«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Türkmenistan ─ parahatçylyk dörediji döwlet

Edil taryhdaky ýaly, häzirki döwürde-de türkmen halky parahatlyk tuguny göteren halk hökmünde tanalýar. Parahatçylygyň tarapdarydygy mundan 25 ýyl öň türkmen diplomatiýasynyň şowly, pähimli ädimleriniň biri, ýagny baky Bitaraplygyň gazanylmagynda has aýdyň görünýär. Baky Bitaraplyk türkmen halkynyň bütin dünýäde pasyrdadyp ýören Parahatlyk baýdagydyr. Şol baýdagyň saýasynda Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň ýene-de bir subutnamasy bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyndaky: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýen sözleriniň durmuşda aýdyň şöhlelenmesidir.

Halkymyzyň uly ruhubelentlikde arzuw-umytlara beslenip garşylan 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi ajaýyp durmuş sazlaşygyny döretdi. Şol resminamada: «Taryhy taýdan gysga möhletiň içinde Garaşsyz ýurdumyz özüniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, Ýer ýüzüniň köp döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyň gymmatly tejribesini toplady» diýlip bellenilişi ýaly, döwletimiz adamzadyň umumy bähbidine gönükdirilen möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürmek arkaly, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine örän uly goşant goşýar. Şol başlangyçlar halkara bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmak bilen ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji derejesini has-da pugtalandyrdy. Şu nukdaýnazardan hem Türkmenistanyň sebitde, yklymda we tutuş dünýäde alyp barýan çuň mazmunly syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň ýiti jemgyýetçilik dünýägaraýşyna esaslanýandygyny aýdyp bileris.

Söhbedimiziň şu ýerinde aýratyn möhüm bir wakany ýatlamalydyrys, ol hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleýji resminamasynyň BMG-niň alty resmi dilinde çap edilip, agza döwletleriň arasynda ýaýradylmagydyr. 16 bölümden ybarat resminama dünýä ýurtlarynyň arasynda parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde bitaraplyk syýasatynyň eýeleýän ornunyň ykrar edilmegini özünde jemleýär. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletlerini işjeň bitaraplyk syýasatyny alyp barmaga ýardam bermäge, dawalary parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmakda we gapma-garşylyklaryň öňüni almakda bitarap döwletleriň mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmaga çagyrýar we maslahat berýär.

Mundan başga-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2020-nji ýylyň 7-nji dekabrynda kabul eden «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy halkara gatnaşyklarynda bitaraplygyň esaslaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ygtybarly hukuk binýady bolmak bilen, döwletimiziň parahatçylyk dörediji meýilleriniň näderejede güýçlüdigini alamatlandyrýar. Bu resminamada halkara bileleşigiň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Jarnamasyna we parahatçylyk babatda Hereketleriň maksatnamasyna eýermegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle hem onda döwletleriň arasynda parahatçylykly we ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam bermegi dowam etmek nygtalýar. Şeýlelikde, parahatçylyk we ynanyşmak ýoly bilen howpsuz, abadan durmuşy, durnukly ösüşi gazanmak mümkindigi öňe sürülýär. Bu resminamada Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi, gapma-garşylyklaryň öňüni almakda we olaryň sebäplerini hem-de zyýanlaryny aradan aýyrmakda Bitaraplygyň esaslaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça köptaraply gatnaşyklary üpjün etmäge gönükdirilen «Bitaraplygyň dostlary» toparyny döretmek başlangyjy makullanylýar. Bu bolsa döwletimiziň dünýäde iri parahatçylyk dörediji merkez hökmündäki derejä eýedigini tassyklamak bilen, onuň bu babatdaky ornuny has-da pugtalandyrýar.

Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň daýanjy, ýüreklerimiziň buýsanjy ata Watanymyzyň baş baýlygy, baýdagy — parahatlygy, asudalygy. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Diňe parahatçylyk bilen hakyky abadançylygy we rahatlygy gazanyp bolar. Diňe parahatçylyk bilen gazanylýan ösüşleri gorap, ösdürip bolar. Görnüşi ýaly, ÖSÜŞ hem PARAHATÇYLYK ― bu ikisi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, biri-birine daýançdyr, biri-birini saklaýan we öňe äkidýän gudratdyr. Biz öz Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzda şu iki gudrata daýanyp öňe barýarys» diýýär.

Goý, baky Bitaraplygymyza daýanýan parahatçylyk dörediji syýasatymyz has-da dabaralansyn! Goý, dünýäde adalat arkaly üpjün edilen parahatçylygyň, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek arkaly gazanylan ynanyşmagyň dostlukly mukamy baky ýaňlansyn!

«Türkmen dünýäsi».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/17991