrik peçlerini, howur peçleri, kiçi tolkunly peçleri, smart telewizorlary öndürijileriň işleri nusgalykdyr. Şol önümler daşary ýurtdaky ugurdaş harytlardan pes däldir we olar alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Şunuň bilen birlikde, TSTB-niň agzalary häzirki zamanyň senagat hem-de elektron önümleriniň, töleg terminallarynyň, okuw onlaýn-maksatnamalarynyň, “akylly” öý tehnologiýalarynyň önümçiligini üstünlikli özleşdirdiler. 

                                                                   

Telekeçiler hyzmat ediş ulgamynyň we söwdanyň ösdürilmegine maýa goýumlaryny goýýarlar, ilata giň gerimli durmuş, mahabat hem-de neşirýat hyzmatlaryny hödürleýärler. Türkmen işewür jemgyýetçiliginiň hünärmentçilik, amaly-haşam sungaty bilen meşgullanýan agzalarynyň işleri milli medeni mirasyň wagyz edilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, TSTB-niň milli keçe basmak sungatynda ussat gelin-gyzlaryň arasynda her ýyl bäsleşigiň guralmagyna gatnaşýandygyny bellemek gerek. Bu bäsleşigiň netijeleri awgust aýynyň başynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň medeni-dynç alyş merkezinde jemlenildi. 

                                                                   

Döwletiň hemmetaraplaýyn goldaw bermegi esasynda Diýarymyzyň telekeçiligi önümçilik we önümçilik däl ulgamlarda, eksport babatda hem-de daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlaryň önümçiliklerini ösdürmekde, hyzmatlar ulgamyny öňe ilerletmekde we ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmekde geljekde-de ösmegiň oňaýly mümkinçiliklerine eýedir. 

                                                                   

TSTB-niň ýokary okuw mekdebiniň açylmagynyň maksat edinilmegi hem hususy işewürligiň mümkinçiliginiň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Iýul aýynyň ilkinji ongünlüginde bu ýokary okuw mekdebiniň dabaraly ýagdaýda düýbi tutuldy. Okuw binalarynyň dördüsinden we her biri 300 orna niýetlenen talyplar umumy ýaşaýyş jaýynyň iki binasyndan, şeýle-de kitaphanadan, naharhanadan, üsti ýapyk we açyk sport toplumyndan ybarat bolan häzirki zaman toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Desgany 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmen telekeçileriniň öňünde täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda kesgitlenen çäreleri, şol sanda iri döwlet buýurmalaryny hem-de maýa goýum taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly täze wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde işewürligi ösdürmek, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna geçirmek we täzeçil önümçilikleri guramak maksady bilen, Türkmenistanda 2018-nji ýylda TSTB-niň teklibi bilen döredilen ýurduň kiçi we orta telekeçiligini goldamak baradaky gaznanyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi. 

                                                                   

Şeýle-de döwlet Baştutanymyz sarp ediş önümleriniň, aýratyn-da, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça işleri güýçlendirmegiň, içerki bazaryň önümler hem-de ilkinji zerurlyk hökmünde ulanylýan beýleki harytlar bilen üpjün edilişini gowulandyrmagyň ähmiýetini nygtady. TSTB-niň kärhanalaryna kömek bermäge, oňaýly işewürlik ýagdaýlaryny döretmek arkaly kiçi, orta we iri işewürligi yzygiderli goldamaga degişli käbir görkezmeler berildi. Her welaýatda, etrapda we şäherde döwrebap önümçilikleri, täze iş orunlaryny döretmek, Türkmenistanda öndürilen ýokary hilli önümleriň eksportyny giňeltmek möhüm talaplaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetde döwletiň eýeleýän paýyny azaltmak boýunça işleri çaltlandyrmagyň we onda hususy ulgamyň paýyny artdyrmagyň zerurdygyny nygtady. 

                                                                   

Ýurdumyzyň telekeçiliginiň geljek üçin uly maksatlary bar. Netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň işlenip taýýarlanylan we hemişe kämilleşdirilýän usullary bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän möhüm wezipelerini çözmek işi öňde durýar. Şol usullar olary üstünlikli amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. 

                                                                                                           

(TDH)

30.09.2022
Önüm öndür, öz paýyňy al!

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiren mejlisinde ýer eýeleriniň önüm öndürmäge bolan höwesini artdyrmak, hasyllylygyň derejesini ýokarlandyrmak, hojalyklardaky mallaryň iým üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen möhüm Karara gol çekdi. 

                                                                   

Resminama laýyklykda 2022-nji ýylyň hasylyndan başlap, ýerleriň kärendeçilerinden, peýdalanyjylaryndan we eýelerinden döwlet tabşyrygy esasynda kabul edilýän bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň 50 göterimini gaýtadan işlemekden alynýan kepegi, saruny, künjarany we şugundyr lötüni, degişlilikde, önüm öndürijilere döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalardan satmak bellenildi. Döwletimiz tarapyndan ýer eýeleriniň bol önüm öndürmekleri üçin edilýän şeýle aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagyna hem oňyn täsirini ýetirýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygynda başlangyjyny goýan özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň ynamly dowam etdirmegi bilen ýeriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga has uly üns berilýär. Oba hojalyk önümçiligine ornaşdyrylan ykdysady usullaryň bütin ýurduň ösüşlerine ýetirýän täsirini bu gün anyk görmek bolýar. Welaýatymyzyň ilatynyň saçagynda çörek, et, ýumurtga we beýleki azyklyk önümleriň bolçulygy üpjün edilýär. Ýene bir guwandyryjy ýagdaý: önüm öndürijileriň bol hasyl öndürmäge bolan höwesleri artýar. Sebäbi hormatly Prezidentimiz oba hojalyk önümlerini öndürijileriň zähmetine belent sarpa goýýar. Olary höweslendirmek üçin ýeňillikleriň sanawyny yzygiderli baýlaşdyrýar. Köp önüm öndürýän zähmet adamlaryny sylaglaýar, hormatly atlary dakýar. Bu bolsa zähmet çekýän adamyň gadyrynyň bilinýändigini hem görkezýär. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen önüm öndürijilere eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, döwlet tarapyndan düýpli goldawlar berilýär we dürli ýeňillikler döredilýär. Dökün, suw, tehnika bilen baglanyşykly döredilen ýeňillikler, önüm üçin salgytlaryň bolmazlygy ýer eýeleriniň bol hasyl almaga bolan höweslerine höwes goşýar. Döwlet Baştutanymyzyň şu möhüm Karary hem oba hojalyk önümlerini öndürijileriň işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrar. Munuň üçin ýer eýeleri hormatly Prezidentimize ak ýürekden alkyş aýdýarlar. 

                                                                                                           

Ilmyrat BERDIÝEW.

29.09.2022
Halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine goşant üçin sylaglar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini gutlady 

                                                                   

 Aşgabat, 28-nji sentýabr (TDH). Şu gün Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli “Oguz han” köşkler toplumynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasy boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa dabaraly çäräniň geçirilmegine taýýarlyk barada hasabat berdi. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz hasabaty kabul edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenmek bilen, Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň dabaraly harby ýörişi geçip, berkarar Watanymyzyň goranyş kuwwatynyň kämilligini we Ýaragly Güýçlerimiziň ýokary taýýarlygyny ýene bir gezek görkezendigini belledi. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri has-da ösdürildi. Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrinamyza laýyklykda, onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy. Harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen çäreler yzygiderli durmuşa geçirildi. Biz bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdireris diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli, şeýle-de ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini üpjün etmäge uly şahsy goşant goşan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny, harby gullukçylary we işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli Permanlara gol çekdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda, goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň Permanlaryny okady. 

                                                                   

 Soňra döwlet Baştutanymyz milli howpsuzlyk ministri, polkownik G.Annaýewi Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglady. 

                                                                   

Milli howpsuzlyk ministri sylagy hoşallyk bilen kabul edip, harby borja, Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz wepalylyk kasamyny aýtdy. 

                                                                   

Soňra döwlet Baştutanymyz içeri işler ministri, polisiýanyň podpolkownigi M.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakdy. 

                                                                   

 Içeri işler ministri Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize hemişe wepalylyk kasamyny ýerine ýetirdi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Baş prokuror, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini berdi. 

