«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
USD
3.5
GBP
4.6722
EUR
4.1661
RUB
4.7296
UZS
0.3412
TRY
0.4773
JPY
3.3226
CNY
0.5099
Ata Watanymyzyň nurana menzilleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine saýlanyp, işe girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly itergi berdi. Şeýle bolansoň, bu gün eziz Diýarymyz gülläp ösüşiň ýoly bilen rowaçlyklara sary öňe barýar. Ösüşiň täze taryhy döwründe her bir ýylyň onda amala aşyrmaly möhüm wezipeleri özünde şöhlelendirip, halkymyzy täzeden-täze üstünliklere atarýan çuňňur manyly şygarlar bilen atlandyrylmagynyň bolsa, möhüm ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk taryhynyň 2007-nji ýyldan başlan ilkinji ýyllaryny Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamany diýlip atlandyrylan bolsa, 2012-nji ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň ösüşiň hil taýdan täze belentligine, ýagny Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gadam goýandygy yglan edildi. Ine, şondan soňra her bir ýylda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän tutumly işler ýurdumyzy belentden-belent derejelere çykaryp gelýär. Şonda her bir ýylyň özüne mahsus şygar astynda geçmegi halkymyzyň ruhuny belende göterip, şol ýyllarda ähli adamlaryň döredijilik yhlasyny öňde duran möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ugrukdyrýan ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat etdi.

Halkymyzyň asyrlar boýy edip gelen arzuwyny «Berkarar döwlet islärin» diýen ölmez-ýitmez setirlerinde beýan eden beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygynyň uly dabaralara beslenen ýyly bolan 2014-nji ýyl tutuş türki dilli döwletleriň çygrynda Magtymguly Pyragy ýyly diýlip atlandyryldy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilen 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly şygary astynda geçdi. Bäşmüňýyllyk şöhratly taryhynda dörediji, gurujy, bina galdyryjy halkymyzyň döreden maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmagyň nyşany hökmünde 2016-njy ýyl Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen 2017-nji ýyl Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip, yglan edilipdi. Bu ýyl Berkarar döwletimizde ynsan saglygyny pugtalandyrmagyň hem-de adamlarda, ilkinji nobatda, ösüp gelýän ýaş nesillerde sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmegiň ygtybarly serişdesi bolan sporty hem-de bedenterbiýäni ösdürmekde gazananlarymyzy bütin dünýä jar etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Gadymyýetde we Orta asyrlarda iki müň ýyllap Ýewraziýa yklymyndaky halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynyň ygtybarly serişdesi bolup hyzmat eden Beýik Ýüpek ýoluny XXI asyryň üýtgeşik taryhy şertlerinde täzeden dikeltmegiň hatyrasyna 2018-nji ýyl «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygary astynda geçdi. 2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda dabaralandyryldy. Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň çärýek asyrlyk şanly senesiniň uly dabaralara beslenen ýyly bolan 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hökmünde uly rowaçlyklara beslendi. Bu şygarlar şol ýyllarda durmuşa geçirilmeli işlerde uly üstünlikleri gazanmagyň ruhlandyryjysy bolup hyzmat etdi.

Ine, şundan ugur alyp hormatly Prezidentimiziň halkara başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasyna laýyklykda, geçen ýylyň 30-njy dekabrynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Täze, 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýip atlandyrmagyň maksada laýykdygy bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň bu başlangyjy tutuş halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.

Ata Watanymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şygary astyndaky çärelere dabaraly ýagdaýda badalga berildi. Bu şanly ýylda halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny uly zähmet üstünliklerine beslär, ata Watanymyzyň mundan bu ýana-da gülläp ösmegini üpjün etmek, berkarar döwletimiziň dünýädäki abraý-mertebesini belende götermek üçin yhlasly hem irginsiz zähmet çeker. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda dowam etmeginiň halkymyzyň ruhuny has belende göterip, täze üstünliklere galkyndyrar.

Atajan BURUNOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/17978