«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk

AŞGABAT, 12-nji ýanwar (TDH). Şu gün Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) wekilleri bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we onuň geljegi bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, ÝTÖB-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň halkara maliýe we ykdysady düzümler, şol sanda ÝTÖB bilen gatnaşyklaryny ep-esli giňeldendigini bellediler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda möhüm taslamalaryň birnäçesi üstünlikli amala aşyryldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar geljekki gatnaşyklaryň çäklerinde göz öňünde tutulan meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bilen baglylykda, gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Daşary ýurt maýalaryny hem-de Diýarymyzyň telekeçilik ulgamynyň serişdelerini çekmek üçin ýurdumyzda döredilen amatly ýagdaýyň esasynda maýa goýum işini işjeňleşdirmek bu özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridir.

Şeýle hem türkmen ykdysadyýetiniň hususy ulgamyny ösdürmekde «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Duşuşyga gatnaşyjylaryň meýilnamalary häzirki zaman işewürlik ugurlaryny hem-de bank ulgamynda dolandyryş işini goldamak boýunça çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/18005