                                                                   

Baş prokuror berlen hünär derejesini hoşallyk bilen kabul edip, hormatly Prezidentimize, Watanymyza hemişe wepalylyk kasamyny aýtdy we geljekde-de öz mukaddes watançylyk borjuny abraý bilen berjaý etjekdigine ynandyrdy. 

                                                                   

Harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowa ýokary ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda parahatçylygyň we asudalygyň üpjün edilmeginiň, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäkleriniň ygtybarly goralmagynyň we kanunylygyň, hukuk tertibiniň pugta berjaý edilmeginiň bähbidine ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. 

                                                                   

Döwlet Baştutanymyz sylaglanylanlary döwlet sylaglaryna, nobatdaky harby we ýörite atlara, şeýle-de hünär derejelerine mynasyp bolmaklary hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni bilen ýene bir ýola gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdi. 

                                                                   

 *** 

                                                                   

Şu gün “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. 

                                                                   

Mukaddes harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirip, sylaglara mynasyp bolan harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna yzygiderli aladalary hem-de ýokary ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de döwletimiziň parahatçylygyny we asudalygyny, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mukaddes çäkleriniň eldegrilmesizligini, kanunylygyň hem-de hukuk düzgün-tertibiniň berk berjaý edilmegini üpjün etmegiň bähbidine tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

29.09.2022
Telekeçilige — giň ýol!

Il-gün bähbitli tagallalar 

                                                                   

Ajap eýýamymyzyň beýleki ýyllarynda bolşy ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da telekeçiligi ösdürmekde, hususyýetçilige döwlet tarapyndan goldaw berilmeginde uly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa Garaşsyz döwletimizde haryt bolçulygynyň döredilmegine kuwwatly itergi berýär. Telekeçiligiň öndüriji güýç hökmünde geriminiň giňelmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikler açylýar.  

                                                                   

Telekeçileri hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegine jemlemekde, hususyýetçilerimizi jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän wakalara giňden çekmekde welaýat komitetimiziň işgärleri we işjeň agzalary ähli tagallalary edýärler. Bu babatda biz telekeçileriň arasynda wagyz-nesihat işini şu günüň talabyna laýyk alyp barýarys. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň ýokary zähmet ýeňişlerine beslenip, taryhy wakalaryň dabarasynyň belentden ýaňlanmagyna özümiziň mynasyp goşandymyzy goşýarys. 

                                                                   

 Maral DURDYÝEWA. 

                                                                   

 TSTP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.

29.09.2022
Sanly ulgam ― çäksiz mümkinçilik

Bank we maliýe ulgamy «Sanly ykdysadyýet» düşünjesinde ykdysadyýetiň bu täze görnüşiniň iň işjeň ulanylyp boljak ugurlarynyň biri hökmünde ýadyňa düşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hut şeýle hem edilýär. Bu günki gün ýurdumyzyň bank we maliýe edaralarynda ilata edilýän hyzmatlary döwrebaplaşdyrmak, başgaça aýtsak, sanlylaşdyrmak babatynda köpsanly işler durmuşa geçirildi. Bu netijeli işler ýurdumyzyň banklarynyň Lebap welaýatyndaky müşderileri bilen bilelikde alyp barýan işinde hem aýdyň görünýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, şu ýylyň 1-nji sentýabryna çenli bank kartlaryny edinen Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň sany 819 müň 427 adama (ýurdumyz boýunça 5 million 14 müň 332 adam) ýetdi. Şolaryň deň ýaryndan gowragy ― 407 müň 299-sy «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderileridir. Şeýle hem welaýatymyzda 146 müň 95 adam «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň, 108 müň 896 adam «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň kartlaryny ulanýar. Ýokarda görkezilen sanyň galan bölegi ýurdumyzyň beýleki banklarynyň müşderilerine degişlidir. 

                                                                   

Häzirki wagta çenli ýurdumyzyň etrap-şäherlerinde oturdylan 2 müň 147 bankomatyň 441 sanysy biziň welaýatymyzda ýerleşýär. Welaýatymyz nagt pul çykaryp almaga we nagt däl hasaplaşyklaryň birnäçesini geçirmäge mümkinçilik berýän bankomatlaryň sany boýunça Aşgabat şäherinden we Mary welaýatyndan soň üçünji orny eýeleýär. Welaýatymyzda «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň bankomatlary has köpdür. Has takygy, Jeýhunyň goşa kenaryndaky etraplardyr şäherlerde ýerleşdirilen bankomatlaryň 265-si bu banka degişli. Ikinji orny 76 bankomat bilen «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik banky, üçünji orny bolsa 49 bankomat bilen «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky eýeleýär. 

                                                                   

Şu aýyň ilkinji gününiň maglumatlaryna görä, welaýatymyzda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän POS terminallaryň sany 7 müň 361-e çykdy. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitleriniň arasynda iň ýokary görkezijidir. Şol terminallaryň 2 müň 518-si «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň müşderilerine degişli. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda tutuş ýurdumyzdaky POS terminallarynyň sany 41 müň 638-e çykdy. Bu bolsa 2016-njy ýyldakydan tas 8 esse kändir. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde täze terminallaryň 567-si işläp başlady. 

                                                                   

Maglumatlar ýurdumyzyň banklarynyň welaýatymyzdaky müşderileriniň «Internet banking» we «Mobil banking» hyzmatlaryndan has işjeň peýdalanýandygyny görkezýär. Anyk mysallara salgylansak, ýurdumyz boýunça «Internet banking» hyzmatynyň müşderileriniň sany 888 müň 501 adama ýetdi. Şunça müşderiniň 203 müň 60-sy welaýatymyzda ýaşaýar. Bu bolsa ýurdumyz boýunça iň ýokary görkezijidir. Şol müşderileriň hem 75 müň 332-si «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna degişli. 

                                                                   

Ýurdumyz boýunça «Mobil banking» hyzmatyndan peýdalanýan 56 müň 461 müşderiniň 14 müň 731-si biziň welaýatymyzda ýaşaýar. Welaýatymyz bu babatda hem iň ýokary görkezijä eýe. Bu gezek hem 4 müň 265 müşderi bilen «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky öňe saýlanýar. 

                                                                   

Ýeri gelende aýtsak, milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden has kän peýdalanmak hormatly Prezidentimiziň hem bildirýän esasy talaplarynyň biridir. Bu işi döwrebap usulda ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikler hem döredilýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisleriniň birinde hem nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň karz edaralary sanly ulgam boýunça mümkinçiliklerini barha artdyrýarlar. Bu işler geljekde-de dowam etdiriler. 

                                                                                                           

Agageldi ITALMAZOW,

28.09.2022
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Watanymyzyň Garaşsyzlygy halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýadydyr

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy 

                                                                   

 Aşgabat, 27-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmenistanlylar umumymilli ruhubelentlik we şatlyk ýagdaýynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny belleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. 

                                                                   

Gündogaryň ajaýyp şahyry hem-de akyldary Magtymguly Pyragynyň çuň manyly goşgy setirlerinde waspy ýetirilen türkmen halkynyň garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl boldy. Watanymyzyň iň täze taryhy hut şu ykbal çözüji pursatdan gözbaş alýar. Bu gün Garaşsyzlygyň Türkmenistanyň dünýäniň durnukly ösýän döwletleriniň biri hökmünde berkarar bolmagy, daşary ýurtlar, iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ygtybarly binýady döredendigini ynamly aýtmak bolar. Halkara bileleşik tarapyndan bildirilen uly ynam we hormat-sarpa ýurdumyzyň oňyn başlangyçlarynyň giňden goldanylmagyny şertlendirdi. Şol başlangyçlar häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny kemala getirmäge, ulag ulgamynda, ekologiýada, daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Taryh üçin gysga döwrüň içinde Türkmenistanda döwlet we jemgyýetçilik gurluşy ulgamy ep-esli kämilleşdirildi, iri möçberli durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi tanalmaz derejede özgerdi, agzybir türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda, parahat we asuda ýaşamagy, tutanýerli zähmetiniň hözirini görmegi üçin ähli şertler döredilýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara laýyklykda, soňky ýyllarda dürli maksatly, ilkinji nobatda, durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

Ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygyny, däp bolşy ýaly, ajaýyp üstünlikler we zähmet ýeňişleri bilen belleýär. Şol üstünliklerdir ýeňişleriň her biri häzirki Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy şu ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy. Saýlawlar giň bäsdeşlik, açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçdi. Ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegi türkmenistanlylaryň erk-islegini erkin beýan etmeginiň kepili boldy. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berdi. 

