
Welaýatymyzyň çäginde döwrebap ýyladyşhanalaryň ençemesi hereket edýär. Halkymyzy daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmek, ak bazarlarymyzda ter gök önümleriň bereket-bolçulygyny döretmek babatdaky tagallalara mynasyp goşant goşýan ýyladyşhanalaryň biri-de Gökdepe etrabynyň «Yzgant» daýhan birleşiginiň çägindäki «Berk binaçy» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhanadyr.
Bu ýyladyşhana gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmäge niýetlenendir. Jemi 4 gektar meýdanda gurlan döwrebap ýyladyşhananyň 3,5 gektardan gowrak ýerinde birnäçe ýyldan bäri pomidordyr hyýar, bolgar burçy ýetişdirilýär hem-de olardan bol hasyl alynýar.
Ýyladyşhananyň çäginiň bellibir ýeriniň şitilhana üçin göz öňüne tutulmagy we onda gerek mukdardaky şitilleriň ýetişdirilmegi toplumyň işini ýokary derejede alyp barmaga şert döredýär. Onda ýetişdirilýän pomidoryň, hyýaryň, bolgar burçunyň şitilleri ýyladyşhanada oturdylansoň, degişli ideg işleri alnyp barylýar. Emeli topraga ekilip, ösdürilip ýetişdirilýän şitilleri suwarmak işi damjalaýyn usulda ýerine ýetirilýär. Iýmitlendirmek işi bolsa damjalaýyn suw bilen garyşdyrmak arkaly berilýär. Ýyladyşhanada ornaşdyrylan ýokary derejedäki tehnologiýalar onuň içindäki çyglylygy we ýylylygy degişli kadalara laýyklykda saklamak işlerini kompýuterleşdirilen awtomatik usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýyladyşhanadaky tämizligi gazanmakda we ýetişdirilýän hasyly ýygnamakda ýaşlaryň birnäçesi yhlasly zähmet çekýär. Olaryň tagallasy bilen, birkemsiz ýetişen hasyl wagtynda ýitgisiz ýygnalyp, ýörite gutulara salynýar. Öz işine ökde ýygymçylar häzirki günlerde bu işi göwnejaý ýerine ýetirýärler. Olaryň çekýän yhlasly zähmeti netijesinde her günde gök önümleriň ýüzlerçe kilogramy ýygnalýar. Bu ter gök önümler bolsa, saçagymyza bereket bolup dolýar.
Ýörite habarçymyz.
SURATLARDA: ýyladyşhananyň işinden pursatlar.