                                                                   

“Meniň baş maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň esaslaryny has-da berkidip, ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow golaýda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden çykyşynda aýtdy we döwlet syýasatynyň geljekki esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk baýramy mähriban halkymyzyň durmuşynda diňe möhüm sene bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçen ýolumyza baha bermek, gazanan üstünliklerimiziň ähmiýetine düşünmek we öňde duran wezipeleri kesgitlemek üçin hem ajaýyp mümkinçilikdir. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň bu çylşyrymly döwürde alyp baran çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ynamly we depginli ösüşini, maliýe-durmuş taýdan durnuklylygyny üpjün etdi. Ösüşiň senagat-innowasion ýoluny dowam etdirmäge, tebigy, mineral-çig mal we adam mümkinçiliklerimizi peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna eziz Watanymyzyň ähli künjeginde şu günler köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlaryň guralýandygyny bellemek gerek. Şolarda täze taryhy eýýamyň döredijilik güýji öz beýanyny tapýar.  

                                                                   

Asylly däbe görä, milli senenamamyzyň şanly senesiniň hormatyna esasy dabaralar köp sanly myhmanlary baýramçylyk lybasynda garşylan Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. 

                                                                   

...Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada Milli goşunyň harby gullukçylary nyzama düzüldi. Sagat 10:00. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow münbere çykýar. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň Birleşen harby orkestri tarapyndan dabaraly saz çalynýar. 

                                                                   

Ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy ruhubelentlik bilen mübärekleýärler. Däp bolşy ýaly, baýramçylyk dabaraly harby ýörişden başlanýar. Onuň barşynda eziz Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döwletimiziň mukaddes serhetleriniň hem-de özygtyýarlylygynyň gazananlarynyň goragynda duran Watan goragçylarynyň ýokary hünär derejesi görkezildi. 

                                                                   

Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowdan Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe başlamaga rugsat soraýar. 

                                                                   

 Döwlet Baştutanymyz dabaraly harby ýörişiň başlanmagy barada görkezme berýär. 

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça harby ulgamda başy başlanan giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine döwrebap usullar hem-de sanly ulgamlar ornaşdyrylýar, olaryň işgärler kuwwaty berkidilýär, harby gullukçylaryň durmuş meseleleri üstünlikli çözülýär. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň 5-nji iýulynda geçirilen mejlisinde tassyklanan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralaryny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamalary munuň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şol resminamalar diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň düzgünlerine laýyklykda, hemişelik Bitaraplyk syýasatyny nazara almak arkaly işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamalarda kesgitlenen strategik wezipelere laýyklykda, häzirki wagtda döwletimiziň goranyş ukybyny mundan beýläk-de berkitmek, onuň ýokary derejede howpsuzlygyny we çäk bitewüligini üpjün etmek, ýurdumyzda kanunylygy, hukuk tertibini saklamak, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak boýunça anyk çäreler görülýär. 

                                                                   

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümi ata-babalarymyzyň Watana wepaly gulluk etmek baradaky şöhratly däplerini abraý bilen dowam etdirýärler hem-de Hökümetiň hemişelik aladasyna mynasyp jogap edip, iň täze tehnikalara we ýaraglara ussatlyk bilen erk edýändiklerini, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler. Watan goragçylary öz üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirenlerinde, goranyş häsiýetli Harby doktrinanyň maksatlaryndan ugur alýarlar. 

                                                                   

...Dabaraly harby ýörişiň serkerdesi R.Aýazow goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýewe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň gözden geçirilişe taýýardygy barada hasabat berýär. Goranmak ministri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary hasabaty kabul edeninden soňra, dabaraly ýörişe gatnaşýan şahsy düzümiň nyzamly hataryny gözden geçirmäge başlaýar we dabaraly harby ýörişe gatnaşýanlar bilen salamlaşýar. Olaryň hatarynda harby gullukçylar we ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň, beýleki mekdepleriň talyplary, esgerler hem-de Milli goşunyň serkerdeleri egin-egne berip durlar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar. Eziz Watanymyzyň mukaddes ýaşyl tugy ähli nesilleriň milli buýsanjynyň we watansöýüjiliginiň nyşany bolup, türkmenistanlylary edermenlige, zähmet üstünliklerine, ähli ulgamlarda täze sepgitleri eýelemäge ruhlandyrýar. 31 ýylyň dowamynda Watanymyz Döwlet baýdagynyň astynda özüniň iň täze taryhyny döredýär we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gidip, belent sepgitlere eýe bolýar, garaşsyz ösüşiň, Bitaraplyk hukuk derejesiniň täsin nusgaly döwleti hökmünde bütin dünýäde ykrar edilýär... 

                                                                   

Meýdançada nyzama düzülen serkerdeler, esgerler we harby talyplar ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýdýarlar. Milli goşunymyzyň harby gullukçylary diňe bir nesilden-nesle geçip gelýän şöhratly däpleri aýawly saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalydyklaryny hem görkezýärler. Biziň şöhratly taryhymyzda baýdaga hemişe mukaddeslik hökmünde garapdyrlar. Ähli döwürlerde söweşjeň baýdaga baş eglipdir, onuň öňünde Watana wepalylyk kasamy kabul edilipdir. Ýurdumyza we halkymyza wepaly gulluk etmek türkmenlerde hemişe uly hormat-sarpa hasaplanylypdyr. Häzirki döwürde söweşjeň baýdaklar Watan goragçylarynyň buýsanjy we şöhratydyr. Olar Watanymyzyň bitewüligini we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň goragçylaryna zerur bolan söweşjeň ruhy artdyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, däp bolşy ýaly, dabaraly harby ýöriş baýdak göterijiler toparynyň çykyşy bilen başlanýar. Hormat garawulynyň aýratyn batalýonynyň esgerleri dabaraly sazyň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny hem-de goşun görnüşleriniň söweşjeň baýdaklaryny meýdançadan alyp geçýärler. Soňra münberiň öňünden Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary geçýärler. Türkmen topragynyň edermen ogly, gaýduwsyz frontçy we göreldeli mugallym, hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly häzirki ýaşlar üçin hakyky watançylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. 

 Zenan harby gullukçylar şu dabaraly harby ýörişiň bezegine öwrüldi. Olar ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda mähriban Watanymyza wepaly gulluk edýärler. Olaryň yzysüre Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk edýän serkerdeler batalýony — özleriniň harby we raýatlyk borjuny abraý bilen ýerine ýetirýän söweşjeň taýýarlygyň ussatlary geçýärler. Şolaryň hatarynda Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary bar. 

                                                                   

Milli harby hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmäge isleg bildirýän ýaş türkmenistanlylaryň harby okuw mekdeplerinde okamaklary üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda hereket edýän ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň hiline we netijeliligine, hünär ussatlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, döwrebap tehnikalary dolandyrmak tälimlerini kämilleşdirmäge uly üns berilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň hormatyna guralan şu gözden geçirilişe Harby institutyň we Harby-deňiz institutynyň talyplary hem gatnaşdylar. Olaryň yzy bilen münberiň öňünden sazlaşykly gadam urup, Içeri işler ministrliginiň institutynyň, Serhet institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň harby talyplary geçýärler. Bu ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde okuw-terbiýeçilik işi döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär. 

                                                                   

Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün etmek işine motoatyjy esgerler hem saldamly goşant goşýarlar. Olar ýokary harby ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Olary türkmen uçarmanlarynyň batalýony çalyşýar. Uçarmanlar döwrebap uçarlara başarjaňlyk bilen erk edip, Watanymyzyň asmanynyň asudalygyny ygtybarly goraýarlar. Soňra meýdançadan tankçylar batalýony geçýär. Olar iň döwrebap we kuwwatly tanklara başarnykly erk edýärler. Şu gözden geçirilişe artilleriýa we asmana atyjylar diwizionlarynyň harby gullukçylary, şeýle hem deňiz-pyýada batalýonynyň şahsy düzümi hem gatnaşdy. Harby okuw-tälim çäreleriniň barşynda olar ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. 

                                                                   

 Meýdançadan dabaraly harby ýöriş bilen Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň “Türkmen edermen” ýörite maksatly batalýony geçýär. Onuň harby gullukçylary halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran Görogly beg, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Baýram han, Soltan Jelaleddin ýaly gaýduwsyz serkerdeleriň watançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, harby borjuny birkemsiz ýerine ýetirýärler. Toparlaryň ykjamlygy öz öňlerinde duran söweşjeň wezipeleri takyk we dessin ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmen edermen” diýlip atlandyrylan bu bölümiň harby gullukçylarynyň tapawutly aýratynlygy söweşjeň, amaly we beden taýýarlygynyň ýokary derejesinden ybaratdyr. Bu düzümiň nyşanynda alabaýyň şekiliniň bolmagy tötänden däldir. Çünki onda şol häsiýetleriň hemmesi jemlenendir. 

 Mälim bolşy ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda ahalteke bedewleri gaýduwsyz ýigitlerimiziň wepaly ýoldaşy, baýramçylyklarda olaryň ýakyn dostlary bolupdyr. Mähriban halkymyzyň buýsanjy we şöhraty bolan ganatly bedewler täze taryhy eýýamda öňe, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylmanyň aýdyň nyşany bolup durýar. Gadym döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler Watan goragçylarynyň we hukuk tertibiniň goragynda duranlaryň ygtybarly kömekçileridir. Şunuň bilen baglylykda, asylly däbe görä, dabaraly harby ýörişi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary dowam etdirýärler. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna gelip gowşan iň häzirki zaman harby tehnikalarynyň gözden geçirilişi türkmen döwletiniň goranyş ukybynyň ýokary derejesini, häzirki döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmaga taýýardygyny görkezýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar harby we hukuk goraýjy edaralaryň gündelik işinde netijeli ulanylýar. Munuň özi serkerdelerdir esgerlere öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam edýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde Hazarda Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goragynda sak duran hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny, mähriban halkymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän Harby-deňiz güýçleriniň abraýy barha artýar. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde harby flotuň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, gämileri, iň täze tehnikalary we enjamlary satyn almak, öz gämilerimizi gurmak boýunça netijeli çäreler görülýär, harby deňizçileriň söweşjeň we nazaryýet taýýarlygy ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde Hazar deňzindäki flotuň akwatoriýasyna geçirilýän flotiliýanyň baýramçylyk ýörişi munuň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 

                                                                   

Dabaraly harby-deňiz ýörişi Harby-deňiz güýçlerine gelip gowşan hem-de iň döwrebap ýaraglar bilen ýaraglandyrylan “Deňiz han” atly korwet taslamaly söweşjeň gämi bilen başlanýar. Şu ýylyň 10-njy awgustynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň günbatar sebitde ýerleşen Harby-deňiz güýçleriniň “Garşy” deňiz birikmesine gelip, bu harby gäminiň söweşjeň mümkinçiligi, tehniki häsiýetnamalary we aýratynlyklary bilen tanşandygyny ýatlatmalydyrys. Onuň yzysüre “Edermen” we “Gaýratly” raketa gämileri geçýärler. Harby flotuň gözden geçirilişini “Galkan” kysymly serhet gorag gämileri dowam etdirýärler. Olar ýurdumyzyň deňiz serhetleriniň howpsuzlygyny üpjün edýärler. 

                                                                   

Soňra döwrebap ýerüsti harby tehnikalaryň nobaty gelýär. Münberiň öňündäki meýdançadan goşunlaryň dürli kysymlaryna degişli bolan harby tehnikalar geçip başlaýarlar. Dabaraly harby ýörişiň öňüni “Taýfun” kysymly köpugurly sowutlanan awtoulag çekýär. Onuň yzy bilen Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen “Dongfeng Mengshi” kysymly awtoulaglar geçýärler. 

                                                                   

 Şu gezekki harby ýörişe “Titan-DS” kysymly harby ulag hem gatnaşdy. 

                                                                   

Dabaraly harby ýörişi «Türkmen edermen» ýörite maksatly bölümler üçin niýetlenen «XP-1000», «MV 850» we «Big boss 570» kysymly motoulaglar dowam edýär. Olar hem häzirki zaman motoulaglarda pesden uçýan dikuçarlary we sowutlanan tehnikalary ýok etmek üçin niýetlenendir. Ýörite harby operasiýalary geçirmekde «MRZR 2», «MRZR 4» kysymly harby awtoulaglara we olaryň ýokary söweşjeň takyklyga eýe bolan ýaraglaryna, şeýle hem «Dagor» kysymly harby awtoulaglara möhüm orun degişlidir. Olar geçmesi kyn we ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply bolan ykjam, kuwwatly taktiki ulag serişdeleri bolup, ýörite maksatly toparlaryň gullugynda ulanylýar. 

                                                                   

Dabaraly harby ýörişiň hataryny “Land Rover” hem-de «Nimr Ajban» kysymly ýeňil harby awtoulaglar, “Karakal” kysymly tanka garşy raketa atyjy toplumyň awtoulagy dowam edýär. Soňra meýdança «Nimr» hem-de «Al Shibl 2» kysymly sowutlanan awtoulaglar gelýärler. Olaryň kömegi bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly toparlarymyz söweşjeň gulluk alyp barýarlar we öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler. 

                                                                   

Baýramçylyk mynasybetli dabaraly harby ýörişden “BTR-80A” kysymly söweşjeň we suwda ýüzüji tehnikalar geçýärler. Ot açyş kuwwaty, tizligi, desantirlemek mümkinçilikleri boýunça söweşjeň ulag hemmetaraplaýyn kämilleşdirilýär. Soňra «Bars», “Titan DS” kysymly sowutlanan awtoulaglar geçýärler. Olaryň üstünde pesden uçýan dikuçarlary ýok etmek üçin niýetlenen pulemýotlar bar. 

                                                                   

Şu dabaraly harby ýörişde “BMC Kirpi MRAP” kysymly sowutlanan harby awtoulaglar hem görkezildi. Awtoulagyň söweşjeň hasaby pulemýotlar hem-de göçme asmana atyjy raketa toplumlary bilen geçýär. Ikinji mehanizirlenen kerwen ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň guryýer goşunlarynyň esasy urgy toparlaryna wekilçilik edýän ýöriteleşdirilen ulag serişdelerinden ybaratdyr. Ilkinji hatarlarda kuwwatly “T-90S” tanklary, “BMP-2D” hem-de “BMP-3” kysymly häzirki zamanyň iň kämil söweş tehnikalary bar. 

 Soňra dabara gatnaşyjylara “ZSU-23-4 Shilka”, “Strela-10” we “Kub” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary görkezilýär. Olar howanyň dürli şertlerinde pesden uçýan uçarlary, dikuçarlary hem-de ganatly raketalary ýok etmäge niýetlenendir. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň netijesinde raketa we artilleriýa goşunlarymyz kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi. “2S1 Gwozdika” kysymly özi hereket edýän söweş tehnikalarynyň bu goşunlarda ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Olaryň kömegi bilen garşydaşyň dolandyryş nokatlary, sowutlanan tehnikalary we şahsy düzümi hatardan çykarylýar. 

                                                                   

Soňra münberiň öňünden “KamAZ» kysymly çekiji awtoulag «D-30» kysymly toplary, şeýle hem «MAN» kysymly çekiji awtoulag «D-20» kysymly agyr toplary bilen geçýärler. Milli senenamamyzyň şanly senesi mynasybetli şu günki dabaraly harby ýörişde 122 millimetrlik «BM-21A BelGrad» kysymly reaktiw ulgam hem-de «Smerch» kysymly reaktiw ulgam görkezilýär. Olar ýokary söweşjeň mümkinçiligi, takyklygy we kuwwaty bilen tapawutlanýar. Üçünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde uçarmansyz uçýan enjamlar bar. Olar soňky ýyllarda Milli goşunymyzyň harby bölümlerinde netijeli ulanylýar. Şolaryň arasynda dünýäde iň gowularyň hatarynda tanalýan “Bayraktar TB2” enjamy bar. Görkezilen “Falco” hem-de “Sky Striker” kysymly söweşjeň uçarmansyz uçýan enjamlar aňtaw maglumatlaryny ýygnamaga, garşydaşyň sowutlanan tehnikalaryny we dolandyryş ulgamyny ýörite maksatly toparlar arkaly hatardan çykarmaga niýetlenendir. 

                                                                   

Dabara gatnaşyjylara şeýle-de “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar hem-de Içeri işler ministrliginiň ygtyýaryndaky “AutoGyro Сavalon” kysymly dikuçar görkezilýär. “Land Rover” kysymly awtoulag ýörişi dowam edýär. Onuň üstünde “Rode Schwarz” kysymly aragatnaşyk toplumy ornaşdyrylypdyr. Olaryň yzy bilen “FD-2000”, “KS-1A”, “PEÇORA-2BM”, “FM-90” kysymly iň kämil asmana atyjy raketa toplumlarynyň kerweni barýar. Toplumyň söweşjeň häsiýetnamasy boýunça häzirki zaman howa hüjümine garşy goranmak ulgamlarynyň arasynda iň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar. 

                                                                   

Soňra meýdançadan dördünji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Döwlet serhet gullugyna degişli täze harby awtoulaglar “KIA KLTV 141” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag hem-de “Motowezdehod” kysymly häzirki zaman motoulaglary geçýärler. Olaryň yzy bilen münberiň öňünden “Toyota Hilux”, “KIA KLTV 141” “Сobra” kysymly döwrebap, köp maksatly we sowutlanan söweşjeň awtoulaglar geçýärler. Olar Watanymyzyň mukaddes serhetlerini goramak üçin netijeli ulanylýar. 

                                                                   

Soňra serhet goşunlarynyň “Mantra” kysymly awtoulagynda 121 mm kalibrli minomýotlar geçýärler. Dabaraly harby ýörişi “Iveco” kysymly awtoulaglar dowam etdirýär. Olaryň binýadynda pesden uçýan howa nyşanlaryny ýok etmek üçin niýetlenen “ZU-23” kysymly asmana atyjy raketa toplumlary hem-de “Orbiter 2B” kysymly uçarmansyz uçýan enjamlar ýerleşdirilen. 

                                                                   

Bäşinji mehanizirlenen kerweniň düzüminde Milli howpsuzlyk ministrligine degişli harby tehnikalar bar. Şu günki dabarada “Iveco M65” kysymly söweşjeň awtoulagy hem-de “Storm Rider” kysymly häzirki zamanyň sowutlanan söweşjeň awtoulaglary görkezildi. Olaryň yzy bilen meýdançada ýeňil sowutlanan tehnikalary hatardan çykarmak, söweşjeň topary bellenen nokada howpsuz alyp gitmek üçin niýetlenen “Lazar III” kysymly sowutlanan tehnikalar peýda bolýar. 

                                                                   

Altynjy mehanizirlenen kerweniň düzüminde Içeri işler ministrliginiň tehnikalary bar. Dabaraly harby ýörişe “Titan-DS” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulag hem-de “Ford Hennesey” kysymly awtoulaglar gatnaşýarlar. Içeri işler ministrliginiň işgärleriniň ygtyýarynda şeýle-de “Ford Atlas”, “ToyotaTundra”, “GMС Sierra”, “PMV Survivor II” hem-de “Titan-DS” kysymly sowutlanan söweşjeň awtoulaglar bar. Olar halkymyzyň asudalygynyň, hukuk we jemgyýetçilik tertibiniň üpjün edilmegi üçin hyzmat edýär. 

                                                                   

Soňra baýramçylyk gözden geçirilişi howa giňişliginde dowam edýär. Watanymyzyň howpsuzlygyny, halkymyzyň parahat durmuşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň Harby-howa güýçlerine möhüm orun degişlidir. Şu günki döwrebap uçarmanlary dolandyrýan türkmen uçarmanlary ýokary ussatlyk derejesini hem-de iň täze howa tehnikasyny dolandyrmagyň inçe tilsimlerini görkezýärler. Meýdançanyň ýokarsynda, asman giňişliginde «Mi-17W-5» kysymly dikuçarlar peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini howadan goldamak, goşunlary we harby tehnikalary daşamak üçin niýetlenendir. Olaryň yzy bilen «Mi-24P» kysymly söweşjeň dikuçarlar asman giňişliginde peýda bolýar. Olar guryýer goşunlarynyň bölümleriniň ot açyş güýjüni we olaryň hereketini goldamak üçin niýetlenip, ýerüsti we howa nyşanlaryny ýok etmek üçin dürli görnüşli ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglandyrylandyr. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň «Eurocopter EC145» we Milli howpsuzlyk ministrliginiň «Eurocopter AS365» kysymly dikuçarlary asman giňişliginde harby ýörişi dowam edýärler. Olaryň her biri ýokary söweşjeň häsiýetnamalary bilen tapawutlanýar. Şeýle-de Döwlet serhet gullugynyň «Agusta AW139», «Agusta A109» kysymly dikuçarlary görkezildi. Bu dikuçarlar ýurdumyzyň mukaddes serhetlerini ygtybarly goramak işinde netijeli ulanylýar. Biziň serhetlerimiz dostlugyň we doganlygyň serhedi bolup durýar. Olaryň yzy bilen aňtaw işlerini amala aşyrmak üçin niýetlenen «Diamond 42» kysymly ýörite uçarlar uçup geçýärler. 

                                                                   

Soňra asmanda «A-29 Super Tuсano» kysymly söweşjeň uçarlar peýda bolýar. Olar ýokary takyklyga eýe bolan ýaraglar bilen ýaraglanandyr. Bu uçarlar guryýer goşunlarynyň söweş hereketlerini dürli howa şertlerinde gije we gündiz ot açyş bilen goldamak üçin niýetlenendir. Howa giňişliginde «An-74» köp maksatly harby-ulag uçary hem-de «С-27 J Spartan», şeýle hem «Su-25» kysymly söweşjeň uçarlary peýda bolýar. 

                                                                   

Şu günki ýörişe gatnaşan döwrebap howa gämileriniň hatarynda «M-346» kysymly söweşjeň uçarlary hem bar. Olar islendik howa şertlerinde, islendik belentlikde, dag, düzlük ýa-da deňiz bolsun, tapawudy ýok, islendik ýerden uçmaga ukyplydyr. Harby-howa güýçleriniň öňünde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan serişdeleriň ählisi bilen üpjün edilen bu uçarlar howa giňişligini goramak, aňtaw işlerini amala aşyrmak, guryýer goşunlarynyň hereketlerini goldamak üçin niýetlenendir. Şeýle hem şol uçarlaryň birinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň synag uçuşyny amala aşyrandygyny bellemelidiris. 

                                                                   

Dabaranyň ahyrynda “M-346” kysymly uçarlaryň uly topary çylşyrymly uçuş emellerini ýerine ýetirýärler. Munuň özi harby uçarmanlaryň ýokary hünär ussatlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Olar paýtagtymyzyň asmanyny Döwlet baýdagymyzyň reňkleri bilen bezeýärler. Şu dabaraly harby ýörişde görkezilen iň döwrebap ýerüsti we howa tehnikalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Ýaragly Güýçlerimizi döwrebaplaşdyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndaky baýramçylyk gözden geçirilişini Goranmak ministrliginiň Aýratyn hormat garawuly batalýony dowam etdirýär. Bu batalýonyň şahsy düzüminiň takyklygy, ykjamlygy, hatarlaryň sazlaşygy, ýokary nyzam emelleri jemlenip, ýatdan çykmajak keşplere öwrülýär. Meýdançada Garaşsyzlyk binasynyň şekili hem-de eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesini alamatlandyrýan “ХХХI” şekili emele gelýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli ajaýyp sazly sowgady taýýarlan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Birleşen harby orkestriniň joşgunly çykyşy dabaraly harby ýörişiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. 

                                                                   

Soňra mele reňkli, şaý-sepler bilen bezelen ajaýyp ahalteke bedewi meýdança çykarylýar. Bu bedewiň çeýe gadamy hem-de gözelligi onuň naýbaşy tohum atlarynyň neslindendigini görkezýär. Berkararlyk we Gülnahal diýen atlaryň neslinden bolan meşhur Pereňiň ugruna degişli ajaýyp Dowamat atly bu bedew Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwlet Baştutanymyza egindeşleri tarapyndan türkmen halkynyň abadançylygy hem-de bagtyýarlygy, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrundaky yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berildi. Ajaýyp gözelligi bilen görenleri haýrana goýýan Dowamat birnäçe gezek meýdança boýunça gezim etdirilip, köp sanly tomaşaçylara buýsanç bilen görkezildi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ynamly ösüşini alamatlandyrýan eli baýdakly çapyksuwarlaryň şowhunly atly ýörişi ýürekleri buýsanç duýgusyna besledi. Olaryň yzy bilen Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Magtymguly Pyragy ajaýyp bedewlerde buýsançly başlaryny belentde tutup gelýärler. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan taýýarlanan şowhunly atly ýöriş ýurdumyzyň baş baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Gözelligi bilen haýran galdyrýan bu bedewler ussat çapyksuwarlaryň erk etmeginde dürli tilsimleri hem-de hereketleriň sazlaşygyny görkezdiler. 

                                                                   

Ýurdumyzda bedew atlara belent sarpa goýulýar hem-de iň gowy arzuw-hyýallar, düşünjeler we maksatlar olar bilen baglanyşdyrylýar. Ahalteke atlary türkmeniň wepaly dosty hem-de hemrasy, uly buýsanç we söýgi çeşmesi bolmak bilen, halkymyzyň kalbynyň, onuň döredijilige, ösüşe tarap okgunly hereketiniň äşgär beýanyna öwrüldi. Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan ahalteke atşynaslygynyň dünýäde ykrar edilen merkezine öwrüldi. Biziň bedewlerimiz we çapyksuwarlarymyz bolsa dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän iri atçylyk sport bäsleşikleriniň, gözden geçirilişleriň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar. Sirk sungaty boýunça hem olar öňdäki orunlary eýeleýärler. Muňa “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatynyň halkara festiwallarynda gazanýan ýeňişleri hem şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Taryhda bolşy ýaly, häzirki wagtda-da behişdi bedewler milli toý-baýramlarymyzyň bezegidir, olar milli taryhymyzyň ajaýyp nyşanydyr hem-de döwürleriň we nesilleriň üznüksiz baglanyşygynyň beýanydyr. Bedewe atlanan ýigitleriň Türkmenistanyň ýaşyl tuguny belentde parladyp görkezen akrobatik tilsimleri baýramçylyk maksatnamasynyň özboluşly bezegi boldy. 

                                                                   

Täsin atly ýörişden soňra “Oguz hanyň döwletlilik baýdagy — Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy!” atly sahnalaşdyrylan edebi-sazly çykyş başlanýar. Gopuzyň we dutaryň owazy astynda deprekçiler, tans toparlary, teatr artistleri meýdança çykýarlar. Olar türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz hanyň, Gorkut atanyň hem-de asyrlaryň dowamynda atlary nesilden-nesle geçip gelýän beýik şahsyýetleriň keşplerini janlandyrdylar. Türkmen halkynyň şöhratly ogullary häzirki nesillerine ýüzlenip, özleriniň başlan beýik işlerini mynasyp dowam etdirmegi hem-de özygtyýarly Watanymyzyň şöhratyny belende götermegi wesýet edýärler. 

                                                                   

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygynyň şanyna dabaralar dowam edýär. Bu dabaralaryň telewideniýede göni ýaýlyma berilmegi paýtagtymyzyň baş meýdançasynda bolup geçýän baýramçylyk çärelerine uly gyzyklanma hem-de ruhubelentlik bilen tomaşa edýän millionlarça watandaşlarymyzy jebisleşdirdi. 

                                                                   

Dabaraly ýörişi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri açýarlar. Ýüzlerçe ak şarlar asmana uçurylýar. Baýramçylyk görnüşindäki awtoulag milli nyşanlar bilen bezelipdir, Döwlet tugrasynyň hem-de baýdagynyň ýanyndaky pannoda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň we onuň binagärlik nyşanynyň — paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň şekilleri goýlupdyr. Iki palataly parlament hem-de jemgyýetçilik guramalary özygtyýarly Türkmenistanyň okgunly ösüşinde, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda, döwletimiziň hukuk hem-de dünýewi binýatlaryny berkitmekde ähmiýetli orny eýeleýär. 

                                                                   

Soňra Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik nyşanlarynyň şekilleri bilen bezelen Aşgabat şäher häkimliginiň baýramçylyk görnüşindäki awtoulagy hem-de ýüzlerçe adamlar geçýärler. Dürli ýyllarda Türkmenistanyň häzirki zaman ajaýyp keşbini açyp görkezýän türkmen paýtagtynyň ajaýyp binalarynyň we desgalarynyň ençemesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Soňky ýyllarda giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde bina edilen ak mermerli ýaşaýyş jaýlary hem-de beýleki iri ýadygärlik toplumlary tomaşaçylaryň öňünde peýda bolýar. “Aşgabat” söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi bu ýörişiň aýratyn bezegi boldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň myhmansöýer paýtagty okgunly ösýän, gözelligi hem-de amatlylygy, binagärligiň we inženerçilik-tehniki işläp taýýarlamalaryň öňdebaryjy gazananlaryny hem-de milli binagärligiň iň gowy ýörelgelerini özünde sazlaşykly jemleýän häzirki zaman şäheriniň täsin nusgasydyr. Ak mermerli Aşgabatda şäherlileriň döredijilikli zähmet çekmegi, doly derejede dynç almagy üçin ýylyň-ýylyna has amatly şertler döredilýär. Iň gowy tans toparlarynyň hem-de belli türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaýbaňlanan aýdym-sazly çykyş paýtagtymyza bagyşlandy. Garaşsyz Watanymyzyň şanyna hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna gutlaglar we alkyş sözleri ýaňlanýar. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň bäş welaýatyna wekilçilik edýän toparyň ýörişi dabarany dowam etdi. Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň baýramçylyk görnüşinde bezelen awtoulaglarynda gurnalan fotoşekillerde geçmişiň belli taryhy-binagärlik ýadygärlikleri hem-de häzirki döwrüň belent binalary, sebitleriň ýeten belent sepgitleri we ajaýyp künjekleri görkezilýär. Welaýatlaryň her biri eziz Watanymyzyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant goşýar. Awtoulaglarda dabaraly ýörişden geçip barýan ýaşuly nesliň we ýaşlaryň wekilleri hormatly Prezidentimizi we köp sanly myhmanlary mübärekleýärler. Joşgunly sazlar, şeýle-de asmana göterilýän dürli reňkli şarlar baýramçylyk ýörişine aýratyn öwüşgin çaýýar. 

                                                                   

 ...Dabaraly ýöriş dowam edýär. 

                                                                   

Döwlet münberiniň öňünden ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ýeten sepgitlerini we gazanan üstünliklerini açyp görkezýän ýörite şekiller bilen bezelen awtoulaglar geçýärler. Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan döwlet Garaşsyzlygynyň nobatdaky senesine zähmet sowgatlary bilen gelen milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň işgärleri geçýärler, olaryň hatarynda önümçiligiň öňdebaryjylary, tanymal ussatlar, öňdebaryjy hünärmenler we geljekde olaryň ornuny tutjak ýaşlar bar. Baýramçylyk ýörişi her bir ulgamyň ýeten sepgitleri hem-de üstünlikleri barada gürrüň berýän we belentden ýaňlanýan waspnamalar bilen utgaşýar. Pudaklaryň gazanan üstünlikleri täze taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň beýanyna öwrüldi. 

                                                                   

Meýdançada Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işgärleri peýda bolýarlar. Olaryň baýramçylyk awtoulagy köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, kuwwatly gurluşyk tehnikalarynyň şekilleri bilen bezelipdir. Gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, soňky ýyllarda amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyk taslamalary Watanymyzyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijileriniň biridir. Bu örän möhüm pudagyň ösdürilmegine gönükdirilýän uly möçberli maýa goýum serişdeleri ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy bilen bilelikde köp babatda şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklerini şertlendirdi, onuň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda her ýyl dürli maksatly desgalaryň ýüzlerçesi gurulýar. 

                                                                   

Soňky ýyllarda bina edilen täze gurluşyklar ýurdumyzyň keşbini tanalmaz derejede özgertdi we ähli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň hem-de netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we senagat taýdan toplumlaýyn ösüş häzirki döwre mahsus ugurlara öwrüldi. Bu bolsa döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine degişli kärhanalar öndürýän gurluşyk we bezeg serişdeleriniň görnüşlerini ýyl-ýyldan artdyrýar. Ýokary hilli we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli serişdeleriň esasynda öndürilýän önümler bu düzümiň işgärleriniň buýsanjy bolup durýar. 

                                                                   

Gurluşyk we senagat toplumynyň wekilleri orunlaryny Energetika ministrliginiň ýörite lybasdaky köp sanly işgärlerine geçirýärler. 

                                                                   

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmak we berkitmek, täze energiýa ulgamlaryny döretmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şeýlelikde, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň sazlaşykly ösüşini nazara almak bilen, ägirt uly kuwwatlyklar döredilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň dünýäniň energoulgamyna goşulmagy boýunça anyk işler amala aşyryldy. Täze desgalaryň, energiýa geçiriji ulgamlaryň, ýurdumyzyň halkalaýyn energo ulgamynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. Munuň özi diňe bir Türkmenistanyň energetika üpjünçiligini berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, elektroenergiýanyň eksport mümkinçiliklerini hem has-da artdyrýar. 

                                                                   

Energetika pudagynda iri sebitleýin we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyz daşky gurşawy goramak meselelerine ýokary derejede jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär we ykdysady hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrýar. Elektroenergiýanyň önümçiligi boýunça innowasion taslamalary işläp taýýarlaýar, şol sanda Gün we ýel elektrik energiýasy önümçilikleriniň peýdalanylmagyna ähmiýet berilýär. 

                                                                   

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda sebitde bu ugur boýunça ýeke-täk bolan Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylmagy şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty” atly täze kitabynyň neşir edilmegi energetikleriň saýlap alan hünärine bolan buýsanjyny artdyrdy we ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda tutuş türkmen halky üçin ajaýyp baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. 

                                                                   

 Soňra meýdança bilim ulgamynyň wekilleri çykýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmeginde bu işgärlere möhüm orun degişlidir. 

                                                                   

Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi, ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şu maksat bilen, halkara hyzmatdaşlyk ösdürilýär, ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň täze ugurlary, innowasiýa usullary we sanly ulgam ornaşdyrylýar. Ýokary okuw mekdepleriniň sany artýar. Täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň döwrebap binalary gurlup ulanmaga berilýär. 

                                                                   

Ýokary bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek ýurdumyzyň geljekki durnukly we hemmetaraplaýyn durmuş we ykdysady taýdan ösüşinde, onuň dünýä giňişliginde öňdäki orunlaryny berkitmekde ýaşlaryň eýeleýän ornuny nazara almak bilen, döwlet ösüşiniň esasy ugurlary hökmünde kesgitlendi. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlaryna döwrebap bilim almak, öz mümkinçiliklerini açyp görkezmek, ylmy we döredijilik işi bilen meşgullanmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyplarynyň abraýly halkara bäsleşiklerde we olimpiadalarda gazanýan üstünlikleri, mynasyp bolýan medallary bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Meýdançada ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri peýda bolýarlar. Olaryň hatarynda köp sanly türgenleriň bardygyny bellemeli. Sport lybasyndaky ýaşlaryň hatarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ussatlar, milli we halkara derejedäki ýaryşlarda ýeňiş gazananlar we baýraklara mynasyp bolanlar, olaryň tejribeli halypalary hem-de tälimçileri bar. Ajaýyp sport toplumlary we köpugurly stadionlary, ýüzlerçe sport mekdepleri türgenleriň hyzmatynda. Olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. 

                                                                   

Ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi, olaryň hemmetaraplaýyn bilim-terbiýeli bolmagy, öz mümkinçiliklerini jemgyýetimiziň we döwletimiziň bähbidine doly amala aşyrmaklary üçin has oňaýly şertler döredilýär. Şunda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty ösüp gelýän ýaş nesilleriň zähmetsöýerlik hem-de watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky” Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrýar hem-de ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimini giňeldýär. 

                                                                   

Meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlarda sagdynlygyň we sportuň bagtyýar durmuşyň kepilidigi baradaky mowzuk möhüm orna mynasyp boldy. 

                                                                   

Soňra meýdança ykbalyny adamlaryň saglygyny goramak ýaly asylly işe bagyşlan milli saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri çykýarlar. Adamlar, olaryň bagtyýarlygy we abadançylygy hakyndaky hemmetaraplaýyn alada döwletimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Soňky ýyllarda lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejesini kepillendirýän häzirki zaman saglyk merkezleriniň we hassahanalaryň ösüşi munuň aýdyň beýanydyr. 

                                                                   

“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, pudagyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Şunlukda, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygy we durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk we ylmyň täze gazananlary esasynda enjamlaşdyrylan saglyk öýleri we derman senagatyna degişli desgalar guruldy. Olarda ýerli çig mallaryň esasynda uly islegden peýdalanýan dermanlyk serişdeleriň önümçiligi ýola goýuldy.  

                                                                   

Şu ýyl Balkan we Daşoguz welaýatlarynda köpugurly hassahanalaryň açylyş dabaralary boldy. Şeýle hem Daşoguz şäheriniň merkezinde onkologiýa hassahanasy gurlup ulanmaga berildi. 

                                                                   

“Il saglygy — ýurt baýlygy!” şygary astynda geçirilýän köpugurly işler ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň işgärleriniň dabaraly ýörişinde öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Maliýe-bank ulgamyna degişli pannolar we dürli şekiller dabaraly ýörişiň esasy bezegine öwrüldi. Onda Türkmenistanyň durnukly ykdysady ösüşiniň görkezijileri öz beýanyny tapdy. 

                                                                   

Adamlar hakdaky aladany esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň baş maksady ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşini berkitmekden ybarat bolup durýar. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň 75 — 80 göteriminiň saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, jemagat hojalygy ulgamlarynyň maliýeleşdirilmegine gönükdirilmegi, aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň artdyrylmagy we bu ugurda degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň durmuş goraglylyk derejesiniň ýokarydygyny we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. 

                                                                   

Ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň çäklerinde bank hyzmatlarynyň görnüşleri artýar, elektron töleg hyzmatlary we nagt däl hasaplaşyklaryň möçberleri ýokarlanýar. 

                                                                   

Bank ulgamyny ösdürmek — milli ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri. Çünki bu pudagyň edaralaryna halk hojalygynyň pudaklarynyň arasynda maliýe serişdelerini degişli derejede paýlamagy üpjün etmek wezipesi berildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny we onuň innowasiýa ösüşini şertlendirýär. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň we “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ösüşini görkezýän pannolar dabaraly ýörişi dowam etdi. Onda ajaýyp gölli haly önümleri has-da gözel görünýär. 

 Täze taryhy eýýamda gadymy halyçylyk sungaty ösüşiň täze derejesine çykdy. Şunda onuň türkmen halyçylarynyň ussatlygy bilen dörän gözelligi, şöhraty täzeden dikeldildi. 

                                                                   

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly we eksport ugurly dokma senagaty kemala geldi. Ýokary hilli önümler içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýar. 

                                                                   

“Dokmaçylar” folklor-etnografiýa toparynyň köpöwüşginli çykyşlary pudagyň işgärleriniň dabaraly ýörişine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. 

                                                                   

Soňra ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Söwda-senagat edarasynyň wekillerinden ybarat topar meýdançada peýda boldy. Bu düzümleriň işi “Türkmenistanda öndürildi” nyşanly önümleriň dünýä bazarlaryna çykmagyny şertlendirýär. 

                                                                   

Söwda we hyzmatlar ulgamynyň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegi bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýetimiziň kemala gelmeginiň baş şertini emele getirýär. 

                                                                   

Bazar gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagy esasy ugur edinýän Türkmenistan telekeçilik işini höweslendirýär we ýurdumyzyň işewür toparlarynyň netijeliligini artdyrýar. Dabaraly ýörişde bu düzümleriň görkezijileri hem aýdyň görünýär. 

                                                                   

Häzirki döwürde döwletimiz kiçi we orta telekeçiligiň sazlaşykly we netijeli ösüşi üçin oňaýly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertlerini döretdi hem-de hususy başlangyçlara goldaw berýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda merkezlerini we täze obalary gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde möhüm orun degişli bolup durýar. 

                                                                   

Iri taslamalary durmuşa geçirmekde, şol sanda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluny, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmakda hususy pudagyň işine zerur ähmiýet berilýändigini bellemeli. 

                                                                   

Soňra bu ýerde guralan dabara milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy hasaplanylýan ýangyç-energetika toplumynyň işgärleriniň dabaraly ýörişi bilen dowam etdi. 

                                                                   

Tebigy gazy daşarky bazarlara köpugurly esasda ugratmak dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

                                                                   

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, şeýle hem “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň baýramçylyk äheňinde bezelen ulaglarynda nebitgaz pudagynyň ýeten derejesi we ösüşleri görkezilýär. Pudagyň ýörite lybasly işgärleri ellerinde alawlaryň şekillerini göterip, dabaraly ýörişe özboluşly bezeg berýärler. Olaryň yhlasly zähmeti bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty we onuň dünýäniň energetika ýurdy hökmündäki derejesi pugtalanýar. 

                                                                   

Soňra Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ajaýyp bezeglere beslenen ulagynda pudagyň ýeten derejesi beýan edilýär. Toplumyň wekilleri bugdaý sümmüllerini we açylan gozalary göterip geçýärler. 

                                                                   

Türkmen topragynyň datly miweleri obasenagat toplumynda gazanylýan ägirt uly üstünlikler, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň önümleri bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini artdyrdy. Bu görnüşler ýurdumyzda azyk bolçulygyny, ýygnalan hasylyň belent harmanlaryny, häzirki zaman oba hojalyk tehnikalaryny görkezýär. Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý ak bugdaý tabşyrdylar. Munuň özi ýurdumyzyň şanly Garaşsyzlyk baýramçylygyna oba zähmetkeşleriniň mynasyp sowgady boldy. 

                                                                   

Türkmenistan däneçiligiň we maldarçylygyň önümçilik möçberlerini yzygiderli artdyrýar. Pudagyň düzümleri giňeldilýär we döwrebaplaşdyrylýar, şol sanda iri möçberli taslamalar amala aşyrylýar. 

                                                                   

 Şu pursatda ýurdumyzyň meşhur estradaçylary Arkadagly Serdarymyzyň beýik işlerini wasp edýän aýdymy ýerine ýetirdiler. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimizde we umuman, halk hojalygy pudagynda obasenagat toplumynyň ösüşine möhüm orun degişlidir. Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine we “Türkmen atlary” döwlet birleşigine degişli şekillerde täsin şaglawuklaryň, ýurdumyzyň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamynyň aýdyň nyşanyna öwrülen ahalteke bedewleriniň şekilleri görkezilýär. Häzirki döwürde ýelden ýüwrük bedewleriň şöhraty ösüşiň täze belentliklerine çykýar. Bedewler türkmen halkynyň buýsanjy, kalbynyň ganaty we halkymyzyň bahasyz baýlygydyr. 

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe awtomobil, deňiz-derýa, demir ýol we howa ulaglarynyň işiniň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde geosyýasy taýdan amatly çäkde ýerleşen Türkmenistanyň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri ýokarlanýar. 

                                                                   

Meýdançadan “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendeňizderýaýollary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň taýýarlan ajaýyp bezegli awtoulaglary biri-biriniň yzyndan geçýärler. Ýurdumyzda bu pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek wezipeleri yzygiderli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa halkara howa ugurlarynyň, ulaglaryň ýerüsti we suw görnüşleri arkaly ýük we ýolagçy gatnatmagyň artdyrylmagyna, “Gündogar — Günbatar”, “Demirgazyk — Günorta” ugurlary boýunça halkara ähmiýetli multimodal geçelgeleriň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. 

                                                                   

Ýurdumyzyň baş meýdançasyndan ulag toplumynyň yzysüre geçen aragatnaşyk pudagynyň işgärleri baş baýramçylyga täze zähmet üstünlikleri bilen geldiler. 

                                                                   

Şeýle hem “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýörişinde täze tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary işjeň ornaşdyrýan pudagyň üstünlikleri görünýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli telekommunikasiýa ulgamy dünýä ülňülerine çykýar we ilata hödürlenýän hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrýar. 2015-nji ýylda goýberilen «TürkmenÄlem 52oE» ilkinji türkmen emeli hemrasy aragatnaşyk hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltdi. 

                                                                   

Soňra meýdançada täze taryhy eýýamyň bagtyýar çagalary peýda boldular. Ösüp gelýän ýaş nesillere şöhratly pederlerimiziň ýagşy däplerini we wesýetlerini dowam etmek, Watanymyzyň geljegine, ykbalyna dahylly bolmak ynanyldy. Şunda döwletimiz ýaşlaryň häzirki zaman bilimine eýe bolmagy, ýokary hilli bilim almagy, ähli ugurlarda üstünlik gazanmagy, erkin we bagtyýar ömür sürmegi, döredijilik, halal zähmet bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur şertleri üpjün edýär. 

                                                                   

“Güller açýan Watanymyzda sarpalydyr sungatymyz” atly aýdym-sazly çykyşlar baýramçylyga belent öwüşgin çaýdy. Ýurdumyzyň belli estradaçylarynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, hormatly Prezidentimiziň beýik işlerini, zähmetsöýer halkymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Tans toparlarynyň çykyşlary joşgunly aýdymlar bilen utgaşdy. 

                                                                   

Ähli watandaşlarymyzyň kalplaryny mähriban Watanymyzyň ajaýyp we bagtyýar geljegine bolan buýsanç duýgulary we pugta ynam gurşap aldy. 

                                                                   

 Ýurdumyzyň sungat ussatlary, medeniýet edaralarynyň işgärleri agzybirlikde baýramçylyk ýörişini dowam etdiler. 

                                                                   

Döwletimiz bu wajyp ulgamyň ösüşine möhüm üns berýär. Şunda döredijilik işgärleri üçin ajaýyp şertler hem-de mümkinçilikler döredilýär. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, teleradioýaýlymlaryň, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň işi ösdürilýär we kämilleşdirilýär. 

                                                                   

Türkmen topragy gadymy döwürlerden bäri senetçiligiň Watany, zehinli ussalaryň mekany hasaplanylýar. Bu ýerde sungat wekilleriniň çykyşlary uly joşguna eýe boldy. 

                                                                   

Şöhratly pederlerimiziň milli gymmatlyklaryny, sungatyň, senetkärçiligiň dürli görnüşlerini mynasyp dowam edýän ussatlar halkara derejedäki ykrarnama eýe bolýarlar. Munuň özi raýatlaryň watansöýüjilik ruhuny baýlaşdyrmakda, döwletimiziň dünýä ýüzündäki şöhratyny belende götermekde aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

“Görogly” şadessanynyň, “Küştdepdi” aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilendigini bellemeli. Şu ýylyň başynda dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty bu sanawyň üstüni ýetirdi. 

                                                                   

Dutaryň türkmen halkynyň baý milli mirasynyň esasy nyşany bolup durýandygy tötänden däldir. Ol medeniýet we sungat işgärleriniň dabaraly ýörişiniň esasy bezegine öwrüldi. 

                                                                   

Şeýlelikde, zähmetkeşleriň, talyp ýaşlaryň we çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda geçirilen dabaraly ýöriş Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk şanly senesiniň ajaýyp üstünlikler bilen garşylanandygyny we täze zähmet ýeňişlerini gazanmak arkaly geljekki üstünlikleriň ygtybarly binýadynyň goýlandygyny görkezdi. 

                                                                   

 Watanymyzyň merkezinde başlanan baýramçylyk ýurdumyzyň ähli sebitlerinde giňden dowam etdi. 

                                                                   

 Ählihalk toýy türkmen topragynyň hemme ýerlerini gurşap aldy. 

                                                                   

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň hormatyna baýramçylyk dabaralary köpöwüşginli feýerwerk bilen tamamlandy. Täze taryhy eýýamyň baýramlarynyň aýrylmaz bölegi bolan feýerwerk ak mermerli Aşgabadyň agşamky asmanynda dürli reňkler bilen nur saçdy.

28.09.2022